Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • fy bap 2 sah. 13—26
  • Bagtly maşgala gurmak üçin taýýarlyk

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Bagtly maşgala gurmak üçin taýýarlyk
  • Maşgala bagtynyň syry
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • MAŞGALA GURMAGA TAÝYNMYSYŇYZ?
  • ILKI ÖZÜŇIZI TANAŇ
  • ÝANÝOLDAŞ SAÝLANYŇYZDA NÄMÄ ÜNS BERMELI?
  • ÖŇÜNDEN BILMELI ZATLAR
  • TANYŞLYK DÖWRI ARASSA GATNAŞYGY SAKLAŇ
  • TOÝDAN SOŇ
  • Nika mähriban Hudaýyň sowgady
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Nikaňda bagtly bol
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Nika bozuljak bolanda...
    Maşgala bagtynyň syry
  • Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
Maşgala bagtynyň syry
fy bap 2 sah. 13—26

IKINJI BAP

Bagtly maşgala gurmak üçin taýýarlyk

1, 2. a) Isa taýýarlyk görmegiň ähmiýetini nädip belläp geçdi? b) Aýratynam, haýsy meselede taýýarlyk görmeli?

JAÝ gurmak üçin oňat taýýarlyk görmeli. Ilki bilen, ýer satyn almaly, jaýyň planyny çyzmaly. Soňra onuň düýbüni tutmaly. Ýöne ýene bir wajyp zat bar. Isa şeýle diýdi: «Siziň haýsy biriňiz bina gurmakçy bolanyňyzda, ony tamamlamaga güýjüňiziň ýetjekdigini ýa-da ýetmejekdigini bilmek üçin, ilki oturyp, çykdajylary hasaplamaz?» (Luka 14:28).

2 Maşgala gurmak üçin hem oňat taýýarlyk görmeli. Köp adamlar: «Meniň durmuş gurasym gelýär» diýýärler. Ýöne kynçylyklar barada pikir edýärlermikä? Mukaddes Ýazgylar maşgala gurmagy goldasa-da, onda döreýän kynçylyklary-da görkezýär (Süleýmanyň tymsallary 18:22; 1 Korinfliler 7:28). Şol sebäpli maşgala gurjak adamlar onuň diňe bir gowy tarapyny däl-de, kynçylyklaryny-da göz öňünde tutmaly.

3. Mukaddes Ýazgylaryň maşgala babatdaky maslahatlary näme üçin peýdaly we ol haýsy üç soraga jogap bermäge kömek edýär?

3 Bu babatda Mukaddes Ýazgylar kömek edýär. Ondaky maslahatlar maşgalany Döreden Ýehowa Hudaý tarapyndan ylhamlanandyr (Efesliler 3:14, 15; 2 Timoteos 3:16). Geliň, bu gadymy hem-de döwrebap kitabyň prinsipleri arkaly şu üç soraga seredeliň: 1) maşgala gurmaga taýýardygyňy nädip bilse bolýar? 2) Geljekki ýanýoldaşyň nähili häsiýetlerine üns bermeli? 3) Durmuş gurjaklar tanyşlyk döwri arassa gatnaşygy nädip saklamaly?

MAŞGALA GURMAGA TAÝYNMYSYŇYZ?

4. Är-aýal gatnaşygyny berkider ýaly näme wajyp we näme üçin?

4 Jaý gurmaga köp pul harçlanýar, ýöne ony uzak wagtlap oňat ýagdaýda saklamak üçin ondanam köp pul harçlanýar. Maşgalada-da edil şeýle bolýar. Durmuş gurmak üçin köp tagalla etmeli, ýöne ýyl geçdigi saýyn är-aýal gatnaşygyny berkitmelidigini hem göz öňünde tutmaly. Eýsem, muňa nämeler degişli? Är-aýal biri-birine beren wadasynda wepaly bolmaly. Mukaddes Ýazgylar är-aýal gatnaşygy barada şeýle diýýär: «Erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen ýapyşýar we olaryň ikisi bir ten bolýar» (Gelip çykyş 2:24). Isa Mesih nikany bozup, gaýtadan maşgala gurmak üçin Mukaddes Ýazgylara esaslanan ýeke-täk sebäbiň «zynadygyny», ýagny maşgala gurman jynsy gatnaşyk etmekdigini aýtdy (Matta 19:9). Durmuş gurjak her bir adam Mukaddes Ýazgylaryň şu kadalaryny ýatda saklamalydyr. Eger siz ýürekden wada bermäge taýyn bolmasaňyz, onda durmuş gurmaga-da taýyn dälsiňiz (Kanun taglymaty 3:21; Wagyz kitaby 5:4, 5).

