ÜÇÜNJI BAP
Ömürlik nikanyň iki açary
1, 2. a) Nika näçe wagt dowam etmeli? b) Ömürlik ýaşaşmak mümkinmi?
HUDAÝ ilkinji erkek adam bilen aýaly är-aýal edip birikdirende, nika wagtlaýyn bolmaly diýmändi. Adam ata bilen How ene bütin ömrüne bile bolmalydylar (Gelip çykyş 2:24). Hudaýyň kadasy boýunça, nikada bir erkek adam bilen bir aýal ýaşaşmaly. Mukaddes Ýazgylara görä, äri ýa-da aýaly zyna etse, nikany bozup täze nika baglamaga rugsat berilýär (Matta 5:32).
2 Eýsem, iki adamyň bütin ömrüne bile we bagtly ýaşamagy mümkinmi? Hawa, mümkin. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda kömek hökmünde onuň iki wajyp usuly, ýagny açary görkezilýär. Eger bu iki açary är-aýalyň ikise-de ulansa, olar bagtly durmuşyň gapysyny açyp bol bereket alarlar. Bu nähili açarlar?
BIRINJI AÇAR
Birek-biregi söýmek hem-de hormat goýmak maşgalany bagtly edýär
3. Är-aýal söýginiň nähili üç görnüşini ösdürmeli?
3 Birinji açar—söýgi. Mukaddes Ýazgylarda söýginiň birnäçe görnüşi agzalýar. Olaryň birinjisi—iki ýakyn dostuň arasyndaky mähirli söýgi (Ýahýa 11:3). Ikinjisi—maşgala agzalaryň arasyndaky söýgi (Rimliler 12:10). Üçünjisi—erkek adam bilen aýalyň arasyndaky söýgi (Süleýmanyň tymsallary 5:15—20). Elbetde, är-aýal söýginiň ähli görnüşini ösdürmeli. Ýöne söýginiň dördünji görnüşi-de bar, ol ählisinden hem wajyp.
4. Söýginiň dördünji görnüşi haýsy?
4 Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda söýginiň dördünji görnüşine grekçe agapi diýilýär. Bu söz 1 Ýahýa 4:8-de ulanylýar, ol ýerde: «Hudaý söýgüdir» diýilýär. Aslynda, «Biz söýýäris, sebäbi ilki Hudaý bizi söýdi» (1 Ýahýa 4:19). Mesihçi, ilki bilen, Ýehowa Hudaýa soňra öz ýakynyna bolan söýgüsini ösdürmeli (Markus 12:29—31). Agapi sözi Efesliler 5:2-de hem ulanylýar, ol ýerde şeýle diýilýär: «Mesihiň bizi söýşi ýaly, siz-de söýgüde geziň. Ol öz janyny ýakymly ysly gurban hökmünde biziň üçin Hudaýa hödürledi». Isa şägirtlerine söýginiň şu görnüşini bildirip, tapawutlanmalydygyny aýtdy: «Eger araňyzda söýgi (agapi) bolsa, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýahýa 13:35). Şeýle-de bu söýgi barada 1 Korinfliler 13:13-de: «şu üçüsi galýandyr: iman, umyt, söýgi; olaryň iň ulusy bolsa söýgüdir (agapi)» diýilýär.
5, 6. a) Söýgi näme üçin imandan we umytdan uly? b) Haýsy sebäplere görä söýgi nikanyň ömürlik bolmagyna kömek edýär?
5 Agapi söýgüsi näme üçin imandan we umytdan uly? Sebäbi bu söýgi Hudaýyň Sözündäki adalatly prinsiplere esaslanýar (Zebur 119:105). Bu adama mynasyp bolsun-bolmasyn Hudaýyň garaýşy ýaly garap, ýagşylyk edip, öz peýdaňa çapman onuň aladasyny etmelidigini görkezýär. Şeýle söýgi är-aýala Mukaddes Ýazgylardaky: «Eger biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň. Ýehowanyň sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamalysyňyz» diýen maslahata eýermäge kömek edýär (Koloslylar 3:13). Biri-birini söýýän är-aýal şeýle söýgini ösdürýär: «Biri-biriňizi ýürekden söýüň (agapi), sebäbi söýgi köp günäleriň üstüni örtýändir» (1 Petrus 4:8). Üns beren bolsaňyz, söýgi köp günäleri basyrýar. Ol günäleri aýyrmaýar, çünki bikämil adam hemişe ýalňyşýar (Zebur 130:3, 4; Ýakup 3:2).
6 Är-aýal Hudaýa we biri-birine şeýle söýgini ösdürse, olaryň nikasy ömürlik hem-de bagtly bolar, sebäbi «söýgi ebedi dowam eder» (1 Korinfliler 13:8). Söýgi «adamlary doly agzybir edýändir» (Koloslylar 3:14). Är-aýal şeýle söýgini nädip ösdürip biler? Munuň üçin Hudaýyň Sözüni bile okap, pikir alşyň. Isanyň söýşi ýaly söýmegi öwreniň we onuň pikir edişinden hem-de özüni alyp barşyndan görelde almaga çalşyň. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylar öwrenilýän mesihçileriň ýygnaklaryna gatnaşyň. Mundan başga-da mukaddes ruhuň miwesi bolan beýik söýgini ösdürmek üçin Hudaýa dileg ediň (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6; Ýahýa 17:3; Galatýalylar 5:22; Ýewreýler 10:24, 25).
IKINJI AÇAR
7. Hormat goýmak näme we nikada kim hormat goýmaly?
7 Är-aýal biri-birini çyn ýürekden söýse, olar birek-biregi hormatlar. Diýmek, hormat goýmak — bagtly nikanyň ikinji açary. Hormat goýmak «adamyň hatyrasyny saklap, oňa sarpa goýmagy» aňladýar. Hudaýyň Sözünde hemme mesihçilere, şol sanda är-aýala-da şeýle maslahat berilýär: «Birek-birege hormat goýmaga taýyn boluň» (Rimliler 12:10). Petrus resul: «Ärler, siz hem özüňizi aýalyňyz bilen paýhasly alyp baryň. Olara ejiz gap hökmünde garap, hormat goýuň» diýip ýazdy (1 Petrus 3:7). Aýallara bolsa «ärine çuňňur hormat goýsun» diýip maslahat berdi (Efesliler 5:33). Eger biz kimdir birini hormatlamak islesek, oňa mähirli garap, mertebesini sylap, garaýşyny göz öňünde tutup, ähli ýerlikli haýyşyny höwes bilen bitireris.
8—10. Hormat goýmaklyk nikanyň agzybir hem-de bagtly bolmagyna nädip kömek edýär?
8 Nikany bagtly etmek üçin «diňe öz bähbidiňizi gözlemän, başgalaryňkyny (ýanýoldaşyňyzyňkyny) hem agtaryp» oňa hormat goýmaly (Filipililer 2:4). Diňe öz peýdaňy gözlemeli däl, çünki bu nebisjeňlik bolýar. Oňa derek näme edende ýanýoldaşymyň göwnünden turarkam diýip oýlanmaly. Elbetde, ýanýoldaşyň zerurlygyny özüňkiden ýokary tutmaly.
9 Är-aýal bir-birine hormat goýsa, bu olara garaýyşlarynyň tapawutlanýandygyny görmäge kömek eder. Iki adamyň ähli zada birmeňzeş garamagy mümkin däl. Meselem, äri üçin ähmiýetli zat aýaly üçin ähmiýetsiz bolmagy mümkin ýa-da aýalyna ýaraýan zat ärine ýaramazlygy mümkin. Ýöne Ýehowanyň kanunyna we prinsiplerine laýyk gelse, är-aýalyň ikisi-de bir-biriniň garaýyşlaryny we isleglerini göz öňünde tutmaly (1 Petrus 2:16; Filimun 14-i deňeşdiriň). Şeýle-de olar biri-biriniň mertebesini sylamaly, adamlaryň arasynda ýa-da ýekelikde ýanýoldaşynyň abraýyny gaçyryp, degşip kemsitmeli däl.
10 Hawa, Hudaýy we biri-biriňi söýmeklik hem-de hormat goýmaklyk bagtly nikanyň iki wajyp açary hasaplanylýar. Bu iki açary maşgala durmuşyň käbir wajyp ýerlerinde nädip ulanyp bolar?
ISA MESIHIŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAN GÖRELDE ALYŇ
11. Ýazgylara görä, maşgalanyň baýary kim?
