Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/3 sah. 7—11
  • Nikaňda bagtly bol

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Nikaňda bagtly bol
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyň görkezmesine eýermek
  • Nikany näme bagtly edýär?
  • Bir-biriňize eglişik ediň
  • Iblise eglişik etmäň
  • Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Nikaňyz «üç örümli ýüp» ýaly bolsun
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Nika mähriban Hudaýyň sowgady
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Maşgalaňy bagtly etmek üçin güýjüňi gaýgyrma
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/3 sah. 7—11

Nikaňda bagtly bol

«Öý akyldarlyk bilen salnyp, düşünje bilen berkarar edilýändir (SÜL. TYM. 24:3).

1. Hudaý Adam ata babatda akyldarlygyny nädip görkezdi?

GÖKDÄKI akyldar Atamyz Ýehowa biziň üçin nämäniň gowudygyny bilýär. Meselem, Hudaý niýetini amala aşyrmak üçin Erem bagynda «adamyň ýeke bolmagynyň ýagşy däldigine» düşünýärdi. Onuň niýeti ýerine ýeter ýaly adamlar durmuş gurup, çaga edinmelidiler we «ýer ýüzüni doldurmalydylar» (Bar. 1:28; 2:18).

2. Ýehowa adamlaryň peýdasy üçin näme gurdy?

2 Ýehowa: «Oňa [Adam ata] muwapyk bir kömekçi ýasaýyn» diýdi. Soňra Hudaý Adam atany agyr uka gidirip, onuň kämil bedeninden bir gapyrgasyny alyp aýal ýasaýar. Ýehowa kämil aýaly Adam atanyň ýanyna getirende, ol şeýle diýdi: «Bu meniň süňklerimden süňki, we etlerimden etdir; muňa aýal diýilsin, çünki ol ynsandan alyndy». Howa ene, dogrudan-da, Adam atanyň kemini doldurýardy. Olaryň her biri özüne mahsus bolan ajaýyp gylyk-häsiýetleri görkezip bilseler-de, ikisi-de kämildi we Hudaýa meňzeş edip ýaradylypdy. Şeýdip, Ýehowa Erem bagynda birinji nikany gurdy. Adam ata bilen Howa ene biri-birini goldamaga kömek edýän Hudaýyň bu guranyny begenç bilen kabul etdiler (Bar. 1:27; 2:21—23).

3. Adamlaryň köpüsi nika nähili garaýar we nähili soraglara serederis?

3 Gynansak-da, şu günler dünýäde özdiýenli we pitneçi ruh höküm sürýär. Bu kynçylyklar Hudaýdan däl. Köp adamlar nikany Hudaýyň sowgady hasaplamaýarlar, ony könelişen we betbagtçylygyň ýa-da dawa-jenjeliň çeşmesi diýip pikir edýärler. Durmuş gurýanlaryň köpüsi bolsa aýrylyşýarlar. Ata-eneler çagalara söýgi bildirilmeýärler we olaryň käbiri maşgalada dawa turanda, çagalary öz peýdasy üçin ulanýarlar. Är-aýallaryň köpüsi hatda parahatlygy we agzybirligi saklamak üçin hem eglişik etmeýär (2 Tim. 3:3). Onda şu soňky kyn günlerde nikany nädip bagtly edip bolýar? Eglişik etmeklik maşgaladaky kynçylyklary çözmäge nädip kömek eder? Bagtly nikadaky adamlaryň göreldesinden biz nähili sapak edinip bileris?

Ýehowanyň görkezmesine eýermek

4. a) Pawlus durmuş gurmak babatda nähili tabşyryk berdi? b) Mesihçiler gulak asyp, Pawlusyň tabşyrygyny nädip ýerine ýetirýärler?

4 Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen ikilenç nika gurmakçy bolýan dullara «[diňe] Rebde» durmuş gurmaly diýdi (1 Kor. 7:39). Bu ýehudy mesihçileri üçin täzelik däldi. Hudaýyň Kanunynda ysraýyllylara daş-töwereginde ýaşaýan halklaryň hiç haýsy bilen «durmuş gurmaly däl» diýip, aýdyň görkezme berlipdi. Ýehowa olara Hudaýyň kadasyna sowuk-sala garasalar, howp abanjakdygyny düşündirýär. «Olar [Ysraýyl däller] seniň ogullaryňy menden daşlaşdyryp, olar başga taňrylara gulluk ederler. Şonda Ýehowa size garşy gahar-gazaba müner we Ol seni derrew ýok eder» (Kanun. 7:3, 4). Ýehowa şu günki durmuş gurjak gullukçylaryndan nämä garaşýar? Elbetde, Hudaýyň gullukçylary durmuş guranda diňe «Rebde», ýagny Hudaýa özüni bagyş edip, suwda çokundyrylan imandaşy bilen durmuş gurmaly. Biz bu meselede Ýehowanyň görkezmesine eýersek paýhasly bolar.

