Sen Ýehowanyň gününe taýýarmyň?
«Ýakyndyr, Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr we örän çalt ýetip gelýär» (SEFANÝA 1:14).
1-3. a) Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň güni barada näme diýilýär? b) Bize «Ýehowanyň [nähili] güni» garaşýar?
ÝEHOWANYŇ beýik güni 24 sagat dowam edýän güni däl-de, Hudaýyň zalym adamlara höküm çykarjak möhleti aňladýar. Erbet adamlarda şol tümlük, gahar-gazap, harabaçylyk we weýrançylyk günden gorkmaga doly sebäp bar (Işaýa 13:9; Amos 5:18—20; Sefanýa 1:15). Ýoweliň pygamberliginde şeýle diýilýär: «Waý, ol gün! Çünki Taňrynyň güni ýakyn; ol ýykgynçylyk ýaly bolup, Gudraty güýçli tarapyndan geler» (Ýowel 1:15, MKS). Emma Hudaý ol beýik güni «ýüregi gönüleri» halas eder (Zebur 7:10).
2 «Ýehowanyň güni» diýen jümle Hudaýyň dürli wagtda amala aşyran hökümlerini aňladýar. Meselem, Iýerusalim üçin «Ýehowanyň güni» b. e. öň 607-nji ýylda geldi, ol hökümi babyllylar berjaý etdi (Sefanýa 1:4—7). Şeýle-de Hudaý rimliler arkaly b. e. 70-nji ýylynda Ogluny inkär eden ýewreý halkyny höküm etdi (Daniýel 9:24—27; Ýahýa 19:15). Şonuň ýaly-da Mukaddes Ýazgylarda Hudaý ähli halklara garşy söweşende, «Ýehowanyň güni» boljakdygy aýdylýar (Zakarýa 14:1—3). Hudaýyň ylhamy bilen ýazan hatynda Pawlus resul ol güni Mesihiň barlygy, ýagny 1914-nji ýylda Isanyň gökde höküm sürüp başlan wagty bilen baglanyşdyrýar (2 Selanikliler 2:1, 2). Ýehowanyň güni örän çalt golaýlaşýar. Şol sebäpli 2007-nji ýylyň ýyllyk aýady hökmünde Sefanýa 1:14-däki: «Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr» diýen sözler alyndy.
3 Hudaýyň beýik gününiň ýakyndygy sebäpli, häzir oňa taýýarlanmagyň tüýs wagty. Sen nädip Ýehowanyň gününe taýýarlanyp bilersiň? Munuň üçin durmuşyňda ýene nähili özgerişikler etmeli?
«Taýýar boluň»
4. Isa nähili agyr synaga taýýarlandy?
4 Soňky günler baradaky pygamberlikde Isa Mesih şägirtlerine: «Taýýar bolmagy» ündedi (Matta 24:44). Isa şu sözleri aýdan mahaly onuň özi agyr synaga, ýagny töleg hökmünde janyny bermäge taýýardy (Matta 20:28). Isanyň şu synaga taýýarlanyşyndan biz näme öwrenip bileris?
5, 6. a) Ýehowanyň gününe taýýar bolmaga Hudaýa we adamlara bolan söýgi bize nädip kömek edýär? b) Isa ýakynyňy söýmek babatda nähili görelde galdyrdy?
5 Isa Ýehowany we onuň dogry kadalaryny tüýs ýürekden söýýärdi. Ýewreýler 1:9-da Isa barada şeýle diýilýär: «Sen dogrulygy söýüp, kanunsyzlygy ýigrendiň. Munuň üçin Hudaý, Seniň Hudaýyň, Seni şatlyk ýagy bilen ýoldaşlaryňdan artyk mesh etdi». Isa gökdäki Atasyny söýýändigi üçin oňa wepaly galdy. Bizem Hudaýy söýüp, onuň talaplaryna görä ýaşasak, ol bizi gorar (Zebur 31:23). Bize şeýle söýgi we gulak asmaklyk Ýehowanyň beýik gününe taýyn bolmaga kömek eder.
6 Isanyň ýene bir tapawutlandyryjy häsiýeti onuň adamlara bolan söýgüsidi. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Isa märekäni görüp, olara haýpy geldi; çünki olar çopansyz goýunlar ýaly pytraňňydy, alaçsyzdy» (Matta 9:36). Şol sebäpli ol adamlara hoş habary wagyz etdi. Şonuň ýaly bizi-de Patyşalyk baradaky hoş habary ýakynymyza wagyz etmäge söýgi höweslendirýär. Hudaýa we ýakynymyza bolan söýgi yhlasly gulluk etmäge, şol sanda Ýehowanyň beýik gününe taýýarlanmaga höweslendirýär (Matta 22:37—39).
7. Ýehowanyň beýik gününe şatlyk bilen garaşmaga näme kömek eder?
7 Isa Ýehowanyň islegini berjaý etmekden şatlanýardy (Zebur 40:8). Eger biz hem şeýle garaýyşda bolsak, Hudaýa mukaddes gulluk etmekden lezzet alarys. Biz Isa ýaly janaýaman adamlara gulluk etsek, hakyky bagta ýeteris (Resullaryň işi 20:35). «Ýehowanyň guwanjy, siziň kuwwatyňyzdyr». Bize hut şatlyk Hudaýyň beýik gününe gowy taýýarlanmaga kömek eder (Nehemýa 8:10).
8. Näme üçin biz Ýehowa doga arkaly ýakynlaşmaly?
8 Isanyň Hudaýa gyzgyn doga etmegi imany synalanda taýýar bolmaga kömek etdi. Ýahýa ony çokundyranda ol şeýle gyzgyn doga etdi. Isa resullaryny saýlamazyndan öňürti, uzyn gijäni Hudaýa doga etmek bilen geçirdi (Luka 6:12—16). Isanyň ölüminiň öň ýanyndaky gije ýürekden eden dogasy Mukaddes Ýazgylary okaýanlaryň haýsy birine täsir etmez? (Markus 14:32—42; Ýahýa 17:1—26). Sen Isa ýaly hemişe doga edýärmiň? Ýehowa ýygy-ýygydan doga et. Oňa howlukman doga et. Mukaddes ruhuň görkezmesi barada doga et we ol aýdyň bolan badyna oňa eýer. Ýehowanyň beýik gününiň örän çalt golaýlaşýan bu aýratyn döwürde, göklerdäki Atamyz bilen berk gatnaşyk saklamaly. Şol sebäpli Ýehowa doga arkaly has-da ýakynlaşar ýaly köp tagalla et (Ýakup 4:8).
9. Näme üçin Ýehowanyň adyny mukaddes etmäge yhlasly bolmaly?
9 Şeýle-de Isa geljekki synaglara taýyn bolmaga, Ýehowanyň adyny yhlas bilen mukaddes etmekligi kömek etdi. Ol şägirlerine «Adyň mukaddes bolsun» diýip, Hudaýa doga etmegi öwretdi (Matta 6:9). Eger biz Ýehowanyň adynyň mukaddes bolmagyny ýa-da mukaddes hasaplanmagyny ýürekden islesek, onda onuň adyny masgaralaýan ähli zatdan gaça durmaga çalşarys. Bu bizi Ýehowanyň beýik gününe has hem gowy taýýarlar.
Durmuşyňda käbir özgerişikler etmelimi?
10. Näme üçin biziň her birimiz özümizi barlamaly?
10 Eger Ýehowanyň güni ertir bolsa, sen oňa taýýarmyň? Biziň her birimiz pikirimizi ýa-da durmuşymyzy üýtgetmek üçin özümizi barlamaly. Şu günki ýaşaýşyň tiz geçýändigi we durnuksyzdygy sebäpli, biziň ählimiz her gün ruhy taýdan oýa bolmaly (Wagyzçy 9:11, 12; Ýakup 4:13—15). Şonuň üçin, geliň, nämede gowulanmalydygymyza seredeliň.
11. Mukaddes Ýazgylary okamak üçin sen nähili maksat edindiň?
11 Sadyk hyzmatkär Mukaddes Ýazgylary her gün okamalydygy barada maslahat berýär (Matta 24:45). Biz her ýyl Barlykdan Ylham kitabyna çenli okap, okan zatlarymyz barada oýlanmagy maksat edinmeli. Mukaddes Ýazgylaryň günde dört babyny okasak, bir ýylda onuň 1 189 babynyň ählisini okarys. Ysraýyl patyşalarynyň her biri Ýehowanyň Kanunyny «ömri ötýänçä» okamalydy. Ýeşuw şu tabşyrygy ýerine ýetiren bolsa gerek (Kanunyň gaýtalanyşy 17:14—20; Ýeşuw 1:7, 8). Şol sebäpli mesihçi çopanlar Hudaýyň Sözüni okamaly. Bu olara «sagdyn taglymaty» başgalara öwretmäge kömek edýär (Titus 2:1).
12. Ýehowanyň gününiň golaýlaýandygy bizi nämä höweslendirmeli?
12 Ýehowanyň gününiň golaýlaýandygy biziň her birimizi ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli baryp, olarda aktiw gatnaşmaga höweslendirmeli (Ýewreýler 10:24, 25). Şeýtmek bilen biz «ebedi ýaşaýyş üçin bellenenleri» agtaryp, olara kömek etmek üçin Patyşalygyň wagyzçylary hökmünde ukybymyzy ösdüreris (Resullaryň işleri 13:48). Mümkin, sen ýygnak işine başga usul bilen, meselem, gartaşanlara kömek edip, ýaşlary ruhlandyryp köpräk goşandyňy goşup bilersiň. Sen bularyň baryndan uly şatlyk alarsyň.
Seniň adamlar bilen gatnaşygyň nähili?
13. Täze ýaradylyşa geýnendigimizi bilmek üçin özümize nähili soraglary bermeli?
13 Ýehowanyň güni häzir bosagada, şonuň üçin «pikirlerimiziň ruhunda täzelenip, çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginde döredilen täze ýaradylyşy geýinmek» üçin öňküden-de köpräk tagalla etmeli dälmi näme? (Efesliler 4:20—24). Eger Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürseň, onda adamlar seniň Hudaýyň ruhuna görä ýaşaýandygyňy we mukaddes ruhuň miwesini görkezýändigiňi biler (Galatýalylar 5:16, 22—25). Seniň we maşgala agzalaryň täze ýaradylyşa geýnendigini nähili anyk hereketler görkezýär? (Galatýalylar 5:16, 22—25). Meselem, seni imandaşlaryňa we başga adamlara kömek edýän adam hökmünde tanaýarlarmy? (Galatýalylar 6:10). Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrenseň, Ýehowanyň gününe taýýarlanmak üçin Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmäge kömek eder.
14. Özüne erk etmegi ösdürýän adam näme üçin mukaddes ruh barada doga etmeli?
14 Aýdaly, seniň gyzmalyk häsiýetiň bar we özüňe erk etmelidigiňi bilýärsiň. Özüňe erk etmeklik Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesine degişli. Şol sebäpli Isanyň öwredişi ýaly mukaddes ruh barada doga et: «Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar....Erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp Mukaddes Ruhy berer!» (Luka 11:9—13).
15. Imandaşlaryňdan biri bilen gatnaşygyň gowy bolmasa näme etmeli?
15 Belki, sen imandaşlaryňdan biri bilen gatnaşygyň gowy däldir? Onda ýygnakda parahatlygy we agzybirligi saklap, gatnaşygyňy gowulandyrmak üçin eliňden gelenini et (Zebur 133:1—3). Matta 5:23, 24 ýa-da Matta 18:15—17-nji aýatlardaky Isanyň maslahatlaryna eýer. Eger sen gaharyň üstüne gün ýaşmagyna ýol berseň, onda kynçylygy tizräk çözjek bol. Köplenç biziň bar etmeli zadymyz, geçirimli bolmaly. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň» (Efesliler 4:25, 26, 32).
16. Är-aýal bir-birine nädip duýgudaşlyk bildirmeli?
16 Är-aýal hem bir-birine rehimdar bolup, geçirimlilik etmeli. Eger sen ýanýoldaşyňa duýgudaşlygy we söýgiňi köpräk bildirip bilmeseň, onda bu häsiýetleri Hudaýyň we Onuň Sözi arkaly ösdür. Mümkin, kimdir birine maşgalasyndaky agzalalygy çözmek we ikilik etmekden gaça durmak üçin 1 Korintoslylar 7:1—5-nji aýatlary ýerine ýetirmelidir? Şeýle ýagdaýda är-aýala «gamhor bolmak» has-da wajyp.
17. Agyr günä eden adam näme etmeli?
17 Eger sen agyr günä eden bolsaň näme? Onda düzeler ýaly tizräk hereket etjek bol. Kömek üçin hökman mesihçi ýaşululara ýüz tut. Olaryň dogasy we maslahaty saňa ruhy taýdan dikelmäge kömek eder (Ýakup 5:13—16). Ýürekden toba edip, Ýehowa doga et. Eger muny etmeseň, onda özüňi günäkär duýup, wyždanyň ezýet berer. Şeýle ýagdaýy Dawut başdan geçirdi. Emma Ýehowanyň öňünde günäsini boýun alanda, ol kalbynda rahatlyk duýdy! Dawut şeýle ýazdy: «Jenaýaty bagyşlanan, günäsi ötülen adam nähili bagtly! Reb tarapyndan günäsi hasaba alynmaýan adam, ruhunda hile ýok adam nähili bagtly!» (Zebur 32:1—5). Günä edip, ýürekden toba edýän adamy Ýehowa bagyşlaýar (Zebur 103:8—14; Süleýmanyň tymsallary 28:13).
Bu dünýäden bolma
18. Bu dünýä nähili garamaly?
18 Elbetde, sen gökdäki Atamyzyň wada edýän ajaýyp täze dünýäsine sabyrsyzlyk bilen garaşýansyň. Onda Hudaýdan daşlaşan bu erbet dünýä nähili garaýarsyň? «Bu dünýäniň hökümdary» Şeýtanyň Isanyň üstünden ygtyýary ýokdy (Ýahýa 12:31; 14:30). Elbetde, biziň hiç birimiz Iblisiň we onuň dünýäsiniň ygtyýarynda bolmak islemeýäris, şol sebäpli Ýahýa resulyň: «Dünýäni, dünýädäki zatlary söýmäň» diýen sözlerine eýeriň. Bu maslahaty eýermek wajyp, çünki «dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» (1 Ýahýa 2:15—17).
19. Mesihçi ýaşlary nämä höweslendirmeli?
19 Siz çagalaryňyza «özüni dünýäden çirksiz saklamaga» kömek edýärmisiňiz? (Ýakup 1:27). Balykçynyň balygy çeňňek bilen aldaýşy ýaly, Şeýtan hem siziň çagaňyzy tutmak isleýär. Meselem, Şeýtanyň dünýäsinde köp klublaryň we guramalaryň maksady — ýaşlara öz ornuny tapmaga kömek etmek. Emma Ýehowanyň gullukçylary bu zalym dünýä ýok edilenden soň galjak ýeke-täk gurama degişli. Şonuň üçin mesihçi ýaşlary «Rebbiň işine yhlasly ýapyşmaga» höweslendirmeli (1 Korintoslylar 15:58). Mesihçi ata-eneler çagalaryna durmuşyň manysyna doly düşünip, bagtly ýaşar ýaly maksat goýmaga kömek etmeli. Şeýle ýaşaýyş Hudaýa şöhrat getirýär we çagalary Ýehowanyň gününe taýýarlaýar.
Ýehowanyň güni geçensoň
20. Biz näme üçin nazarymyzy ebedi ýaşaýşa dikmeli?
20 Nazarymyzy ebedi ýaşaýşa diksek, Ýehowanyň gününi rahat ýürek bilen garaşyp bileris (Ýahuda 20, 21). Jennetde ebedi ýaşaýyşda ýaşlykdaky güýjümiz gaýdyp geler, wagtymyz çäkli bolmaz, peýdaly maksatlarymyza ýetip, Ýehowa barada has köp bilim alyp bileris. Häzir adamlar Hudaý barada «onuň ýollarynyň diňe bir bölegini» bilýärler, ýöne ony ömür baky tanap bolýar (Eýýup 26:14). Eýsem, şundan gowy zat bolup bilermi?!
21, 22. Biz direlenlerden nämäni bileris we olara näme barada gürrüň berip bileris?
21 Jennetde direlen adamlar bilen gürrüňdeşlikde bolup, geçen döwür barada ýetmezçilik eden bilimlerimiziň üstüni doldurarys. Meselem, Hanokdan Ýehowanyň habaryny hudaýsyz adamlara nädip batyrgaý wagyz edendigini bileris (Ýahuda 14, 15). Nuh pygamber bolsa, nädip gämi gurandygyny gürrüň berer. Ybraýym bilen Sarra Ur şäherinde gurply durmuşyny goýup, çadyrda nädip ýaşandygyny gürrüň bererler. Şeýle-de Ester barada oýlanyp gör: sen ondan Amanyň dildüwşügini bozup, öz halkyny halas edendigi hakynda gyzykly jikme-jiklikleri bilersiň (Ester 7:1—6). Göz öňüne getirip gör, Ýunus saňa äpet balygyň içinde nädip bolandygy barada gürrüň berýär. Ýahýa çokundyryjynyň Isany nädip çokundyrandygy we özüni nähili duýandygy barada ýatlap, gürrüň berşini diňleýändigiňi göz öňüne getirip gör (Luka 3:21, 22; 7:28). Nähili gyzykly zatlar barada bileris!
22 Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda direlenlere «Hudaýy tanamaga» kömek eder ýaly, belki, sende-de mümkinçilik bolar (Süleýmanyň tymsallary 2:1—6). Eýýäm şu günler adamlaryň Ýehowa Hudaý barada bilip, alan bilimlerine görä ýaşaýandygyny görmek uly şatlyk berýär. Ýöne sen nähili bagtly gelejek garaşýandygyny göz öňüne getirip gör, çünki Ýehowa gadym döwürde ýaşap minnetdarlyk bilen hakykaty kabul etjek adamlary öwretmek üçin edýän tagallalaryňa ak pata berer!
23. Biz nähili garaýyşda bolmaly?
23 Biz Ýehowanyň öz halkyna berýän ähli bereketlerini sanap we doly baha berip bilmeris (Zebur 40:5). Biz Hudaýa, aýratyn-da, ruhy sowgatlary üçin minnetdar (Işaýa 48:17, 18). Biziň ýagdaýymyz nähili bolaýanda-da, Ýehowanyň beýik gününe garaşýan döwürde, geliň, ak ýürekden mukaddes gulluk edeliň.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• «Ýehowanyň güni» näme?
• Biz Ýehowanyň gününe nädip taýýarlanyp bileris?
• Hudaýyň beýik güni golaýdygy sebäpli biz nähili özgerişler etmeli?
• Ýehowanyň güni geçensoň, siz näme etmegi arzuw edýärsiňiz?