-
1 Şamuwel 17:32Mukaddes Kitap
-
-
32 Dawut Şawula: «Hiç kim piliştliden gorkmasyn. Patyşahym, onuň bilen özüm söweşerin»+ diýdi.
-
-
1 Şamuwel 17:36Mukaddes Kitap
-
-
36 Guluňyz ýolbars bilen aýyny öldürdi. Sünnetsiz piliştli hem şolaryň gününe düşer, sebäbi ol Biribaryň goşunyna dil ýetirýär»+ diýdi.
-
-
1 Şamuwel 17:45, 46Mukaddes Kitap
-
-
45 Şonda Dawut: «Sen üstüme gylyçly, iki naýzaly gelýäň+, men bolsa Serkerdebaşy Ýehowanyň ady bilen barýaryn+. Sen Ysraýyl goşunynyň Hudaýyna dil ýetirdiň+. 46 Häzir Ýehowa seni elime berer+. Men seni öldürip, kelläňi alaryn. Piliştli esgerleriň maslygyny guşlara, ýyrtyjylara şam ederin. Şonda bütin ýer ýüzi Ysraýylyň hak Hudaýy barada eşider+.
-