1 Şamuwel
2 Hanna Hudaýa şeýle doga etdi:
Duşmanlaryň öňünde gysga däl dilim,
Dadyma ýetişdiň, begenýär ýüregim.
3 Gopbamsylyk bilen geplemäň,
Hiç biriňiz uly gürlemäň,
Ýehowa ähli zady bilýän+ Hudaýdyr,
Ynsan işlerini adalatly derňeýändir.
4 Batyr ýigitleriň peýkamy döwüldi,
Büdränlere güýç-kuwwat berildi+.
Önelgesiz aýal ýedi ogul dogurdy+,
Köp ogully aýal ýalňyz galdy.
8 Galdyrýar ol ejizleri toprakdan,
Garyp-gasarlary külüň astyndan*+,
Oturdýar olary han-begler bilen,
Orun berýär abraýly ýerlerden.
Ýehowanyň elinde diregi zeminiň+,
Mes topragy goýdy üstünde onuň.
9 Wepaly bendeleriň goraýar ýolun+,
Tümlük gaplap alar zalymlaryň baryn+,
Ýeňiş gazanmaz ynsan öz güýji bilen+.
11 Soňra Alkana Rama öýüne gaýtdy, oglanjyk bolsa Aly ruhanynyň ýanynda Ýehowa hyzmat edip başlady+.
12 Alynyň ogullary zalymdy+, Ýehowadan gorkmaýardy. 13 Olar halkyň ruhanylara berýän paýy+ bilen kanagat etmeýärdiler. Biri Hudaýa gurbanlyk berse, ruhanynyň kömekçisi çarşak* alyp gelerdi-de, et gaýnap duran 14 gazanlaryň birine sokup, näme ilse, ruhana äkidip bererdi. Olar Şilo gelýän ähli ysraýyllaryň gurbanlyklaryndan şeýdip alýardylar. 15 Onsoňam, heniz malyň ýagy ýakylmanka+, ruhanynyň kömekçisi gelip: «Ruhana gowrar ýaly et ber, gaýnadylan etiň gerek däl, çig et ber» diýýärdi. 16 Gurban berýän adam: «Ilki malyň ýagy bir ýakylsyn+, soň islän zadyňy alaý» diýse, ol: «Ýok, şu wagt ber, ýogsam güýç bilen alaryn!» diýýärdi. 17 Şeýdip, ruhanynyň kömekçileri Ýehowa garşy agyr günä edýärdiler+. Olar Ýehowa berilýän gurbanlyklary hiç zatça-da görmeýärdiler.
18 Şamuwel ýaş oglan bolsa-da, zygyr* matadan öňlük*+ geýip, Ýehowanyň huzurynda hyzmat edýärdi+. 19 Ejesi bilen kakasy her ýyl Hudaýa gurban bermäge gelerdi+. Şonda Hanna Şamuwele don* tikip getirerdi. 20 Aly ruhany Alkana bilen aýalyna ak pata berip: «Ýehowa beren ogluňyza derek, goý, Ýehowa şu aýalyňdan ýene çaga bersin»+ diýdi. Soňra olar öýlerine gaýtdylar. 21 Ýehowa Hanna nazar saldy, ol göwreli boldy+. Hannanyň ýene üç ogly we iki gyzy boldy. Şamuwel bolsa Ýehowanyň huzurynda ösüp ulalýardy+.
22 Aly garrapdy, ol ogullarynyň ysraýyl halkyna edýän ýamanlygyny+, ýygnak çadyrynyň* agzynda hyzmat edýän aýallar bilen ýatyp turýandygyny eşidipdi+. 23 Aly ogullaryna: «Edip ýören işiňiz näme? Il-gün siz hakda erbet zatlary aýdýar. 24 Ogullarym, Ýehowanyň halkynyň arasynda siz barada edilýän gürrüňler-ä gowy däl. 25 Adam birine garşy günä etse, başga biri onuň üçin Ýehowa ýalbaryp biler*. Ýöne adam Ýehowa garşy günä etse+, onuň üçin kim doga etsin?» diýerdi. Olar bolsa kakasyna gulak asmaýardy. Şol sebäpli Ýehowa olary ölüme höküm etdi+. 26 Şamuwel bolsa ösüp kemala gelýärdi, Ýehowa hem, adamlar hem ony gowy görýärdi+.
27 Bir gün Aly ruhanynyň ýanyna Hudaýyň pygamberi gelip, şeýle diýdi: «Ýehowanyň sözüni diňle: „Ata-babalaryň Müsürde faraonyň elinde gul bolup ýaşaýarka, olara özümi tanatdym+. 28 Huzurymda ruhany bolup hyzmat etsin, gurbanlyk ojagymda*+ gurban berip, tütetgi ýaksyn*, öňlük geýip, hyzmatymda dursun diýip, ysraýyl taýpalarynyň arasyndan ataňy saýladym+. Ysraýyl halkynyň ýakyp berýän gurbanlyklaryndan ataň hojalygyna ýörite paý berdim+. 29 Indi näme üçin öýümde maňa berilýän gurbanlyklary, sadakalary äsgermezlik edýäňiz?*+ Ogullaryňy näme üçin menden has gowy görýäň? Garnyňyzy doýurjak bolup, ysraýyl halkymyň gurbanlaryndan iň gowy ýerini özüňize alýaňyz+.
30 Ine, şonuň üçin Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Seniň bilen ataň öý-içerisi hemişe huzurymda hyzmat eder diýipdim+. — Ýöne Ýehowa yglan edýär — indi beýle bolmaz. Meni sylany sylaryn+, äsgermezlik edýäni äsgermerin. 31 Tizden seni, ataň hojalygyny güýç-kuwwatdan gaçyraryn. Mundan beýläk maşgalaňda hiç kim garrylyk çagyna ýetmez+. 32 Ysraýyl abadançylykda ýaşar, sen bolsa öýüme duşmançylyk bilen seredersiň+. Gaýdyp öýüňdäkileriň hiç biri uzak ýaşamaz. 33 Ýöne hojalygyňdan bir adamy gurbanlyk ojagymda hyzmat etmäge bellärin, ol gözüň nuruny söndürip, janyňa ezýet çekdirer. Öýüňdäkileriň köpüsi gylyçdan geçiriler+. 34 Muny iki ogluň Hopny bilen Pinehasyň başyna injek zatlardan bilersiň, olaryň ikisem bir günde öler+. 35 Soňra özüme wepaly boljak bir ruhany bellärin+. Ol ähli zady isleýşim ýaly eder. Oňa hiç wagt ýykylmajak öý guraryn. Ol bellän patyşamyň huzurynda ömürboýy hyzmat eder. 36 Hojalygyňda diri galan adamlar bolsa gelip, onuň öňünde dyza çöker-de: „Bir döwüm çöregim bolar ýaly, meni ruhany edip belläý“ diýip, el ýaly çörek we gazanç üçin ýalbararlar“»+.