11 Mukaddes Ýazgylarda erkek adamyň başarjaň maşgalabaşa mahsus häsiýetler bilen ýaradylandygy aýdylýar. Şonuň üçin erkek adam aýalynyň, çagalarynyň ruhy we maddy taýdan aladasyny etmeli, sebäbi ol Ýehowanyň öňünde borçly. Ol her bir meseläni Ýehowanyň islegine görä paýhasly çözmeli we özüni göreldeli alyp barmaly. «Goý, aýallar ärlerine Mesihe tabyn bolşy ýaly tabyn bolsunlar. Sebäbi bedeniň halasgäri bolan Mesihiň ýygnagyň başy bolşy ýaly, är hem aýalyň başydyr» (Efesliler 5:22, 23). Emma Mukaddes Ýazgylarda äriň hem başynyň bardygy we Onuň ygtyýarlydygy aýdylýar. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Men siziň şuny bilmegiňizi isleýärin: her erkegiň başy Mesih, aýalyň başy erkek, Mesihiň başy hem Hudaýdyr» (1 Korinfliler 11:3). Paýhasly är öz baýaryndan, ýagny Isa Mesihden görelde almagy öwrenýär.
12. Isa tabyn bolmakda we baştutanlyk etmekde nähili ajaýyp görelde galdyrdy?
12 Isanyň hem baýary bar, ol Ýehowa. Isa Ýehowa doly tabyn bolýar. Ol şeýle diýdi: «Öz islegimi däl-de, meni iberen Atamyň islegini berjaý etmek isleýärin» (Ýahýa 5:30). Nähili ajaýyp görelde! Isa «ähli ýaradylan zatlaryň ilkinjisidir» (Koloslylar 1:15). Hudaý ony Mesih edip belledi. Şeýle-de ol mesh edilen mesihçiler ýygnagynyň başy hem-de ähli perişdelerden beýgeldilip, Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy bolmalydy (Filipililer 2:9—11; Ýewreýler 1:4). Isa ýokary wezipesine we ajaýyp gelejeginiň barlygyna garamazdan, gödek, özdiýenli hem-de talapkär adam däldi. Ol zalym däldi we şägirtleriniň oňa tabyn bolmalydygyny ýatladyp durmaýardy. Isa ylaýta-da sustupes adamlara duýgudaşlyk bildirip, söýgüsini görkezýärdi. Ol şeýle diýdi: «Eý ýadap halys bolan we agyr ýükli adamlar, meniň ýanyma geliň, men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy egniňize alyň-da, menden öwreniň, çünki men ýumşak we pesgöwünlidirin. Şonda janyňyz dynçlyk tapar. Sebäbi meniň boýuntyrygym ýumşak, ýüküm ýeňildir» (Matta 11:28—30). Isa bilen gürrüňdeş bolmak göwnüňi göterýärdi.
13, 14. Aýalyny söýýän är Isadan görelde alyp, maşgalabaşy borjuny nädip ýerine ýetirer?
13 Maşgalasyny bagtly etmäge çalyşýan är Isanyň gowy häsiýetleri barada oýlansa dogry bolar. Ýagşy är özüni gödek, hemleli, zalym alyp barmaz we aýalyny gorkuzmak üçin maşgalabaşy borjundan peýdalanyp, ony taýak astynda saklamaz, gaýtam, ol aýalyny söýer we oňa hormat goýar. Eger Isa pesgöwünli bolan bolsa, onda är has-da pesgöwünli bolmaly, sebäbi Isadan tapawutlylykda ol ýalňyşyp bilýär. Haçan-da är ýalňyşanda, ol aýalynyň oňa düşünip geçirimlik etmegini isleýär. Şonuň üçin pesgöwünli äre «meni bagyşla, sen mamla» diýmek kyn bolsa-da, ol ýalňyşyny boýun alýar. Aýala bolsa tekepbir hem-de kesir ärden, salykatly we pesgöwünli äre tabyn bolmak aňsat bolýar. Şeýle-de ärine hormat goýýan aýal ýalňyşan mahaly ýanýoldaşyndan ötünç soraýar.
