Olar höwes bilen gulluk edýärler. Günbatar Afrika
KOT-D’IWUAREDE garyp maşgalada önüp-ösen Paskal baý ýaşamagy arzuw edýärdi. Ol boksa höwesjeňdi, şol sebäpli meşhur türgen bolmak we baýamak üçin näme edip bolýandygy barada oýlanýardy. Paskal 25 ýaşlarynda Ýewropa gitmegi ýüregine düwýär. Emma onuň dokumentleri näsaz bolansoň, ol Ýewropa diňe gizlin ýol bilen baryp bilýärdi.
1998-nji ýylda 27 ýaşly Paskal syýahatyna başlaýar. Ol Ganadan geçip, Togo şäheriniň üsti bilen Benine barýar. Ol ýerden Nigeriň Birnin-Konni şäherine ýetýär. Indi syýahatyň iň howply ýeri başlanmalydy. Demirgazyga gitmek üçin, Paskal ýük maşynda Sahara çölüni geçmelidi, soňra Orta ýer deňzine baryp, ýelkenli gämide Ýewropa gitmelidi. Emma muny etmäge oňa iki zat päsgel berdi.
Birinjiden, Paskalyň puly gutarypdy. Ikinjiden, ol Nuh atly pioner dogana duşýar we onuň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlaýar. Paskala öwrenýän zatlary çuňňur täsir edýär we ol durmuşyny özgerdýär. Indi ol maddy zatlary däl-de, ruhy baýlygy agtarýardy. 1999-njy ýylyň dekabrynda Paskal suwda çokundyrylýar. Ol Ýehowa minnetdarlygyny bildirmek üçin 2001-nji ýylda Nigerde pioner gullugyna başlaýar. Bu ýerde ol ilkinji gezek hoş habary eşidipdi. Paskal Ýehowa gulluk edýändigi barada şeýle diýýär: «Men iň gowy ýaşaýyş ýoluny tapdym!»
AFRIKADA GULLUK ETMEK LEZZET BERÝÄR
Albert-Fetti bilen Orel
Köp adamlar Paskal ýaly ruhy zatlary agtaryp, durmuşdan has köp lezzet alyp başladylar. Ýewropada ýaşaýan käbir dogan-uýalar öňünde goýan ruhy maksatlaryna ýetmek üçin Afrikada wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçdüler. 17—70 ýaş aralygyndaky takmynan 65 sany Ýehowanyň Şaýady Günbatar Afrikada ýerleşýän Beninde, Burkino-Fasoda, Nigerde we Togoda gulluk edýärlera. Olary şeýle uly özgerişleri etmäge näme höweslendirdikä we bu olaryň durmuşyna nähili täsir edýär?
Daniýaly Ann-Rakel şeýle ýatlaýar: «Meniň kakam bilen ejem Senegalda missioner bolup gulluk etdiler. Olar missioner durmuşyny hemişe şeýle joşgunly gürrüň berýärdiler welin, menem şeýdip ýaşasym gelýärdi». On bäş ýyl mundan ozal Ann-Rakel 20 ýaşyndaka, lallaryň dilindäki ýygnaga kömek etmek üçin Toga göçýär. Onuň gelen karary başgalara nähili täsir etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Meniň gyz we oglan jigilerim hem Toga wagyz etmäge geldiler».
Ann-Rakel
Fransiýaly 70 ýaşly Orel atly doganymyz şeýle gürrüň berýär: «Men bäş ýyl mundan öň zähmet rugsadyna çykdym we mende saýlamaga mümkinçilik bardy: Jennet gelýänçä ýa Fransiýada aladasyz ýaşamaly, ýa-da köpräk gulluk etmek üçin eliňde baryny etmeli». Orel köpräk gulluk etmegi saýlap, munuň üçin gerekli ädimleri ätdi. Üç ýyl mundan öň ol aýaly Albert-Fetti bilen Benine göçdi. Orel gürrüňini şeýle dowam edýär: «Bu ýerde Ýehowa gulluk etmek hemme zatdan lezzetli — soňra ýylgyryp — galyberse-de, biziň wagyz edýän ýerimizdäki deňziň kenary Jenneti ýadyňa salýar».
Klodomir bilen aýaly Lesýanyň Fransiýadan Benine göçenine 16 ýyl boldy. Ilkibaşda, olar Fransiýadaky dogan-garyndaşlaryny we dostlaryny küýseýärdiler. Şol sebäpli olar täze ýaşaýşa öwrenişip bilmeris öýtdüler. Emma gorkara zat ýokdy. Olar bu gullukdan köp şatlyk tapdylar. Klodomir şeýle diýýär: «Biz adamlara kömek etmegi hormat saýýarys. Her ýyl ortaça hasap boýunça bir adam hakykaty kabul edýär».
Lesýan bilen Klodomir we olaryň hakykata gelmäge kömek eden käbir adamlary
Mari-Tereza
Fransiýaly Sebastýan we Joanna atly är-aýal Benine 2010-njy ýylda göçdüler. Sebastýan: «Bu ýerdäki ýygnakda örän köp iş edilýär. Biz az wagtyň içinde köp zatlary etmegi öwrendik» diýýär. Ýerli ýaşaýjylar hoş habara nähili seslenýärler? Joanna şeýle gürrüň berýär: «Adamlar hakykata teşne. Hatda wagyz etmeýän wagtlarymyz hem olar bizi ýolda saklap, Mukaddes Ýazgylar we oňa esaslanan edebiýatlar barada sorag berýärler». Şeýle özgerişlik olaryň maşgala durmuşyna nähili täsir etdi? Sebastýan şeýle belleýär: «Biziň nikamyz has-da berkedi. Aýalyň bilen uzakly gün wagyz etmek lezzet berýär».
Erik bilen aýaly Keýti Beniniň demirgazygynda adamlaryň seýrek duş gelýän ýerinde pioner bolup gulluk edýärler. Olar on ýyla golaý mundan öň Fransiýada ýaşaýarkalar, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde alnyp barylýan wagyz işi baradaky makalalary okaýardylar. Şeýle-de doly wagtly gulluk edýän dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolýardylar. Bu olaryň daşary ýurda göçüp, köpräk gulluk etmäge bolan islegini artdyrdy. 2005-nji ýylda olaryň arzuwy amala aşdy. Olar Benindäki ýygnagyň ösüşini gözi bilen görüp, haýran galýardylar. Erik şeýle diýýär: «Iki ýyl mundan ozal biziň Tangiýeta şäherindäki toparymyzda 9 wagyzçy bardy; häzir biz 30-a ýetdik. Ýekşenbe güni ýygnak duşuşygyna 50-den 80-e golaý adam gelýär. Şeýle ösüşi görmek, diýseň ruhlandyrýar!»
Benjamin
KYNÇYLYKLARA HÖTDE GELMEK
Joanna bilen Sebastýan
Daşary ýurtda meýletin gulluk edýän dogan-uýalar nähili kynçylyklara uçraýarlar? Geliň, Ann-Rakeliň 33 ýaşly Benjamin atly dogany bilen bolan waka seredeliň. Ol 2000-nji ýylda Daniýadaka, Togoda gulluk edýän missionere duş gelýär. Benjamin şeýle ýatlaýar: «Men missioner doganymyza pioner bolmak baradaky islegimi aýdanymda, ol: „Sen Togoda pioner bolup gulluk edip bilersiň“ diýdi». Benjamin onuň aýdan sözleri hakda oýlanýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Şol wagt meniň 20 ýaşym hem dolmandy, ýöne meniň iki aýal doganym Togoda gulluk edýärdiler. Şol sebäpli maňa ol ýere göçmek kyn bolmady». Benjamin arzuwyna ýetse-de, kynçylyga duş geldi. Ol şeýle düşündirýär: «Men fransuzça bir söz hem bilmeýärdim. Ilkinji alty aý maňa örän agyr düşdi, sebäbi adamlar bilen gürrüňdeş bolup bilmeýärdim». Emma wagtyň geçmegi bilen, ol üstünlik gazanyp başlady. Benjamin häzir Benindäki Beýteliň edebiýat bölüminde gulluk edýär we kompýuter bölümine ýardam berýär.
Keýti bilen Erik
Ýokarda agzalan Erik bilen aýaly Keýti Benine göçmänkäler, Fransiýada daşary ýurt dilinde gepleýän ýygnakda gulluk edýärdiler. Günbatar Afrikadaky ýaşaýyş nämede tapawutlanýardy? Keýti şeýle gürrüň berýär: «Bu ýerde gowy şertli ýaşaýyş jaýyny tapmak aňsat däl. Biz birnäçe aý elektrik çyrasy we suw akýan krany bolmadyk öýde ýaşadyk». Erik bolsa şeýle diýýär: «Aýdym-sazyň sesi gijäniň ýaryna çenli gaty ses bilen eşidilýärdi. Şeýle zatlara sabyrly bolup, öwrenişmeli bolýardy». Olar gürrüňini şeýle dowam edýärler: «Emma wagyz edilmedik ýerde gulluk etmekden alýan şatlygyň islendik kynçylykdan üstün çykýar».
