Birinji Taryh
17 Dawut köşkde ýaşap başlady. Şonda ol Natan+ pygambere: «Men-ä kedr agajyndan salnan köşkde ýaşaýaryn+, Ýehowanyň äht sandygy bolsa matadan ýasalan çadyrda dur»+ diýdi. 2 Natan pygamber: «Göwnüň näme islese ediber, hak Hudaý seniň bilendir» diýip jogap berdi.
3 Şol gije Hudaý Natan pygambere şeýle diýdi: 4 «Git-de, şu sözlerimi gulum Dawuda ýetir: „Ýehowa şeýle diýýär: „Meniň ýaşajak öýümi sen gurmarsyň+. 5 Ysraýyl halkyny Müsürden çykaranymdan bäri, öýde däl-de, çadyrda göçüp-gonup ýaşadym+. 6 Ysraýyllaryň arasyndakam, halkyma çopançylyk edýän serdarlara şu çaka çenli: „Maňa näme üçin kedr agajyndan öý gurmadyňyz?“ diýdimmi?“
7 Gulum Dawuda aýt: „Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni goýun bakyp ýören ýeriňden, öri meýdanlardan alyp gaýdyp, ysraýyl halkyma baştutan etdim+. 8 Nirä gitseňem, seniň ýanyňda bolup+, duşmanlaryňy ýoluňdan aýraryn+. Adyňy dünýäniň beýik adamlarynyňky deý arşa galdyraryn+. 9 Ysraýyl halkymy bolsa saýlan ýurdumda parahat ýaşadaryn. Indi zalymlar olara azar bermez+. 10 Hatda serdarlary bellänimden+ soň hem, duşmanlar halkymy ezdiler. Ýöne men ähli duşmanlaryňy saňa boýun egdirerin+. Saňa söz berýärin: „Ýehowa nesliňi şa tagtynda oturdar*“.
11 Ömür tanapyň kesilip, aradan çykanyňda, perzendiňi*, ogullaryňdan birini patyşa edip+, hökümdarlygyny berkiderin+. 12 Ol maňa öý gurup+, meni şöhratlandyrar. Onuň tagty sarsmaz+. 13 Men onuň atasy, ol hem meniň oglum bolar+. Men senden öňki patyşany wepaly söýgimden* mahrum edipdim+. Emma seniň ogluňdan wepaly söýgimi aýyrmaryn+. 14 Men ony hemişe öz tagtymda oturdaryn+, hökümdarlygy we tagty baky durar“»+.
15 Natan şol sözleri we gören görnüşini* Dawuda gürrüň berdi.
16 Şonda Dawut Ýehowanyň huzuryna baryp, dyza çökdi-de, şeýle diýdi: «Eý Ýehowa Hudaý! Maňa we maşgalama munça ýagşylyk eder ýaly, biz kim?+ 17 Eý Hudaý, maňa eden ýagşylyklaryňy az görüp, geljekki neslim barada hem alada edýäň+. Ýehowa Hudaýym, sen meni beýik adam hasaplaýaň. 18 Şeýdip hormatlanyňdan soň, guluň Dawut başga näme diýsin, sen guluňy gowy tanaýaň+. 19 Ýehowa, guluň üçin, islegiňi amala aşyrmak üçin ägirt uly işleri edip, şöhratyňy görkezdiň+. 20 Eý Ýehowa! Saňa taý geljek ýokdur+. Ençeme taňrylar hakda eşidipdik, ýöne ýeke-täk hak Hudaý sensiň!+ 21 Milletler arasynda halkyň ysraýyla taý geljegi barmyka?!+ Eý hak Hudaý, sen baryp, halkyňy azat etdiň, olary özüňe halk edip saýladyň+. Beýik hem täsin gudratlary görkezip, adyňy şöhratlandyrdyň+. Halkyňy Müsürden çykaryp*, başga milletleri öňünden kowduň+. 22 Eý Ýehowa, sen ysraýyllary ebedilik halkyň edip+, olaryň Hudaýy bolduň+. 23 Ýehowa, guluňa we maşgalasyna beren sözüňi hiç wagt unutman, wadaňy berjaý et+. 24 Goý, seniň adyň hiç wagt ýitmesin, adyňa ebedi şöhrat bolsun!+ Şonda hemmeler: „Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa Ysraýylyň Hudaýydyr“ diýerler. Guluň Dawudyň öýi huzuryňda berk dursun+. 25 Eý Hudaýym, meniň neslimi tagtda oturtjakdygyňy söz beripdiň, şonuň üçin saňa ynam bilen doga edýärin. 26 Ýehowa, sen hak Hudaýsyň, guluňa köp ýagşylyklary wada berdiň. 27 Öý-içerimiň berekedini artdyr*. Öýüm huzuryňda ebedi dursun! Bereket berýän sensiň, eý Ýehowa! Seniň saýaňda öýümiň berekedi hiç haçan egsilmez!»