Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/9 sah. 7—11
  • Ýehowa şu günler nädip halas edýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa şu günler nädip halas edýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Duşmanlaryndan halas edildiler
  • Ýehowa fiziki zyýandan goraýarmy?
  • Ýehowa bizi ruhy taýdan goraýar
  • Hassalykda goldady
  • Mätäç wagty taşlamady
  • Ýehowa gadymy döwürde nädip «halas» etdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Ýehowa — Halasgärimiz hem Goraýjymyz
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sen Ýehowa üçin gymmatly!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Ýehowa hemişe bil baglaň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/9 sah. 7—11

Ýehowa şu günler nädip halas edýär

«Reb olara kömek eder, olary halas eder» (ZEB. 37:40).

1, 2. Nämä düşünýänligimiz, bize teselli we güýç berýär?

KÖLEGE bir ýerde durmaýar. Günüň şöhlesi düşende, Ýeriň aýlanýandygy üçin zatlaryň kölegesi süýşýär we şekilini üýtgedýär. Ýeriň we Günüň Ýaradyjysy bolsa hiç haçan üýtgemeýär (Mal. 3:6). Mukaddes Ýazgylarda ol barada: «Onda ne üýtgeme, ne-de çalşyk kölegesi bardyr» diýilýär (Ýakup 1:17). Muňa düşünýänligimiz, bize, esasanam, kynçylyklara we synaglara duşanymyzda teselli hem-de güýç berýär. Nädip?

2 Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Ýehowa geçmişde gullukçylaryny «halas» edýärdi (Zeb. 70:5). Şondan bäri Ýehowa üýtgemedi we ol sözüni hemişe ýerine ýetirýär. Şol sebäpli onuň häzirki gullukçylary-da Hudaýyň «kömek [we]... halas etjekdigine» doly ynanyp bilerler (Zeb. 37:40). Ýehowa şu günler nädip halas edýär? Ol biziň her birimize nädip kömek edip biler?

Duşmanlaryndan halas edildiler

3. Biz näme üçin duşmanlaryň wagyz işini togtadyp bilmejegine ynanyp bileris?

3 Şeýtan nähili garşylyk görkezse-de, Ýehowanyň Güwäçileri öz Hudaýyna wepalylygyny elmydama saklarlar. Hudaýyň Sözi bizi şeýle ynandyrýar: «Saňa garşy edilen hiç bir ýarag üstün çykmaz, kazyýetde saňa garşy çykan dili sen ýalana çykararsyň» (Iş. 54:17). Duşmanlar wagyz işini ençeme gezek togtatjak boldular, ýöne bu olara başartmady. Geliň, iki mysala seredeliň.

4, 5. 1918-nji ýylda Ýehowanyň halky nähili synaga duş geldi we netijede näme boldy?

4 1918-nji ýylda Ýehowanyň halky ruhanylar synpy tarapyndan güýçli yzarlamalara sezewar boldy. 7-nji maýda ABŞ-nyň federal häkimiýeti bütin dünýäde wagyz işine ýolbaşçylyk edýän J. F. Ruterfordy we başga-da birnäçe jogapkär doganlary tussag etdiler. Iki aýdan doganymyz Ruterfordy we onuň ýoldaşlaryny hökümete garşy dildüwşükde adalatsyz höküm çykaryp, uzak wagtlaýyn azatlykdan mahrum edýärler. Emma duşmanlar Hudaýyň halkyny dymmaga mejbur edip bildilermi? Elbetde, edip bilmediler!

5 Ýehowanyň: «Saňa garşy edilen hiç bir ýarag üstün çykmaz» diýen wadasyny ýada salalyň. Duýdansyz garaşylmadyk waka ýüze çykýar. 1919-njy ýylyň 26-njy martynda höküm çykarylyp, dokuz aý geçenden soň, pul girewini goýup, doganlarymyzy türmeden boşadýarlar. Indiki ýyl, ýagny 1920-nji ýylyň 5-nji maýynda olary günäsinden doly aklaýarlar. Doganlar azatlyga çykansoň derrew wagyz işine başladylar. Olaryň eden tagallalary netijesiz bolmady. Şondan bäri bütin dünýäde wagyz işi görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi! Munuň üçin ähli şan-şöhrata Halasgärimiz mynasyp (1 Kor. 3:7).