5. Käbirleri wepalylyk wadasyny bermäge gorksalar-da, näme üçin durmuş gurjak adamlar onuň gadyryny bilmeli?

5 Ýanýoldaşyňa wepaly bolmaly diýen pikir köp adamlarda gorky döredýär. Bir ýaş ýigit şeýle diýýär: «Aýalym bilen ömrümiň ahyryna çenli baglangydygyma düşünenimde, men özümi gulply gapynyň aňyrsynda elim-aýagym daňylgy ýaly duýdum». Emma siz ýanýoldaş boljak adamy hakykatdanam söýýän bolsaňyz, onda wepalylyk wadasyny bermek kyn bolmaz. Gaýtam, bu siziň maşgalaňyzy gorar. Är-aýal beren wadasyna wepaly bolsa, ýagşy gününde-de, ýaman gününde-de biri-birini goldamaga jan eder. Pawlus resul hakyky söýgi «ähli zada çydaýandyr» we «ähli zada döz gelýändir» diýdi (1 Korinfliler 13:4, 7). Bir aýal şeýle diýýär: «Wepalylyk wadasy meniň kalbyma rahatlyk berýär. Biri-birimize we hemmeleriň öňünde ömürboýy bile ýaşarys diýip beren sözümiz, maňa teselli berýär» (Wagyz kitaby 4:9—12).

6. Ýaşlyk döwri durmuş gurmaga näme üçin howlukmaly däl?

6 Biri-biriňe wepaly bolup ýaşamak üçin akyly goýalyşan adam bolmaly. Şonuň üçin Pawlus mesihçilere ýaşlyk döwri geçýänçä durmuş gurmazlygy maslahat berdi, sebäbi şol döwürde jyns islegleri güýçli bolup, garaýşyňy üýtgedip bilýär (1 Korinfliler 7:36). Ýaşyň ulaldygyça garaýşyňam çalt üýtgeýär. Has ýaş durmuş guranlaryň köpüsi bary-ýogy birnäçe ýyldan özüniňem, ýanýoldaşynyňam zerurlygynyň we isleg-arzuwynyň üýtgeýändigini görýärler. Maglumatlara görä, ýetginjek döwründe durmuş gurýanlar biraz sabyr edip durmuş guranlara garanyňda, özlerini bagtsyz duýýarlar we köplenç aýrylyşýarlar. Şonuň üçin durmuş gurmaga howlukmaň. Akylyňyz goýalyşýança birnäçe ýyl durmuş gurman ýaşasaňyz, gowy ýanýoldaş bolmak üçin gerekli tejribe toplarsyňyz. Eger siz durmuş gurmaga howlukmasaňyz, özüňizi-de oňat tanarsyňyz hem-de gelejekde bu size ýanýoldaşyňyz bilen gowy gatnaşyk saklamaga kömek eder.

ILKI ÖZÜŇIZI TANAŇ

7. Durmuş gurmak isleýänler näme üçin, ilki bilen, özüni gowy tanamaly?

7 Siz ýanýoldaşyňyzyň nähili häsiýetli bolmagyny isleýärsiňiz? Muňa jogap bermek köp adamlara kyn däl. Eýsem, siziň häsiýetleriňiz barada näme diýip bolar? Siziň haýsy häsiýetleriňiz maşgalanyň bagtly bolmagyna ýardam eder? Siz nähili är ýa-da aýal bolup bilersiňiz? Meselem, siz ýalňyşyňyzy boýun alyp, maslahaty aňsatlyk bilen kabul edýärsiňizmi ýa-da ýalňyşyňyzy düzedenlerinde özüňizi hemişe aklaýarsyňyzmy? Siz adatça, ruhubelentmi, şähdaçykmy ýa-da tukat, zeýrenjeňmi? (Süleýmanyň tymsallary 8:33; 15:15). Ýatda saklaň, durmuş gurmak siziň häsiýetiňizi üýtgetmez. Eger siz ulumsy, ynjyk ýa-da umytsyz adam bolsaňyz, durmuş gursaňyz hem üýtgemersiňiz. Özüňi tanamak kyn, şol sebäpli ata-eneňizden ýa-da ýakyn dostuňyzdan kemçilikleriňizi açyk aýdyp, maslahat bermegini sorasaňyz gowy bolmazmy? Haýsy häsiýetleriňizi üýtgetmelidigini bilip, durmuş gurmazdan öň olary düzetjek boluň.

[19-njy sahypadaky surat]

Heniz durmuş gurmankaňyz gowy häsiýetleri, endikleri we ukyplary ösdüriň

8—10. Mukaddes Ýazgylarda durmuş gurmaga taýýarlanýan adamlara nähili maslahatlar berilýär?

8 Mukaddes Ýazgylar bizi Hudaýyň mukaddes ruhunyň täsir etmegine ýol berip, «söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähirlilik, ýagşylyk, iman, ýumşaklyk, özüňe erk etmeklik» ýaly häsiýetleri ösdürmäge höweslendirýär. Şeýle-de onda biziň «pikirimizi we garaýşymyzy elmydama täzeläp durmalydygymyz» we «Hudaýyň islegine laýyk gelýän hakyky dogrulyga we wepalylyga esaslanan täze häsiýetlere geýinmelidigimiz» aýdylýar (Galatýalylar 5:22, 23; Efesliler 4:23, 24). Bu maslahaty durmuşyňyzda ulansaňyz, bankda pul goýan ýaly gelejekde maşgala guranyňyzda köp peýda berer.

9 Meselem, aýal-gyzlar daşky keşbine däl-de, «ýüregindäki solmaýan owadanlyga» köpräk üns bermegi öwrenmeli (1 Petrus 3:3, 4). Salykatlylyk we kiçigöwünlilik «gözel täç» kimin sizi bezär, ýagny paýhasly bolmaga ýardam eder (Süleýmanyň tymsallary 4:9; 31:10, 30; 1 Timoteos 2:9, 10). Erkek adamlar bolsa aýal-gyzlara mähirli bolup, hormat goýmaly (1 Timoteos 5:1, 2). Karara gelmegi hem-de jogapkärli bolmagy öwreneniňizde, salykatly we kiçigöwünli bolmagy-da öwreniň. Rehimsizlik maşgalada köp kynçylyk döreder (Süleýmanyň tymsallary 29:23; Mika 6:8; Efesliler 5:28, 29).

10 Bu meselede garaýşy üýtgetmek aňsat bolmasa-da, ähli mesihçiler onuň üstünde işlemeli. Sebäbi bu size oňat ýanýoldaş bolmaga kömek eder.

ÝANÝOLDAŞ SAÝLANYŇYZDA NÄMÄ ÜNS BERMELI?

11, 12. Iki adam garaýyşlarynyň deň gelýändigini nädip bilmeli?

11 Siziň ýaşaýan ýeriňizde her kim ýanýoldaşyny özi saýlaýarmy? Eger şeýle bolsa, siz birini halasaňyz näme etmeli? Ilki bilen, özüňize şeýle sorag beriň: «Meniň, dogrudanam, durmuş gurasym gelýärmi?» Sebäbi birini tamakin edip, onuň duýgusyny oýnamak zalymlykdyr (Süleýmanyň tymsallary 13:12). Soňra: «Men durmuş gurmaga taýynmy?» diýip soraň. Siz şu iki soraga kanagatlanarly jogap berip bilseňiz, onda indiki etmeli ädimleriňiz ýerli däbe bagly bolýar. Käbir döwletlerde birini biraz wagt synlanyňdan soň, ýakyndan tanyşmak isleýändigiňi aýdyp bolýar. Eger närazy bolsa, iriziji bolma. Her kimiň öz pikiriniň bardygyny unutmaň. Eger razy bolsa, peýdaly iş bilen meşgullanyp, wagtyňyzy bile geçirip bilersiňiz. Bu size şol adam bilen durmuş gurmaly ýa-da gurmaly däldigiňizi bilmäge kömek edera. Şonda siz nämä üns bermeli?

