-
5 Musa 13:1—5Mukaddes Kitap
-
-
13 Eger araňyzda bir pygamber ýa düýş arkaly gelejegi aýdýan adam peýda bolup, alamat aýtsa ýa-da pygamberlik etse, 2 onuň aýdan alamaty ýa pygamberligi dogry bolup çyksa, soňra ol: „Geliň, başga taňrylara sygynalyň, sežde edeliň“ diýip, sizi nätanyş taňrylara sežde etdirjek bolsa, 3 şol pygambere ýa düýş ýorýan adama gulak asmaň+. Sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz siziň Ýehowany bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz* bilen söýýändigiňizi+ barlap görýändir+. 4 Diňe Ýehowa Hudaýyňyzyň ýolundan ýöräň, diňe ondan gorkup, gulak asyp, tabşyryklaryny berjaý ediň, diňe Hudaýyňyza gulluk ediň, wepaly boluň*+. 5 Şol pygamberi ýa düýş ýorýan adamy öldüriň+, sebäbi ol sizi Müsürden çykaran we gulçulykdan azat eden Hudaýyňyz Ýehowa garşy çykmaga höweslendirdi, Ýehowa Hudaýyňyzyň öwreden ýolundan daşlaşdyrjak boldy. Erbetligi araňyzdan aýryň+.
-
-
Ýermeýa 28:11—17Mukaddes Kitap
-
-
11 Hananýa halkyň öňünde: «Ýehowa şeýle aýdýar: „Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň ähli halklara dakan boýuntyrygyny iki ýylyň içinde şeýdip döwerin“»+ diýdi. Ýermeýa pygamber bolsa çykyp gitdi.
12 Hananýa pygamber Ýermeýanyň boýnundaky boýuntyrygyny çykaryp döwenden soňra, Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi: 13 «Hananýanyň ýanyna baryp, Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Sen agaç boýuntyrygy döwdüň+, indi demir boýuntyryk ýasarsyň“. 14 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ähli milletleriň boýnuna demir boýuntyryk dakaryn. Olaryň ählisi Wawilon patyşasy Nawuhodonosora gulluk eder+, ýabany haýwanlary hem onuň eline bererin“»+.
15 Ýermeýa pygamber Hananýa+ şeýle diýdi: «Hananýa, ýalbarýaryn, maňa gulak as! Seni Ýehowa ibermedi. Ýöne sen halky ýalan sözleriňe ynandyrdyň+. 16 Şonuň üçin Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni ýer ýüzünden ýok ederin. Sen şu ýylyň içinde ölersiň. Sebäbi halky Ýehowa garşy aýaga galdyrdyň“»+.
17 Hananýa pygamber şol ýylyň ýedinji aýynda aradan çykdy.
-