21Manaşa+ 12 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 55 ýyl höküm sürdi+. Ejesiniň ady Hepzybady. 2 Manaşa Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklarynyň nejis işlerine baş goşup, Ýehowanyň öňünde erbet işleri etdi+.
6 Ol hatda ogluny hem otda ýakyp gurban berdi, jadygöýlik edip, täleýe garady, jadygöýleri hem bilgiçleri* belledi+. Manaşa Ýehowanyň öňünde köp erbet işleri edip, Hudaýyň göwnüne degdi.