6, 7. a) Nasizm Germaniýasynda Ýehowanyň Güwäçileri nämä duş geldiler? b) Ýehowanyň halkynyň häzirki taryhy bizi nämä ynandyrýar?

6 Indi başga bir mysala seredeliň. 1934-nji ýylda Gitler Ýehowanyň Güwäçilerini Germaniýada düýbünden ýok etjekdigini söz berýär. Bu boş wada däldi. Şondan soň köp adamlary tussag edip, azatlykdan mahrum etdiler. Müňlerçe Güwäçiler yzarlandylar, ýüzlerçesi konsentrasion lagerlerde öldürildi. Gitlere Güwäçileri ýok etmek başartdymy? Ol Germaniýada wagyz işini bütinleý togtadyp bildimi? Ýok, togtadyp bilmedi! Yzarlama döwründe doganlarymyz wagyz işini gizlin alyp bardylar. Nasizm režimi gutarandan soň, olar öz azatlygyny wagyz etmek üçin ulandylar. Häzir Germaniýada 165 000-den gowrak Patyşalygyň wagyzçylary bar. Görşümiz ýaly, Halasgärimiz: «Saňa garşy edilen hiç bir ýarag üstün çykmaz» diýen wadasyny ýene-de ýerine ýetirdi.

7 Ýehowanyň Güwäçileriniň häzirki taryhy Hudaýyň halkyny topar hökmünde ýok edilmegine hiç haçan ýol bermejekdigini tassyklaýar (Zeb. 116:15). Biziň her birimiz barada näme diýse bolar? Ýehowa seniň üçin nädip Halasgär bolup biler?

Ýehowa fiziki zyýandan goraýarmy?

8, 9. a) Näme üçin biz Ýehowa hemişe fiziki zyýandan gorar diýip tama edip bilmeýäris? b) Nämäni ýatdan çykarmaly däl?

8 Bilşimiz ýaly, Ýehowa her bir gullukçysyny hemişe fiziki zyýandan gorajagyny wada bermedi. Biz Nebukadnezar patyşanyň altyndan ýasan butuna tagzym etmekden boýun gaçyran üç wepaly ýehudynyň garaýşyny görkezýäris. Hudaýdan gorkýan bu ýaş ýigitler Ýehowanyň gudrat bilen halas etjegine bil baglamadylar (Daniýel 3:17, 18-nji aýatlary okaň)a. Muňa garamazdan, Ýehowa olary otly küreden halas etdi (Dan. 3:21—27). Emma gadym döwürlerde-de Ýehowanyň şeýle gudratlary seýrek görkezendigini ýatdan çykarmaly däl. Onuň wepaly gullukçylarynyň köpüsi duşmanlaryň elinden öldürildi (Ýew. 11:35—37).

9 Eýsem, şu günler barada näme diýse bolar? Elbetde, Ýehowa Halasgär hökmünde howply ýagdaýlarda halas edip bilýär. Ýöne biz haýsy-da bolsa bir ýagdaýda Hudaý halas etdi ýa-da halas etmedi diýip, ynamly aýdyp bilerismi? Ýok. Emma betbagtçylykdan gaçmaga ýa-da howply ýagdaýdan gutulmaga, Ýehowa kömek etdi diýip hasaplaýan adamlar az däl. Şeýle adamlary pikirinden dändirmek nädogry bolardy. Muňa garamazdan, biz wepaly mesihçileriň köpüsiniň duşmanlar tarapyndan, meselem, nasizm režimi döwründe wepat bolandygyny ýatdan çykarmaly däl. Başgalar bolsa betbagtçylyga uçrap heläk boldular (Wag. 9:11). Bizde şeýle sorag döremegi mümkin: «Ölen wepaly gullukçylaryny Ýehowa halas edip bilmedimi?» Ýok, bu beýle däl.

10, 11. Näme üçin ynsan ölümiň öňüni alyp bilmeýär, ýöne Ýehowa näme edip biler?

10 Şu barada oýlanalyň: Ynsan ölümiň öňüni alyp bilmeýär: hiç kim «ölüler diýaryndan janyny halas edip», ýagny umumy mazarçylyk bolan «hadesden» gutaryp bilmeýär (Zeb. 89:48). Emma Ýehowa barada näme diýse bolar? Bir uýa nasizm režimindäki elhençlikleri ýatlap, şeýle gürrüň berýär. Ol konsentrasion lagerinde ölen doganlar barada gam-gussa çekende, onuň Güwäçi ejesi teselli berip şeýle diýdi: «Eger ölüm adamlary öz gulçulygynda ebedi saklaýan bolsa, onda ol Hudaýdan hem güýçli bolmazmydy näme?» Her zada güýji ýetýän Ýaşaýşyň gözbaşy Ýehowa ölümden güýçlüdir! (Zeb. 36:9). Şeoldakylaryň ýa-da hadesdäkileriň ählisi Ýehowanyň ýadynda we ol öz wagtynda olary ölümden halas eder (Luka 20:37, 38; Ylh. 20:11—14).

11 Emma Ýehowa şu günlerem wepaly gullukçylarynyň aladasyny edýär. Geliň, Ýehowanyň bizi nädip goraýandygyna seredeliň.

Ýehowa bizi ruhy taýdan goraýar

12, 13. Näme üçin ruhy taýdan gorag örän wajyp we ony Ýehowa bize nädip berýär?

12 Ýehowa bizi ruhy taýdan goraýar, bu hemme zatdan wajyp. Mesihçiler hökmünde, biz ýaşaýşymyzdan hem Ýehowa bilen gatnaşygymyzyň gymmatlydygyna düşünýäris (Zeb. 25:14; 63:3). Ýehowa bilen dostlugymyz bolmasa, durmuşymyz manysyz bolardy, gelejege-de hiç hili umydymyz bolmazdy.

13 Bagtymyza, Ýehowa bize onuň bilen ýakyn gatnaşygymyzy saklar ýaly ähli zerur kömegi berýär. Munuň üçin bize onuň Sözi, mukaddes ruhy we bütindünýä ýygnagy kömek edýär. Biz bu zatlardan nädip doly peýdalanyp bileris? Onuň Sözüni yzygiderli we yhlas bilen öwrenip, imanymyzy hem-de umydymyzy berkideris (Rim. 15:4). Mukaddes ruh barada ýürekden doga etsek, onuň bilen dostlukly gatnaşygymyza erbet täsir etjek zatlardan gaça durmaga kömek eder (Luka 11:13). Sadyk hyzmatkäriň Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary, ýygnak duşuşyklary we kongresler arkaly berýän görkezmesine gulak asmak bilen «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny» alýarys (Mat. 24:45). Şeýle zatlar bizi ruhy taýdan goraýar we Hudaý bilen ýakyn gatnaşyk saklamaga kömek edýär (Ýakup 4:8).

14. Ýehowanyň ruhy taýdan goraýandygy barada mysal getiriň.

