Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • kl bap 16 sah. 150—159
  • Hudaýa nädip ýakynlaşmaly?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýa nädip ýakynlaşmaly?
  • Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HUDAÝA NÄME ÜÇIN ÝAKYNLAŞMALY?
  • HUDAÝA ÝAKYNLAŞÝANLARDAN EDILÝÄN TALAPLAR
  • HUDAÝA HAÇAN ÝÜZLENIP BOLÝAR
  • ÝEHOWANYŇ EŞIDÝÄN DOGALARY
  • HEMIŞE DOGADA BOLUŇ
  • ÝEHOWA BILEN ARAGATNAŞYK BIR TARAPLAÝYN DÄL
  • Hudaýa doga arkaly ýakynlaş
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • «Dilegleriňizi... Hudaýa bildiriň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Doga edip, Hudaýa ýakynlaş
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Dogalaryň sen barada nämäni aýan edýär?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Başgalary
Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
kl bap 16 sah. 150—159

16-njy bap

Hudaýa nädip ýakynlaşmaly?

1. Köp dinleriň näme meňzeşligi bar?

BIR syýahatçy Aziýa ýurtlarynyň birine baranda buddizm ybadathanasynda edilýän dini däp-dessurlary görüp haýran galýar. Ol ýerde Merýemiň we Isanyň şekilleri bolmasa-da, köp däp-dessurlar onuň öz ýurdundaky buthanany diýseň ýatladýardy. Ol, meselem, dindarlaryň tesbi sanap oturanyny we hiňlenip doga okaýanyny gördi. Başga adamlar hem şeýle meňzeşlikleri belläp geçdiler. Gündogarda we Günbatarda hudaýhon adamlaryň Hudaýa, ýa-da başga bir sežde edýän zatlaryna ýakynlaşjak boluşlary örän meňzeş.

2. Doga diýmek näme we köp adamlar näme üçin doga edýärler?

2 Köp adamlar Hudaýa dogada ýüzlenip, Oňa has hem ýakynlaşmaga jan edýärler. Doga diýlende, adatça «haýyş bilen “hudaýa“, “keramatly“ adamlara ýüz tutmak» diýip düşünilýär («Türkmen diliniň sözlügi», 1962). Emma käbir adamlar Hudaýa ozaly bilen bir zat almak üçin ýüzlenýärler. Meselem, bir gezek, bir adam Ýehowanyň Güwäsinden: «Eger-de siz meniň üçin doga etseňiz, onda meniň işdäki, öýdäki we saglyk bilen bagly aladalarymyň hemmesi çözülermi?» diýip sorady. Mümkin, ol muňa umyt baglandyr, emma doga edýän adamlar köp, aladalar bolsa, öňküligine galýar. Şonuň üçin, biz Hudaýa näme üçin ýakynlaşmaly diýen sorag ýüze çykýar.

HUDAÝA NÄME ÜÇIN ÝAKYNLAŞMALY?

3. Biz dogalarymyzy kime gönükdirmeli we näme üçin?

3 Doga — manysyz däp-dessur däl, ýa-da Hudaýdan bir zat almagyň usuly däl. Hudaýa ýakynlaşmagyň gerekdiginiň bir esasy sebäbi — bu, Onuň bilen ýakyn aragatnaşykda bolmaklykdyr. Şonuň üçin, biz dogalarymyzy Ýehowa Hudaýa gönükdirmeli. «Reb Özüni çagyrýanlaryň ählisine... ýakyndyr» diýip, mezmurçy Dawut ýazdy (Zebur 145:18). Ýehowa özi bilen parahatlykda bolmaga çagyrýar (Işaýa 1:18). Bu çakylyga seslenýän adamlar mezmurçynyň sözleri bilen ylalaşýarlar, ol şeýle diýipdi: «Maňa bolsa Hudaýa ýakynlaşmak gowudyr». Näme üçinkä? Sebäbi, Ýehowa Hudaýa ýakynlaşýanlar hakyky bagt we kalbyna rahatlyk taparlar (Zebur 73:28).

4, 5. a) Hudaýa doga etmek näme üçin wajyp? b) Doga arkaly Hudaý bilen aragatnaşygymyz nähili bolar?

4 Eger-de Hudaý ’bize näme zatlaryň gerekdigini, Ondan dilemänkämiz bilýän’ bolsa, onda biz Oňa näme üçin doga etmeli? (Matta 6:8; Zebur 139:4). Doga, biziň Hudaýa iman edýändigimizi we Ony «ähli oňat, kämil sowgadyň» Gözbaşy hasaplaýandygymyzy görkezýär (Ýakup 1:17; Ýewreýler 11:6). Ýehowa biziň dogalarymyzy şatlyk bilen kabul edýär (Süleýmanyň Tymsallary 15:8). Islendik ata öz perzendiniň minnetdarlygyny eşidende hoşal bolşy ýaly, Ýehowa-da öz adyna minnetdarlyk we öwgi sözlerini eşidende hoşal bolýar (Zebur 119:108). Ata we ogul oňat gatnaşykda bolsa, olar ýürekden gürleşýändirler. Söýülýändigini bilýän çaganyň hemişe atasy bilen gürleşesi gelýär. Hudaý bilen aragatnaşygymyz barada hem edil şony aýtsa bolar. Eger-de Ýehowa barada alýan bilimlerimiziň we Onuň söýgüsiniň gadyr-gymmatyny hakykatdan-da bilýän bolsak, onda dogada Oňa içimizi dökmäge güýçli islegimiz bolar (1 Ýahýa 4:16—18).

5 Hemmelerden Beýik Hudaýa ýüzlenemizde Oňa hormat goýýandygymyz mälim bolmaly, ýöne aýdýan sözlerimiziň dogrulygy barada çendenaşa alada edip durmagyň geregi ýok (Ýewreýler 4:16). Biz Ýehowa islendik wagt doga edip bilýäris. Dogada ’ýüregimizi Oňa dökmek’ — gör, nähili uly artykmaçlyk (Zebur 62:8). Ýehowa aýdýan minnetdarlygymyz Onuň bilen ýürekdeş aragatnaşyga ýol açýar, şeýle aragatnaşyk “Hudaýyň dosty“ — wepaly Ybraýymda hem bolupdy (Ýakup 2:23). Emma Älemiň Hökümdaryna doga bilen ýüzlenemizde, biz käbir talaplara laýyk gelmeli.

HUDAÝA ÝAKYNLAŞÝANLARDAN EDILÝÄN TALAPLAR

6, 7. Dogalarymyzy kabul etmek üçin Hudaý bizden pul däl-de, näme talap edýär?

6 Hudaýa ýüz tutmak üçin pul gerekmikä? Köp adamlar özleri üçin doga eder ýaly, ruhanylara pul töleýärler. Hatda käbirleri gurbanlyk näçe köp berilse, dogalary şonça-da çalt eşidiler öýdýärler. Ýöne Hudaýyň Sözünde Ýehowa doga etmek üçin pul tölenmeli diýilenok. Doga arkaly berýän bereketleri we ruhy kömegi üçin Ol hiç zat soranok (Işaýa 55:1, 2).

7 Onda näme gerekkä? Dogry ýürekli bolmak örän möhümdir (2 Taryhlar 6:29, 30; Süleýmanyň Tymsallary 15:11). Biz Ýehowa Hudaýyň ’dogalary eşidýändigine’ we «Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna» bütin ýüregimiz bilen iman etmeli (Zebur 65:2; Ýewreýler 11:6). Şeýle hem, biz kiçigöwünli bolmaly (4 Patyşalar 22:19; Zebur 51:17). Isa Mesihiň bir tymsalda görkezişi ýaly, kiçigöwünlik bilen Hudaýa doga eden salgytçy ulumsy fariseýden has dogry bolup çykdy (Luka 18:10—14). Hudaýa doga edenimizde, «ýüregi tekepbir adam Rebbe ýigrenjidigi» ýadymyzda bolmaly (Süleýmanyň Tymsallary 16:5).

8. Hudaýdan dogalarymyza jogap almak isleýän bolsak, biz nämeden arassalanmaly?

8 Eger-de Hudaýdan dogalarymyza jogap almak isleýän bolsak, onda biz günäli hereketleri taşlamaly. Şägirt Ýakup başgalary Hudaýa ýakynlaşmaga höweslendirende, şeýle sözleri goşup aýtdy: «Eý günäkärler, eliňizi arassalaň, eý ikigöwünliler, ýüregiňizi saplaň» (Ýakup 4:8). Hatda günäkärlerem toba gelip, öňki ýaşaýşyny taşlasalar, Hudaý bilen oňat aragatnaşykda bolup bilerler (Süleýmanyň Tymsallary 28:13). Biz ruhy ýagdaýymyzy diňe göz üçin düzedýän bolsak, onda Ýehowa bizi diňlemez. «Rebbiň gözleri dogrulara tarap, gulagy olaryň ýalbaryşlaryna gerlendir; Rebbiň ýüzi ýaman iş edýänlere garşydyr» diýip, Hudaýyň Sözünde aýdylýar (1 Petrus 3:12).

9. Biz Ýehowa kim arkaly ýüzlenmeli we näme üçin?

9 Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, «ýer ýüzünde ýagşylyk edip ýören, günä etmeýän dogry adam ýok» (Wagyzçy 7:20, TD). Şoňa görä-de, belki, sen, onda Hudaýa nädip ýüzlenip bolarka diýip sorarsyň. Mukaddes Ýazgylar: «Kimdir biri günä eden bolsa, Atanyň ýanynda Töwallaçymyz, dogry bolan Isa Mesih bardyr» diýip, jogap berýär (1 Ýahýa 2:1). Günäli bolsak-da, biziň ugrumyzda ölen Isa Mesih arkaly Hudaýa arkaýyn ýüzlenip bileris (Matta 20:28). Biz Ýehowa Hudaýa diňe şol arkaly ýüzlenip bileris (Ýahýa 14:6). Biz bilgeşleýin günä edip, Isanyň töleg gurbanlygyna sowuk-sala garamaly däldiris (Ýewreýler 10:26). Emma, bar güýjümiz bilen erbet işler etmekden gaça durýandygymyza garamazdan, käwagt günä etsek, onda toba edip, Hudaýdan günämizi geçmegini ýalbaryp bileris. Eger biz Oňa kiçigöwünlik bilen ýüzlensek, Ol bizi eşider (Luka 11:4).

HUDAÝA HAÇAN ÝÜZLENIP BOLÝAR

10. Doga edenimizde biz nädip Isadan görelde alyp bileris, we nähili ýagdaýlarda Hudaýa ýekelikde doga etmek ýerlikli?

10 Isa, Ýehowa bilen aragatnaşygynyň gadyr-gymmatyny bilýärdi. Ol ýekelikde doga arkaly Hudaý bilen gürleşmek üçin ýörite wagt tapýardy (Markus 1:35; Luka 22:40—46). Isadan görelde alyp, Hudaýa yzygiderli doga etsek, gowy bolardy (Rimliler 12:12). Her günümizi doga bilen başlamak ýerliklidir, şeýle hem agşam ýatmazdan öňürti, beren güni üçin Ýehowa minnetdarlyk aýtsak, dogry bolardy. Gündizine bolsa, Hudaýa «hemişe» ýüzlenjek bol (Ýefesliler 6:18). Ýehowanyň bizi eşidýändigini bilip, hatda içiňden doga etseň hem bolýar. Ýekelikde Ýehowa ýüzlenip, Onuň bilen aragatnaşygymyzy berkideris, mundan başga-da, her günki dogalarymyz, bize, Ýehowa has-da ýakynlaşmaga ýardam eder.

11. a) Näme üçin bütin maşgala bolup doga etmeli? b) Dogaň soňunda aýdylýan «omyn» sözi näme aňladýar?

11 Ýehowa adamlar topary tarapyndan aýdylan dogalary hem diňleýär (3 Patyşalar 8:22—53). Biz bütin maşgala bolup Hudaýa ýüzlenip bileris, şeýle ýagdaýda, dogany maşgalabaşy aýdýar. Şeýle dogalar maşgalany berkidýär, onsoňam, çagalar ene-atasynyň kiçigöwünlik bilen Hudaýa doga edýändigini eşidende, Ýehowa olar üçin hakyky şahsyýete öwrülýär. Eger kimdir biri adamlar topary üçin doga etse, meselem, Ýehowanyň Güwäleriniň ýygnagynda, onda näme etmeli? Bizem duşuşykda bolsak, geliň, dogany ünsli diňläliň, soňunda bolsa, bütin ýürekden «omyn» diýeliň, bu «goý, şeýle bolsun» diýmegi aňladýar (1 Korintoslylar 14:16).

ÝEHOWANYŇ EŞIDÝÄN DOGALARY

12. a) Hudaý käbir dogalara näme üçin jogap bermeýär? b) Doga edenimizde biz näme üçin özümiz hakda çendenaşa oýlanmaly däl?

12 Käbir adamlaryň göwnüne Hudaýa Mesih arkaly doga etseler-de, Ýehowa olaryň dogalaryna jogap bermeýän ýaly görünýär. Emma resul Ýahýa: «Onuň islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşider» diýdi (1 Ýahýa 5:14). Diýmek, biz Hudaýyň islegine laýyk gelýän zat barada doga etmeli. Ol biziň ruhy taýdan abat bolmagymyzy isleýär, şoňa görä-de, biz ruhy saglygymyza degişli zatlar barada doga etsek ýerlikli bolar. Biz maddy zerurlyklarymyz barada çendenaşa oýlanmak endigine garşy göreşmelidiris. Meselem, syrkawlaňda paýhas we çydam barada dileg etmek dogry bolsa-da, saglyk baradaky aladaň ruhy bähbitleriňden öňe geçmeli däldir (Zebur 41:1—3). Bir mesihçi aýal saglygy barada çendenaşa alada edýändigine düşünip, Ýehowadan keseline dogry garamaga kömek diläpdir. Netijede, ol saglygy barada köp alada edip ýörmegi goýup, «iň üstün gudraty» alandygyny duýdy (2 Korinfýanam 4:7). Ol başgalara öňküden-de köp ruhy kömek bermek isläpdir, şonuň üçin hem, Patyşylygyň doly wagtly wagyzçysy boldy.

13. Matta 6:9—13-de görkezilişi ýaly, näme barada doga etse bolýar?

13 Dogalarymyz Ýehowa ýaramly bolar ýaly, nämeler diýmeli? Isa Mesih öz şägirtlerine doga etmegi öwredipdi. Matta 6:9—13-de ýazylan nusgalyk dogada, Isa nämeler barada doga etse bolýandygyny jemläp görkezdi. Dogalarymyzda, esasan, nämä üns bermeli? Hemme zatdan öňürti — Ýehowa Hudaýyň adyna we Onuň Patyşylygyna. Maddy zerurlyklarymyz barada hem dilemek dogrudyr. Mundan başga-da, ýazyklarymyzyň bagyşlanmagyny, synagdan we Şeýtan Iblisden halas edilmegimizi dilemek örän wajypdyr. Isa, bu dogany hiňlenip okamagymyzy, ýa-da onuň manysy barada oýlanman öwran-öwran gaýtalamagymyzy islemeýärdi (Matta 6:7). Eger-de çaga atasy bilen gürleşende, hemişe şol bir sözleri gaýtalap dursa, bu neneňsi aragatnaşyk bolar?

14. Dileglerden başga, dogalarymyza nämeler goşup bileris?

14 Dileg we ýalbarmadan başga, dogalarymyzda Hudaýa öwgi we minnetdarlyk aýtmalydyrys (Zebur 34:1; 92:1; 1 Selanikliler 5:18). Biz başgalar üçin hem doga edip bileris. Betbagtçylyga uçran, ýa-da yzarlanýan ruhy dogandyr uýalarymyz üçin edýän dogalarymyz, olar barada alada edýändigimizi görkezýär, şol sebäpli hem Ýehowa ýaraýar (Luka 22:32; Ýahýa 17:20; 1 Selanikliler 5:25). Bu barada resul Pawlus şeýle ýazdy: «Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň. Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar» (Filipililer 4:6, 7).

HEMIŞE DOGADA BOLUŇ

15. Dogalarymyz jogapsyz galýan ýaly görünse, biz nämäni ýatda saklamaly?

15 Sen Hudaý barada bilim alsaň-da, käwagt dogalaryň jogapsyz galýan ýaly bolmagy mümkin. Megerem, munuň sebäbi, Hudaý seniň dogaňa jogap berer ýaly, entäk wagty gelen däldir (Wagyzçy 3:1—9). Ýehowa ýagdaýlaryň birnäçe wagtlap öňküligine galmagyna ýol berip biler, ýöne Ol hakykatdanam dogalara jogap berýär we muny haçan edeňde oňat boljagyny bilýär (2 Korintoslylar 12:7—9).

16. Biz näme üçin hemişe dogada bolmaly, we bu biziň Ýehowa bilen aragatnaşygymyza nähili täsir edýär?

16 Hemişe dogada bolup, Hudaýa aýdýan zatlarymyzyň biz üçin möhümdigini görkezýäris (Luka 18:1—8). Meselem, biz bir gowşak tarapymyzy düzetmek üçin Ýehowadan kömek diläp bileris. Şol barada yzygiderli doga edip we dilegimize laýyklykda hereket edip, çyn ýürekden dileýändigimizi görkezýäris. Biz Hudaýdan anyk zatlary dilemeli we hiç zat gizlemeli däl. Synaga düşenimizde tutanýerli doga etmek has-da wajyp (Matta 6:13). Günäli isleglerimize erk etmäge çalyşýan wagtymyz yzygiderli doga etsek, Ýehowanyň kömek edişini göreris. Bu biziň imanymyzy we Hudaý bilen aragatnaşygymyzy berkider (1 Korintoslylar 10:13; Filipililer 4:13).

17. Hemişe dogada bolmak endigi Hudaýa gulluk etmegimize nähili täsir edýär?

17 Ýehowa Hudaýa mukaddes gullukda hemişe doga etmegi endik edinsek, bu gullugy öz güýjümiz bilen etmeýändigimize düşüneris. Ony diňe Ýehowanyň kömegi bilen edip bilýäris (1 Korintoslylar 4:7). Eger muňa düşünýän bolsak, biz kiçigöwünli bolarys, şeýdip, Onuň bilen aragatnaşygymyzy berkideris (1 Petrus 5:5, 6). Hawa, hemişe dogada bolmaga ähli sebäpler bar. Tüýs ýürekden çykýan dogalarymyz, şeýle hem, gökdäki mähirli Atamyza nädip ýakynlaşyp bolýandygyny bilmegimiz — bizi hakykatdan-da bagtly eder.

ÝEHOWA BILEN ARAGATNAŞYK BIR TARAPLAÝYN DÄL

18. Biz nädip Hudaýy diňläp bileris?

18 Eger Ýehowanyň biziň dogalarymyzy eşitmegini isleýän bolsak, biz Oňa gulak asmaly (Zakarýa 7:13). Ol indi pygamberleri arkaly habarlaşmaýar, elbetde, munuň üçin spiritizmi-de ulananok (Kanunyň Gaýtalanyşy 18:10—12). Emma Onuň Sözüni, Mukaddes Ýazgylary öwrenip, biz Hudaýy diňläp bileris (Rimliler 15:4; 2 Timoteos 3:16, 17). Ýokumly iýmite işdä açjak boluşymyz ýaly, «ruhy, hilesiz süýdi» hem küýsemelidiris. Hudaýyň Sözüni her gün okap, ruhy iýmite işdäňi aç (1 Petrus 2:2, 3; Resullaryň Işleri 17:11).

19. Mukaddes Ýazgylardan okan zadyň hakda oýlanmak näme üçin peýdaly?

19 Mukaddes Ýazgylardan okan zatlaryň hakda oýlan (Zebur 1:1—3; 77:11, 12). Okan zadyň manysyna içgin girişjek bol. Bu — iýmiti siňdiren ýaly. Okaýan zadyňy bilýän zadyň bilen baglanyşdyryp, ruhy iýmiti siňdirip bilersiň. Alýan maglumatyňy durmuşyňda nädip ulanyp biljegiň barada oýlan, ýa-da ondan Ýehowanyň häsiýetlerine we Onuň nähili hereket edýändigine düşünjek bol. Şeýdip, şahsy okuwyň kömegi bilen Ýehowanyň berýän ruhy iýmitini siňdirip bilersiň. Bu seni Hudaýa ýakynlaşdyrar we her günki aladalaryňy çözmäge saňa hakykatdan ýardam eder.

20. Mesihçileriň ýygnak duşuşyklaryna barmagymyz bizi Hudaýa nädip ýakynlaşdyrar?

20 Ysraýyllylar Hudaýyň Kanunyny ählihalk okamak üçin ýygnananda ünsli diňleýişleri ýaly, sen hem mesihçileriň duşuşygynda Onuň Sözi öwrenilende ünsli diňlemek bilen, Hudaýa ýakynlaşyp bilersiň. Halk okalýan zatlara düşünip durmuşda ulanar ýaly, şol wagtky mugallymlar Kanuny düşündirýärdi. Şeýle pikir alyşmalar uly şatlyk bilen geçýärdi (Nehemýa 8:8, 12). Şeýlelik bilen, Ýehowanyň Güwäleriniň ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli barjak bol (Ýewreýler 10:24, 25). Bu saňa Hudaý baradaky bilime düşünmäge hem-de ony durmuşda ulanmaga ýardam edip, bagtly eder. Bütindünýä mesihçiler doganlygy saňa, Hudaý bilen ýakyn aragatnaşykda bolmaga kömek eder. Hudaýyň halkynyň arasynda pena tapyp biljegiňi indiki bapdan göreris.

BILIMIŇI BARLAP GÖR

Näme üçin saňa Ýehowa ýakynlaşmak gerek?

Ýehowa ýakynlaşýanlardan nämeler talap edilýär?

Dogaňda nämeler diýip bilersiň?

Näme üçin hemişe dogada bolmaly?

Şu günler Ýehowany nädip diňläp bolar?

[157-nji sahypadaky surat]

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş