Birinji Taryh
16 Hak Hudaýyň äht sandygyny Dawudyň gurduran çadyrynda goýdular+. Soňra hak Hudaýyň huzurynda ýakma we parahatlyk gurbanlyklary hödürlediler+. 2 Dawut ýakma we parahatlyk gurbanlyklary+ berensoň, Ýehowanyň adyndan halka ak pata berdi. 3 Dawut ysraýyllara, aýal-erkek diýmän, hemme adama çörek, hurmaly* we kişmişli külçe paýlady. 4 Ol käbir lewileri Ysraýyl Hudaýy Ýehowa öwgi*, alkyş aýdyp şöhratlandyrmaga we Ýehowanyň äht sandygynyň öňünde hyzmat etmäge belledi+. 5 Asaf+ aýdymçylaryň baştutanydy, Zekerýa bolsa kömekçisidi. Ýegel+, Şemramot, Ýehiýel, Matytýa, Alyýap, Binaýa, Abytedom we Ýegel kirişli saz gurallarda, arfada+, Asaf bolsa bürünç çanda*+ saz çalardy. 6 Ruhanylardan Binaýa bilen Ýahazyýel hem hak Hudaýyň äht sandygynyň öňünde dynman surnaý çalardy.
7 Şol gün Dawut Ýehowa ilkinji şükür aýdymyny düzüp, Asaf+ bilen doganlaryna aýtdyrdy. Aýdymyň sözleri:
10 Hudaýyň mukaddes adyna buýsanyň+,
Ýehowany gözleýänleriň ýüregi joşsun!+
11 Ýehowany agtaryp+, güýç soraň.
Hemişe didaryny küýsäň+.
12 Gudratyny, ajaýyp işlerini unutmaň+,
Aýdan hökümlerini ýatdan çykarmaň.
13 Siz Hudaýyň guly Ysraýylyň nesli+,
Ýakubyň ogullary, Allanyň saýlany+.
14 Ýehowa biziň Hudaýymyz+,
Ýer ýüzüne adalatly höküm çykarýar+.
15 Ähtini hiç haçan unutmaň,
Müň nesil ötse-de, wadasyny unutmaň+.
16 Ybraýym bilen äht baglaşypdy+,
Yshaga ant içipdi+,
17 Ýakup üçin perman çykardy+,
Ysraýyl üçin ebedilik äht etdi.
18 Hudaý: „Kengan ýurduny saňa bererin+,
Mülk edip paýlaryn“ diýdi+.
19 Siziň sanyňyz azdy, örän azdy,
Ýurtda gelmişek bolup ýaşardyňyz+.
20 Halkdan-halka,
Ýurtdan-ýurda göçüp-gonup ýaşardylar+.
21 Olara hiç kim azar bermedi+,
Hudaý patyşalara käýäp+:
22 „Saýlanlaryma degmäň,
Pygamberlerime ýamanlyk etmäň“+ diýdi.
23 Ýehowanyň şanyna aýdym aýt, bütin ýer ýüzi!
Her gün Hudaýyň halas edişi hakda wagyz ediň+.
24 Milletlere şan-şöhratyny ýetiriň,
Halklara täsin işlerini buşlaň.
25 Ýehowa beýikdir, öwgä mynasypdyr.
Başga taňrylardan has haýbatlydyr+.
28 Eý tire-taýpalar, Ýehowa alkyş aýdyň!
Güýçli hem şan-şöhratly Ýehowa alkyş aýdyň!+
Mukaddes lybas geýip*, Ýehowa tagzym ediň+.
30 Öňünde bütin ýer ýüzi titresin.
Ýeriň düýbüni tutdy, ol indi asla sarsmaz+.
32 Deňiz we içindäkiler el çarpsyn.
Çöl-beýewan we içindäkiler heýjana gelsin.
33 Tokaýyň agaçlary Ýehowanyň öňünde şatlykdan gygyrsyn.
Sebäbi Hudaý ýer ýüzüni höküm etmäge gelýär*.
35 Şeýle dileg ediň: „Halasgär Hudaýymyz, bizi halas et+,
Halklaryň arasyndan ýygnap, azat et.
Şonda mukaddes adyňa alkyş aýdarys+,
Şatlyk bilen seni şöhratlandyrarys+.
36 Ýehowa şöhrat bolsun!
Ysraýyl Hudaýyna ebedi alkyş aýdylsyn!“»
Şonda bütin halk: «Omyn!*» diýip, Ýehowany şöhratlandyrdy.
37 Dawut Asaf+ bilen doganlaryna äht sandygynyň öňünde hyzmat etmegi tabşyrdy+. Olar her gün+ Ýehowanyň äht sandygynyň öňünde borçlaryny ýerine ýetirmelidi. 38 Abytedom bilen doganlary, jemi 68 adam derwezeban edip goýuldy. Ýedutunyň ogly Abytedom bilen Hosaý hem derwezebandy. 39 Sadyk+ ruhany bilen beýleki ruhanylar Gibgondaky seždegähde*+, Ýehowanyň çadyrynyň öňünde hyzmat ederdi. 40 Olar ertirine-agşamyna gurbanlyk ojagynda* Ýehowa ýakma gurbanlyklary hödürläp, Ýehowanyň ysraýyllara beren Kanunyndaky ähli tabşyryklary ýerine ýetirmelidi+. 41 «Wepaly söýgüsi ebedi» Ýehowa alkyş aýtmaga+ saýlanan Heman, Ýedutun+ we başga-da birnäçe adam olaryň ýanynda hyzmat edýärdi+. 42 Heman+ bilen Ýedutun surnaýda, bürünç çanda we başga-da gurallarda saz çalyp, hak Hudaýy şöhratlandyrýardy. Ýedutunyň ogullary+ derwezede durýardy. 43 Soňra tutuş halk öýli-öýüne gaýtdy. Dawut hem maşgalasyna ak pata bermek üçin öýüne gitdi.