14 Geçen makalanyň başynda agzalan ata-enäniň mysalyndan Ýehowanyň ruhy taýdan goraýandygy görünýär. Gyzy Terezanyň ýitendigine birnäçe gün geçensoň, olar onuň öldürilendigi barada şum habar eşidýärlerb. Terezanyň kakasy şeýle ýatlaýar: «Men Ýehowa gyzymy gora diýip doga etdim. Onuň öldürilendigini eşidende, ilkibaşda, dogama näme üçin jogap berilmändigine men geň galdym. Elbetde, men Ýehowanyň öz gullukçylarynyň her birini gudrat bilen goramaýandygyny bilýärdim. Men muňa düşünmek üçin ýene-de doga etdim. Ýehowanyň öz halkyny ruhy taýdan goraýandygyna, ýagny onuň bilen dostlugymyzy saklamak üçin gerekli goragy berýändigine düşünenimde teselli tapdym. Şeýle gorag örän wajyp, çünki ol biziň ebedi gelejegimize täsir edip biler. Şonuň ýaly-da Ýehowa Terezany gorady, çünki ol tä ölýänçä oňa wepaly gulluk etdi. Onuň geljekki durmuşy söýýän Hudaýyň elindedigini bilmeklik meniň kalbyma rahatlyk berýär».

Hassalykda goldady

15. Ýehowa agyr kesellilere nädip kömek edýär?

15 Ýehowa Dawudy goraýşy ýaly, bizi-de «hassalyk düşeginde» goldap biler (Zeb. 41:3). Ýehowa şu günler bizi gudrat bilen sagaltmasa-da, ol bize kömek edýär. Nädip? Ýehowa bize öz Sözündäki prinsipler arkaly bejergi we beýleki meseleler barada paýhasly karara gelmäge ýardam edýär (Sül. tym. 2:6). Şeýle-de biz «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryndaky makalalardan kesel bilen baglanyşykly maslahatlary we peýdaly maglumatlary tapyp bileris. Ýehowa mukaddes ruhy arkaly bizi berkidip bilýär we keselimize döz geler ýaly «iň üstün gudrat» berip, her hili ýagdaý bolsa-da, oňa wepaly galmaga kömek eder (2 Kor. 4:7). Şeýle goldaw bize çendenaşa keselimize üns bermän, Ýehowa bilen gatnaşygymyzy berkitmäge kömek eder.

16. Bir doganymyz nädip keseline döz gelmegi öwrendi?

16 Geçen makalanyň başynda agzalan ýaş dogan bilen bolan waka seredeliň. 1998-nji ýylda oňa amiotrofik gapdal sklerozy (AGS) diýen diagnozy goýýarlar we ol iň soňy tutuşlaýyn ysmaz bolýarc. Ol keseline hötde gelmegi nädip öwrendi? Ol şeýle diýýär: «Kämahal agyrynyň güýjemesi we lapykeçlik sebäpli meniň ölesim gelýärdi. Esasanam, özümi erbet duýan pursatymda, men Ýehowadan kalbyma rahatlyk, sabyr we çydamlylyk bermegi dileýärin. Men Ýehowanyň dogalarymy eşidýändigini duýýaryn. Kalbymdaky rahatlyk maňa gowy zatlar barada pikir etmäge kömek edýär. Meselem, men täze dünýäde ýene-de ýöräp biljekdigimi, tagamly iýmitden lezzet alyp hem-de maşgala agzalarym bilen gepleşip biljekdigimi göz öňüne getirýärin. Sabyr maňa hereket edip bilmeýändigime döz gelmäge kömek edýär. Çydamlylyk bolsa, Ýehowa wepaly bolmaga we ruhy taýdan oýa bolmaga ýardam edýär. Men mezmurçy Dawut ýaly hassalyk düşeginde Ýehowanyň söýgetleýändigini duýýaryn» (Iş. 35:5, 6).

Mätäç wagty taşlamady

17. Ýehowa bize näme wada berdi we bu wada nämäni aňladýar?

17 Ýehowa biziň maddy taýdan aladamyzy etjekdigini wada berýär (Matta 6:33, 34-nji we Ýewreýler 13:5, 6-njy aýatlary okaň). Emma bu onuň bizi gudrat bilen maddy taýdan üpjün etjekdigini ýa-da biziň işlemeli däldigimizi aňlatmaýar (2 Sel. 3:10). Onuň wadasynyň manysy şeýle: Eger biz durmuşymyzda öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtarsak we ýaşaýyş üçin işlemäge taýyn bolsak, onda Ýehowanyň kömek etjekdigine hem-de ähli zerur zatlary berjekdigine ynanyp bileris (1 Sel. 4:11, 12; 1 Tim. 5:8). Ol biziň aladamyzy bütinleý duýdansyz edip biler, meselem, imandaşlarymyz arkaly bize gerek zady berer ýa-da iş hödürlär.

18. Ýehowanyň mätäç wagtymyz kömek edýändigini görkezýän mysal getiriň.

18 Indi geçen makaladaky çagasyny ýeke özi terbiýeleýän mesihçi enäniň mysalyny ýada salalyň. Gyzy bilen başga ýere göçende, oňa iş tapmak örän kyn bolýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men irden gulluk edýärdim, öýlän bolsa işe girjek bolup synanyşýardym. Bir gezek süýt satyn almak üçin dükana baranym ýadyma düşýär. Men durup gök önümlere seretdim, ýöne olary satyn almaga pulum ýokdy. Men hiç haçan özümi şeýle sussupes duýmandym. Dükandan öýe gelenimde, gapymyň agzynda dürli gök önümli paketleri gördüm. Bu bize birnäçe aý iýmäge ýetýärdi. Men agladym we Ýehowa minnetdarlyk bildirdim». Biraz wagtdan uýamyz bu paketleri öz bagynda gök önüm öndürýän doganyň berendigini bilýär. Uýa soňra oňa şeýle hat ýazýar: «Men şol gün saňa eden ýagşylygyň üçin örän minnetdar boldum. Şeýle-de men Ýehowanyň sen arkaly söýgüsini bildirendigi üçin oňa minnetdarlygymy bildirdim» (Sül. tym. 19:17).

19. Ýehowanyň gullukçylary uly muşakgatda nämä ynanyp bilerler we häzir nämäni ýüregimize düwmeli?

19 Görşümiz ýaly, Ýehowa gadym döwürdäki ýaly şu günler hem gullukçylarynyň aladasyny edýär. Şol sebäpli biz hem onuň kömek etjekdigine ynanyp bileris. Tizden Şeýtanyň dünýäsine uly muşakgat inende, biz Ýehowanyň kömegine has hem mätäç bolarys. Şonda Ýehowanyň gullukçylary oňa doly bil baglap bilerler. Olar gutulyşynyň golaýlap gelýändigini görende, başyny galdyryp, şatlanarlar (Luka 21:28). Häzirlikçe nähili synaga uçrasak-da, geliň, Halasgärimiz bolan Ýehowa doly bil baglamagy ýüregimize düweliň. Üýtgemeýän Ýehowanyň kynçylyklarymyzda kömek etjekdigine ynanyp bilersiňiz!

a Daniýel 3:17. Eger şeýle bolsa, biziň gullugyny edýän Hudaýymyz bizi ýanyp duran otly küreden halas etmegi başarar; Ol bizi seniň eliňden-de halas eder, eý patyşa! 18. Eger şeýle däl hem bolsa, eý patyşa, bil, biz seniň taňrylaryňa gulluk etmeris, seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeris (MKS)

b «Oýanyň!» (rusça) žurnalynyň 2001-nji ýylyň 22-nji iýulynda çykan sanynyň 19—23-nji sahypalaryndaky «Çydamasy kyn bolan betbagtçylyk» diýen makala serediň.

c «Oýanyň!» (rusça) žurnalynyň 2006-njy ýylyň ýanwar aýynda çykan sanynyň 25—29-njy sahypalaryndaky «Amiatrofik skleroz bilen göreşmäge maňa iman nädip kömek edýär» diýen makala serediň.

Ýadyňyzdamy?

• Ýehowa betbagtçylykda aradan çykanlary nädip halas eder?

• Näme üçin ruhy taýdan gorag örän wajyp?

• Ýehowanyň maddy taýdan aladamyzy etjek diýen wadasy näme aňladýar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş