-
1 Taryh 17:16—22Mukaddes Kitap
-
-
16 Şonda Dawut Ýehowanyň huzuryna baryp, dyza çökdi-de, şeýle diýdi: «Eý Ýehowa Hudaý! Maňa we maşgalama munça ýagşylyk eder ýaly, biz kim?+ 17 Eý Hudaý, maňa eden ýagşylyklaryňy az görüp, geljekki neslim barada hem alada edýäň+. Ýehowa Hudaýym, sen meni beýik adam hasaplaýaň. 18 Şeýdip hormatlanyňdan soň, guluň Dawut başga näme diýsin, sen guluňy gowy tanaýaň+. 19 Ýehowa, guluň üçin, islegiňi amala aşyrmak üçin ägirt uly işleri edip, şöhratyňy görkezdiň+. 20 Eý Ýehowa! Saňa taý geljek ýokdur+. Ençeme taňrylar hakda eşidipdik, ýöne ýeke-täk hak Hudaý sensiň!+ 21 Milletler arasynda halkyň ysraýyla taý geljegi barmyka?!+ Eý hak Hudaý, sen baryp, halkyňy azat etdiň, olary özüňe halk edip saýladyň+. Beýik hem täsin gudratlary görkezip, adyňy şöhratlandyrdyň+. Halkyňy Müsürden çykaryp*, başga milletleri öňünden kowduň+. 22 Eý Ýehowa, sen ysraýyllary ebedilik halkyň edip+, olaryň Hudaýy bolduň+.
-