Nikaňyz «üç örümli ýüp» ýaly bolsun
«Üç örümli ýüp çalt üzülmez» (WAG. 4:12).
1. Ilkinji är-aýaly kim birikdirdi?
ÝEHOWA HUDAÝ ösümlik we haýwanat dünýäsini ýaradandan soň, ilkinji ynsany, Adam atany ýaratdy. Soňra Hudaý Adam atany agyr uka gidirýär we onuň bir gapyrgasyny alyp, oňa kämil kömekçi ýasaýar. Adam ata ony görende, şükür edip şeýle diýýär: «Indi, bu meniň süňklerimden süňk we etlerimden etdir» (Bar. 1:27; 2:18, 21—23). Ýehowa merhemetini görkezip, Adam ata bilen Howa enäni är-aýal edip birikdirýär we olara ak pata berýär (Bar. 1:28; 2:24).
2. Şeýtan Adam ata bilen Howa enäni biri-birinden nädip daşlaşdyrdy?
2 Gynansak-da, biraz wagtdan Hudaýyň döreden nikasy synaga sezewar bolýar. Nädip? Şeýtan diýip atlandyrylan erbet perişde Howa enäni aldap, oňa gadagan edilen agajyň miwesinden iýdirýär. Soňra Adam ata aýalynyň Hudaýyň dogry kadalaryna we gowy görkezmesine garşy turzan pitnesine goşulýar (Bar. 3:1—7). Ýehowa olardan näme edendigi barada soranda, Adam ata hemme zatda aýalyny günäkärläp, şeýle diýýär: «Meniň ýanyma beren aýalyň ol agaçdan maňa berdi, men-de iýdim» (Bar. 3:11—13). Görşümiz ýaly, olaryň gatnaşygy bozuldy.
3. Käbir ýehudylar nika nähili garaýardylar?
3 Şeýtan asyrlar boýy dürli hileleri ulanyp, maşgalalarda agzalalyk döredýär. Meselem, ol käte dini ýolbaşçylar arkaly nika babatda Ýazgylara esaslanmadyk garaýşy öňe sürýär. Käbir ýehudy ýolbaşçylary Hudaýyň kadalaryny äsgermezçilik edip, hatda nahary şor etmek ýaly, ujypsyz zat üçinem ärlere aýalyndan aýrylyşmaga ýol berýärdiler. Emma Isa şeýle diýdi: «Kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen goýberip-de, başga aýala öýlense, zyna edýändir; ärinden aýrylan aýala öýlenen zyna edýändir» (Mat. 19:9).
4. Şu günler nika nähili synaglara sezewar bolýar?
4 Şeýtan maşgalada agzalalyk döretmegini dowam edýär. Onuň bu meselede üstünlik gazanýandygyny gomoseksual nikalar, nikasyz ýaşamaklyk we ýönekeý zat üçin aýrylyşmaklyk subut edýär (Ýewreýler 13:4-i okaň). Biz, mesihçiler hökmünde giňden ýaýran nika bolan ýoýulan garaýşyň täsirinden nädip gaça durup bileris? Geliň, nikany bagtly edýän käbir aýratynlyklara seredeliň.
Nikaňyzda Ýehowa bolsun
5. Nikada «üç örüm» diýen jümle näme aňladýar?
5 Nika bagtly bolar ýaly Ýehowa bilen ýakyn gatnaşyk saklamaly. Onuň Sözünde şeýle diýilýär: «Üç örümli ýüp çalt üzülmez» (Wag. 4:12). «Üç örüm» göçme manyly jümle. Bu jümle nikada ulanylanda, är-aýal, ýagny ilkinji iki örüm üçünji — esasy örüm bolan Ýehowa Hudaý bilen örülýär. Hudaý bilen birleşen nika är-aýala ruhy taýdan berk bolup, kynçylyklara döz gelmäge we maşgalany bagtly etmäge kömek edýär.
6, 7. a) Ýehowa nikada üçünji ýüp bolar ýaly näme etmeli? b) Bir uýa ýanýoldaşynyň nähili häsiýetlerini gymmat saýýar?
6 Är-aýal nikada üç örüm bolar ýaly näme edip biler? Mezmurçy Dawut şeýle nagma aýtdy: «Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym; kanunyň ýüregimiň içindedir» (Zeb. 40:8). Şeýle-de biziň Hudaýa bolan söýgimiz oňa bütin ýüregimiz bilen gulluk etmäge höweslendirýär. Şonuň üçin är hem, aýal hem Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygyny ösdürmeli we onuň islegini höwes bilen ýerine ýetirmeli. Mundan başga-da, olar Hudaýa bolan söýgüsini artdyrar ýaly, biri-birine kömek etmeli (Sül. tym. 27:17).
7 Eger Hudaýyň kanuny, dogrudan-da, biziň ýüregimizde bolsa, iman, umyt we söýgi ýaly häsiýetleri bildireris, bu bolsa nikany berkitmäge kömek eder (1 Kor. 13:13). Durmuş guranyna 50 ýyl bolan Sandra atly mesihçi uýa şeýle diýýär: «Men ýanýoldaşymyň Mukaddes Ýazgylara esaslanan görkezmesini, maslahatyny hem-de mendenem Ýehowany güýçli söýýändigini gymmat saýýaryn». Ärler, siz barada-da şeýle diýse bolarmy?
8. Nikada «gowy sylag» alar ýaly näme etmeli?
8 Är-aýal hökmünde siz durmuşyňyzda ruhy zatlary birinji orunda goýýarmysyňyz? Şeýle-de siz äriňizi ýa-da aýalyňyzy Ýehowa gullukda ýoldaş hasaplaýarmysyňyz? (Bar. 2:24). Paýhasly Süleýman patyşa şeýle ýazdy: «Ýeke bolanyňdan iki bolanyň gowy, çünki olaryň işde gowy sylagy bardyr» (Wag. 4:9). Görşümiz ýaly, är-aýal «gowy sylag», ýagny Hudaýyň söýýän we agzybir nikasy hökmünde bereketini alar ýaly işdeş bolmak üçin elinden gelenini etmeli.
9. a) Äriň nähili jogapkärçiligi bar? b) Koloseliler 3:19-a görä, är aýalyna nähili garamaly?
9 Nikada Hudaý bolar ýaly, är-aýalyň ikisi-de Onuň tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge jan etmeli. Esasanam, är maşgalasynyň maddy we ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmaly (1 Tim. 5:8). Şeýle-de ol aýalynyň duýgy zerurlyklaryna ünsli bolmaly. Koloseliler 3:19-da şeýle okaýarys: «Eý ärler, aýalyňyzy söýüň, olara ýowuz bolmaň». Bir alym «ýowuz» sözüni «dürli ajy sözler ýa-da urmak we söýmekden, alada ýa üpjün etmekden, goramakdan hem-de kömek etmekden boýun gaçyrmak» diýip düşündirýär. Elbetde, şeýle zatlar mesihçi maşgalada bolmaly däl. Eger är maşgalabaşy borjuny söýgi bilen berjaý etse, onda aýalyna oňa tabyn bolmak aňsat bolar.
10. Mesihçi aýal nähili garaýşy bilen tapawutlanmaly?
10 Maşgalasynda Ýehowany üçünji ýüp etmek isleýän aýal hem Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmeli. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Eý aýallar, Rebbe tabyn bolýan ýaly, äriňize tabyn boluň. Çünki Mesihiň... imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, erkek hem aýalyň başydyr» (Efes. 5:22, 23). Şeýtan Howa enäni Hudaýa garaşsyz bolmaklyk hakyky bagta getirer diýip aldady. Dogrudan-da, şu günler köp nikalarda özbaşdaklyk ruhy bar. Emma mesihçi aýallar söýgüli maşgalabaşa tabyn bolmaklyk mertebäňi peseldýär diýip hasaplamaýarlar. Ol Ýehowanyň Howa enäni ärine «kömekçi» hökmünde ýaradandygyny unutmaýar, çünki bu Hudaýyň garaýşynda hormatly hasaplanýar (Bar. 2:18). Hudaý tarapyn bellenilen tertibi kabul edýän mesihçi aýal, hakykatdan-da, «äriniň täjidir» (Sül. tym. 12:4).
11. Bir doganyň aýtmagyna görä, nikany näme berkidýär?
11 Şeýle-de nikada Hudaý üçünji ýüp bolar ýaly, är-aýal Onuň Sözüni bile öwrenmeli. Durmuş gurup, 55 ýyl bagtly nikada ýaşaýan Jerald şeýle diýýär: «Mukaddes Ýazgylary bile okap, öwrenmek, bagtly maşgalanyň açarydyr. Bir zady, ylaýta-da, ruhy zatlary bile etmek, är-aýaly biri-birine hem-de Ýehowa ýakynlaşdyrýar». Mukaddes Ýazgylary bile öwrenmeklik maşgala Ýehowanyň kadalaryny ýatda saklamaga, onuň bilen gatnaşygyny berkitmäge we ruhy taýdan ösmäge kömek edýär.
12, 13. a) Näme üçin är-aýal bile doga etmeli? b) Nikany ýene näme berkidýär?
12 Şeýle-de nika bagtly bolar ýaly, är-aýal bile doga etmeli. Kyn ýagdaýlarda är «ýüregini Oňa dökse», bu nikany hökman berkider (Zeb. 62:8). Meselem, islendik düşünişmezlik bolanda, är aýaly bilen bile görkezme üçin Gudraty güýçlä ýalbarsa nähili gowy bolardy! (Mat. 6:14, 15). Är-aýal dogalaryna görä hereket etmek üçin, biri-birine kömek etmeli hem-de «biri-birine sabyr-takatly bolup... birek-biregi bagyşlamaly» (Kol. 3:13). Ýehowa doga etmek bilen biz oňa bil baglaýandygymyzy görkezýäris. Dawut patyşa şeýle diýdi: «Hemmäniň gözleri Saňa garaşýar» (Zeb. 145:15). Gam-gussamyzy umyt bilen Hudaýyň üstüne atsak, bize aňsat bolar, çünki ol biziň aladamyzy edýär (1 Pet. 5:7).
13 Bagtly maşgalanyň ýene bir açary — är-aýal ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp, bile wagyz etmeli. Ýygnak duşuşyklarynda är-aýal maşgala gatnaşyklaryna zyýan ýetirýän Şeýtanyň «hilelerine» garşy durmagy öwrenýärler (Efes. 6:11). Eger är-aýal bile yzygiderli wagyz etseler, bu olara imanda «berk, durnukly bolmaga» kömek edýär (1 Kor. 15:58).
Kynçylyk dörände
14. Näme sebäpli nikada kynçylyk döräp biler?
14 Elbetde, ýokarda agzalan maslahatlar täze däl, ýöne muny ýanýoldaşyňyz bilen aç-açan ara alyp maslahatlaşsaňyz gowy bolmazmy? Nikadaky gatnaşygyňyzyň haýsy taraplaryna köpräk üns bermelidigine düşünjek boluň. Mukaddes Ýazgylarda hatda Hudaýa ýaranmak isleýänleriň hem nikada «muşakgaty bolar» diýilýär (1 Kor. 7:28). Bikämillik, hudaýsyz dünýäniň erbet täsiri we Iblisiň hileleri sebäpli, hatda mesihçileriň maşgalasyna-da kyn bolup biler (2 Kor. 2:11). Emma Ýehowa ähli kynçylyklara hötde gelmäge kömek edýär. Onuň size-de kömek etjekdigine ynanyp bilersiňiz. Wepaly Eýýup mal-mülküni, hyzmatkärlerini hatda çagalaryny ýitirdi, ýöne Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Eýýup şeýle ýagdaýda-da günä etmedi, Hudaýy-da hiç zatda aýyplamady» (Eýýup 1:13—22).
15. Adam «agyr ýagdaýda» nähili hereket etmegi mümkin we göwne degiji sözlere nähili garamaly?
15 Şeýle kyn ýagdaýda, Eýýubyň aýaly özüni başgaça alyp bardy. Ol şeýle diýdi: «Sen henizem Hudaýa wepalylygyňy berk saklaýarmyň? Hudaýa nälet et-de, öl!» (Eýýup 2:9). Adam agyr ýagdaýda, güýçli alada edende, oýlanman hereket etmegi mümkin. Bir akyldar şeýle diýdi: «Agyr ýagdaý paýhasly adamy-da akylsyz hereket etmäge mejbur edip biler» (Wag. 7:7). Eger ýanýoldaşyňyz göwne degiji sözleri aýtsa, rahatlygy saklajak boluň. Gaharly jogap berseňiz, ýagdaý öňküden-de erbetleşer (Zebur 37:8-i okaň). Güýçli aladadan ýa-da lapykeçlikden ýaňa aýdylan «gazaply sözleri» göwnüňize almaň (Eýýup 6:3).
16. a) Isanyň Matta 7:1—5-nji aýatlardaky sözlerini nikada nädip ulanmaly? b) Nikada paýhasly bolmak näme üçin wajyp?
16 Är-aýal biri-birinden köp zada garaşmaly däl. Ýanýoldaşyňyzyň käbir endikleri ýa-da häsiýetleri siziň gaharyňyzy getirip biler we ony üýtgederin diýip, pikir edýänsiňiz. Siz söýgiňiz we sabyr-takadyňyz bilen ýanýoldaşyňyzyň özgermegine kömek edip bilersiňiz. Emma Isanyň ujypsyz kemçilige üns berýän adamy doganynyň gözündäki «çöpi» görüp, öz gözündäki «agajy saýgarmaýan» adam bilen deňeşdirendigini unutmaň. Ol şeýle maslahat berdi: «Üstüňizden höküm çykarylmaz ýaly, başgalaryň üstünden höküm çykarmaň» (Matta 7:1—5-nji aýatlary okaň). Emma bu uly kemçilige üns bermeli däldigini aňlatmaýar. Durmuş guranyna takmynan 40 ýyl bolan Robert şeýle diýýär: «Biri-biriňiz bilen aç-açan, akýürekli bolup, ýerlikli käýinji kabul etmäge taýyn bolsaňyz, är-aýala durmuşynda özgeriş etmäge kömek eder». Muňa garamazdan, paýhasly bolmaly. Ýanýoldaşyňyzyň käbir häsiýetleri üçin gaýgylanman, eýsem onuň häzirki gowy häsiýetleriniň gadyryny bilmegi öwreniň (Wag. 9:9).
17, 18. Agyr ýagdaýa duşanda, biz nireden kömek alyp bileris?
17 Durmuşda özgerişiklik ýüze çykanda, synag bolup biler. Çagalar sebäpli kynçylyk döremegi mümkin. Maşgala agzalaryň biri agyr keselläp biler. Gartaşan ata-ene barada alada etmeli bolar. Çagalar ulalyp, uzak ýerlere göçmekleri mümkin. Teokratik borçlar we jogapkärçilikler sebäpli özgerişiklik bolup biler. Bu özgerişiklikleriň ählisi är-aýalyň arasynda dartgynly gatnaşyga eltmegi mümkin.
18 Eger nikaňyzda şeýle ýagdaý zerarly çydamaga mydar galmasa we nikaňyz bozuljak bolsa, siz näme edip bilersiňiz? (Sül. tym. 24:10). Ruhdan düşmäň! Şeýtan Hudaýyň gullukçylarynyň hakyky seždäni taşlamagyny isleýär. Eger är-aýalyň ikisi-de Hudaýa gulluk etmegini bes etse, ol özüni bagtly duýýar. Şol sebäpli nikaňyz üç örüm bolmagy üçin eliňizden gelenini ediň. Mukaddes Ýazgylarda agyr synaglara garamazdan, wepaly galan ençeme gullukçylaryň mysallary bar. Bir sapar Dawut içini döküp, Ýehowa şeýle diýdi: «Eý Hudaý, maňa şepagat et, çünki ynsan meni yzarlaýar,.. uruşparaz meni gysýar» (Zeb. 56:1). Siz özüňizi «ynsan» gysan ýaly duýupmydyňyz? Eger sizi kimdir biri ýa-da ýakynlaryňyzdan biri gysýan bolsa, ýadyňyzda bolsun: Dawut çydan bolsa, siz hem çydap bilersiňiz. Ol şeýle diýdi: «Men Rebbi agtardym, Ol maňa jogap berdi, meni ähli howplardan halas etdi» (Zeb. 34:4).
Ýehowa mundan beýläk hem nikaňyza ak pata bersin
19. Şeýtanyň hüjümi zyýan ýetirmez ýaly näme edip bileris?
19 Şu soňky günlerde är-aýala «biri-birini ruhlandyryp, biri-birini abatlamak» wajyp (1 Sel. 5:11). Şeýtanyň adamlar Ýehowa öz peýdasy üçin gulluk edýär diýýändigini unutmaň. Ol bizi Hudaýdan daşlaşdyrmak üçin elinden gelenini gaýgyrmaýar. Şol sebäpli ol biziň nikamyzy bozjak bolýar. Şeýtanyň hüjümi bize zyýan ýetirmez ýaly, Ýehowa doly bil baglamaly (Sül. tym. 3:5, 6). Pawlus şeýle ýazdy: «Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn» (Flp. 4:13).
20. Hudaý nikamyzda üçünji ýüp bolsa nähili bereketler alarys?
20 Hudaý nikamyzda üçünji ýüp bolsa, biz bol bereketleri alarys. Muny 51 ýyl är-aýal bolup ýaşaýan Joel bilen aýalynyň durmuşy subut edýär. Joel şeýle gürrüň berýär: «Men aýalym üçin we onuň bilen dostlukly gatnaşygym üçin hemişe Ýehowa minnetdarlyk bildirýärin. Ol ajaýyp dost». Olar şeýle mähirli gatnaşyklary nädip saklap bildiler? Joel şeýle diýýär: «Biz elmydama biri-birimize ýagşylyk, sabyr-takat we söýgi bildirmäge çalyşýarys». Elbetde, şu zalym dünýäde biziň hiç birimiz bu häsiýetleri kämillik derejede bildirip bilmeris. Emma, geliň, Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri ulanmaga çalşyp, nikamyzyň diňe Ýehowa bilen bagtly boljakdygyny unutmalyň. Şonda biziň nikamyz «üç örümli ýüp [ýaly bolup] çalt üzülmez» (Wag. 4:12).
Ýadyňyzdamy?
• Nikada Ýehowanyň üçünji ýüp bolmagy nämäni aňladýar?
• Kynçylyklar ýüze çykanda özüňi nähili alyp barmaly?
• Ýehowa nikada üçünji ýüp bolar ýaly näme etmeli?