7-nji sapak
Doga arkaly Hudaýa nädip ýakynlaşmaly
Näme üçin doga etmegi endik edinmek möhümdir? (1)
Doga bilen kime we nädip ýüzlenmeli? (2, 3)
Näme barada doga etmek dogry bolar? (4)
Haçan doga etmek bolýar? (5, 6)
Hudaý hemme dogalary diňleýärmikä? (7)
1. Doga — bu, Hudaý bilen päliňi pes tutup gürleşmekdir. Hudaýa doga bilen ýüzlenmegi endik edinmek möhümdir. Şeýdip, sen onuň bilen gadyrly dostuň kimin ýakynlaşarsyň. Ýehowa çäksiz beýik we gudratly bolsa-da, ol biziň dogalarymyzy diňleýär! Sen Hudaýa elmydama doga edýärmiň? (Zebur 65:2; 1 Selanikliler 5:17).
2. Doga — seždäniň bir bölümidir. Şonuň üçin, dogany diňe Hudaýa — Ýehowa ýüzlenip etmeli. Isa ýer ýüzündekä, başga birine däl-de, diňe öz Atasyna doga edýärdi. Biz hem edil şony etmelidiris (Matta 4:10; 6:9). Ýöne hemme dogalarymyzy Isanyň ady bilen aýtmagymyz gerek. Şeýdip biz, Isanyň ornuna hormat goýýandygymyzy we onuň töleg hökmünde beren gurbanyna ynanýandygymyzy görkezýäris (Ýahýa 14:6; 1 Ýahýa 2:1, 2)
3. Doga edenimizde, biz Hudaý bilen ýürekden gürleşmelidiris. Biz dogalary ýat tutup, ýa-da doga kitapçasyndan okamaly däldiris (Matta 6:7, 8). Dogany, Hudaýy sylaýandygymyzy görkezýän her bir duruşda, her wagt we her ýerde etmek bolýar. Hudaý hatda içimizden, ýagny ýüregimizde edýän dogalarymyzy hem eşidýär (1 Şamuwel 1:12, 13). Ýeke özüň doga etmek isleseň çola ýer tapmak gowy bolar (Markus 1:35).
4. Näme barada doga etseň bolýar? Hudaý bilen dost bolmagyňa degişli hemme zatlar barada-da doga etseň bolýar (Filipililer 4:6, 7). Isanyň nusgalyk dogasyndan, Ýehowanyň ady we Onuň niýetleri barada doga etmegimiziň gerekdigi görünýär. Şeýle-de, gerekli maddy goldaw barada, günälerimiziň geçilmegi barada we synaglarda ýykylmaz ýaly kömek barada dileg etmek bolýar (Matta 6:9—13). Dogalar nebisjeňli bolmaly däldir. Diňe Hudaýyň islegi bilen deň gelýän zatlar barada doga etmek gerek (1 Ýahýa 5:14).
5. Tapawudy ýok, haçan bolsa-da, ýüregiň seni Hudaýa şükür etmäge we oňa öwgi aýtmaga höweslendirende her gezek hem doga etseň bolýar (1 Taryhlar 29:10—13). Kynçylyklar dörände we imanyň synalanda doga etmeli (Zebur 55:22; 120:1). Dogany nahar iýmeziňden öň etseň, dogry bolar (Matta 14:19). Ýehowa «hemişe» doga etmäge höweslendirýär (Efesliler 6:18).
6. Has hem, agyr günä edeniňde doga etmelisiň. Bular ýaly ýagdaýda doga edeniňde, Ýehowany rehimlilik we geçirimlilik barada ýalbarmaly. Eger, sen günäleriňi onuň öňünde boýun alyp, olary gaýtalamazlyk üçin bar güýjüň bilen gaýrat etseň, şonda Hudaý saňa «geçirimli» bolar (Zebur 86:5; Süleýmanyň Tymsallary 28:13).
7. Ýehowa diňe dogry adamlaryň dogalaryny diňleýär. Hudaý dogalaryňy diňlär ýaly, sen onuň kanunlary boýunça ýaşamak üçin hemme mümkinçilikleri ulanjak bolmaly (Süleýmanyň Tymsallary 15:29; 28:9). Doga edeniňde päliňi pes tutmaly (Luka 18:9—14). Şeýle hem, Hudaýdan dileg edýän zatlaryň üstünde işlemegiň zerurdyr. Şeýdip, sen oňa ynanýandygyňy we dogrudan-da pikir edýän zadyňy aýdýandygyňy tassyklarsyň. Diňe şonda Ýehowa seniň dogalaryňa jogap berer (Ýewreýler 11:6).