16 Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek: Petir baýramynda+, Hepdeler baýramynda+ we Çatma baýramynda+ Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan ýerine gelsin. Ýöne hiç kim Ýehowanyň huzuryna eli boş gelmesin.
18 Şamuwel ýaş oglan bolsa-da, zygyr* matadan öňlük*+ geýip, Ýehowanyň huzurynda hyzmat edýärdi+. 19 Ejesi bilen kakasy her ýyl Hudaýa gurban bermäge gelerdi+. Şonda Hanna Şamuwele don* tikip getirerdi.