Sen Ýehowanyň Hökümdarlygyny goldaýarmyň?
«Milletler arasynda diýiň: Reb höküm sürýär» (ZEBUR 96:10).
1, 2. a) Takmynan b. e. 29-njy ýylynyň Garaşsyzlyk aýynda nähili wajyp waka boldy? b) Bu wakanyň Isa üçin nähili ähmiýeti bardy?
TAKMYNAN b. e. 29-njy ýylynyň Garaşsyzlyk aýynda ýer ýüzünde hiç haçan bolmadyk iň wajyp waka bolup geçdi. Hoş habarçy Matta muny şeýle beýan edýär: «Isa çokundyrylyp, derrew suwdan çykdy. Ine, gök açyldy, Ol [Ýahýa Çokundyryjy] Hudaýyň Ruhunyň gögerçin kimin Öz [Isanyň] üstüne inip gelýänini gördi. Şonda gökden bir ses: «Meniň söýgüli Oglum Bu. Men Ondan köp razydyryn» diýdi». Bu dört hoş habarçynyň ýazan käbir wakalaryndan biri (Matta 3:16, 17; Markus 1:9—11; Luka 3:21, 22; Ýahýa 1:32—34).
2 Mukaddes ruh gögerçin kimin Isanyň üstüne inende, onuň Mesihdigi aýdyň bolýar (Ýahýa 1:33). Ahyry wada edilen «nesil» gelýär! Ýahýa Çokundyryjynyň öňünde Şeýtan tarapyndan topugy tokmaklanjak hem-de Ýehowanyň we onuň hökümdarlygynyň duşmanynyň başyny tokmaklajak şahsyýet durdy (Barlyk 3:15). Şondan bäri, Isa Ýehowanyň hökümdarlygy we onuň Patyşalygy bilen bagly niýetini ýerine ýetirmek üçin hemme zat etmäge taýyn bolmalydygyna doly düşünýärdi.
3. Isa Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamaga nähili taýýarlandy?
3 Jogapkärli ýumşy ýerine ýetirmek üçin «Isa Mukaddes Ruh bilen dolup, Iordandan yzyna öwrüldi. Ruh ony çöle äkitdi» (Luka 4:1; Markus 1:12). Isa ol ýerde 40 günläp Şeýtanyň hökümdarlyk baradaky orta atan meselesi we Ýehowanyň hökümdarlygyny nädip goldap biljekdigi barada çuňňur oýlanýar. Bu mesele gökdäki we ýerdäki ähli paýhasly ýaradanlara degişlidi. Şol sebäpli biz Isanyň wepaly gulluk edendigi hakda oýlanyp, Ýehowanyň hökümdarlygyny nädip goldajakdagymyza karara gelip bileris (Eýýup 1:6—12; 2:2—6).
Hökümdarlyk barada mesele orta atyldy
4. Şeýtan hökümdarlyk barada meseläni nädip orta atdy?
4 Elbetde, bu agzalan wakalaryň hiç biri Şeýtanyň gözüne ilmän galmaýar. Ol derrew Hudaýyň «aýalynyň» esasy «nesliniň» üstüne hüjüm etmäge başlaýar (Barlyk 3:15). Şeýtan Isany üç gezek synap, Atasynyň islegini däl-de, öz peýdasyny gözlemegi maslahat berýär. Şeýtan Isany üçünji synanda, Hudaýyň hökümdarlygy baradaky meseläni orta atdy. «Dünýäniň bütin patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny görkezip», Şeýtan bihaýalyk bilen Isa şeýle diýýär: «Dyza çöküp, maňa sežde etseň, men şu zatlaryň hemmesini Saňa bereýin». «Dünýäniň bütin patyşalyklarynyň» Iblisiň gol astyndadygyny boýun alyp, hökümdarlyk baradaky meselede Isa kimiň tarapyny tutýandygyny görkezip şeýle diýýär: «Ýanymdan aýryl, şeýtan! «Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et» diýip ýazylgydyr» (Matta 4:8—10).
