Ýehowanyň Sözi diri
Galatýalylara, Efeslilere, Filipililere we Koloselilere ýazylan hatlardan peýdaly pikirler
PAWLUS RESUL ýehudylaryň täsiri sebäpli Galatýadaky käbir mesihçileriň hakyky seždeden daşlaşandygyny eşidip, «Galatýadaky ýygnaklara» ruhlandyryjy hat ýollaýar (Gal. 1:2). Bu hat b. e. 50—52-nji ýyllarynda ýazyldy. Onda göni maslahatlar we berk duýduryşlar bar.
On ýyldan soňra Pawlus Rimde «Mesih Isanyň bendesi» bolup, efeslilere, filipililere, koloselilere hat ýazyp, olara paýhasly maslahatlar berip, mähirli ruhlandyrdy (Efes. 3:1). Şu günler Mukaddes Ýazgylardaky Galatýalylara, Efeslilere, Filipililere we Koloselilere ýazylan hatlar biziň üçin hem peýdaly (Ýew. 4:12).
«AKLANDYLAR» — NÄDIP?
Ýehudylar ýalan sözläp, Pawlusyň resullygyny şübhä goýdular. Şol sebäpli, ol resullygyny goramak üçin öz durmuşyny giňişleýin gürrüň berdi (Gal. 1:11—2:14). Pawlus olaryň ýalan taglymatlaryny paş etmek üçin: «Adamyň Mukaddes Kanunyň işlerini berjaý etmek bilen däl-de, diňe Isa Mesihe bolan iman bilen aklanýandygyny bilýäris» diýdi (Gal. 2:16).
Pawlus «Mukaddes Kanun astyndakylary» Isanyň azat edendigini we bu azatlyga olaryň begenmelidigini aýtdy. Ol galatýalylara: «Berk duruň, gulçulyk boýuntyrygyny gaýtadan saldyrmaň» diýdi (Gal. 4:4, 5; 5:1).
Sowallaryň jogaby:
3:16—18, 28, 29 — Ybraýym bilen baglanyşylan ähtiň şu günlerem güýji barmy? Hawa, bar. Äht kanuny Ybraýym bilen baglanyşan ähti ýatyrmak üçin däl-de, onuň üstüni doldurmak üçin berildi. Şol sebäpli Kanun «ýatyrylandan» soň hem, Ybraýym bilen baglanyşylan ähtiň güýji ýitmedi (Efes. 2:15). Bu äht bilen baglanyşykly wadalar, Ybraýymyň hakyky «nesli» bolan Isa Mesihde güýjüni ýitirmedi. Isa «Mesihiňki bolanlaryň» hem esasy nesli.
6:2 — «Mesihiň kanuny» näme? Bu kanun Isanyň ähli taglymatlaryndan we tabşyryklaryndan ybarat. Oňa esasanam «biri-biriňizi söýüň» diýen tabşyryk degişli (Ýahýa 13:34).
6:8 — Biz nädip «ruhda ekip» bileris? Hudaýyň mukaddes ruhuna bize täsir etmegine ýol bersek, biz şonda ruhda ekýäris. Şeýle-de onuň täsir etmegine kömek edýän işlere ýürekden gatnaşsak, ruhda ekýäris.
Biziň üçin sapak:
1: 6—9. Ýygnakda kynçylyklar ýüze çyksa, Mesihçi ýaşulular ony derrew çözmeli. Olar Mukaddes Ýazgylaryň esasynda nädogry pikirleri derrew ret edip bilýär.
2:20. Biz töleg gurbanyna Ýehowanyň her birimize aýratynlykda beren sowgady hökmünde garamagy öwrenmeli (Ýahýa 3:16).
5:7—9. Ýaman ýaranlar «hakykata bagly galmagymyza... päsgel berip» biler. Biz olardan gaça dursak, paýhasly bolarys.
6:1, 2, 5. Ruhy taýdan berk doganlar ýükümizi götermäge kömek edip bilerler. Meselem, biz bilmezlikden ýalňyşlyk edip, kynçylyga duçar bolanymyzda, ony ýeňmäge ýardam ederler. Emma mesihi borçlara degişli ýükümizi özümiz götermeli.