Fransiýaly Mişel we Mari-Agnes atly är-aýal bäş ýyl mundan öň 60 ýaşyna golaýlanlarynda Benine göçýärler. Olar başda biynjalyklanýardylar. Mişel şeýle gürrüň berýär: «Käbir adamlar biziň gelen kararymyzy dartylan ýüpden bir tigirli arabany sürýän adama, bizi bolsa şol arabanyň içinde oturanlara meňzetdiler. Eger kimdir biri bu arabany Ýehowanyň sürýändigini bilmese, onuň ýüregi ýarylardy! Emma biz Ýehowa üçin we Onuň bilen gidýärdik».
ÖŇÜNDEN TAÝÝARLANYŇ
Daşary ýurtda gulluk edýän dogan-uýalar öňünden taýýarlanmagyň wajypdygyny aýdyp, şeýle maslahat berýärler: planlaşdyryň, öwrenişmäge taýýar boluň, tygşytly boluň, Ýehowa bil baglaň (Luka 14:28—30).
Ýokarda agzalan Sebastýan şeýle ýatlaýar: «Men aýalym Joanna bilen daşary ýurda göçmänkäk, iki ýyllap göwnaçma üçin sowýan pullarymyzy tygşytlaýardyk we zerur bolmadyk zatlary satyn almaýardyk». Olar häzir hem daşary ýurtda gulluk etmek üçin Ýewropada birnäçe aý işläp, ýylyň galan bölegini Beninde pioner bolup gulluk edýärler.
Mari-Agnes bilen Mişel
Günbatar Afrikada 20-ä golaý durmuşa çykmadyk uýalar gulluk edýär. Olaryň biri Mari-Tereza Fransiýada awtobus sürüjisi bolup işleýär. 2006-njy ýylda ol işinden bir ýyl rugsat alyp, Nigerde pioner bolup gulluk etdi. Ol gullugyň bu görnüşini ýürekden halady. Mari-Tereza şeýle diýýär: «Men Fransiýa dolananymdan soňra, başlygyma iş tertibimi üýtgetmek isleýändigimi aýtdym we ol höwes bilen razylaşdy. Men häzir maý aýyndan awgust aýyna çenli Fransiýada awtobus sürüjisi bolup işleýärin, sentýabrdan aprel aýyna çenli bolsa, Nigerde pioner bolup gulluk edýärin».
Safera
«Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny... agtarýan» dogan-uýalar Ýehowanyň ähli gerekli zatlar bilen üpjün etjekdigine ynanyp bilerler (Mat. 6:33). Geliň, durmuşa çykmadyk Safera uýa bilen bolan waka seredeliň. Ol 30 ýaşlarynda pioner bolup gulluk etmek üçin Fransiýadan Benine göçýär. Ol geljekki ýyl hem Afrikada gulluk edip biler ýaly, 2011-nji ýylda Fransiýa gazanç etmäge dolanýar. Safera şeýle ýatlaýar: «Hepdäniň anna günüdi; meniň iň soňky iş günüm tamamlanyp barýardy. Emma ýeterlikli pul ýygnamak üçin, men ýene-de on gün işlemelidim. Fransiýadan gitmegime bolsa bary-ýogy iki hepde galypdy. Men Ýehowa doga edip, ýagdaýymy düşündirdim. Biraz wagtdan iş bilen üpjün edilýän edaradan jaň geldi we maňa iki hepde biriniň ýerine işlemegi teklip etdiler». Safera duşenbe güni täze işi bilen tanyşmaga barýar. Ol şeýle ýatlaýar: «Göz öňüne getiriň, men on gün pioner mekdebinde okamaga çagyrylan uýamyzyň ýerine işlemelidim! Onuň başlygy ýerine adam tapmasa, işden rugsat bermejekdigini aýdypdyr. Ol hem meniň ýaly Ýehowa doga edip, Oňa ýalbaran eken».
HAKYKY LEZZET
Dogan-uýalaryň käbiri ençeme ýyldan bäri Günbatar Afrikada gulluk edýärler we ony öz öýi hasaplaýarlar. Käbirleri bolsa, ol ýerde birnäçe ýyl gulluk edip, soňra öz ýurduna dolandylar. Daşary ýurtda eden gullugy olara häzirem peýda getirýär. Olar Ýehowa gulluk etmegiň hakyky lezzet berýändigine düşündiler.
a Fransuz dilinde gepleýän bu dört döwletiň wagyz işine Benindäki Beýtel gözegçilik edýär.