Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/9 sah. 3—7
  • Ýehowa gadymy döwürde nädip «halas» etdi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa gadymy döwürde nädip «halas» etdi
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Halasgärim sensiň»
  • Duşmanlaryndan halas edildi
  • Hassalyk düşeginde söýgetlendi
  • Gerekli zatlar bilen üpjün edildi
  • «Reb [Ýehowa] dindarlary synagdan gutarmagy... başarýandyr»
  • «Öz yradaňy berjaý etmegi maňa öwret»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ýehowa doly bil baglaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Ýehowanyň adyny bilelikde beýgeldeliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • «Ýehowany agtarýanlar hor bolmaz»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/9 sah. 3—7

Ýehowa gadymy döwürde nädip «halas» etdi

«Tiz maňa gel, eý Hudaý; meniň kömegim, halasgärim Sensiň» (ZEB. 70:5).

1, 2. a) Hudaýyň gullukçylary kömek üçin oňa haçan ýüzlenýärler? b) Nähili sorag ýüze çykýar we onuň jogabyny nireden tapyp bileris?

RUGSAT günleri bir ata-ene durmuşa çykan 23 ýaşly gyzynyň geň ýagdaýda ýitendigini bilýärler. Polisiýa muny jenaýat edilendir diýip çaklaýar. Ata-ene şol bada zatlaryny ýygnap, öýüne dolanýarlar we Ýehowadan dyngysyz kömek dileýärler. 20 ýaşly bir Güwäçä agyr keselländigini we onuň tizden ysmaz boljakdygyny aýdýarlar. Ol şol bada Ýehowa doga edip başlaýar. 12 ýaşly gyzyny ýeke özi terbiýeleýän bir ene asla iş tapyp bilmeýär. Oňa bolsa, özüni we çagasyny eklär ýaly pul gerek. Ol doga edip, Ýehowa içini dökýär. Hudaýyň gullukçylary kynçylyga ýa-da synaga uçranda, kömek üçin elmydama oňa ýüzlenýärler. Sen hem çykgynsyz ýagdaýda kömek üçin Ýehowa ýalbarypmydyň?

2 Şeýle wajyp sorag ýüze çykýar: dogrudan-da, Ýehowa kömek üçin biziň eden dogamyza jogap berýärmikä? Muňa 70-nji mezmur jogap berýär. Bu täsirli mezmury Ýehowanyň wepaly gullukçysy Dawut ýazýar, ol durmuşynda ençeme agyr synaglara we kynçylyklara duş geldi. Ol Ýehowa barada şeýle diýýär: «Eý Hudaý; meniň kömegim, halasgärim Sensiň» (Zeb. 70:5). 70-nji mezmura ünsli seretsek, bize-de kynçylykda kömek üçin Ýehowa ýüzlenip biljekdigimize düşünmäge we onuň «halas» etjekdigine doly ynanmaga kömek eder.

«Halasgärim sensiň»

3. a) 70-nji mezmurda Dawut Ýehowa näme barada doga edýär? b) Dawudyň nämä ynamy bardy?

3 70-nji mezmur Hudaýa ýalbarma bilen başlanýar we tamamlanýar (Zebur 70:1—5-nji aýatlary okaň). Dawut «kömek etmäge howluk» we halas etmäge «tiz maňa gel» diýip, Ýehowa ýalbarýar. 2-den tä 4-nji aýatlara çenli Dawudyň bäş haýyşy bolup, olaryň her biri onuň islegini we arzuwyny görkezýär. Ilkinji üç haýyşy ony öldürjek bolýanlara degişli. Dawut Ýehowadan duşmanlaryny ýok etmegini we erbetlikleri üçin utandyrmagyny erjellik bilen ýalbarýar. Ol dördünji aýatdaky iki haýyşynda Hudaýyň halky barada aýdýar. Dawut Ýehowany agtarýanlaryň ählisi şatlanyp, ony şöhratlandyryp biler ýaly doga edýär. Mezmurynyň ahyrynda Dawut Ýehowa: «Meniň kömegim, halasgärim Sensiň» diýýär. Üns beren bolsaňyz, indi Dawut haýyş etmeýär we halas etmegini Ýehowadan dilemeýär. Onuň sözleri Hudaýyň oňa kömek etjekdigine doly ynanýandygyny görkezýär.

4, 5. 70-nji mezmurdan Dawut barada näme bilýäris we biz nämä ynanyp bileris?

4 Biz 70-nji mezmurdan Dawut barada näme bilýäris? Dawudyň duşmanlary ony öldürjek bolanda, ol bu meseläni özi çözjek bolmaýar. Ol duşmanlaryny Ýehowanyň öz wagtynda we öz islegine görä jezalandyrjakdygyna ynanýardy (1 Pat. 26:10). Dawut Ýehowanyň kömek etjekdigine we ony agtarýanlardan gutarjakdygyna ýürekden ynanýardy (Ýew. 11:6). Ol Hudaýyň gullukçylarynda şatlanmaga ähli sebäbiň bardygyny we Ýehowanyň beýikligi barada başgalara gürrüň berip, ony şöhratlandyrmalydygyny bilýärdi (Zeb. 5:11; 35:27).

5 Dawut ýaly biz hem Ýehowanyň Kömekçimiz we «halasgärimizdigine» doly ynanýarys. Şol sebäpli biz kynçylyga uçranda ýa-da kömege mätäç bolanda, kömek üçin derrew Ýehowa ýüzlenýäris (Zeb. 71:12). Eýsem, Ýehowa biziň dogamyza nädip jogap berýär? Bu soraga jogap bermezden öň, geliň, Ýehowanyň wepaly gullukçysy Dawut kömege gaty mätäç bolanda, onuň nädip halas edendigine seredeliň.

Duşmanlaryndan halas edildi

6. Dawut Ýehowanyň dogry adamlary halas edýändigini nireden bilýärdi?

6 Dawut Mukaddes Ýazgylardaky ylhamly habarlardan Ýehowanyň dogry adamlara kömek edýändigini bilýärdi. Ýehowa zalym dünýäni Tupan bilen ýok edende, Nuhy we onuň Hudaýdan gorkýan maşgalasyny halas etdi (Bar. 7:23). Ýehowa Sodom bilen Gomorranyň zalym ýaşaýjylarynyň üstüne kükürt we ot ýagdyranda, dogry adam Luty hem-de onuň iki gyzyny ölümden halas etdi (Bar. 19:12—26). Ýehowa tekepbir faraony we onuň goşunyny Gyzyl deňzinde ýok edende, öz halkyny gorap, olara ölümden gutulmaga kömek etdi (Çyk. 14:19—28). Şonuň üçin Dawudyň başga bir mezmurda Ýehowany «gutulyş Hudaýydyr» diýip, şöhratlandyrandygy geň galdyrmasa gerek? (Zeb. 68:20).

7—9. a) Dawut näme üçin Hudaýyň halas ediji güýjüne doly bil baglaýardy? b) Dawut halas bolandygy üçin kime minnetdarlyk bildirdi?

7 Dawutda Ýehowanyň halas ediji güýjüne doly bil baglap bolýandygyna başga-da degerli sebäp bardy. Ol Ýehowanyň «ebedi eli» oňa gulluk edýänleri halas edip biljekdigine öz durmuşynda göz ýetirdi (Kanun. 33:27). Ýehowa ençeme gezek Dawudy «duşmanlarynyň» penjesinden halas etdi (Zeb. 18:17—19, 48). Bir mysala seredeliň.

8 Ysraýyl aýallary Dawudy edermen serkerde hökmünde şöhratlandyranda, Saul patyşa oňa göriplik edip başlaýar we iki gezek oňa naýza zyňýar (1 Pat. 18:6—9). Iki gezegem Dawut sowlup ýetişýär. Dawut başarjaň we ökde serkerde bolany üçin halas boldumy? Ýok. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýehowa onuň bilendi» diýilýär (1 Patyşalar 18:11—14-nji aýatlary okaň)a. Soňra Saulyň filistililer arkaly Dawudy öldürmek niýeti başa barmanda, «Saul Ýehowanyň Dawut bilendigini gördi we düşündi» (1 Pat. 18:17—28).