12 Bu soraga jogap bermek üçin iki saz gurala, ýagny pianinonyň we gitaranyň mysalyna seredeliň. Saz gurallar gowy düzülen bolsa, olaryň hersinde ajaýyp saz çalyp bolýar. Eger ikisini bilelikde çalmaly bolsa näme? Onda olaryň heňi sazlaşykly çykmaly. Siz hem durmuş gurjak ýanýoldaşyňyz bilen şeýle bolmaly. Ähtimal, siziň heriňiz oňat häsiýetleri «düzmäge» jan edensiňiz. Ýöne ikiňiziňem «heňiňiz sazlaşykly çykarmy»? Başgaça aýdanda, garaýşyňyz deň gelýärmi?

13. Iman etmeýän adam bilen halaşmak näme üçin akylsyzlyk?

13 Munuň üçin siziň imanyňyz hem-de eýerýän prinsipleriňiz bir bolmaly. Pawlus resul: «Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň» diýip ýazdy (2 Korinfliler 6:14; 1 Korinfliler 7:39). Hudaýa bolan imanyňyzy paýlaşmaýan adam bilen durmuş gursaňyz, düşünişmek kyn bolar. Ikiňiz hem Ýehowa Hudaýa wepaly bolsaňyz maşgalaňyz agzybir bolar. Ýehowa siziň bagtly bolmagyňyzy hem-de nikaňyzyň berk bolmagyny isleýär. Ol özi we biri-biriňiz bilen «üç örüm» baglanan söýgüde bolmagyňyzy isleýär (Wagyz kitaby 4:12).

14, 15. Agzybir ýaşamak üçin imanyňyzyň bir bolmagy ýeterlikmi? Düşündiriň.

14 Hudaýa bile sežde etmek örän wajyp, ýöne başga-da wajyp zatlar bar. Agzybir ýaşamak üçin maksatlaryňyz bir bolmaly. Eýsem, siziň nähili maksatlaryňyz bar? Meselem, çagaňyzyň bolmagyny isleýäňizmi? Durmuşyňyzda öňürti näme durýar?b (Matta 6:33). Aslynda, bagtly maşgaladaky är-aýal ýakyn dost bolýar hem-de bile bolmagy halaýar (Süleýmanyň tymsallary 17:17). Şol sebäpli olaryň gyzyklanýan zatlary meňzeş bolmaly. Ýogsam, durmuş gurmag-a beýlede dursun, hatda ýakyn dost bolmak hem kyn bolýar. Aýdaly, ýanýoldaşyňyz pyýada ýöremegi halaýar, siz bolsa halamaýarsyňyz, onda şeýle adam bilen durmuş gurmaly dälmi? Elbetde, bu beýle däl. Belki, siziň garaýşyňyz has wajyp meselede gabat gelýändir. Mundan başga-da ýanýoldaşyňyzyň käbir halaýan zadyny edip, ony begendirip bilersiňiz (Resullaryň işleri 20:35).

15 Elbetde, agzybir ýaşamak üçin häsiýetleriňiz meňzeş bolmaly däl-de, birek-biregiň ugruny tapmaly. «Hemme zatda pikirimiz gabat gelýärmi?» diýip, soramagyň deregine: «Ylalaşmasak näme ederis?», «Kynçylyk dörände, birek-birege hormat goýup çözerismi?» ýa-da: «Pikirimiz deň gelmese jedelleşerismi?» diýip soraň (Efesliler 4:29, 31). Durmuş gurjak bolsaňyz tekepbir, özdiýenli, ylalaşmaýan, talapkär we diňe özüne ýaraýan zatlary edýän adamdan gaça duruň.

ÖŇÜNDEN BILMELI ZATLAR

16, 17. Ýanýoldaşyň nähili häsiýetlerine üns bermeli?

16 Mesihçiler ýygnagynda bellenjek jogapkär doganlar «başda synalýar» (1 Timoteos 3:10). Şu prinsipe sizem eýerip bilersiňiz. Meselem, durmuşa çykmadyk gyz şeýle soraglary berip biler: «Bu ýigidiň abraýy nähili? Onuň dostlary kim? Özüne erk edip bilýärmi? Ýaşuly adamlara hormat goýýarmy? Ol nähili maşgaladan? Dogan-garyndaşlary bilen gatnaşygy nähili? Pula nähili garaýar? Spirtli içgileri köp içýärmi? Gyzmamy ýa-da zalym? Ýygnakda nähili borçlary bar we olary nähili ýerine ýetirýär? Men oňa çuňňur hormat goýup bilerinmi?» (Lewiler 19:32; Süleýmanyň tymsallary 22:29; 31:23; Efesliler 5:3—5, 33; 1 Timoteos 5:8; 6:10; Titus 2:6, 7).

17 Öýlenmedik ýigit bolsa şu soraglaryň üstünde oýlanyp biler: «Bu gyz Hudaýy söýýärmi we oňa hormat goýýarmy? Öýüň işlerini edýärmi? Durmuş gursak, onuň öýündäkileri bizden näme tama eder? Paýhaslymy, işeňňirmi, tygşytly we aýawlymy? Näme barada gürrüň etmegi halaýar? Adamlaryň aladasyny edýärmi ýa-da diňe özüni bilýärmi? Özüne degişli däl işlere goşulýarmy? Oňa ynansa bolýarmy? Ýanýoldaşyna tabyn bolarmy ýa-da kesir we özdiýenlimi? (Süleýmanyň tymsallary 31:10—31; Luka 6:45; Efesliler 5:22, 23; 1 Timoteos 5:13; 1 Petrus 4:15).

18. Tanyşlyk döwri düşünişmezlik bolsa nämäni unutmaly däl?

18 Siziň saýlan adamyňyz dessandaky gahryman däl-de, Adam atanyň günäli neslidigini unutmaň. Hemme adamyň hem kemçiligi bar, şonuň üçin geljekki ýanýoldaşyňyzyň we öz käbir kemçilikleriňize üns bermejek boluň (Rimliler 3:23, 24; Ýakup 3:2, 3). Kemçiliklere ruhy taýdan ösmäge mümkinçilik hökmünde garaň. Aýdaly, tanyşlyk döwri siz jedelleşdiňiz. Oýlanyp görüň, biri-birini söýýän adamlaryň hem käwagt sözleri azaşýar (Gelip çykyş 30:2-ni deňeşdiriň; Resullaryň işleri 15:39). Şeýle ýagdaýda ikiňizem «nebsiňize buýrup», jedeli asudalyk bilen çözmegi öwrenýärsiňizmi? (Süleýmanyň tymsallary 25:28). Geljekki ýanýoldaşyňyz düzelmek isleýärmi? Siz isleýärmisiňiz? Her zady göwnüňize alman öýkelemezligi başarýarmysyňyz? (Wagyz kitaby 7:9). Durmuş gurjak bolsaňyz, kynçylyklary çözmek üçin aç-açan gepleşmegi öwrenjek boluň (Koloslylar 3:13).

19. Tanyşlyk döwri uly kemçilikler ýüze çyksa näme etmek paýhasly?

19 Eger bir kemçilik sizi biynjalyk etse näme etmeli? Şeýle ýagdaýda oýlanyşykly hereket ediň. Durmuş gurmak islegiňiz näçe güýçli bolsa-da, uly kemçiliklere göz ýummajak boluň (Süleýmanyň tymsallary 22:3; Wagyz kitaby 2:14). Halaşýanyňyzyň uly kemçilikleri sizi biynjalyk edýän bolsa, duşuşmagyňyzy goýup bir-biriňize wada bermeseňiz paýhasly bolardy.

TANYŞLYK DÖWRI ARASSA GATNAŞYGY SAKLAŇ

20. Tanyşlyk döwri arassa gatnaşygy nädip saklap bolar?

20 Tanyşlyk döwri arassa gatnaşygy nädip saklap bilersiňiz? Ilki bilen, özüňiz ahlak taýdan arassalygy saklaň. Siziň ýaşaýan ýeriňizde heniz durmuş gurmadyk ýigit bilen gyzyň el tutuşmagyna, ogşaşmagyna we gujaklaşmagyna nähili garaýarlar? Bu zatlar adamlarda nädogry pikir döretmese-de, siziň durmuş gurjakdygyňyz anyk bolsa diňe şonda ýol berilýär. Emma şonda-da hapa endikden ýa-da zyna etmekden seresap boluň (Efesliler 4:18, 19; Süleýmanyň aýdymy 1:2, 3; 2:6; 8:5, 9, 10-njy aýatlary deňeşdiriň). Ýüregiň aldawçylygy sebäpli paýhasly bolup, jaýda, otagda, maşynda, çola ýerde ýa-da ahlaksyzlyga eltjek başga ýerlerde ikiçäk galmajak boluň (Ýermeýa 17:9). Tanyşlyk döwri arassa gatnaşygy saklasaňyz, özüňize erk edýändigiňizi hem-de diňe öz bähbidiňizi gözlemän, halaşýanyňyzyň hem mertebisini sylaýandygyňyzy görkezersiňiz. Esasanam, siz Ýehowa Hudaýy begendirersiňiz, sebäbi ol öz gullukçylaryndan hapa işlerden we ahlaksyzlykdan gaça durmagy talap edýär (Galatýalylar 5:19—21).

21. Tanyşlyk döwri arassa gatnaşygy saklamak üçin nähili meseleler barada aç-açan gepleşmeli?

21 Ikinjiden, tanyşlyk döwri aç-açan gürrüňdeş bolmaly. Durmuş gurmak karara geleniňizde öňünden käbir meseleler barada açyk gepleşmeli. Siz nirede ýaşamakçy? Ikiňizem işlemegi planlaşdyrýarsyňyzmy? Çaga edinmek isleýärsiňizmi? Şeýle-de maşgala durmuşyna täsir etjek zatlar barada meselem, durmuşyňyzda bolan haýsydyr bir wakany aýtmak dogry bolar. Muňa uly bergi ýa-da borçnamalar we saglyk ýagdaýy, mysal üçin, agyr kesel degişli bolup biler. Häzir AIW wirusly (AIDS, SPID keseline eltýän) adamlar köp we bu keseliň alamatyny birbada bilip bolmaýar. Şonuň üçin ýanýoldaş boljak adam öň jynsy ahlaksyzlyk eden bolsa ýa-da neşe maddalaryny damardan goýberen bolsa, halaşýany ýa-da geljekki gaýyn ata-enesi ondan gan tabşyrmagy haýyş edip biler. Onuň gan analizi gowy netije bermän, halaşýany durmuş gurmak islemese, ony mejbur etmeli däl. Dogrudan-da, öň ahlak taýdan arassa ýaşamadyk adam biri bilen halaşmanka, AIDS-keseli anyklamak üçin gan tabşyrsa gowy bolar.

TOÝDAN SOŇ

22, 23. a) Toýa taýýarlyk görende, nämeler agram salyp biler? b) Durmuş gurmak we toý meselesinde nämeleri göz öňünde tutmaly?

22 Toý gününe birnäçe aý galanda, oňa taýýarlyk görüp, ikiňizem başagaý bolmagyňyz mümkin. Siz taýýarlyk göreniňizde, paýhasly bolsaňyz aladaňyzy azaldarsyňyz. Uly toý, elbetde, garyndaşlara, dostlara ýarar, ýöne täze çatynjalary we olaryň hossarlaryny ýadadar hem-de uly bergä batyrar. Ýerli däpleriň käbirine eýermeklik dogry, emma ýaranjaňlyga ýa-da bäsdeşlige eýerseňiz, toýuň asyl manysy ýiter we ondan şatlyk tapyp bilmersiňiz. Adamlaryň duýgusyny göz öňüne almaly bolsa-da, toýuň tutulyşyna ilki bilen, öýlenýän ýigit jogap berýär (Ýahýa 2:9).

23 Toý bir gün bolsa-da, durmuş gurmagyň ömürlikdigini unutmaň. Şol sebäpli bar ünsüňizi toý gününe bermän, gaýtam, Ýehowa Hudaýdan görkezme gözläp, geljekki maşgala durmuşyňyz hakda oýlanyň. Şonda siz maşgalaňyzy bagtly etmek üçin gowy taýýarlanarsyňyz.

a Muny mesihçiler üçin duşuşmak ýerlikli bolan ýurtlarda ulansa bolýar.

b Hatda ýygnakda-da ruhy taýdan gowşak mesihçiler bolup biler. Olar Hudaýa ýürekden gulluk etmegiň deregine, bu dünýä mahsus bolan düşünjeleriň we höwesleriň täsirine düşýär (Ýahýa 17:16; Ýakup 4:4).

MUKADDES ÝAZGYLARDAKY ŞU PRINSIPLER BAGTLY MAŞGALA GURMAK ÜÇIN TAÝÝARLYK GÖRMÄGE NÄDIP KÖMEK EDÝÄR?

Är-aýal bir-birine wepaly bolmaly (Gelip çykyş 2:24).

Adamyň daş keşbine däl-de, häsiýetlerine üns bermeli (1 Petrus 3:3, 4).

«Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň» (2 Korinfliler 6:14).

Ahlaksyzlyk edýän adamlar Hudaýdan daşlaşýar (Efesliler 4:18, 19).

DÄP-DESSURLAR WE MUKADDES ÝAZGYLAR

Galyň we pul tölemek. Käbir ýurtlarda öýlenýän ýigidiň maşgalasy gyz üçin galyň töleýär. Başga döwletlerde bolsa gyzyň maşgalasy öýlenýän ýigidiň maşgalasyna pul töleýär. Bu däpler kanuna laýyk gelse, nädogry diýip bolmaz (Rimliler 13:1). Emma nähili ýagdaý bolaýanda-da, açgözlük bilen köp pul ýa-da galyň talap etmeli däl (Süleýmanyň tymsallary 20:21; 1 Korinfliler 6:10). Şeýle-de gyz üçin tölenilýän pul oňa haryt hökmünde garamaga, ärine bolsa aýalyny we onuň garyndaşlaryny maddy taýdan üpjün etmekden başga hiç hili borjum ýok diýmäge hukuk bermeýär.

Köp nikalylyk. Käbir döwletlerde erkek adama birnäçe aýala öýlenmäge rugsat berilýär. Şeýle ýagdaýda är maşgaladaky atalyk borjuny ýerine ýetirmän, diňe hojaýynçylyk etmegi mümkin. Mundan başga-da köp nikalylyk aýallaryň arasynda bäsdeşligi döredýär. Mukaddes Ýazgylara görä, mesihçilere durmuş gurmazlyga ýa-da diňe bir nikada ýaşamaga rugsat berilýär (1 Korinfliler 7:2).

Barlag nikasy. Köp çatynjalaryň aýtmagyna görä, garaýyşlaryň deň gelýändigini ýa-da gelmeýändigini bilmek üçin, ilki bilen, durmuş gurman ýaşaşmaly. Emma barlag nikasynda iň möhüm zady, ýagny är-aýalyň biri-birine wepaly boljagyny bilip bolmaýar. Är-aýal we olaryň çagalary diňe nikalaşan maşgalada rahat hem-de howpsuz ýaşap biler. Nikasyz (ZAGS-dan geçmän) ýaşaşmagy Ýehowa Hudaý ahlaksyzlyk hasaplaýar (1 Korinfliler 6:18; Ýewreýler 13:4).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş