6-njy sapak
Hudaýyň Patyşalygy nämedir?
Hudaýyň Patyşalygy nirede ýerleşýär? (1)
Onuň Patyşasy kim? (2)
Patyşa bilen bile başga-da hökümdarlyk edýänler barmy? Eger bar bolsa, onda olaryň sany näçe? (3)
Biziň soňky günlerde ýaşaýandygymyz nämeden görünýär? (4)
Hudaýyň Patyşalygy adamzat üçin gelejekde nämeler eder? (5—7)
1. Isa ýer ýüzünde bolan wagty öz şägirtlerine, Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi barada doga etmegi öwredýärdi. Patyşalyk — bu bir hökümet, oňa patyşa baştutanlyk edýär. Hudaýyň Patyşalygy — üýtgeşik hökümetdir. Ol gökde gurlandyr we ýeriň üstünden hökümdarlyk eder. Patyşalyk Hudaýyň adyny şöhratlandyrar. Ol, Hudaýyň isleginiň diňe gökde däl, eýsem ýerde-de amala aşyrylmagyny gazanar (Matta 6:9, 10).
2. Hudaý, Öz Patyşalygynyň Patyşasy Isa bolar diýip, wada berdi (Luka 1:30—33). Isa ýerde ýaşanda, özüniň rehimli, adalatly, kämil Hökümdar boljakdygyny subut etdi. Isa göge gaýdyp baranda, Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşalyk tagtyna edil şol wagt çykmady (Ýewreýler 10:12, 13). Ýehowa wada eden häkimiýetini Isa Mesihe 1914-nji ýylda berdi. Şondan bäri Isa, Ýehowanyň bellän gökdäki Patyşasy boldy (Daniýel 7:13, 14).
3. Mundan başga-da, ýerden göge geçirmek üçin, Ýehowa käbir wepaly erkekleri we aýallary saýlady. Olar patyşalar, kazylar, ruhanylar bolar we Isa bilen bilelikde adamzadyň üstünden hökümdarlyk ederler (Luka 22:28—30; Ylham 5:9, 10). Isa, öz Patyşalygynyň sanyna girjek kömekçilerini «kiçijik süri» diýip atlandyrdy. Olaryň sany — 144 000 (Luka 12:32; Ylham 14:1—3).
4. Isa, Patyşa bolanyndan soň, Şeýtany we onuň zalym perişdelerini gökden ýeriň töweregine kowdy. Ine şu sebäpden hem 1914-nji ýyldan bäri ýerdäki ýagdaýlar juda erbetleşdi (Ylham 12:9, 12). Uruşlar, açlyk, gyrgynçylyk, şer işleriň köpelmegi — bularyň barysy Isanyň höküm sürýändigini we şu wagtky düzgüniň soňky günleri gelendigini görkezýän «alamatyň» bölümleridir (Matta 24:3, 7, 8, 12; Luka 21:10, 11; 2 Timoteos 3:1—5).
5. Çopanyň, goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, tizden Isa-da adamlary saýlap, olary höküm eder. «Goýunlar» — bu, onuň wepaly raýatlarydygyny görkezjekler. Olara ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş beriler. «Geçiler» — bu, Hudaýyň Patyşalygyny inkär etjekler (Matta 25:31—34, 46). Ýakyn gelejekde, Isa, geçiler bilen deňeşdirilýänleriň hemmesini ýok eder (2 Selanikliler 1:6—9). Eger sen Isanyň goýunlarynyň sanyna girmek isleseň, onda sen Patyşalyk baradaky habary diňlemelisiň we öwreneniň boýunça hereket etmelisiň (Matta 24:14).
6. Häzir ýer ençeme ýurtlaryň territoriýalaryna bölünen. Her ýurduň öz hökümeti bar. Halklar ýygy-ýygydan bir-birine garşy söweşýärler. Emma ähli adamzat hökümetleriniň ýerine Hudaýyň Patyşalygy geler. Bu, bütin ýer üstünden höküm sürjek ýeke-täk hökümetdir (Daniýel 2:44). Onuň döwründe uruş, jenaýatçylyk we zorluk bolmaz. Hemme adamlar parahatçylykda we agzybirlikde ýaşarlar (Mika 4:3, 4).
7. Isanyň Müňýyllyk Hökümdarlygynda wepaly adamlar kämil bolarlar, ýer bolsa jennete öwrüler. Isa, şol müň ýylyň ahyryna çenli, Hudaýyň ondan haýyş eden zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirer. Soňra Isa, Patyşalygy yzyna — Atasyna geçirer (1 Korintoslylar 15:24). Hudaýyň Patyşalygynyň amala aşyrjak işleri barada sen hem ýakynlaryňa we dost-ýarlaryňa gürrüň berseň, nähili garaýarsyň?
[13-nji sahypadaky surat]
Isanyň hökümdarlygynda ýigrenç we öňden dörän ters pikirler bolmaz.