9Eý ysraýyllar, diňläň! Indi Iordandan geçip+, sizden has beýik hem güýçli halklaryň ýurduny eýelärsiňiz+. Olaryň beýik-beýik, depesi göge ýetýän galalary* bardyr+.
3 Ýöne ýadyňyzda bolsun, Ýehowa Hudaýyňyz öňüňize düşüp gider+. Ol ýakyp ýandyrýan otdur+, halklary kül edip taşlar. Hudaý olary size boýun egdirer. Ýehowanyň söz berişi ýaly, ýurdy gysga wagtyň içinde eýeläp, halklary derbi-dagyn edersiňiz+.
17 Ýok edilmeli zatlaryň hiç birini almaň+. Şonda Ýehowanyň gahar-gazaby sowlar. Ata-babalaryňyza söz berişi* ýaly, size rehim eder we sanyňyzy artdyrar+.