5. Ýehowa we durmuş guran mesihçiler nika wadasyna nähili garaýarlar?

5 Nika wadasy Hudaýyň gözünde mukaddesdir. Ilkinji nika babatda Hudaýyň Ogly Isa şeýle diýdi: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» (Mat. 19:6). Mezmurçy bolsa bu ähti berjaý etmegiň wajypdygyny bize şeýle ýatladýar: «Hudaýa şükür gurbanyny hödürle, hemmelerden beýik Bolana hudaýýoluňy ber» (Zeb. 50:14). Är-aýal nikada şatlanyp bilseler-de, toý güni biri-birine berýän nika wadasyna çynlakaý we jogapkärli garamaly (Kanun. 23:21).

6. Ýeftahyň mysalyndan nähili sapak edinip bilýäris?

6 B. e. öň 12-nji asyrda Ysraýylyň kazysy Ýeftah bilen bolan waka seredeliň. Ol Ýehowa şeýle kasam edýär: «Eger sen maňa Ammon ogullaryny elime berseň, Ammon ogullaryndan parahatlykda gaýdyp gelenimde, öýümiň gapysyndan kim çyksa, ol Ýehowanyňky bolar we men ony oňa gurban bererin». Ýeftah öýüne Mispa dolanyp gelende, ýalňyz çagasy bolan gyzynyň öňünden çykanyny görüp, beren wadasyndan dändimi? Ýok, dänmedi. Ol şeýle diýdi: «Men Ýehowanyň öňünde wada berdim we ondan dänip bilmerin» (Kaz. 11:30, 31, 35). Bu Ýeftah üçin adyny göterýän nesil galmaýanlygyny aňlatsa-da, ol Ýehowa beren wadasynda durýar. Ýeftahyň wadasy toýda berilýän wadadan tapawutlanýar, ýöne onuň wadasynda durandygy, mesihçi är-aýallar üçin ajaýyp görelde bolup bilýär.

Nikany näme bagtly edýär?

7. Ýaş çatynjalar nähili özgerişler etmeli?

7 Är-aýallaryň köpüsi tanyşlyk döwrüni mähirli ýatlaýarlar. Geljekki ýanýoldaşyňy tanamak nähili gowy bolandyr! Olaryň bir-birine bolan duýgusy günsaýyn güýçlenýär. Emma olar geljekki ýanýoldaşyny özleriniň ýa-da ata-enesiniň saýlandygyna garamazdan, toýdan soň ýaş çatynjalar üçin täze durmuş başlanýar. Bir adam muny boýun alyp şeýle diýýär: «Biz ýaňy durmuş guranymyzda, indi ýeke däldigimize düşünmeklik iň kyn zatdy. Ilkibaşda, dostlarymyz we garyndaşlarymyz bilen gürrüňdeşlige paýhasly garamak aňsat däldi». Durmuş guranyna 30 ýyl bolan başga bir adam bolsa, ilkibaşdan, paýhasly bolmak üçin pikiriňi üýtgedip, diňe özüň barada oýlanmaly däldigine düşünýär. Bir işi etmezinden öň, ol aýaly bilen maslahatlaşyp, onuň pikirini göz öňünde tutup, diňe şondan soň karara gelýär. Şeýle ýagdaýda eglişikli bolmak kömek edýär (Sül. tym. 13:10).

8, 9. a) Näme üçin nikada aç-açan gürrüňdeşlik wajyp? b)  Nähili ýagdaýda başarnykly bolmaly we näme üçin?

8 Käte medeniýeti dürli bolan iki adam durmuş gurýar. Şeýle ýagdaýda aç-açan gürrüňdeş bolmak örän wajyp. Dürli medeniýetli adamlaryň gürrüňdeşligi bir-birinden tapawutlanýar. Ýanýoldaşyň dogan-garyndaşlary bilen nähili gepleşýändigine syn etseň, ony gowy tanamaga saňa kömek eder. Käwagt adamyň näme diýýändigi däl-de, nädip diýendigi onuň ýüregindäkisini görkezýär. Köp zady sözsüz-de öwrenip bolýar (Sül. tym. 16:24; Kol. 4:6). Bagtly bolmak üçin düşgürlik zerur (Süleýmanyň tymsallary 24:3-i okaň).

9 Köp är-aýallar göwün açmak we dynç almak meselesinde başarnyklygy wajyp saýýarlar. Durmuş gurmazdan öň, mümkin, ýanýoldaşyň sport ýa-da başga güýmenje bilen meşgullanandyr. Indi käbir özgerişik etmelimi? (1 Tim. 4:8). Şu soragy dogan-garyndaşlaryňa wagt sarp etmeli bolanda hem bermeli. Elbetde, är-aýal Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge, gulluk etmäge we başga zatlary bilelikde etmäge wagt sarp etmeli (Mat. 6:33).

10. Ata-enäniň we durmuş guran çagalaryň arasynda gowy gatnaşygyň bolmagyna eglişik etmek nädip ýardam eder?

10 Erkek adam we aýal durmuş guranda, ata-enesini taşlar (Barlyk 2:24-i okaň). Emma şonda-da Hudaýyň ata-enäni sylamaly diýen tabşyrygyna durmuş guran maşgalalar hem gulak asmaly. Durmuş guranlaryndan soň hem, är-aýal ata-enesine we başga dogan-garyndaşlaryna wagt sarp ederler. Durmuş guranyna 25 ýyl bolan bir adam şeýle belläp geçýär: «Käte aýalyň, şol sanda onuň we öz ata-enäň hem-de başga dogan-garyndaşlaryň göwnünden turmak kyn bolýar. Men bu barada kän pikir etdim we maňa Barlyk 2:24-däki prinsip kömek etdi. Dogan-garyndaşlarymyň öňünde borçly bolsam-da, bu aýat maňa ilki bilen aýalym barada alada etmelidigimi aýdyň görkezdi». Şeýlelikde, eglişik edýän mesihçi ata-eneler durmuş guran çagalarynyň indi öz maşgalasy bolup, onda maşgalabaşynyň bardygyna we onuň jogapkärdigine düşünýärler.

11, 12. Är-aýala Mukaddes Ýazgylary bile öwrenmek we doga etmek näme üçin wajyp?

11 Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrenmek maşgalany agzybir edýär. Muny köp mesihçi maşgalalaryň mysalyndan görse bolýar. Şeýle maşgala okuwyny gurnamak we ony yzygiderli geçirmek aňsat bolmazlygy mümkin. Bir mesihçi şeýle diýýär: «Eger biz yzymyza dolanyp, bir zady üýtgedip bilsedik, onda durmuş guran badymyza maşgala okuwyny yzygiderli geçirmek üçin ýapyşardyk». Ol sözüni dowam edýär: «Mukaddes Ýazgylary öwrenip, gyzykly pikiri tapanymyzda, aýalymyň begenýändigini görmek meniň üçin uly bagt».

12 Şeýle-de bile doga etmek wajyp (Rim. 12:12). Är-aýal Ýehowa sežde etse, Onuň bilen ýakyn gatnaşygy olaryň nikasyny berkider (Ýakup 4:8). Bir mesihçi şeýle düşündirýär: «Bir-birimiziň göwnümize degende, derrew ötünç soraýarys we bu barada Ýehowa dogada aýdýarys. Şeýdip biz hatda ujypsyz zat üçin göwne degilende, ýürekden ökünýändigimizi görkezýäris» (Efes. 6:18).

Bir-biriňize eglişik ediň

13. Pawlus är-aýala jynsy gatnaşyk barada nähili maslahat berdi?

13 Durmuş guran mesihçiler maşgala gatnaşygyny bozýan, ýagny jyns ahlaksyzlygyna akylyny aldyran dünýä mahsus bolan işlerden gaça durmaly. Bu barada Pawlus şeýle maslahat berýär: «Är aýalyna, şeýle hem aýal ärine mähribanlyk borjuny berjaý etsin. Aýalyň öz tenine ygtyýary ýokdur, bu ygtyýar äriňkidir we şonuň ýaly, äriň-de öz tenine ygtyýary ýokdur, bu ygtyýar aýalyňkydyr». Soňra Pawlus aýdyň görkezme berýär: «Ylalaşyga görä, wagtlaýynça bolmasa, biri-biriňizi är-aýallyk hakyndan mahrum etmäň». Näme üçin? «Diňe oraza we doga bilen meşgul bolar ýaly,.. wagtlaýyn aýrylsaňyz-da, şeýtan nebsiňize buýurma babatda sizi synaga salmaz ýaly, ýene-de birleşiň» (1 Kor. 7:3—5). Doga barada aýtmak bilen Pawlus mesihçilere nämäniň wajypdygyny görkezdi. Emma durmuş guran mesihçi ýanýoldaşynyň beden we duýgy zerurlyklaryny kalby bilen duýmaly.

14. Ýazgylardaky prinsipler jyns gatnyşyk meselesinde nädip kömek edýär?

