-
1 Şamuwel 2:12—17Mukaddes Kitap
-
-
12 Alynyň ogullary zalymdy+, Ýehowadan gorkmaýardy. 13 Olar halkyň ruhanylara berýän paýy+ bilen kanagat etmeýärdiler. Biri Hudaýa gurbanlyk berse, ruhanynyň kömekçisi çarşak* alyp gelerdi-de, et gaýnap duran 14 gazanlaryň birine sokup, näme ilse, ruhana äkidip bererdi. Olar Şilo gelýän ähli ysraýyllaryň gurbanlyklaryndan şeýdip alýardylar. 15 Onsoňam, heniz malyň ýagy ýakylmanka+, ruhanynyň kömekçisi gelip: «Ruhana gowrar ýaly et ber, gaýnadylan etiň gerek däl, çig et ber» diýýärdi. 16 Gurban berýän adam: «Ilki malyň ýagy bir ýakylsyn+, soň islän zadyňy alaý» diýse, ol: «Ýok, şu wagt ber, ýogsam güýç bilen alaryn!» diýýärdi. 17 Şeýdip, ruhanynyň kömekçileri Ýehowa garşy agyr günä edýärdiler+. Olar Ýehowa berilýän gurbanlyklary hiç zatça-da görmeýärdiler.
-