9 Dawut halas bolandygy üçin kime minnetdarlyk bildirdi? 18-nji mezmuryň giriş sözlerinde Dawut «Saulyň elinden halas eden güni ol bu nagmanyň sözlerini Rebbe aýtdy» diýilýär. Ol duýgularyny şeýle beýan edýär: «Reb meniň gaýam, galam we halasgärimdir; Hudaýym, sygynýan gaýamdyr» (Zeb. 18:2). Ýehowanyň öz halkyny halas edip bilýändigi biziň imanymyzy berkitmeýärmi näme? (Zeb. 35:10).

Hassalyk düşeginde söýgetlendi

10, 11. Dawudyň 41-nji mezmurdaky agzalýan kesele haçan uçrandygyny bilmäge bize näme kömek edýär?

10 41-nji mezmurdan görnüşi ýaly, bir gezek Dawut patyşa agyr keselleýär. Şonda Dawut düşekden galman ýatýar. Onuň ýagdaýy şeýle agyrdy welin, käbir duşmanlary ol hiç haçan «indi galmaz» öýdýärler (7, 8-nji aýatlar). Şeýle agyr kesele Dawut haçan uçraýar? Şu mezmurda agzalan ýagdaýy göz öňünde tutup, şeýle netijä gelse bolýar. Bu Dawudyň durmuşynda kyn döwür bolupdy, çünki onuň ogly Abşalom patyşalygy eýelejek bolýar (2 Pat. 15:6, 13, 14).

11 Meselem, Dawut patyşa onuň bilen çörek iýen ynamly dostunyň oňa dönüklik edendigini aýdýar (9-njy aýat). Bu bize Dawudyň durmuşynda bolup geçen bir wakany ýadymyza salýar. Abşalom oňa garşy pitne turzanda, Dawudyň ynamdar maslahatçysy Ahitofel oňa hyýanat edýär we ol patyşa garşy pitnede Abşaloma goşulýar (2 Pat. 15:31; 16:15). Göz öňüne getirip görüň: patyşa düşekde agyr keselläp ýatyr, turmaga-da mydary ýok, daş-töwereginde bolsa, onuň ölümini isleýän we betpäl niýetlerini tizräk ýerine ýetirmekçi bolýan duşmanlardan doly (5-nji aýat).

12, 13. a) Dawut nämä ynamlydy? b) Hudaý Dawudy nädip berkitdi?

12 Dawut Hudaýyň «halas» etjekdigine hiç haçan şübhelenmedi. Eger dogry adamlar kesellese, ol Ýehowanyň goldajakdygyna berk ynanýardy. Dawut şeýle diýdi: «Ýaman günde Reb ony halas eder... Hassalyk düşeginde Reb ony söýgetlär, syrkawlygynda Sen onuň ýorgan-düşegini bütinleý çalşyrarsyň» (Zeb. 41:1, 3). «Reb ony söýgetlär» diýen sözlerde, Dawudyň hiç hili şübhelenmeýändigi görünýär. Ol öňki ýaly Ýehowanyň halas etjekdigine ynanýar. Ýöne Ýehowa nädip halas eder?

13 Dawut Ýehowanyň ony gudrat bilen keselinden sagaltmajagyny bilýärdi. Emma ol Ýehowanyň «söýgetlejekdigine», ýagny syrkaw wagtynda oňa goldaw we güýç berjekdigine doly ynanýardy. Dawut şeýle kömege mätäçdi. Kesel ony tapdan düşüripdi, üstesine-de, ony erbet sözleri aýdýan duşmanlary gurşaýardy (5, 6-njy aýatlar). Ýehowa Dawudyň ýadyna teselli beriji pikirleri salyp, ony berkiden bolmaly. Meselem, Dawudyň sözlerine üns beriň: «Meni aýypsyzlygymda berkidýärsiň» (12-nji aýat). Dawut ejiz ýagdaýyna we duşmanlarynyň erbet sözleri aýdýandygyna garamazdan, Ýehowanyň oňa aýypsyz adam diýen sözlerinden ruhlanan bolmaly. Biraz wagtdan ol keselinden sagalýar. Ýehowanyň kesellileri söýgetlejekdigini bilmek nähili teselli berýär! (2 Kor. 1:3).

Gerekli zatlar bilen üpjün edildi

14, 15. Dawut we onuň adamlary näme üçin mätäç boldular we olara nähili kömek berildi?

14 Dawut Ysraýylyň patyşasy bolanda, gowy iýip-içip bilýärdi, ol hatda başga-da köp adamlary öz saçagyndan iýip-içmäge çagyrýardy (2 Pat. 9:10). Emma ol mätäçligiň hem nämedigini bilýärdi. Abşalom tagty öz eline almak üçin pitne turzanda, Dawut birnäçe wepaly adamlary bilen Iýerusalimden gaçýar. Olar Iordan derýasynyň günorta tarapyndaky Gilead ýurduna gidýärler (2 Pat. 17:22, 24). Dawut we onuň adamlary sergezdançylyk etmäge mejbur bolýarlar, olar iýip-içmäge hem-de dynç almaga mätäçdiler. Emma olar zerur zatlary nireden tapyp bilerdiler?

15 Dawut we onuň adamlary Mahanaýym şäherine gelende, olar Şobi, Mahir we Barzillaý diýen batyrgaý adamlara duş gelýärler. Olar Hudaýyň mesh edilen patyşasyna kömek etmek üçin janyny howp astyna salmaga taýyndylar. Eger Abşalom patyşalygy alan bolsady, onda Dawudy goldan her kişini hökman jezalardy. Dawudyň we onuň adamlarynyň düşen kynçylygyny görüp, bu üç wepaly adam olary ähli gerekli zatlar, ýagny ýorgan-düşek, bugdaý, arpa, gowrulan däne, kösük, merjimek, bal, mesge we goýun bilen üpjün etdiler (2 Patyşalar 17:27—29-njy aýatlary okaň)b. Bu üç adamyň ak ýürekden bildiren wepalylygy we myhmansöýerligi Dawuda örän oňat täsir edýär. Ol bu edilen ýagşylygy bütin ömri ýatdan çykarmadyk bolsa gerek.

16. Dawut we onuň adamlary kömek üçin kime borçludylar?

16 Emma Dawut we onuň adamlary kömek üçin, ilki bilen, kime borçludylar? Dawut Ýehowanyň öz halky barada alada etjekdigine ynanýardy. Elbetde, Ýehowa gullukçylaryny mätäç imandaşlaryna kömek etmäge höweslendirip bilýärdi. Gilead ýurdunda bolan waka barada oýlanyp, Dawut üç adam arkaly Ýehowanyň söýgi bilen alada edýändigine düşünýär. Ömrüniň ahyrynda ol şeýle ýazdy: «Men ýaş ýigitdim, indi garradym we dogry adamyň [şol sanda Dawudyň] terk edilenligini ýa onuň zürýadynyň çörek dilänini görmedim» (Zeb. 37:25). Ýehowanyň eliniň gysga däldigini bilmek nähili teselli berýär! (Sül. tym. 10:3).

«Reb [Ýehowa] dindarlary synagdan gutarmagy... başarýandyr»

17. Ýehowa geçmişde ençeme gezek näme görkezdi?

17 Dawut Ýehowanyň gadym döwürde halas eden gullukçylaryndan diňe biri. Şol döwürden bäri Hudaý «dindarlary synagdan gutarmagy... başarýandygyny» ençeme gezek görkezdi (2 Pet. 2:9). Geliň, ýene iki mysala seredeliň.

18. Hizkiýanyň döwründe Ýehowa nädip halas etdi?

18 B. e. öň VIII asyrda rehimsiz Aşur goşuny Ýahuda girip, Iýerusalime golaýlaşanda, Hizkiýa patyşa şeýle doga edýär: «Eý Ýehowa Hudaýymyz, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy biler ýaly,.. bizi halas et» (Iş. 37:20). Hizkiýa, ilki bilen, Hudaýyň adynyň şöhratlanmagy barada alada edýärdi. Ýehowa onuň ýürekden eden dogasyna jogap berýär. Bir gijäniň içinde bary-ýogy ýekeje perişde 185 000 aşurly esgerleri ýok edip, Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny halas edýär (Iş. 37:32, 36).

19. Iýerusalim ýok edilende, mesihçiler nädip halas bolýarlar?

19 Isa ölmezinden birnäçe gün öň, şägirtlerine Ýahudanyň erbet betbagtçylyga uçrajakdygy barada duýdurýar (Luka 21:20—22-nji aýatlary okaň). B. e. 66-njy ýylynda ýehudylar pitne turzany üçin Rim goşuny Iýerusalime çozýança, ençeme ýyl geçýär. Sestiý Gallyň ýolbaşçylygynda ägirt uly goşun ybadathananyň diwarynyň düýbüni gazýar, soňra birden yzyna öwrülýär. Wepaly mesihçiler Isanyň pygamberlik edişi ýaly, gutulmaga mümkinçilik dörändigine düşünip, daga gaçýarlar. B. e. 70-nji ýylynda Rim goşuny dolanyp gelýär we Iýerusalimi bütinleý ýok edýär. Isanyň duýduryşyna gulak asan mesihçiler elhenç betbagtçylykdan halas bolýarlar (Luka 19:41—44).

20. Näme üçin biz Ýehowanyň «halasgärimizdigine» ynanyp bileris?

20 Ýehowanyň gadym döwürde öz halkyny halas edendigi barada oýlansak, imanymyz berkeýär. Onuň geçmişde eden işleri oňa bil baglamaga kömek edýär. Häzir ýa-da gelejekde nähili kynçylyga uçrasak-da, Ýehowanyň «halasgärimiz» boljakdygyna biz doly ynanyp bileris. Emma Ýehowa bize nädip kömek edip biler? Makalanyň başynda agzalan mesihçilere soň näme boldy? Bu barada indiki makalada bileris.

a 1 Patyşalar 18:11. Ol naýzany zyňyp, «diwara çüýlärin» diýýär, ýöne Dawut ondan sowlup ýetişýär, şeýle ýagdaý iki gezek bolýar. 12. Saul Dawutdan gorkup başlaýar, çünki Ýehowa onuň bilendi, Sauly bolsa terk edipdi. 13. Şol sebäpli Saul ony özünden daşlaşdyryp, müňlerçelere baş edip belleýär we ol halkyň öňünde girip çykýardy. 14. Dawut ähli ýollarynda paýhasly hereket edýärdi we Ýehowa onuň bilendi.

b 2 Patyşalar 18:27. Dawut Mahanaýyma gelende, ammonlaryň Rabba şäherinden Nahaş ogly Şobi, Lodebar şäherinden Ammiýeliň ogly Mahir we Rogelim şäherinden gileadly Barzillaý 28. ýorgan-düşek, legenler, toýun gaplaryny getirdiler. Şeýle-de olar bugdaý, arpa, un, gowrulan däne, kösük, merjimek, gowrup gyzardylan däne, 29. bal, mesge, goýun we peýniri Dawut we onuň adamlaryna iýmit üçin getirip, diýdiler: «Adamlar çölde ajykdylar, ýadadylar we suwsadylar».

Ýadyňyzdamy?

• 70-nji mezmur bizi nämä ynandyrýar?

• Dawut kesellände, Ýehowa ony nädip berkidýär?

• Ýehowanyň halkyny duşmanlarynyň elinden halas edip bilýändigini haýsy mysallar görkezýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş