Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lff sap. 9
  • Doga edip, Hudaýa ýakynlaş

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Doga edip, Hudaýa ýakynlaş
  • Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SÖHBETDEŞLIK
  • ESASY PIKIRLER
  • KÖPRÄK BILIŇ
  • Doga arkaly Hudaýa nädip ýakynlaşmaly
    Hudaý bizden näme talap edýär?
  • Hudaýa doga arkaly ýakynlaş
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Hudaýa doga-dileg etmegi hormat hasaplaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Isa bize doga etmegi öwredýär
    Beýik Mugallymdan öwreniň
Başgalary
Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
lff sap. 9
9-njy sapak. Bir gyz doga edýär.

9-NJY SAPAK

Doga-dileg edip, Hudaýa ýakynlaş

Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi

Käbir adamlar ýaly saňa-da durmuşda maslahat gerek bolýandyr. Ýa-da alada goýýan soraglaryň jogabyny bilesiň gelýändir. Käte bolsa kimdir biriniň göwünlik bermegini isleýänsiň. Belki-de, Ýehowa bilen has gowy dost bolasyň gelýändir. Şu zatlaryň barynyň bir çözgüdi bar. Hudaýa doga etmeli. Ýöne Hudaýa nädip doga etmeli? Ol ähli adamlaryň doga-dileglerini eşidýärmi? Ol seniň hem dogalaryňy eşidýärmikä? Geliň, bileliň.

1. Biz kime we näme hakda doga etmeli?

Nuh, Ybraýym, Musa, Dawut ýaly pygamberler Ýehowa Hudaýa doga edipdirler. Meselem, Dawut pygamber: «Eý Ýehowa, dogamy eşit» diýip dileg edipdir (Zebur 143:1). Ýehowa doga etsek, dostlugymyz has-da berkär.

Biz Hudaýa islendik zat hakda doga edip bileris. Ýöne dileýän zadymyz Hudaýyň islegine gabat gelmeli. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hudaýyň... islegine görä näme dilesek, ol hökman eşider» (1 Ýahýa 5:14). Isa pygamber hem Hudaýa nämeler hakda doga edip bilýändigimizi öwredipdi (Matta 6:9—13-nji aýatlary oka). Doga-dileg edenimizde, diňe gaýgy-aladalarymyzy däl-de, Hudaýa ýagşylyklary üçin minnetdarlyk hem aýtmaly. Biz başgalar üçin hem doga etmegi unutmaly däl.

2. Biz nädip doga-dileg etmeli?

Mukaddes Kitapda: «Hudaýa ýüregiňizi döküň» diýilýär (Zebur 62:8). Diýmek, Hudaýa ýürekden doga etmeli. Biz içimizdenem, daşymyzdanam doga edip bilýäris. Oturyp ýa dik durup doga etsek-de, özümizi Hudaýyň öňünde sylaşykly alyp barmaly. Biz islendik wagt, islendik ýerde doga edip bileris.

3. Hudaý dogalarymyza nädip jogap berýär?

Ýehowa dogalarymyza köplenç Mukaddes Kitap arkaly jogap berýär. Mukaddes Kitap «tejribesiz adamy paýhasly edýär» (Zebur 19:7; Ýakup 1:5-i oka). Biz kyn güne düşenimizde, Hudaý ýüregimize giňlik berýär. Şeýle-de ol bize wepaly dostlary arkaly kömek edýär.

SÖHBETDEŞLIK

Hudaýyň isleýşi ýaly ýürekden doga etmegi öwreniň, doga etmegiň peýdalydygyny biliň.

4. Hudaýa ýaraýan doga-dilegler

Dogalarymyzyň Hudaýa ýaraýan-ýaramaýandygyny nädip bilmeli? WIDEONY görüň.

WIDEO: «Hudaý hemme adamlaryň doga-dileglerini eşidýärmi?» (2:42)

Ýehowa biziň doga-dileg etmegimizi isleýär. Zebur 65:2-ni okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Hudaý seniň hem dogalaryňy eşitmek isleýärmikä? Näme üçin?

Hudaý doga-dileglerimizi eşider ýaly, kada-kanunlary boýunça ýaşamaga jan etmeli. Mikaý 3:4 we 1 Petrus 3:12-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa dogalarymyzy eşider ýaly näme etmeli?

Uruşda iki tarapam ýeňiş gazanmak üçin Hudaýa doga edýär. Hudaý olaryň dogasyna jogap berermi?

5. Doga-dilegler ýürekden çykmaly

Käbir adamlar Hudaýa düşünmeýän dilinde doga edýärler. Olar şol bir sözleri ýat tutup gaýtalaýarlar. Hudaý şeýle doga etmegimizi isleýärmikä? Matta 6:7-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Doga edeniňde «şol bir sözleri gaýtalamaz» ýaly näme etmeli?

Her gün Ýehowanyň ýagşylyklarynyň biri hakda oýlanyp, oňa sagbolsun aýtmaly. Şonda şol bir sözleri gaýtalaman, her gün dürli zatlar hakda doga edip bilersiň.

Bir oglanjyk ene-atasy bilen gepleşýär.

Kakasy oglunyň özi bilen ýürekden gepleşmegini isleýär. Ýehowa-da biziň ýürekden doga etmegimizi isleýär.

6. Doga etmegiň gadyryny biliň

Hudaýa doga etmek şatlykly hem gaýgyly günüňde nädip kömek edýär? WIDEONY görüň.

WIDEO: «Doga etmek derdimizi ýeňledýär» (1:32)

Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, doga etsek, kalbymyz rahat bolar. Filipililer 4:6, 7-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Köplenç näçe doga etsegem kynçylyklarymyz aýrylmaýar. Ýöne doga etmek nädip kömek edýär?

  • Ýehowa näme hakda doga-dileg edesiň gelýär?

Bilýäňizmi?

«Omyn!» sözi «Goý, şeýle bolsun!» ýa-da «Aýdanyň bolsun!» diýmekdir. Gadym döwürlerde-de adamlar doga-dileginiň soňunda «Omyn!» diýipdirler (1 Taryh 16:36).

7. Her gün doga et

Köplenç biz başagaý bolup, doga etmegi ýatdan çykarýarys. Isa pygamber her gün doga etmegi ýatdan çykarmaýardy. Matta 14:23 we Markus 1:35-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Isa pygamber doga etmek üçin näme etdi?

  • Sen haçan doga edip bilersiň?

Suratlar: Bir gelin günüň dowamynda birnäçe sapar doga edýär. 1) Irden, 2) çagalary bilen, 3) işde, 4) nahar iýmezden öň.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Ata-babalarymyzyň öwreden doga-dileglerini ýat tutmaly, bolmasa Hudaý eşitmeýär».

  • Sen näme diýerdiň?

ESASY PIKIRLER

Doga etmek Hudaý bilen dostlaşdyrýar, kalbyňa rahatlyk berýär, Ýehowa gulak asyp ýaşamaga kömek edýär.

Gaýtalamak

  • Kime doga etmeli?

  • Nädip doga etmeli?

  • Näme üçin doga etmeli?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Doga-dileg bilen bagly soraglaryň jogabyny biliň.

«Doga-dileg barada 7 zady bilmeli» («Garawul diňi» 1 oktýabr, 2010)

Hudaýa näme üçin we nädip ýürekden doga etmeli?

«Hudaýa näme üçin doga etmeli?» (Internet makala)

Mukaddes Kitapda kime doga etmelidigimiz aýdylýar.

«Mukaddeslere doga etsem bolýarmy?» (Internet makala)

Şekilli aýdymda islendik ýerde, islendik wagt doga edip bolýandygy görkezilýär.

«Hemişe doga et» (1:22)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş