Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • rq sapak 8 sah. 16—17
  • Hudaýa ýaraýan maşgala durmuşy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýa ýaraýan maşgala durmuşy
  • Hudaý bizden näme talap edýär?
  • Meňzeş maglumat
  • Maşgalany nädip bagtly etmeli?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Maşgalaňyzy nädip bagtly edip bilersiňiz?
    Hudaýa gulak asyň we ebedi ýaşaň
  • Ömürlik nikanyň iki açary
    Maşgala bagtynyň syry
  • Maşgalada parahatlygy saklaň
    Maşgala bagtynyň syry
Başgalary
Hudaý bizden näme talap edýär?
rq sapak 8 sah. 16—17

8-nji sapak

Hudaýa ýaraýan maşgala durmuşy

Maşgalada är nähili orun eýeleýär? (1)

Är aýaly bilen nähili gatnaşyk etmeli? (2)

Atanyň borçlary nämeden ybarat? (3)

Maşgalada aýal nähili rol oýnaýar? (4)

Hudaý ene-atalardan we çagalardan näme talap edýär? (5)

Aýry ýaşamaklyga we nikany bozmaklyga Mukaddes Ýazgylaryň garaýşy nähili? (6, 7)

1. Mukaddes Ýazgylarda är — maşgalanyň başy diýip aýdylýar (1 Korintoslylar 11:3). Äriň diňe bir aýaly bolmalydyr. Är we aýal, döwlet kanuny boýunça öz nikalaryny registrirlemeli (1 Timoteos 3:2; Titus 3:1, 2).

2. Är aýalyny, özüni söýşi ýaly söýmeli. Isa öz şägirtleri bilen nähili gatnaşyk eden bolsa, är hem aýaly bilen şonuň ýaly gatnaşmalydyr (Efesliler 5:25, 28, 29). Är aýalyny urmaly däl we oňa asla hiç hili erbetlik etmeli däl. Gaýtam, ol aýalyna hormat goýmaly we ony sylamaly (Koloseliler 3:19; 1 Petrus 3:7).

3. Öz maşgalasynyň aladasyny etmek üçin, ata yhlas bilen zähmet çekmelidir. Ol aýalyny we çagalaryny iýmit, egin-eşik we ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmeli. Ata öz maşgalasynyň ruhy zerurlyklaryny hem kanagatlandyrmaly (1 Timoteos 5:8). Ol öz maşgalasyna Hudaý we onuň niýetleri barada bilmäge kömek etmek bilen, baştutanlygy öz boýnuna alýar (Kanunyň Gaýtalanyşy 6:4—9; Efesliler 6:4).

4. Aýal öz ärine akýürekli kömekçi bolmalydyr (Barlyk 2:18). Ol ärine çagalaryny öwretmäge we terbiýelemäge kömekleşmeli (Süleýmanyň Tymsallary 1:8). Ýehowa, aýaldan öz maşgalasy barada söýgi bilen aladalanmagyny talap edýär (Süleýmanyň Tymsallary 31:10, 15, 26, 27; Titus 2:4, 5). Ol öz ärine uly hormat bildirmelidir (Efesliler 5:22, 23, 33).

5. Hudaý, çagalardan öz ene-atalaryna gulak asmaklaryny talap edýär (Efesliler 6:1—3). Ol, ene-atalara öz çagalaryny terbiýelemegi we dogry ýola getirmegi tabşyrýar. Ene-atalar öz çagalarynyň ruhy we duýgy zerurlyklaryny göz öňünde tutmak üçin we olar bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin wagt sarp etmelidirler (Kanunyň Gaýtalanyşy 11:18, 19; Süleýmanyň Tymsallary 22:6, 15). Ene-atalar öz çagalaryny gödek we rehimsiz terbiýelemeli däl (Koloseliler 3:21).

6. Är-aýalyň bir-biri bilen oňuşmasy kyn bolsa, onda olar Mukaddes Ýazgylaryň maslahatlaryna eýermäge jan etmeli. Mukaddes Ýazgylar söýmäge we geçirimlik etmäge çagyrýar (Koloseliler 3:12—14). Hudaýyň Sözi, agyr sebäp bolmasa, är-aýalyň aýry ýaşamaklaryny goldamaýar. Emma, aýal öz ärinden gitmek kararyna gelip biler, eger 1) ol öz maşgalasyny eklemekden kesirlik bilen boýun gaçyrsa, 2) onuň özüni alyp barşy aýalynyň saglygyna we janyna howp salýan bolsa, ýa-da 3) aýalynyň Ýehowa sežde etmegine, gahar bilen garşylyk görkezip, päsgel berýän bolsa (1 Korintoslylar 7:12, 13).

7. Är-aýal bir-birine wepalylygyny saklamaly. Biwepalyk — bu, Hudaýa we nika ýoldaşyňa garşy günä (Ýewreýler 13:4). Mukaddes Ýazgylara görä aýrylyşmak we täze nika baglamak üçin diňe bir sebäp bar, ol hem — zyna (Matta 19:6—9; Rimliler 7:2, 3). Ýehowa, adamlaryň Mukaddes Ýazgylara esaslanman aýrylyşmaklaryny we täze nika baglamaklaryny ýigrenýär (Malaki 2:14—16, Makariý Arhimandrit terjimesi).

[16, 17-nji sahypadaky surat]

Hudaý ene-atalara öz çagalaryny terbiýelemegi we düzeltmegi buýurýar.

[17-nji sahypadaky surat]

Söýýän ata öz maşgalasyny maddy we ruhy taýdan üpjün edýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş