Ýehowanyň Hökümdarlygy we Hudaýyň Patyşalygy
«Eý Ýehowa, ululyk-da, gudrat-da, owadanlyk-da, ajaýyplyk-da, mertebe-de seniňki... Ýehowa, Patyşalyk-da seniňkidir» (1 Taryhlar 29:11).
1. Näme üçin Ýehowanyň Älemiň Hökümdary bolmaga haky bar?
«REB tagtyny göklerde gurdy, Onuň patyşalygy hemmäniň üstünden höküm sürýär» (Zebur 103:19). Şeýle sözler bilen mezmurçy kimiň höküm sürmäge haklydygyny belläp geçýär. Ýehowa Hudaýyň Ýaradyjy hökmünde Älemiň Hökümdary bolmaga haky bar.
2. Daniýel Ýehowanyň gökdäki hökümdarlygyny nähili suratlandyrýar?
2 Islendik hökümdaryň raýatlary bolmaly. Ilkibaşda, Ýehowa ruhy şahsyýet, ýagny ilkinji doglan Oglunyň, soňra ençeme perişdeleriň üstünden hökümdarlyk edýärdi (Koloseliler 1:15—17). Daniýel pygamber görnüş arkaly Ýehowanyň gökde höküm sürşüni görýär. Ol şeýle diýýär: «Men tagtlaryň duranyny gördüm we Köne Günlerden bolan otyrdy... Müňlerçe müňlerçe oňa gulluk edýärdi we ýüz millionlarçasy onuň öňünde durdy» (Daniýel 7:9, 10). «Köne Günlerden bolan» ebedi Ýehowa özüniň çäksiz we guramaçylykly maşgalasynyň, ýagny «emeldarlary» hökmünde oňa gulluk edip, islegini berjaý edýän ruhy ogullarynyň üstünden hökümdarlyk edýär (Zebur 103:20, 21).
3. Ýehowa älem-jahany ýaradanda, onuň hökümdarlygy nädip giňeldi?
3 Ýehowa ägirt uly we çylşyrymly älemi, şol sanda ýer şaryny ýaradanda, onuň hökümdarlygy kem-kemden giňelip başlady (Eýýup 38:4, 7). Asman jisimlerine ýerden syn etseň, olaryň sazlaşykly we dogry hereket edişi, hiç kimiň ýolbaşçylyk etmän öz-özünden hereket edýän ýaly görünýär. Emma mezmurçy şeýle diýýär: «Ol [Ýehowa] tabşyryk berdi olar ýaradyldy. Olary ebedi we mydama berkarar etdi we bir kanun goýdy, ondan geçmezler» (Zebur 148:5, 6). Ýehowa ruhy dünýäde we älem-jahanda ýaradan zatlarynyň üstünden hemişe tertipli, sazlaşykly hem-de goldap hökümdarlyk edýär (Nehemýa 9:6).
4. Ýehowa adamlara nähili hökümdarlyk edýär?
4 Adam ata bilen How ene ýaradylandan soň, Hudaý öz hökümdarlygyny başgaça dolandyryp başlady. Ýehowa adamlaryň diňe bir manyly we lezzetli ýaşamagy üçin ähli zerurlyklary bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, olara ýerdäki ýaradylan jandarlaryň üstünden höküm sürmäge hem ygtyýar berdi (Barlyk 1:26—28; 2:8, 9). Görşümiz ýaly, Hudaýyň hökümdarlygy peýdaly, galyberse-de, Ýehowa raýatlarynyň mertebesine hormat goýýar we sylaýar. Adam ata bilen How ene Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn bolsalar, ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşap bilerdi (Barlyk 2:15—17).
5. Ýehowanyň hökümdarlygy barada näme diýse bolýar?
5 Bu aýdylanlardan nähili netijä gelip bolýar? Birinjiden, Ýehowa ähli ýaradan zatlarynyň hemişelik Hökümdary. Ikinjiden, Hudaýyň hökümdarlygy peýdaly we ol raýatlarynyň mertebesine hormat goýýar. Üçünjiden, biz Hudaýyň hökümdarlygyna gulak assak we goldasak, ebedi bereketleri alarys. Şol sebäpli gadymy Ysraýyl patyşasy Dawudyň şeýle sözleri geň galdyrmaýar: «Eý Ýehowa, ululyk-da, gudrat-da, owadanlyk-da, ajaýyplyk-da, mertebe-de seniňki, çünki ýerde bolsun, gökde bolsun ähli zatlar seniňki. Ýehowa, Patyşalyk-da seniňkidir. Sen baş hökmünde ähli zatdan ýokarysyň» (1 Taryhlar 29:11).