14 Är-aýal jynsy gatnaşyk meselesinde duýgur bolmasalar kynçylyga eltjekdigine düşünip, bu meselede duýgularyny biri-birine aç-açan aýtmaly (Filipililer 2:3, 4-nji aýatlary okaň; Matta 7:12-ni deňeşdiriň). Şeýle kynçylyk bir dine uýmaýan käbir maşgalalarda bolýar. Hatda är-aýalyň islegi bir-birinden tapawutlansa-da, mesihçi köplenç özüni gowy alyp baryp, ýagşylyk we eglişik edip ýagdaýy gowulandyryp biler (1 Petrus 3:1, 2-nji aýatlary okaň). Ýehowa we ýanýoldaşyňa bolan söýgi hem-de eglişik etmeklik bu meselede ylalaşmaga kömek eder.

15. Bagtly nikada hormat goýmagyň näme ähmiýeti bar?

15 Ýagşy är başga ýagdaýlarda-da aýaly bilen özüni sylaşykly alyp barar. Meselem, ol hatda ujypsyz zatda-da, aýalynyň duýgusyny göz öňünde tutýar. Durmuş guranyna 47 ýyl bolan bir mesihçi munuň bilen ylalaşyp şeýle diýýär: «Men bu babatda şu wagta çenli öwrenýärin». Mesihçi aýallara ärine çuňňur hormat goýmak maslahat berilýär (Efes. 5:33). Aýal äriniň kemçiliklerini başgalaryň ýanynda aýtmak bilen oňa hormat goýmaýandygyny görkezýär. Süleýmanyň tymsallary 14:1-de: «Akyldar aýal öýüni dikýändir, akmak aýal bolsa öz eli bilen sökýändir» diýip, bize ýatladylýar.

Iblise eglişik etmäň

16. Är-aýal Efesliler 4:26, 27-nji aýatdaky maslahaty nädip ulanyp biler?

16 «Gaharlanyň, ýöne günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn. Iblise ýol bermäň» (Efes. 4:26, 27). Şu maslahat diňe är-aýalyň arasyndaky agzalalygy çözmäge däl, eýsem, ondan gaça durmaga kömek eder. Bir uýa şeýle ýatlaýar: «Agzalalyk bolanda, ony çözmäge köp wagt sarp edilmeli bolsa-da, ony çözmän goýanymyz ýadyma düşmeýär». Olar durmuş gurandan başlap, agzalalyk dörese şol günüň özünde çözmegi karara geldiler. «Nähili kynçylyk bolsa-da, geçirimlilik edip, ony ýatdan çykaryp, täze güni ruhubelentlik bilen başlamagy maksat edindik». Şeýdip, olar «Iblise ýol bermeýärler».

17. Är-aýalyň bir-birinden tamasy çykmaýan ýaly bolsa-da, nikany nädip berkidip biler?

17 Eger ýanýoldaşyňdan tamaň çykmasa näme? Mümkin, sen özüňi başga adamlar ýaly nikada bagtly duýýan dälsiň. Saňa näme kömek edip biler? Ýaradyjynyň nika bolan garaýşyny unutmasaň, bu saňa kömek eder. Pawlus Hudaýyň ylhamy bilen şeýle maslahat berdi: «Hemmeler nika hormat goýsun, düşek günä bilen hapalanmasyn. Çünki Hudaý ahlaksyzlary, zynahorlygy höküm eder» (Ýew. 13:4). Wagyzçy 4:12-däki: «Üç örüm bilen baglanan ýüp aňsatlyk bilen üzülmez» diýen sözleri-de ýatdan çykarma. Eger är-aýal üçin Hudaýyň adyny şöhratlandyrmak esasy orunda dursa, onda olar öz arasynda we Ýehowa bilen has ýakynlaşarlar. Är-aýal nikasyny bagtly etjek bolsalar, uly tagalla etmeli we nikany Döreden Ýehowa hormat goýýandygyny ýatda saklamaly (1 Pet. 3:11).

18. Näme üçin nikada bagtly bolup bolýar?

18 Nikada bagtly bolup bolýar, ýöne munuň üçin tagalla etmeli. Şeýle-de mesihi häsiýetleri bildirmeli, bu häsiýetleriň biri eglişik etmek. Bütin dünýädäki Ýehowanyň Güwäçileriniň ýygnaklaryndaky müňlerçe är-aýallaryň mysalyndan bagtly nikanyň ýöne bir arzuw däldigi görünýär.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Näme üçin nikada bagtly bolup bolýar?

• Nikany nädip bagtly edip bolýar?

• Är-aýal nähili häsiýetleri ösdürmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş