-
2 Patyşalar 21:2—6Mukaddes Kitap
-
-
2 Manaşa Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklarynyň nejis işlerine baş goşup, Ýehowanyň öňünde erbet işleri etdi+. 3 Ol kakasy Hizkiýanyň ýumran seždegählerini*+ dikeltdi. Ysraýyl patyşasy Ahap ýaly, Bagal üçin gurbanlyk ojaklaryny* gurup+, keramatly pürs*+ dikdi. Asman jisimlerine* tagzym etdi, sežde etdi+. 4 Ýehowa: «Iýerusalim meniň adymy göterer»+ diýipdi. Manaşa bolsa Ýehowanyň öýünde ýalan taňrylar üçin gurbanlyk ojaklaryny gurdy+. 5 Ýehowanyň öýüniň iki howlusynda-da+ asman jisimleri üçin gurbanlyk ojaklaryny gurdy+. 6 Ol hatda ogluny hem otda ýakyp gurban berdi, jadygöýlik edip, täleýe garady, jadygöýleri hem bilgiçleri* belledi+. Manaşa Ýehowanyň öňünde köp erbet işleri edip, Hudaýyň göwnüne degdi.
-