«BAR ZATLARY MESIHDE BIRLEŞDIRER»
Pawlus resul efeslilere ýazan hatynda: «Taslama görä wagty dolanda, Hudaý gökde hem ýerde bolan bar zatlary Mesihde birleşdirer» diýip, mesihi agzybirlik hakyndaky pikiri dowam etdirdi. Isa hemmeleriň «imanda... birlige» ýetmegine kömek etmek üçin, adamlar görnüşinde sylaglar berdi (Efes. 1:10; 4:8, 11).
Mesihçiler Hudaýy şöhratlandyrmak we agzybir bolmak üçin «täze ýaradylyşy geýinmeli» hem-de «Mesihe bolan uly hormat bilen birek-birege tabyn bolmaly». Şeýle-de olar ähli ruhy ýaraglary dakynyp, «Iblisiň hilelerine garşy durmaly» (Efes. 4:24; 5:21; 6:11).
Sowallaryň jogaby:
1:4—7 — Mesh eden mesihçiler entek dogulmanka nädip öňünden bellenildi? Olar aýratyn adamlar hökmünde däl-de, topar hökmünde öňünden bellenildi. Bu günäli ynsan jemgyýeti peýda bolmazdan öň boldy. Bu pygamberlik (ilkinji günäli çaga göwrede galmazdan öň) Barlyk 3:15-de, Hudaýyň niýeti boýunça, Isanyň käbir şägirtleriniň onuň bilen gökde hökümdarlyk etjekdigi barada aýdylypdy (Gal. 3:16, 29).
2:2 — Näme üçin zalym dünýäniň ruhy howa meňzedilýär we ol nädip höküm sürýär? Zalym «dünýäniň ruhy» — garaşsyzlyk we gulak asmazlyk ruhy biziň dem alýan howamyz ýaly ähli ýere ýaýraýar (1 Kor. 2:12). Onuň güýji ähli ýere ýaýrap, hemişe täsir edip höküm sürýär.
2:7 — Mesh edilen mesihçiler ýerdekä nädip «gökdäki älemlerde» bolup bilýär? «Gökdäki älemler» diýen jümle bu ýerde wada edilen gökdäki mirasy aňlatmaýar. Bu olaryň «wada edilen Mukaddes Ruh bilen... möhürlenendigi» üçin ýokary ruhy derejä eýe bolandygyny görkezýär. (Efes. 1:13, 14).
Biziň üçin sapak:
4:8, 11—15. Isa Mesih «tussaglary yzyna tirkedi», ýagny adamlary Şeýtanyň täsirinden çykaryp, olary sowgatlar hökmünde mesihi ýygnaklary berkitmek üçin ulanýar. Biz ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asyp, tabyn bolsak we ýygnagyň tertip-düzgünine eýersek, «söýgi bilen... Mesihe baka her ugurdan öseris» (Ýew. 13:7, 17).
5:22—24, 33. Aýal ärine diňe bir tabyn bolman, oňa hormat hem goýmaly. Ol muny «ýumşak, ýuwaş ruhy» bilen görkezip, onuň abraýy üçin, ol barada gowy seslenip, äriniň gelen karary durmuşda amala aşar ýaly, ony goldaýar (1 Pet. 3:3, 4; Titus 2:3—5).
5:25, 28, 29. Är özüni «söýşi» ýaly aýalynyň fiziki, duýgy we ruhy taýdan aladasyny etmeli. Şeýle-de ol aýalyna ýeterlikli wagt sarp edip, sözde we hereketde mähirli bolup, timarlamaly.
6:10—13. Biz Iblisiň hilelerine garşy durar ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynmaga jan etmeli.
«ŞOL DÜZGÜNE LAÝYK GEZELIŇ»
Pawlus filipililere ýazan hatynda söýgini nygtap geçdi. Ol: «Söýgiňiz bilim hem düşünjede barha artsyn diýip doga edýärin» diýdi. Ol imandaşlaryň özüne ynanmaklyk duzagyndan gaça durmaga kömek etmek üçin, «gorky hem titreme bilen öz gutulyşyňyzy amala aşyrmagy» maslahat berdi (Flp. 1:9; 2:12).
Pawlus ruhy taýdan ýetişen mesihçileri «Hudaýyň... çakylygynyň baýragyna mynasyp bolmak üçin» jan etmäge höweslendirýär. Ol: «Nämä ýeten bolsak, şol düzgüne laýyk gezeliň» diýdi (Flp. 3:14—16).
Sowallaryň jogaby:
1:23 — Pawlus resul haýsy «iki tarapa çekilýärdi» we nämäni arzuw edýärdi? Pawlus resul öňünde açylan iki mümkinçiligiň, ýagny ýaşaýyş we ölümiň arasynda çekilýärdi (Flp. 1:21). Ol haýsysyny gowy görýändigini aýtmady, ýöne azat bolup, «Mesih bilen bolmagy arzuw edýändigini» görkezdi (Flp. 3:20, 21; 1 Sel. 4:16). Isanyň barlygynda Pawlus azat bolup, Ýehowanyň taýýarlan sylagyny almalydy (Mat. 24:3).
2:12, 13 — Hudaý bizde «hem islegi, hem-de emele getirmegi» nädip hasyl edýär? Ýehowanyň mukaddes ruhy ýüregimize we aňymyza täsir edip, Hudaýa gulluk etmekde gaýratly bolmaga höweslendirýär. Şol sebäpli «öz gutulyşymyzy amala aşyryp», Hudaýyň kömek etjekdigine ynanýarys.
Biziň üçin sapak:
1: 3—5. Filipililer garyp bolsa-da, bize jomartlygyň gowy göreldesini görkezdi (2 Kor. 8:1—6).
2:5—11. Isanyň mysalyndan görnüşi ýaly, pesgöwünlik gowşaklygy däl-de, güýçlüligi aňladýar. Galyberse-de, Ýehowa pesgöwünlileri beýgeldýär (Sül. tym. 22:4).
3: 14. «Yzdaky zatlara» uly wezipe, baý maşgalanyň aladasyzlygy ýa-da toba edenimizden soň, ötülen agyr günälerimiz degişli bolup biler (1 Kor. 6:11). Biz bularyň ählisini unudyp, ýagny olar barada alada etmän «öňdäkilere el uzatmaly».
«IMANDA BERKÄŇ»
Pawlus resul koloselilere ýazan hatynda ýalan mugallymlaryň nädogry garaýyşlaryny paş edýär. Onuň düşündirişine görä, gutulyşymyz kanuny berjaý edişimize däl-de, «imanda esasly berk durmagymyza» bagly. Pawlus koloselilere: «Onda (Isada) şeýle hem geziň... Onda kök urup abatlanyp, imanda berkäň» diýip ruhlandyrdy. Bu sözler olara nähili täsir etmelidi? (Kol. 1:23; 2:6, 7).
Pawlus şeýle ýazýar: «Bularyň hemmesiniň üstünden-de kämil birligiň bagy bolan söýgini geýniň. Ýüregiňizde Mesihiň parahatçylygy höküm sürsün». Ol ýene-de koloselilere şeýle diýdi: «Her näme etseňiz, adamlar üçin däl-de, Reb üçin ýürekden işläň». Ol ýygnaga degişli bolmadyk adamlar barada: «Özüňizden bolmadyklar bilen paýhasly boluň» diýdi (Kol. 3:14, 15, 23; 4:5).
Sowallaryň jogaby:
2:8 — Pawlus resul nähili «dünýä ýörelgeleri» barada duýduryş berdi? Bu Şeýtanyň dünýäsiniň esasy bölegi — onuň döredýän, görkezme berýän we höweslendirýän zatlary ýa-da prinsipleridir (1 Ýahýa 2:16). Oňa filosofiýa, baýlyk we ýalan dinler degişli.
4:16 — Näme üçin Laodikiýa ýazylan hat Mukaddes Ýazgylara ýazylmady? Belki, onda şu günlere degişli wajyp habarlar ýazylan däldir ýa-da Mukaddes Ýazgylarda bolan başga hatlardaky pikirler gaýtalanýandyr.
Biziň üçin sapak:
1: 2, 20. Töleg gurbany bu Hudaýyň görkezen merhemetidir. Ol biziň ynsabymyzy günäden arassalaýar we ýüregimize parahatlyk berýär.
2: 18, 23. «Ýalan kiçigöwünlilik», ýagny başgalara täsir galdyrmak üçin maddy zatlardan ýüz öwürmegi ýa-da teniňe ýowuz garamagy we «tebigy aklyňda boş ýere paňkarmagy» aňladýar.