5. Isa nähili kyn ýumşy ýerine ýetirmelidi?
5 Isa öz durmuşy bilen Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýandygyny aýdyň görkezdi. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, aýalyň «nesliniň» topugy tokmaklanmalydy, ýagny Isa Şeýtanyň elinden ölse-de, Hudaýyň höküm sürmäge haklydygyny subut edip, wepaly galmalydygyna gowy düşünýärdi (Matta 16:21; 17:12). Şeýle-de ol Hudaýyň Patyşalygynyň dolandyryş edaradygyny görkezmelidi, Ýehowa oňa Şeýtanyň pitnesini ýatyryp, ähli ýaradanlarynyň arasynda parahatlygy dikeltmek üçin ygtyýar berdi (Matta 6:9, 10). Isa bu kyn ýumşy nädip ýerine ýetirdi?
«Hudaýyň Patyşalygy golaýlady»
6. Hudaý Patyşalyk arkaly «iblisiň işlerini ýok etjekdigini» Isa nädip görkezdi?
6 Ilkibaşda, «Isa Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edip Jelilä geldi. Ol: «Wagt doldy, Hudaýyň Patyşalygy golaýlady»... diýýärdi» (Markus 1:14, 15). Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny Men... bildirmeli. Çünki Men munuň üçin wagyz etdim» (Luka 4:18—21, 43). Isa ýurduň ähli künjeginde «wagyz edip, Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny bildirýärdi» (Luka 8:1). Şeýle-de Isa köp gudrat görkezdi, ýagny märekäni naharlady, tupany ýatyrdy, kesellileri bejerip, ölüleri direltdi. Isanyň görkezen bu gudratlary Hudaýyň Erem bagynda turan pitnäniň ähli zyýanlaryny we «iblisiň işlerini ýok etjekdigini» subut etdi (1 Ýahýa 3:8).
7. Isa şägirtlerine nähili tabşyryk berýär we ol nähili netije getirýär?
7 Patyşalyk baradaky hoş habar doly wagyz ediler ýaly, Isa özüne wepaly şägirt toplap, olary wagyz etmäge taýýarlaýar. Ilki bilen, ol 12 resulyna ygtyýar berip, «Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmäge... ýollaýar» (Luka 9:1, 2). Soňra ol 70 şägirdi «Hudaýyň Patyşalygy size golaýlady» diýip, yglan etmäge iberýär (Luka 10:1, 8, 9). Olar gelip, Patyşalyk baradaky wagyz işiň üstünlikli bolandygyny aýdanlarynda, Isa olara: «Men şeýtanyň Gökden ýyldyrym ýaly bolup aşak inenini gördüm» diýýär (Luka 10:17, 18).
8. Isa öz durmuşy bilen nämäni aýdyň görkezdi?
8 Isa hiç haçan özüni aýamady we Patyşalyk barada güwälik etmek mümkinçiligi elden bermedi. Ol gije-gündiz dynman wagyz edip, hatda adaty durmuşdan boýun gaçyrdy. Ol şeýle diýdi: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» (Luka 9:58; Markus 6:31; Ýahýa 4:31—34). Ölüminiň öň ýanynda Isa Pilatusa batyrgaýlyk bilen: «Men hakykata güwälik etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim» diýýär (Ýahýa 18:37). Isa ýer ýüzünde ýaşanda, öz durmuşy bilen diňe bir beýik mugallym bolmak, gudrat görkezmek, hatda janaýamaz Halasgär bolmak üçin däl, eýsem, Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamaga we Hudaýyň Patyşalyk arkaly öz islegini berjaý etjekdigini güwälik etmäge gelendigini görkezdi (Ýahýa 14:6).
«Hemmesi berjaý boldy»
9. Şeýtan ahyrsoňy nädip Hudaýyň aýalynyň «nesliniň» topugyny tokmaklaýar?
9 Isa Patyşalyk ugrunda eden işleri bilen Duşmany Şeýtan Iblisi gazaba mündirdi. Şeýtana ýer ýüzündäki «nesli», ýagny syýasy we dini guramasy arkaly Hudaýyň aýalynyň «neslini» öldürtmek ençeme gezek başartmaýar. Isa ýer ýüzünde doglandan, tä ölüminiň ahyryna çenli Şeýtanyň we onuň ýaranlarynyň nyşany bolýar. Ahyry, b. e. 33-nji ýylynyň bahar aýynda Ynsan Ogly özüni Duşmanynyň eline tabşyryp, topugyny tokmaklatmaga ýol berýär (Matta 20:18, 19; Luka 18:31—33). Injilde aýdylyşy ýaly, Iuda Iskariot, baş ruhanylar, kanunçylar, fariseýler we rimliler Şeýtanyň täsirine düşüp, Isa höküm çykaryp, ony pürse çüýläp, gynap, zalymlyk bilen öldürdiler (Resullaryň işleri 2:22, 23).
10. Isa pürsde ölüp, esasan, nämäni berjaý etdi?
10 Sen Isanyň kem-kemden ejir çekip pürsde ölendigini göz öňüne getireniňde, näme pikir edýärsiň? Mümkin, Isanyň adamzadyň günäsi üçin beren töleg gurbany ýadyňa düşýändir (Matta 20:28; Ýahýa 15:13). Mümkin, Ýehowanyň töleg arkaly görkezen beýik söýgüsi barada oýlanýansyň (Ýahýa 3:16). Belki-de, sende «Dogrudan-da, bu Hudaýyň Ogly eken» diýen rim esgeriniňki ýaly duýgy döreýändir (Matta 27:54). Elbetde, sen bularyň ählisi barada oýlanýansyň. Indi bolsa, Isanyň pürsde wagty: «Hemmesi berjaý boldy!» diýen sözlerini ýadyňa sal (Ýahýa 19:30). Näme berjaý boldy? Isa öz ýaşaýşy we ölümi bilen köp zatlary berjaý eden bolsa-da, Ýehowanyň hökümdarlygy baradaky meselede onuň ýere gelmeginiň bu esasy sebäbi dälmidi? Eýsem, pygamberlikde «nesil» Şeýtanyň elinden ejir çekip, Ýehowanyň adyny arassalajakdygy aýdylmanmydy? Bu ýönekeý ýumuş däldi, emma Isa muny doly ýerine ýetirip bildi. Ine, şu zatlar berjaý boldy!
11. Isa Erem bagyndaky pygamberligi ýerine ýetirmek üçin näme eder?
11 Isa soňuna çenli wepaly galany üçin direldilýär, ýöne ynsan hökmünde däl-de, «ýaşaýyş berýän ruh bolýar» (1 Korintoslylar 15:45; 1 Petrus 3:18). Ýehowanyň wada etmegine görä, onuň şöhratly Ogly: «Duşmanlaryny aýaklaryna basgançak edýänçä, sagynda oturdy» (Zebur 110:1). Bu «duşmanlara» esasy töhmetçi Şeýtan we onuň ähli «nesli» degişli. Ýehowanyň Patyşalygyň Patyşasy hökmünde Isa Mesih gökdäki we ýerdäki pitneçileriň ählisini ýok eder (Ylham 12:7—9; 19:11—16; 20:1—3, 10). Şonda Barlyk 3:15-däki pygamberlik we Isanyň: «Patyşalygyň gelsin; gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn» diýen sözleri doly ýerine ýeter (Matta 6:10; Filipililer 2:8—11).
Isa bize görelde galdyrdy
12, 13. a) Şu günler Patyşalyk baradaky hoş habara nähili seslenýärler? b) Biz Mesihiň göreldesine eýermek üçin näme barada oýlanmaly?
12 Isanyň pygamberlik edişi ýaly, şu günler Patyşalyk baradaky hoş habar köp döwletlerde wagyz edilýär (Matta 24:14). Netijede, millionlarça adamlar özüni Hudaýa bagyş edýärler. Olar Patyşalygyň getirjek bereketleri hakda bilýändigine şatlanýarlar. Olar geljekde ýer ýüzünde boljak parahat we howpsuz ýaşaýşa umyt edýärler hem-de bu barada başga adamlara şatlyk bilen gürrüň berýärler (Zebur 37:11; 2 Petrus 3:13). Sen Patyşalygyň wagyzçysymyň? Eger wagyzçy bolsaň, bu öwgä mynasyp. Emma ýene-de bir sorag bar, bu barada biziň her birimiz oýlanmaly.
13 Petrus resul şeýle diýdi: «Mesih hem Öz yzyny alyp götermegiňiz üçin görgi görüp, size bir nusga galdyrdy» (1 Petrus 2:21). Üns beren bolsaň, Petrus Isanyň yhlasly gullugyny ýa-da öwretmäge ukyplydygyny däl-de, gören görgüsini agzaýar. Petrus şaýat hökmünde Isanyň Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamak we Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmek üçin nähili derejede görgi görmäge taýyndygyny gowy bilýärdi. Eýsem, biz Isadan nädip görelde alyp bileris? Biz özümize şeýle sorag bermeli: Men Ýehowanyň hökümdarlygyny goldap, hormat goýmak üçin görgi görmäge taýynmy? Öz durmuşym we yhlasly gullugym bilen Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamak meniň üçin iň esasy zatdygyny görkezýärinmi? (Koloseliler 3:17).
14, 15. a) Duzak boljak teklibe Isa nähili garady, näme üçin? b) Haýsy soragy hiç haçan unutmaly däl? («Ýehowanyň tarapynda bol» diýen çarçuwadan pikirleri aýt).
14 Biz her gün uludyr kiçi synaglara duş gelip, dürli karar kabul etmeli bolýarys. Şeýle ýagdaýda biz esasan nämäni göz öňünde tutmaly? Meselem, mesihçi durmuşymyza howp salýan synaglara duş gelenimizde, muňa nähili garaýarys? Petrus Isa özüňe rehim et diýende, ol näme jogap berdi? «Çekil öňümden, Şeýtan!.. Çünki sen Hudaý işlerini däl, ynsan işlerini oýlanýarsyň» diýip, Isa jogap berdi (Matta 16:21—23). Bizde ruhy saglygymyza zyýan ýetip, baýamaga ýa-da wezipä çekilmäge mümkinçilik dörände, Isanyň göreldesini ýadymyza salýarysmy? Isanyň gudratlaryny gören adamlar ony «patyşa etjek... bolanlarynda», ol gaçyp gitdi (Ýahýa 6:15).
15 Näme üçin Isa şeýle meselelerde özüni aýgytly alyp bardy? Sebäbi ol özüniň howpsuzlygyndan we peýdasyndan has ähmiýetli mesele barada gürrüň gidýändigine düşünýärdi. Nähili agyr bolsa-da, ol Atasynyň islegini berjaý etmek we Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamak isleýärdi (Matta 26:50—54). Diýmek, eger biz Ýehowanyň hökümdarlygy baradaky meselede Isadan görelde almagy unutsak, onda dänip, ylalaşyk etmegimiz mümkin. Näme üçin? Sebäbi How enäni aldaýşy ýaly, nädogry we kanunsyz zatlary özüne çekiji hem-de höwesli edip görkezýän ökde ýalançy Şeýtanyň hilesine aňsatlyk bilen düşüp bileris (2 Korintoslylar 11:14; 1 Timoteos 2:14).
16. Biz esasan nähili maksat bilen adamlara kömek etmeli?
16 Biz gullukda adamlar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň aladalaryny Mukaddes Ýazgylar arkaly nädip çözüp bolýandygyny görkezmäge çalyşýarys. Bu olara Mukaddes Ýazgylary öwränmäge höwes döredýär. Emma biziň esasy maksadymyz adamlara diňe bir Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigi ýa-da Hudaýyň Patyşalygynyň berjek bereketleri barada bilmäge kömek etmek däl. Biz olara Ýehowanyň hökümdarlygy baradaky meselä düşünmäge kömek etmeli. Olar hakyky mesihçi bolup, «haçyny almaga» we Patyşalyk üçin ejir çekmäge taýynmy? (Markus 8:34). Olar Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýanlaryň hatarynda bolmaga we Şeýtanyň ýalançy hem töhmetçidigini subut etmäge taýynmy? Özümize we adamlara Ýehowanyň tarapynda bolmaga kömek etmek biziň üçin uly hormat! (1 Timoteos 4:16).
«Hudaý... ähli zatda höküm sürende»
17, 18. Ýehowanyň hökümdarlygynyň tarapynda bolsak, nähili bereketlere garaşyp bileris?
17 Biz häzir elimizden gelenini edip, öz durmuşymyz we gullugymyz bilen Ýehowanyň hökümdarlygynyň tarapyndadygymyzy görkezip, Isa Mesihiň «Patyşalygy Ata Hudaýa tabşyrýan» döwre garaşyp bileris. Bu haçan bolar? Pawlus resul muny şeýle düşündirýär: «Ol her hili baştutanlygy, her hili häkimiýeti hem gudraty ýok edip, Patyşalygy Ata Hudaýa tabşyranda, ahyrzaman bolar. Çünki Ol bütin duşmanlaryny aýak astyna salýança höküm sürmelidir. ... Ogluň özi hem, Hudaý hem ähli zatda höküm sürer ýaly, Oňa ähli zady tabyn etdirene tabyn bolar» (1 Korintoslylar 15:24, 25, 28).
18 «Hudaý... ähli zatda höküm sürende» neneňsi ajaýyp döwür bolar! Şonda Patyşalyk öz borjuny ýerine ýetirer. Ýehowanyň hökümdarlygynyň ähli duşmanlary ýok ediler. Bütin älem-jahanda parahatlyk dikeldiler. Mezmurçy ähli ýaradylanlaryň aýtjak nagmasyny şeýle beýan edýär: «Rebbiň adynyň şöhratyny ykrar ediň... Milletler arasynda diýiň: Reb höküm sürýär» (Zebur 96:8, 10).
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Hudaýyň hökümdarlygy baradaky meseläniň Isa üçin hemme zatdan ýokarydygyny ol nädip görkezdi?
• Isa öz gullugy we ölümi bilen esasan nämäni berjaý etdi?
• Isadan görelde alyp, Ýehowanyň hökümdarlygynyň tarapyndadygymyzy nädip görkezip bileris?
[29-njy sahypaky çarçuwa]
ÝEHOWANYŇ HÖKÜMDARLYGYNYŇ TARAPYNY TUTUŇ
Koreýadaky we başga ýerlerdäki doganlaryň köpüsi agyr synaglara duş gelende, olaryň näme üçin bolýandygyny ýadynda saklamagyň peýdalydygyna düşünýärler.
Sowet Soýuzy döwründe imany üçin türmede oturan bir doganymyz şeýle diýýär: «Erem bagynda orta atylan meselä, ýagny Hudaýyň höküm sürmäge haklydygyna aýdyň düşünýändigimiz kynçylyklara döz gelmäge kömek etdi. ... Biz Ýehowanyň häkimiýetiniň tarapynda bolmaga mümkinçiligimiziň bardygyny bilýärdik. ... Bu biziň imanymyzy berkidip, soňuna çenli wepaly galmaga kömek etdi».
Başga bir mesihçi bolsa, zähmet düzediş lagerinde oňa we imandaşlaryna nämäniň kömek edendigini gürrüň berýär. Ol şeýle diýýär: «Ýehowa bizi goldaýardy. Aýylganç kynçylyklara garamazdan, Ýehowa bilen gatnaşygymyz berkdi. Biz biri-birimizi hemişe ruhlandyryp, şeýle diýýärdik: «Mert bol, dogan, çünki biz hökümdarlyk meselesinde Ýehowanyň tarapyndadyrys».