-
5 Musa 12:30, 31Mukaddes Kitap
-
-
30 Şonda seresap boluň, duzaga düşüp: „Şol halklar taňrylaryna nädip sežde etdikä? Menem şeýdeýin“ diýip, olaryň taňrylary bilen gyzyklanmaň+. 31 Ýehowa Hudaýyňyza sežde etmek üçin, olaryň edenini gaýtalamaň. Olar taňrylaryna sežde edende, Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edýärler, hatda ogul-gyzlaryny hem otda ýakyp, taňrylaryna gurban berýärler+.
-
-
2 Taryh 33:2—6Mukaddes Kitap
-
-
2 Manaşa Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklarynyň nejis işlerine baş goşup, Ýehowanyň öňünde erbet işleri etdi+. 3 Ol kakasy Hizkiýanyň ýumran seždegählerini*+ dikeltdi, Bagal butlary üçin gurbanlyk ojaklaryny* gurup, keramatly pürsleri* dikdi. Asman jisimlerine* tagzym etdi, sežde etdi+. 4 Ýehowa: «Iýerusalim hemişe meniň adymy göterer»+ diýipdi. Manaşa bolsa Ýehowanyň öýünde ýalan taňrylar üçin gurbanlyk ojaklaryny gurdy+. 5 Ýehowanyň öýüniň iki howlusynda-da asman jisimleri üçin gurbanlyk ojaklaryny gurdy+. 6 Ol hatda ogullaryny hem Hennem oglunyň jülgesinde*+ otda ýakyp gurban berdi+, jadygöýlik+, palçylyk we gözbagçylyk edip, jadygöýleri hem bilgiçleri*+ belledi. Manaşa Ýehowanyň öňünde köp erbet işleri edip, Hudaýyň göwnüne degdi.
-