14 Hudaý aýaly ajaýyp häsiýetler bilen ýaratdy. Ol bu häsiýetleri bilen nikanyň bagtly bolmagyna ýardam edip biler. Şoňa düşünýän paýhasly är aýalynyň badyny ýatyrmaz. Aýallaryň köpüsine maşgalanyň aladasyny etmäge hem-de adamlar bilen gowy gatnaşyk saklamaga ýardam edýän duýgudaşlyk we mähirlilik häsiýetleri mahsus. Köplenç aýal öý-içerisini bezämäge ökde bolýar. Süleýmanyň tymsallarynyň 31-nji babynda beýan edilýän «başarjaň aýalyň» ençeme ajaýyp häsiýetleri we oňat ukyplary onuň maşgalasyna peýda berýär. Näme üçin? Sebäbi äri oňa ýürekden «bil baglaýar» (Süleýmanyň tymsallary 31:10, 11).
15. Är Isadan görelde alyp, aýalyny nädip söýüp, hormat goýup biler?
15 Käbir halklarda erkek adama uly hormat goýulýar, hatda oňa sorag hem bermek bolmaýar, sebäbi bu hormatsyzlyk hasaplanýar. Ol aýalyny gyrnak hasabynda görýär. Eger är maşgalabaşy borjuny nädogry ýerine ýetirse, onuň diňe bir aýaly bilen däl, hatda Hudaý bilen-de arasy bozulýar (1 Ýahýa 4:20, 21-nji aýatlary deňeşdiriň). Käbir erkek adamlar bolsa maşgalabaşylyk borjy ýerine ýetirmän, aýallarynyň hojaýynlyk etmegine ýol berýärler. Isa Mesihe tabyn bolýan är aýalyny horlamaz we onuň mertebesini peseltmez. Gaýtam, ol Isanyň janaýamazak söýgüsinden görelde alyp, Pawlusyň: «Eý ärler, Mesihiň ýygnagy söýüp, onuň üçin janyny gurban edişi ýaly, siz hem aýalyňyzy elmydama söýüň» diýen maslahatyna eýerýär (Efesliler 5:25). Isa Mesih şägirtlerini şeýle bir söýýärdi welin, olar üçin janyny gurban etdi. Ýagşy är aýalyndan köp zady talap etmän, onuň gowy häsiýetlerine üns berip, Isanyň akgöwünliginden görelde almaga çalşar. Är Isa tabyn bolup, onuň göreldesine eýerse, aýalyny söýer, hormat goýar, şonda aýaly-da oňa höwes bilen tabyn bolar (Efesliler 5:28, 29, 33).
AÝALYŇ TABYNLYGY
16. Aýala äri bilen agzybir ýaşamaga nähili häsiýetler kömek eder?
16 Adam atany ýaradandan birnäçe wagt geçensoň, Ýehowa şeýle diýdi: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» (Gelip çykyş 2:18). Ýehowa Hudaý How enäni Adam ata bäsdeş etmek üçin däl-de, «kömekçi» edip ýaratdy. Nika bäsdeşlik edýän iki kapitanly gämini ýatlatmaly däldi. Är söýgi bilen maşgalasyna agalyk etmelidi, aýal bolsa, ärini söýüp, oňa hormat goýup, ýürekden tabyn bolmalydy.
17, 18. Aýal ärine hakyky kömekçi bolar ýaly näme edip biler?
17 Emma gowy aýal diňe bir tabyn bolmak bilen çäklenmeýär. Ol ýanýoldaşynyň gelen kararyny goldap, oňa hakyky kömekçi bolýar. Elbetde, aýaly ýanýoldaşynyň gelen karary bilen razylaşsa, ony aňsatlyk bilen goldar. Hatda ol razylaşmanda-da, äri aýalynyň goldawyny alsa niýetlän işini üstünlikli amala aşyryp biler.
