-
3 Musa 24:7—9Mukaddes Kitap
-
-
7 Her hataryň üstüne-de arassa ladan* goý. Ol Ýehowa ýakylyp berilýän ýatlama sadakasynyň*+ çöregidir. 8 Her Sabat güni Ýehowanyň huzuryndaky çörekler täzelensin+. Ysraýyllar bilen baglaşan hemişelik ähtim şeýledir. 9 Çörekler Harun bilen ogullarynyň paýydyr+. Olar çöregi mukaddes ýerde iýsinler+. Sebäbi Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlardan ruhana düşýän paý örän mukaddesdir. Muny hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň».
-
-
Markus 2:25, 26Mukaddes Kitap
-
-
25 Isa: «Siz Dawut bilen ýoldaşlarynyň iýmäge zady gutaranda we ajyganlarynda näme edendigini okamadyňyzmy?+ 26 Uly ruhany Abyýatar+ hakdaky maglumata görä, Dawut Hudaýyň öýüne baryp, Hudaýa hödürlenen çöregi iýdi, soňra ýoldaşlaryna-da berdi. Emma kanun boýunça şol çöregi diňe ruhanylar iýip bilýärdi»+ diýdi.
-