Hudaýyň Patyşalygy näme üçin gerek?
6. Hudaýyň hökümdarlygy bilen Patyşalygyň nähili baglanyşygy bar?
6 Ýehowa Älemiň Hökümdary hökmünde özüniň güýjüni we gudratyny hemişe görkezýän bolsa, onda Hudaýyň Patyşalygy näme üçin gerek? Adatça, hökümdar raýatlarynyň üstünden dolandyryş edara arkaly höküm sürýär. Şonuň ýaly Hudaýyň Patyşalygy hem ýaradanlarynyň üstünden ähli zady öz içine alýan ýokary häkimiýetini aňladýar, şol arkaly ol hökümdarlyk edýär.
7. Ýehowa näme üçin hökümdarlygyny başgaça dolandyrmakçy boldy?
7 Ýehowa hökümdarlygyny her döwürde dürli ýol bilen dolandyrýar. Şol sebäpli täze ýagdaý ýüze çykanda, ol hökümdarlygyny başgaça dolandyrmakçy boldy. Şeýle ýagdaý Hudaýyň ruhy ogly Şeýtan Adam ata bilen How enäni Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy pitnä iterende ýüze çykdy. Bu pitne Hudaýyň hökümdarlygyna garşy turuzylypdy. Nädip? Şeýtan How enä gadagan edilen miweden iýseňiz «ölmersiňiz» diýmek bilen, Ýehowanyň hökümdarlygynyň dogrudygyny şübhä goýup, ynama mynasyp däl diýdi. Soňra Şeýtan How enä: «Hudaý ondan iýen günüňiz, şol wagt gözleriňiz açylyp, ýagşyny we ýamany bilip-de, Hudaý ýaly boljakdygyňyzy bilýär» diýdi. Şeýtan Adam ata bilen How enä Hudaýyň tabşyryklaryny inkär edip, özbaşdaklygy saýlasalar gowy bolar diýip, kakdyryp aýtdy (Barlyk 3:1—6). Şeýdip, Hudaýyň adalatly hökümdarlygyna garşy töhmet atyldy. Ýehowa näme eder?
8, 9. a) Hökümdarlyk edýän welaýatynyň birinde pitne tursa, hökümdar näme eder? b) Erem bagynda turan pitnä Ýehowa näme etdi?
8 Hökümdarlyk edýän welaýatynyň birinde pitne tursa, hökümdar näme eder? Taryhy bilýän adam käbir wakany ýadyna salyp biler. Gowy hökümdarlyk edýän hökümet bolsa-da, ol bu meseläni ret etmän, pitneçileri dönüklikde aýyplap, olara garşy höküm çykarýar. Soňra hökümdar pitnäni ýatyrmak üçin birini belläp, parahatlygy dikeldýär. Şonuň ýaly Ýehowa-da ýagdaýa gözegçilik edýändigini görkezip, pitneçilere höküm çykarmak üçin derrew hereket edip başlaýar. Ol Adam ata bilen How enäni mynasyp görmän ebedi ýaşaýyşdan mahrum etdi we Erem bagyndan kowdy (Barlyk 3:16—19, 22—24).
9 Şeýtana garşy höküm çykaryp, Ýehowa hökümdarlygyny başgaça dolandyrmakçydygyny görkezdi we ähli hökümdarlygynda parahatlygy dikelder. Hudaý Şeýtana şeýle diýdi: «Sen bilen aýalyň arasyna, seniň nesliň bilen onuň nesliniň arasyna duşmanlyk salaryn; ol seniň başyňy tokmaklar, sen hem onuň topugyny tokmaklarsyň» (Barlyk 3:15). Şeýdip, Ýehowa «nesil» arkaly Şeýtany we onuň ýaranlaryny ýok edip, hökümdarlygynyň adalatlylygyny subut etjekdigini aýan etdi (Zebur 2:7—9; 110:1, 2).
10. a) «Nesil» kim? b) Pawlus ilkinji pygamberligiň ýerine ýetişi barada näme diýdi?
10 «Nesil» hökümdarlar topary bilen Isa Mesihi aňladýar. Olar bilelikde Hudaýyň Patyşalygyny düzýärler (Daniýel 7:13, 14, 27; Matta 19:28; Luka 12:32; 22:28—30). Emma bu zatlar birbada aýan bolmady. Dogrudan-da, ilkinji pygamberlik «gadym döwürlerden bäri ýaşyryn galdy» (Rimliler 16:25). Asyrlar boýy Hudaýa wepaly adamlar «mukaddes syryň» aýan boljagyna we ilkinji pygamberligiň ýerine ýetip, Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanjak gününe garaşýardylar (Rimliler 8:19—21).
«Mukaddes syr» kem-kemden açyldy
11. Ýehowa Ybraýyma nämäni açdy?
11 Wagt geçdigi saýyn, Ýehowa «Hudaýyň Patyşalygynyň syryny» kem-kemden açyp başlady (Markus 4:11). Ýehowa bu syry dosty Ybraýyma jikme-jik açdy. (Ýakup 2:23). Ol Ybraýyma «seni uly millet ederin» diýip wada etdi. Soňra Hudaý Ybraýyma şeýle diýdi: «Senden patyşalar çykarlar» hem-de «ýer ýüzüniň bütin milletleri seniň nesliňden bereket tapar» (Barlyk 12:2, 3; 17:6; 22:17, 18).
12. Nuhuň tupanyndan soň Şeýtanyň nesli nädip aýan boldy?
12 Ybraýymyň döwründe adamlar başgalaryň üstünden höküm sürmäge we ýolbaşçylyk etmäge dyrjaşýardylar. Mysal üçin, Nuhuň çowlugy Nemrut barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ol Rebbiň alnynda güýçli awçydy; munuň üçin: Rebbiň alnynda Nemrut ýaly güýçli awçy, diýilýär» (Barlyk 10:8, 9). Diýmek, Nemrut ýaly özüni ýolbaşçy belleýän adamlar Şeýtanyň gol astynda bolýarlar. Şeýle adamlar we olaryň tarapdarlary Şeýtanyň nesline degişli bolýar (1 Ýahýa 5:19).
13. Ýehowa Ýakup arkaly näme diýdi?
13 Şeýtanyň adamzat hökümdarlary arkaly hökümet döredendigine garamazdan, Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin alada edýär. Ybraýymyň agtygy Ýakup arkaly Ýehowa şeýle diýdi: «Şilo gelene deňeç patyşalyk hasasy Ýahudadan, kanun çykaryjy-da onuň aýaklarynyň arasyndan gitmez; we milletler oňa boýun bolarlar» (Barlyk 49:10). «Şilo» diýen söz «Ol kimiňki bolsa Şoňa degişli» diýmegi aňladýar. Şeýlelikde, bu pygamberlik sözler «patyşalyk hasany», ýagny hökümdarlygy kanuny eýesi alyp, «milletleriň» ýa-da bütin adamzadyň üstünden höküm sürer. Ol kim bolar?
«Şilo gelene deňeç»
14. Ýehowa Dawut bilen nähili äht baglaşdy?
14 Ýahuda ogullaryndan öz halkynyň üstünden höküm sürmäge Ýehowa ilkibaşda Ýessäniň ogly Dawut çopany saýlaýara (1 Patyşalar 16:1—13). Günälerine we ýalňyşlyklaryna garamazdan, Dawut Ýehowanyň merhemetini gazandy, sebäbi ol Ýehowanyň hökümdarlygyna wepalydy. Erem bagyndaky ilkinji pygamberligiň manysyny düşündirip, Ýehowa Dawut bilen äht baglaşanda şeýle diýdi: «Men seniň ýeriňe seniň nesliňi, ogullaryňdan birini goýaryn, onuň patyşalygyny berkiderin». Bu sözler diňe bir Dawudyň ogly we mirasgäri Süleýmana degişli däldi. Sebäbi Ýehowa şeýle diýdi: «Men onuň patyşalyk tagtyny ebedilik berkiderin». Dawut bilen baglaşylan äht wada edilen Patyşalyk «nesliň» Dawudyň nesil şejerisinden gelmelidigini görkezýär (2 Patyşalar 7:12, 13).
15. Ýahuda patyşalygy haýsy manyda Hudaýyň Patyşalygyny aňladýar?
15 Dawutdan başlap patyşa nebereleri baş ruhany tarapyndan mukaddes ýag bilen mesh edilýärdi. Bu patyşalara mesh edilenler diýilýärdi (1 Patyşalar 16:13; 2 Patyşalar 2:4; 5:3; 3 Patyşalar 1:39). Olar barada Ýehowanyň tagtynda oturyp, onuň patyşasy hökmünde Iýerusalimde höküm sürýärdiler diýilýär (2 Taryhlar 9:8). Şol sebäpli Ýahuda patyşalygy Hudaýyň Patyşalygyny, ýagny Ýehowanyň hökümdarlygyny aňladýar.
16. Ýahuda patyşalygynyň hökümdarlygy nähili netije berdi?
16 Patyşa we halk Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn bolanda, Hudaý olary goraýardy hem-de ak patasyny berýärdi. Esasanam, Süleýman patyşalyk edende, parahatlyk höküm sürüp, ýurt pajarlap ösýärdi. Bu Şeýtanyň täsiri bütinleý ýok edilip, Ýehowanyň hökümdarlygy aklananda, Hudaýyň Patyşalygynyň dolandyryşyny pygamberlik edip görkezýär (3 Patyşalar 4:20, 25). Gynansak-da, Dawudyň neslinden bolan patyşalaryň köpüsi Ýehowanyň talaplaryny berjaý etmediler we halky butparazlyga, ahlaksyzlyga eltdiler. Ahyrynda, Ýehowa bu patyşalygy b. e. 607-nji ýylda babyllylaryň derbi-dagyn etmegine ýol berdi. Şeýtan Ýehowanyň hökümdarlygynyň abraýyny düşüren ýaly bolup göründi.
17. Dawudyň patyşalygy ýykylsa-da, Ýehowa doly hakly Hökümdardygyny näme görkezýär?
17 Dawudyň patyşalygynyň ýykylmagy we ondan öň Ysraýylyň demirgazyk patyşalygynyň ýykylmagy Ýehowanyň hökümdarlyk etmäge hakly däldigini ýa-da höküm sürüp bilmeýändigini subut etmeýär, gaýtam, bu Şeýtanyň täsiriniň we adamlaryň Hudaýdan özbaşdak bolmagynyň erbet netijesini görkezýär (Süleýmanyň tymsallary 16:25; Ýeremiýa 10:23). Ýehowa doly hakly Hökümdardygyny görkezmek üçin, Ezekiýel pygamber arkaly şeýle diýdi: «Baş geýimiňi çykar, täjiňi aýyr. ... Ýykaryn, ýykaryn, ýykaryn. Kanuny eýesi [Isa Mesih] gelýänçä, ol hiç kimiňki bolmaz we Men ony şoňa bererin» (Ezekiýel 21:26, 27). Şu sözler wada edilen «nesil» we «kanuny eýesiniň» geljekde gelmelidigini aňladýar.
18. Jebraýyl perişde Merýeme näme diýdi?
18 Indi bolsa, geliň, takmynan b. e. öň 2-nji ýylda bolan waka seredeliň. Jebraýyl perişde demirgazyk Palestinanyň Galileýa welaýatynyň Nasyra şäherinden bolan Merýem atly bir gyzyň ýanyna Hudaý tarapyndan iberilýär. Ol şeýle diýýär: «Ine, sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň. Ol uly bolar, Oňa hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly diýler. Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň öýüne ebedi patyşalyk eder, patyşalygynyň soňy bolmaz» (Luka 1:31—33).
19. Nähili tolgundyryjy waka ýakynlaşýar?
19 Ahyrynda, «mukaddes syryň» açylmaly wagty golaýlaşdy. Wada edilen «nesliň» başy tizden gelmelidi (Galatýalylar 4:4; 1 Timoteos 3:16). Şeýtan onuň topugyny tokmaklamalydy. Emma «nesil» Şeýtanyň başyny tokmaklap, ony we onuň ýaranlarynyň täsirini ýok eder. Şeýle-de ol Hudaýyň Patyşylygy arkaly Şeýtanyň ýetiren ähli zyýanyny ýok edip, Ýehowanyň hökümdarlygyny aklajakdygyny görkezdi (Ýewreýler 2:14; 1 Ýahýa 3:8). Isa muny nädip etmelidi? Ol ýer ýüzünde ýaşanda bize nähili görelde galdyrdy? Bu soraglaryň jogabyny indiki makalada bileris.
a Ýehowanyň Ysraýyla patyşa edip saýlan ilkinji patyşasy Saul Benýamin taýpasyndandy (1 Patyşalar 9:15, 16; 10:1).
Siz nähili düşündirersiňiz?
• Näme üçin Ýehowa Älemiň hakly Hökümdary diýse bolýar?
• Näme üçin Ýehowa Patyşalygy döretdi?
• Ýehowa «mukaddes syry» nädip kem-kemden açdy?
• Dawudyň patyşalygy ýykylsa-da, Ýehowa doly hakly Hökümdardygyny näme görkezýär?