18 Äri gowy maşgalabaşy bolar ýaly, aýaly oňa başga ýagdaýlarda-da kömek edip biler. Ärini tankyt edip, hemişe närazy bolman, onuň maşgalabaşy hökmünde edýän tagallalaryna minnetdarlyk bildirip biler. Aýal äri bilen gepleşende dogry garaýyşda bolup, «ýuwaş we ýumşak häsiýeti» diňe ýanýoldaşynyň däl-de, eýsem, «Hudaýyň... has gymmat saýýandygyny» unutmaly däl (1 Petrus 3:3, 4; Koloslylar 3:12). Ýöne äri imansyz bolsa aýaly näme etmeli? Nähili bolaýanda-da, Mukaddes Ýazgylarda aýallara: «Ýanýoldaşyny we çagalaryny söýmegi maslahat berip bilerler. Şeýle-de sagdyn düşünjeli, päk, öý işlerini ýürekden edýän, gowy edim-gylymly we ýanýoldaşyna tabyn bolmaly. Şonda Hudaýyň sözüne dil ýetirilmez» diýip maslahat berilýär (Titus 2:4, 5). Ynsaba bagly meseläni çözmeli bolanda, aýaly «ýumşaklyk we çuňňur hormat bilen» düşündirse, äri onuň garaýşyny sylar. Iman etmeýän ärleriň käbiri aýalynyň «aýdýan sözlerine däl-de, edim-gylymyna seredip iman ederler. Sebäbi olar siziň arassa, päk ýaşaýşyňyzy we çuňňur hormatyňyzy görerler» (1 Petrus 3:1, 2, 15; 1 Korinfliler 7:13—16).
19. Äri aýalyndan Hudaýyň kanunyny bozmagy talap etse näme etmeli?
19 Eger äri aýalyndan Hudaýyň halamaýan işini etmekligi talap etse näme? Şeýle ýagdaýda aýal iň ýokary Hökümdarynyň Hudaýdygyny ýatdan çykarmaly däl we resullaryň göreldesine eýermeli. Haçan-da ýokary häkimiýetiň ýolbaşçylary resullardan Hudaýyň kanunyny bozmagy talap edende, olar Hudaýa boýun boldular. Resullaryň işleri 5:29-da biz şeýle sözleri okaýarys: «Petrus we beýleki resullar şeýle jogap berdiler: «Biz adama däl-de, Hökümdarymyz Hudaýa gulak asmalydyrys».
ÝAKYMLY GÜRRÜŇDEŞLIK
20. Söýgi we hormat nähili ýagdaýda wajyp?
20 Är-aýal gürrüňdeş bolanda-da, biri-birine söýgi bildirip, hormat goýmaklary wajypdyr. Aýalyny söýýän är onuň işleri, kynçylyklary we dürli meselede onuň garaýşy bilen gyzyklanýar. Çünki aýal şeýle gürrüňdeşlige mätäç. Gürrüňdeşlige wagt tapyp, aýalyny ýürekden diňleýän är ony söýýändigini we sylaýandygyny görkezýär (Ýakup 1:19). Käbir aýallar äriniň gürrüňdeşlige az wagt sarp edýändigi üçin nalaýarlar. Gynansak-da, bu şeýle. Häzirki ykdysady taýdan kyn döwürde erkek adamlar uzak gün işleýärler, hatda aýallar-da gazanç üçin işe girmeli bolýar. Ýöne är-aýal gürrüňdeş bolmaga hökman wagt tapmaly. Ýogsam, olar biri-birinden daşlaşar. Är ýa-da aýal duýgudaşlyk bildirjek adamy başga ýerden gözlese, maşgalada kynçylyk döremegi mümkin.
21. Maşgalanyň bagtly bolmagyna sypaýyçylyk bilen aýdylýan sözler nädip kömek edýär?
21 Är-aýal gürrüňdeş bolanda, aýtjak sözlerine-de üns bermeli. «Hoş sözler jana... süýji, süňklere şypadyr» (Süleýmanyň tymsallary 16:24). Ýanýoldaşyň iman etse-de, etmese-de, Mukaddes Ýazgylaryň: «Siziň hem sözleriňiz ýakymly bolsun» diýen maslahatyna eýermeli (Koloslylar 4:6). Är-aýalyň biriniň güni agyr geçen bolsa, beýlekisi mähirli we göwünlik beriji sözleri aýtsa gowy bolar. «Ýerinde aýdylan sözler kümüş gabyň içindäki altyn almalar kimindir» (Süleýmanyň tymsallary 25:11). Gerekli sözleri we gepleýiş äheňi ýerlikli ulanmak örän möhüm. Meselem, gahar bilen: «Gapyny ýap!» diýmän, «sözleriňiz ýakymly bolar» ýaly mylaýymlyk bilen: «Haýyş edýän, gapyny ýapaý-da» diýip bilersiňiz.
22. Ýakymly gürrüňdeşlik üçin är-aýal näme etmeli?
22 Mähirli garaýşyň, mylaýym hereketiň, ýumşaklygyň, düşünişmekligiň we mähirli sözleriň bar ýerinde ýakymly gürrüňdeşlik hökman bolar. Är-aýal ýakymly gürrüňdeşlik üçin tagalla etseler, gerek zatlary barada çekinmän aýdyp biler hem-de lapykeç we agyr ýagdaýda biri-birine teselli berip goldar. Hudaýyň Sözünde: «Göwnüçökgünlere teselli beriň» diýilýär (1 Selanikliler 5:14). Durmuşda är-de, aýal-da göwnüçökgünlik ýagdaýa düşmegi mümkin. Şonda olar «teselli berip», biri-birini abatlap bilerler (Rimliler 15:2).
23, 24. Düşünişmezlik dörände söýgi we sylaşyk nädip kömek eder? Mysal getiriň.
23 Biri-birini söýýän we sylaýan är-aýal ylalaşmadyk ýagdaýynda, muňa uly bir kynçylyk hökmünde garamaz. Olar biri-biri bilen «özüni gödek alyp barmazlyga» çalşarlar (Koloslylar 3:19). Olaryň ikisi-de «ýumşak jogabyň gahary ýatyrýandygyny» unutmaly däl (Süleýmanyň tymsallary 15:1). Ýanýoldaşyňyz size ýüregindäki bar öýke-kinesini aýdanda, ony kemsitmekden we ýazgarmakdan seresap boluň. Gaýtam, muňa ýanýoldaşyň garaýşyny bilmäge mümkinçilik hökmünde garamaly. Düşünişmezlik dörände ony bile çözüp, bir netijä geljek bolmaly.
24 Bir wakany ýatlalyň. Sara ýanýoldaşy Ybraýyma bir meseläni çözmeklikde maslahat berende, onuň beren maslahaty ärine ýaramady. Şonda Hudaý Ybraýyma: «Saranyň aýdan sözüne gulak as» diýdi (Gelip çykyş 21:9—12). Ybraýym gulak asany üçin bereket aldy. Şonuň ýaly aýalynyň maslahaty äriniň pikirine gabat gelmese, ol şonda-da aýalyny diňlemeli. Ýöne aýal hem öz diýenini etdirjek bolmagyň deregine, ýanýoldaşyna gulak asmaly (Süleýmanyň tymsallary 25:24). Eger-de äri ýa-da aýaly hemişe öz diýenini etdirmek isleýän bolsa, olara biri-birini söýýär we sylaýar diýip bolmaz.
25. Är-aýalyň ýakymly gürrüňdeşligi jynsy gatnaşyk meselesine nädip ýardam eder?
25 Jynsy gatnaşyk meselesinde hem är-aýal üçin ýakymly gürrüňdeşlik möhümdir. Diňe öz peýdaňy bilip, özüňe erk etmezlik, jyns gatnaşygyna uly zyýan ýetirmegi mümkin. Şol sebäpli biri-biriňiz bilen açyk gepleşmeli we sabyrly bolmaly. Eger är-aýal biri-biriniň aladasyny etse, jynsy gatnaşyk meselesinde kynçylyk döremez. Maşgalanyň beýleki meselelerinde bolşy ýaly, jynsy gatnaşyk meselesinde-de «her kes öz peýdasyny däl-de, başganyň peýdasyny gözlemeli» (1 Korinfliler 7:3—5; 10:24).
26. Nikadaky dürli kynçylyklara garamazdan, Hudaýyň Sözüne gulak asmaklyk är-aýalyň bagtly bolmagyna nädip kömek eder?
26 Hudaýyň Sözünde nähili ajaýyp maslahatlar berilýär! Elbetde, her maşgala durmuşyň ajysyny-da, süýjüsini-de görýär. Emma är-aýal Mukaddes Ýazgylardaky Ýehowanyň garaýşyny göz öňünde tutsa, söýgi hem sylaşyk prinsiplerine esaslanyp ýaşasa, olaryň nikasy ömürlik we bagtly bolar. Şeýdip, olar biri-birine hormat goýar, aýratynam, nikany Döreden Ýehowa Hudaýy şöhratlandyrar.