Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/1 sah. 7—11
  • Bütin döwürleriň patyşasy Ýehowa sežde edeliň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Bütin döwürleriň patyşasy Ýehowa sežde edeliň!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • DÖWÜRLERIŇ PATYŞASY AGZYBIR MAŞGALANY DÖREDÝÄR
  • PITNEÇI OGULLAR HUDAÝYŇ HÖKÜMDARLYGYNY INKÄR EDÝÄRLER
  • ÝEHOWANYŇ TUPANDAN SOŇ HÖKÜM SÜRMEGI
  • ÝEHOWA YSRAÝYLA PATYŞA BOLÝAR
  • ÝEHOWA TÄZE PATYŞA BELLEÝÄR
  • BÜTIN DÖWÜRLERIŇ PATYŞASYNA SEŽDE EDIŇ
  • Ýehowanyň Hökümdarlygy we Hudaýyň Patyşalygy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ýehowa niýetini aýan edýär
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Her kes jedelli meselä gatnaşýar
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/1 sah. 7—11

Bütin döwürleriň patyşasy Ýehowa sežde edeliň!

«Bütin döwürleriň Patyşasyna... ebedilik hormat, şöhrat bolsun!» 1 TIM. 1:17

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Ýehowanyň hökümdarlygy bizi näme üçin Özüne çekýär?

  • Ýehowa ynsan maşgalasynyň hemişe aladasyny edýändigini nädip görkezdi?

  • Sizi Bütin döwürleriň Patyşasyna sežde etmäge näme höweslendirýär?

1, 2. a) «Döwürleriň Patyşasy» kim we Ol näme üçin bu ady götermäge mynasyp? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Ýehowanyň hökümdarlygy bizi näme üçin Özüne çekýär?

SWAZILENDÄNIŇ patyşasy Sobhuza II 61 ýyldan gowrak höküm sürdi. Ol şu günki hökümdarlardan iň köp höküm süren patyşady. Sobhuza patyşanyň uzak höküm sürmegi geň galdyrsa-da, ondanam has köp höküm sürýän patyşa bardyr. Mukaddes Ýazgylarda Oňa: «Bütin döwürleriň Patyşasy» diýilýär (1 Tim. 1:17). Ol Patyşa — Ýehowa Hudaý. Mezmurçy bu patyşa hakda şeýle diýdi: «Reb mydamlyk we ebedilik Patyşadyr» (Zeb. 10:16).

2 Hawa, ynsan hökümdarlaryndan tapawutlylykda, Hudaý ebedi höküm sürýär. Onuň şeýle höküm sürmegi bizi Özüne çekýär. Gadymy Ysraýylda 40 ýyl höküm süren patyşa Hudaýy şöhratlandyryp, şeýle nagma aýtdy: «Reb rehimdar we mähribandyr; gahary gelmezek, merhemeti boldur. Reb tagtyny göklerde gurdy, Onuň patyşalygy hemmäniň üstünden höküm sürýär» (Zeb. 103:8, 19). Ýehowa diňe bir Patyşamyz däl-de, eýsem, Ol biziň gökdäki söýgüden doly Atamyzdyr. Şeýlelikde, iki sorag ýüze çykýar: Ýehowa haýsy manyda biziň Atamyz? Ol Erem bagyndaky pitneden bäri nädip hökümdarlyk edýär? Biz bu soraglaryň jogabyny bilsek, Ýehowa has-da ýakynlaşarys we Oňa ýürekden sežde etmäge höwesimiz artar.

DÖWÜRLERIŇ PATYŞASY AGZYBIR MAŞGALANY DÖREDÝÄR

3. Ýehowanyň maşgalasynyň ilkinji agzasy kim we Hudaýyň «ogullary» hökmünde ýene kimler ýaradyldy?

3 Ýehowa ilkinji Ogluny ýaradanda, gör, nähili begenendir! Hudaý oňa ýöne bir raýaty hökmünde garamady. Ol ony Ogly kimin söýýärdi we ikisi bilelikde milliardlarça perişdeleri ýaratdylar (Kol. 1:15—17). Mukaddes Ýazgylarda bu perişdelere: «(Hudaýyň) islegini berjaý edýän emeldarlar» diýilýär. Olar Ýehowa höwes bilen gulluk edýärler we Hudaýyň «ogullary» diýilmäge mynasypdyr. Perişdeler Ýehowanyň agzybir maşgalasynyň agzalary hasaplanylýar (Zeb. 103:20—22; Eýýup 38:7, TD).

4. Adamlar nädip Hudaýyň maşgalasynyň agzasy boldular?

4 Ýehowa gögi we ýeri ýaradanda, Onuň agzybir maşgalasy ulaldy. Ol owadan Ýer şaryny ähli gerekli zatlar bilen doldurdy. Iň soňunda bolsa, Öz keşbine görä ilkinji ynsany — Adam atany ýaratdy (Gel. çyk. 1:26—28). Adam ata Ýaradyjysy Ýehowa gulak asmaga borçludy. Ýehowa ynsanlara ähli gerekli görkezmeleri berip, olara Atalyk söýgüsini we mährini bildirdi. Bu görkezmeler ynsany azatlykdan mahrum etmeýärdi (Gelip çykyş 2:15—17-nji aýatlary okaň)a.

5. Hudaý ýer ýüzüni ynsan nesillerinden doldurmak üçin näme etdi?

5 Ýehowa ynsan hökümdarlaryndan tapawutlylykda, Öz raýatlaryna ygtyýar berýär. Çünki olara maşgala agzalary hökmünde garaýar. Meselem, Ol Adam ata ýer ýüzündäki ähli ýaradan zatlarynyň üstünden höküm sürmäge ygtyýar berdi, hatda haýwanlara at dakmak ýaly, aňsat bolmadyk we gyzykly ýumuş tabşyrdy (Gel. çyk. 1:26; 2:19, 20). Hudaý ýer ýüzüni doldurmak üçin her bir ynsany aýratyn ýaratmady. Ol Adam ata kömekçi edip, How enäni ýaratdy (Gel. çyk. 2:21, 22). Ilkinji ynsan maşgalasy köpelip, ýer ýüzüni nesillerinden doldurmalydylar. Olar şeýle ajaýyp şertlerde ýaşap, bütin ýer ýüzüni Jennete öwürmelidiler. Adamlar gökdäki perişdeler bilen birlikde Ýehowa ebedi sežde edip bilerdiler. Gör, nähili ajaýyp mümkinçilik! Eýsem, bu Ýehowanyň Atalyk aladasyny görkezmeýärmi näme?!

PITNEÇI OGULLAR HUDAÝYŇ HÖKÜMDARLYGYNY INKÄR EDÝÄRLER

6. a) Hudaýyň maşgalasynda nädip pitne turdy? b) Erem bagyndaky turan pitne Ýehowanyň ýere gözegçilik etmeýändigini aňladýarmy? Düşündiriň.

6 Gynansak-da, Adam ata bilen How ene Ýehowany Hökümdar hökmünde kabul etmediler. Olar Hudaýa garşy pitne turzan Şeýtanyň yzyna eýerdiler (Gel. çyk. 3:1—6). Şeýdip, adamzat Hudaýdan daşlaşdy. Bu bolsa, olara we nesillerine gaýgy, horluk hem-de ölüm getirdi (Gel. çyk. 3:16—19; Rim. 5:12). Görşümiz ýaly, Hudaýyň ýer ýüzündäki raýatlary Ondan çalt ýüz öwürdiler. Bu Ýehowanyň ýer ýüzüne gözegçilik etmeýändigini we adamlaryň üstünden hökümdarlyk etmekden ýüz öwrendigini görkezýärmi? Elbetde, ýok! Hudaý Adam ata bilen How enäni Jennetden kowdy we olar baga girip bilmez ýaly, onuň öňünde kerubileri garawul goýdy. Şeýdip, Ýehowa hökümdarlyk edýändigini görkezdi (Gel. çyk. 3:23, 24). Ol wepaly ruhy hem-de ynsan ogullaryndan agzybir maşgala etmek baradaky niýetini tassyklap, Atalyk söýgüsini hem görkezdi. Hudaý Şeýtany we günäsiniň ýetiren zyýanyny ýok etjek nesliň geljekdigini wada berdi (Gelip çykyş 3:15-i okaň)b.

7, 8. a) Nuhuň günlerinde dünýä nädip erbetleşdi? b) Ýehowa ýer ýüzüni arassalamak we ynsan maşgalasyny halas etmek üçin näme etdi?

7 Habyl bilen Hanok ýaly käbir adamlar Ýehowa wepaly galdylar. Emma köp adamlar Ýehowany Atasy hem-de Patyşasy hökmünde kabul etmediler. Nuh pygamberiň günlerinde «ýer ýüzi zorlukdan dolupdy» (Gel. çyk. 6:11). Bu Ýehowanyň ýere gözegçilik etmeýändigini görkezýärmi? Biz taryhdan näme öwrenýäris?

8 Geliň, Nuh bilen bolan waka seredeliň. Ýehowa Nuh pygambere uly gämi ýasamagy tabşyrdy we ony nädip ýasamalydygy babatda jikme-jik görkezme berdi. Sebäbi Ol Nuhy hem-de onuň maşgala agzalaryny halas etmekçidi. Şeýle-de Hudaý Nuhy «dogrulyk wagyzçysy» edip belläp, bütin ynsan maşgalasyna çuňňur söýgüsini görkezdi (2 Pet. 2:5). Nuh adamlary toba etmäge çagyrýardy we geljekki betbagtçylyk barada duýduryş berýärdi, ýöne seslenen adam bolmady. Nuh we onuň maşgala agzalary onlarça ýyllap zorlukdan doly, azgyn dünýäde ýaşadylar. Ýehowa Atalyk söýgüsini bildirip, sekiz adamy halas etdi. Bütindünýä tupanynda ýer ýüzi pitneçi adamlardan we zalym perişdelerden arassalandy. Hawa, Ýehowanyň ähli zada gözegçilik edýändigi şübhesizdir (Gel. çyk. 7:17—24).

Ýehowa — Bütin döwürleriň Patyşasy (6, 8, 10, 12, 17-nji abzaslara serediň)

Ýehowa — Bütin döwürleriň Patyşasy (6, 8, 10, 12, 17-nji abzaslara serediň)

ÝEHOWANYŇ TUPANDAN SOŇ HÖKÜM SÜRMEGI

9. Ýehowa Tupandan soň adamlara nähili mümkinçilik berdi?

9 Nuh we onuň maşgala agzalary gämiden çykanlarynda, ýer ýüzi ähli erbetlikden arassalanypdy; olar halas bolandyklary üçin Ýehowa örän minnetdardylar. Nuh pygamber, ilki bilen, gurbanlyk sypasyny ýasady, soňra birnäçe haýwany Ýehowa gurban getirdi. Hudaý Nuha we onuň maşgalasyna ak pata berdi we olara: «Örňäň, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň» diýip tabşyrdy (Gel. çyk. 8:20—9:1). Adamlara ýene-de Hudaýa agzybirlikde sežde etmäge we ýer ýüzüni nesillerinden doldurmaga mümkinçilik berildi.

10. a) Adamlar Tupandan soň nirede we nädip Ýehowa garşy pitne turuzdylar? b) Ýehowa niýetiniň amala aşmagy üçin näme etdi?

10 Tupan adamzady bikämillikden halas etmedi. Olar Şeýtanyň we onuň pitneçi perişdeleriniň täsirine garşy göreşmelidiler. Biraz wagtdan olar ýene-de Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy pitne turzup başladylar. Meselem, Nuhuň çowlugy Nimrot Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy çykdy. Mukaddes Ýazgylarda oňa: «Rebbiň huzurynda (garşysyna) batyr awçy» diýilýär. Nimrot birnäçe uly şäherleri gurdy we özüni «Şinar ýurdunyň» patyşasy diýip yglan etdi (Gel. çyk. 10:8—12). Bütin döwürleriň Patyşasy «ýer ýüzüni dolduryň» diýen niýetiniň amala aşmagyna päsgel beren bu pitneçä garşy nähili çäre görer? Ýehowa Nimrodyň adamlarynyň dillerini garyşdyryp, olary bütin ýer ýüzüne dargatdy. Bu adamlar ýalan seždäniň ýaýramagyna we ynsanyň nädogry hökümdarlyk etmegine sebäp boldular (Gel. çyk. 11:1—9).

11. Ýehowa dosty Ybraýyma wepalylygyny nädip görkezdi?

11 Tupandan soň adamlaryň köpüsi ýalan taňrylara sežde etseler-de, Ýehowany şöhratlandyrýan wepaly adamlar hemişe-de bardy. Olaryň biri Ybraýym pygamberdi. Ol Ýehowa gulak asyp, Ur şäherindäki kaşaň jaýyndan çykyp gaýtdy we galan ömrüni çadyrda ýaşap geçirdi (Gel. çyk. 11:31; Ýew. 11:8, 9). Ybraýym pygamber başga halklaryň arasynda ýaşasa-da, olaryň patyşasyna ýa-da berk diwarly şäherlerine bil baglamandyr. Sebäbi Ybraýymy we onuň maşgalasyny Ýehowa goraýardy. Mezmurçy Ýehowanyň görkezen Atalyk aladasy barada şeýle ýazdy: «Hudaý hiç bir adama olary ezmäge rugsat etmedi; olaryň hatyrasyna patyşalara hem temmi berdi» (Zeb. 105:13—15). Ýehowa wepaly dosty Ybraýyma: «Senden... şalar dörär» diýip wada etdi (Gel. çyk. 17:6; Ýakup 2:23).

12. Ýehowa Müsüriň üstünden ygtyýarynyň bardygyny nädip görkezdi we bu Onuň halkyna nähili täsir etdi?

12 Hudaý Ybraýymyň ogly Yshaga we agtygy Ýakuba-da ak pata berjekdigini aýtdy, çünki olaryň nesillerinden patyşalar döremelidi (Gel. çyk. 26:3—5; 35:11). Emma müsürliler Ýakubyň nesillerini gul etdiler. Bu Ýehowanyň wadasynyň ýerine ýetmejekdigini ýa-da Onuň ýer ýüzüne hökümdarlyk etmekden ýüz öwrendigini aňladýarmy? Elbetde, ýok! Ýehowa kesir fyrowna höküm çykaryp, onuň üstünden ygtyýarynyň bardygyny görkezdi. Ysraýyllylar Ýehowa iman edip, Hudaýyň ajaýyp gutulyşyny gördüler. Görşümiz ýaly, Ýehowa beýik Hökümdardygyny aýan etdi we güýçli gollary bilen halkyny gorap, Atalyk aladasyny görkezdi (Müsürden çykyş 14:13, 14-nji aýatlary okaň)c.

ÝEHOWA YSRAÝYLA PATYŞA BOLÝAR

13, 14. a) Ýehowa Patyşa boldy diýmek nämäni aňladýar? b) Hudaý Dawudyň ogly barada nämäni wada berdi?

13 Ysraýyllylar Müsür gulçulygyndan azatlyga çykanlarynda, Ýehowany şöhratlandyryp, ýeňiş aýdymyny aýdýarlar. Bu aýdym Müsürden çykyş kitabynyň 15-nji babynda ýazylan. Onuň 18-nji aýadynda şeýle diýilýär: «Reb hemişelik we baky höküm sürer». Dogrudan-da, Ýehowa täze halkyň Patyşasy boldy (Kan. tag. 33:5). Emma halk Ýehowany Hökümdar hökmünde kabul etmedi. Ysraýyllylaryň Müsürden çykanyna takmynan 400 ýyl geçende, olar goňşy halklarda bolşy ýaly, Hudaýdan özlerine ynsan patyşasyny bellemegini soradylar (1 Şam. 8:4). Muňa garamazdan, Dawudyň höküm süren döwründe, Ýehowanyň Ysraýyla hökümdarlyk edýändigi aýan boldy.

14 Dawut patyşanyň permany boýunça mukaddes äht sandygy Iýerusalime getirilýär. Şol şatlykly gün lewiler Ýehowa öwgüli aýdym aýdýarlar. Ol aýdymda şeýle çuň manyly sözler bardy: «Milletler arasynda: „Reb — Patyşa!“ diýsin olar» (1 Ýyl. 16:31). Kimdir biri geň galyp: «Eger Ýehowa ebedi Patyşa bolsa, onda Oňa näme üçin Patyşa boldy diýilýär?» diýip soramagy mümkin. Ýehowa ygtyýarynyň bardygyny görkezende ýa-da öz wekilini bellände, Oňa Patyşa boldy diýilýär. Görşümiz ýaly, Ýehowanyň haýsy manyda Patyşa bolandygyna düşünmek örän wajypdyr. Dawut patyşa dünýäden ötmezden öň, Ýehowa onuň ebedilik hökümdarlyk etjekdigini wada berdi: «Ata-babalaryňa gowşanyňda, ýeriňe öz ogluňy, öz biliňden önen zürýadyňy tagta çykaryp, onuň patyşalygyny kuwwatlandyraryn» (2 Şam. 7:12). Dawudyň «zürýady» takmynan 1000 ýyl geçenden soň dünýä inýär. Bu ogul kim we ol haçan Patyşa bolmalydy?

ÝEHOWA TÄZE PATYŞA BELLEÝÄR

15, 16. Isa haçan Patyşa bellendi we ol ýer ýüzündekä Patyşalyk babatda nähili çäreleri gördi?

15 B. e. 29-njy ýylynda Ýahýa Çokundyryjy «Gögüň Patyşalygynyň golaýlandygy» barada wagyz edip başlady (Mat. 3:2). Isa suwda çokundyrylanda, Ýehowa ony wada edilen Mesih we Patyşalygynyň geljekki Patyşasy edip belledi. Ýehowa oňa Atalyk söýgüsini bildirip şeýle diýdi: «Meniň söýgüli Oglum Bu. Men Ondan köp razydyryn» (Mat. 3:17).

16 Isa ýer ýüzünde gulluk edende Atasyny şöhratlandyrýardy (Ýahýa 17:4). Ol muny Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edip görkezdi (Luka 4:43). Ol hatda şägirtlerine Patyşalygyň gelmegi barada doga etmegi öwretdi (Mat. 6:10). Isa geljekki Patyşa hökmünde duşmanlaryna: «Hudaýyň Patyşalygy siziň içiňizdedir» diýdi (Luka 17:21). Isa öldüriljek gijesi resullary bilen patyşalyk barada äht baglaşdy. Bu wepaly şägirtleriň Isa bilen bile höküm sürjekdigini görkezýärdi (Luka 22:28—30-njy aýatlary okaň).

17. B. e. 33-nji ýylynda Isa nämä ýolbaşçylyk edip başlady we ol nämä garaşmalydy?

17 Isa Hudaýyň Patyşalygynda haçan höküm sürüp başlamalydy? Munuň üçin belli bir wagt geçmelidi. Isa şägirtleri bilen äht baglaşan güni ölüme höküm edilýär, şägirtleri bolsa, ony taşlap gidýärler (Ýahýa 16:32). Emma Ýehowa Hökümdarlyk etmegini dowam edýärdi. Isanyň ölenine üç gün bolanda, Ol Ogluny direldýär. Isa b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni mesh edilen mesihçiler ýygnagyna ýolbaşçylyk edip başlady (Kol. 1:13). Emma ol wada edilen nesil hökmünde ýer ýüzüniň üstünden doly höküm sürmek üçin garaşmalydy. Ýehowa Ogluna: «Duşmanlaryňy aýaklaryňa basgançak edýänçäm, sagymda otur» diýdi (Zeb. 110:1).

BÜTIN DÖWÜRLERIŇ PATYŞASYNA SEŽDE EDIŇ

18, 19. Biz näme etmek isleýäris we indiki makaladan nämeleri bileris?

18 Müňlerçe ýyllap perişdelerdir adamlar Ýehowanyň Hökümdarlygyna garşy çykdylar. Emma Ýehowa hökümdarlyk etmegini hiç haçan bes etmedi; Ol ähli zada gözegçilik etdi. Ýehowa söýgüli Ata hökmünde Nuh, Ybraýym, Dawut ýaly wepaly gullukçylaryny gorady we olaryň aladasyny etdi. Bu bizi Patyşamyza tabyn bolmaga we gökdäki Atamyza ýakynlaşmaga höweslendirmeýärmi näme?!

19 Emma şeýle soraglaryň ýüze çykmagy mümkin: Ýehowa biziň günlerimizde nädip Patyşa boldy? Biz Ýehowanyň Patyşalygynyň wepaly raýatlarydygymyzy nädip subut edip bileris we Onuň agzybir maşgalasynyň nädip kämil ogullary bolup bileris? Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi barada doga etmeklik nämäni aňladýar? Bu soraglaryň jogabyny indiki makaladan bileris.

a Gelip çykyş 2:15 Erem bagyny işläp bejereri we oňa gözegçilik ederi ýaly, Reb Hudaý adamy ol bagda ýerleşdirdi. 16 Reb Hudaý adama şeýle emr etdi: «Sen bagdaky islän agaçlaryň miwesinden arkaýyn iýip bilersiň. 17 Ýöne sen ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň»

b Gelip çykyş 3:15 Seniň bilen aýalyň, Seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, Duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, Sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň.

c Müsürden çykyş 14:13 Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz. 14 Siziň üçin Reb söweşer. Siz diňe bu ýerde bolsaňyz bolýar» diýdi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş