Siz «arassa dilde» erkin gepleýärsiňizmi?
«Men halklaryň ählisine arassa dil bererin welin, olar Ýehowanyň adyny çagyrarlar» (SEF. 3:9).
1. Ýehowa bize nähili ajaýyp sowgat berdi?
DIL — bu adamlar tarapyndan döredilmedi, ol Ýaradyjy Ýehowanyň beren sowgady (Çyk. 4:11, 12). Ol ilkinji ynsan bolan Adam ata diňe bir geplemek ukybyny däl, eýsem täze sözleri oýlap tapmaga we söz baýlygyny köpeltmäge mümkinçilik berdi (Bar. 2:19, 20, 23). Bu örän ajaýyp sowgatdy! Ol adamlara Gökdäki Atasy bilen gepleşmäge we onuň adyny şöhratlandyrmaga mümkinçilik döretdi.
2. Näme üçin adamlar häzir bir dilde geplemeýär?
2 Adamzat taryhynyň başynda 1 700 ýylyň dowamynda ähli adamlaryň «dili bir we sözi birdi» (Bar. 11:1). Ýöne Nemrudyň günlerinde pitneçiler peýda boldy. Boýun egmezek adamlar Ýehowanyň tabşyryşy ýaly ýer ýüzüni doldurmagyň deregine, bir ýerde galmak üçin Babyl diýip atlandyrylan ýere ýygnanyşdylar. Olar Ýehowany şöhratlandyrman «özlerine bir at goýmak» üçin, depesi göge degip duran bir diň gurup başladylar. Şonuň üçin Ýehowa pitneçileriň dilini garyşdyrdy we olar dürli dilde gepläp başladylar. Şol sebäpli olar bütin ýer ýüzüne dagap gitdiler (Barlyk 11:4—8-nji aýatlary okaň).
3. Ýehowa Babyldaky pitneçileriň dilini «garym-gatym» edende näme boldy?
3 Şu günler dünýäde müňlerçe dil bar. Käbir hasabatlara görä, olaryň sany 6 800-den hem köp. Her bir dil biri-birinden pikirleniş taýdan tapawutlanýar. Diýmek, Ýehowa Hudaý pitneçileriň dilini garanda, olaryň gepleýän ilki başdaky dilini aňyndan aýran bolmaly. Olaryň aňyna diňe bir täze sözleri däl, eýsem olaryň pikirleniş ukybyny üýtgedip, her diliň öz grammatikasyny guýdy. Diňiň gurlan ýerine Babyl, ýagny «garym-gatym» diýildi (Bar. 11:9). Bir-birine meňzeş däl dilleriň gelip çykyşy barada diňe Mukaddes Ýazgylar anyk jogap berýär.
Täze arassa dil
4. Pygamberlige görä, şu günler näme bolmaly?
4 Babylda bolan waka nähili gyzykly bolsa-da, şu günlerdäki wakalar has täsirli we wajypdyr. Ýehowa Sefanýa pygamber arkaly: «Şol wagt men halklaryň ählisine arassa dil bererin welin, olar Ýehowanyň adyny çagyrarlar we eginme-egin gulluk ederler» diýdi (Sef. 3:9). «Arassa dil» diýmek näme we onda nädip erkin geplemegi öwrenip bolar?
5. «Arassa dil» näme we ol näme üçin adamlara berildi?
5 Arassa dil — Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa Hudaý we onuň niýetileri baradaky hakykatdyr. Bu «dile» Hudaýyň Patyşalygy baradaky hakykata dogry düşünmeklik degişli. Şeýle-de oňa Patyşalyk arkaly Ýehowanyň adynyň mukaddes bolmagy, hökümdarlygynyň aklananmagy we wepaly adamlara ebedi bereket bermeklik degişlidir. Arassa dil adamlara näme üçin berilýär? «Olaryň ählisi Ýehowanyň adyny çagyryp, eginme-egin gulluk eder ýaly» berildi. Bu Babylda bolan wakadan düýbünden tapawutlanýar. Şu günler adamlar Ýehowanyň adyny şöhratlandyryp, oňa agzybir gulluk eder ýaly, Ýehowa olara täze arassa dil berdi.
Arassa dili öwrenýäris
6, 7. a) Başga dili öwrenmek näme we ol nädip hakykat dilini öwrenmäge kömek edýär? b) Biz nämä serederis?
6 Dili öwrenmek üçin diňe bir täze sözleri ýat tutman, şol dilde pikirlenmegi öwrenmeli. Bir dilde paýhasly we gülkili bolan sözler, başga dilde beýle bolmaýar. Täze sesleri aýtmak üçin, gepleýiş organlaryny, meselem, dili başgaça ulanmaly bolýar. Biz Mukaddes Ýazgylar hakykatynyň arassa dilini öwrenip başlanymyzda hem şeýle bolýar. Bu dilde geplemegi öwrenmek üçin Mukaddes Ýazgylaryň diňe esasy taglymatlaryny bilmek ýeterlikli däl. Munuň üçin pikirimizi täzeläp, başgaça oýlanmagy öwrenmeli (Rimliler 12:2; Efesliler 4:23-nji aýatlary okaň).
7 Arassa dile ýöne bir düşünmän, eýsem onda erkin geplemäge näme kömek eder? Başga dili öwrenmek üçin birnäçe ýönekeý düzgünleriň kömek edişi ýaly, Mukaddes Ýazgylaryň hakykat dilinde erkin geplemägede şeýle düzgünler kömek edýär. Geliň, olaryň käbirine serededip, olaryň hakykat dilini öwrenmekde nähili kömek berýändigini alar alyp maslahatlaşalyň.
Arassa dilde erkin geplemek
8, 9. Arassa dili öwrenmek üçin näme etmeli we bu näme üçin möhüm?
8 Ünsli diňläň. Başga diliň başda bize asla düşüniksiz bolup görünmegi mümkin (Iş. 33:19). Emma biz eşidýän zatlarymyzy ünsli diňlemegi öwrensek, aýratyn sözleri we jümleleri tapawutlandyryp başlaýarys. Şonuň ýaly Hudaýyň Sözünde «eşidenleriňizden daşlaşmaz ýaly, olara has köp üns bermelisiňiz» diýip maslahat berilýär (Ýew. 2:1). Isa ençeme gezek şägirtlerine: «Kimiň eşitmäge gulagy bar bolsa, eşitsin!» diýidi (Mat. 11:15; 13:43; Mar. 4:23; Luka 14:35). Hawa, biz arassa dile düşüner ýaly, eşidýän zatlarymyzy ünsli diňlemeli we düşünjek bolmaly (Mat. 15:10; Mar. 7:14).
9 Diňlemek üçin ünsüňi jemlemek gerek. Dogrusy bu aňsat däl, ýöne eden tagallaňa degýär (Luka 8:18). Biz ýygnak duşuşyklarynda aýdylýan zatlary ünsli diňleýärismi ýa-da pikirimiz başga ýerde bolýarmy? Ýygnak duşugynda ünsli diňlemesek, düşünmek kyn bolar (Ýew. 5:11).
10, 11.a) Başga dili öwrenmäge ýene-de näme kömek edýär? b) Arassa dilde geplemek nämäni aňladýar?
10 Erkin gepleýänleriň diline öýküniň. Başga dili öwrenýän adamlar diňe bir ünsli diňlemän, şol dilde erkin gepleýän adamlaryň diline we gepleýiş usulyna öýkünmek maslahat berilýär. Soňra bu aksentsiz geplemäge kömek edýär. Şonuň ýaly, biz arassa dili öwrenenleriň we «öwüt-ündew» berýänleriň diline öýkünmeli (2 Tim. 4:2). Kömek soramaga utanmaň. Ýalňyşyňyzy aýdanlarynda düzelmäge çalşyň (Ýewreýler 12:5, 6, 11-nji aýatlary okaň).
11 Arassa dilde geplemek — Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty bilip, başgalara öwretmekden has köp zady aňladýar. Hudaýyň kanunlary we prinsipleri boýunça ýaşamak hem wajypdyr. Biz muny etmek üçin başga mesihçileriň imanynyň we yhlasynyň göreldesine eýermeli. Şeýle-de biz ähli zatda Isanyň göreldesine eýermeli (1 Kor. 11:1; Ýew. 12:2; 13:7). Şonda biz bir arassa dilde dogry geplemegi öwrenip, Ýehowanyň halkynyň azgybirligine ýardam ederis (1 Kor. 4:16, 17).
12. Täze dili öwrenmekde ýatda saklamaklyk nähili orun eýeleýär?
12 Ýatda saklaň. Täze dili öwrenýän adamlar köp zatlary ýatda saklamaly bolýar. Olar ençeme täze sözleri we jümlüleri öwrenmeli. Arassa dili öwerenmekde hem ýat tutmaklyk esasy orun eýeleýär. Meselem, Mukaddes Ýazgylardaky kitaplaryň atlaryny we olaryň yzygiderli tertibini ýatdan bilmek peýdaly. Kimdir biri ençeme aýatlary we olaryň nirede ýerleşýändigini ýat tutmagy maksat edindiler. Käbiri bolsa Patyşalyk aýdymlaryny, Ysraýyl taýpalarynyň we 12 şägirdiň atlaryny, mukaddes ruhuň miwesini ýat tutýarlar. Gadymy döwürde ysraýyllaryň köpüsi mezmurlary ýatdan bilýärdiler. Şu günler bolsa, alty ýaşan bir oglanjyk Mukaddes Ýazgylaryň 80-den gowrak aýadyny ýatdan bilýär. Siz ýatkeşlik ukybyňyzy nähili peýdalanýarsyňyz?
13. Näme üçin gaýtalamak wajyp?
13 Gaýtalamak ýatda saklamaga kömek edýär. Şol sebäpli gaýtalamak, mesihçileriň bilim almagynda esasy orun eýeleýär. Petrus resul şeýle ýazdy: «Bu zatlary bilip, özüňizdäki hakykata nähili berkidilen hem bolsaňyz, men bulary size ýatladyp durmagy asla bes etmerin» (2 Pet. 1:12). Näme üçin bize ýatladyp durmaly? Sebäbi bu bilimimizi, düşünjämizi artdyrýar we imanymyzy berkidýär (Zeb. 119:129). Hudaýyň kadalaryny we prinsiplerini hemişe ýatlap dursak, ruhy ýagdaýymyzy barlamaga we «huşsuz diňleýji» bolmazlyga kömek edýär (Ýakup 1:22—25). Eger biz Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty özümize ýatladyp durmasak, ýüregimizde nädogry islegler dörär we arassa dilde erkin gepläp bilmeris.
14. Arassa dili öwrenmäge näme kömek eder?
14 Sesli okaň (Ylh. 1:3). Täze dili öwrenýän adamlaryň käbiri sessiz okaýarlar. Ýöne bu gowy netije bermeýär. Biz arassa dili öwrenenimizde ýuwaş sesli okasak peýdaly, sebäbi ünsümizi jemlemäge kömek edýär (Zebur 1:1, 2-nji aýatlary okaň). Bu okan zadymyzy ýatda saklamagyň gowy usulydyr. Ýewreý dilinden «ýuwaş sesli okamak» diýip terjime edilen jümle oýlanmak manyny aňladýar. Nahar iýlenden soň, iýmitiň siňmeginiň wajyp bolşy ýaly, okan zatlarymyza gowy düşünmek üçin oýlanmaly. Siz oýlanmaga ýeterlikli wagt sarp edýärisiňizmi? Mukaddes Ýazgylary okanymyzda, okan zatlarymyz barada çuňňur oýlanmak möhümdir.
15. Arassa diliň «grammatikasyny» öwrenmek näme?
15 Grammatikany öwreniň. Täze dili öwrenmegiň bir tapgyrynda, onuň grammatikasyny — diliň dürli düzgünlerini, meselem, sözlemde sözleriň düzülişini öwrenmeli. Bu bize diliň gurluşyna düşünmäge we sowatly, ýalňyşman sözlemäge kömek edýär. Diliň berk düzgünlere tabyn bolşy ýaly, Mukaddes Ýazgylar hakykatynyň arassa dili «sagdyn sözleriniň nusgasyna» esaslanýar (2 Tim. 1:13). Biz şol «nusga» eýermeli.
16. Dil öwrenende nähili howp bolýar we ondan nädip gaça durmaly?
16 Dili öwrenmegi dowam ediň. Käbir adamlar başga dili biraz bilensoň, ony öwrenmegi bes edýärler. Arassa dilde gepleýän adamlar bilen hem şeýle bolup biler (Ýewreýliler 5:11—14-nji aýatlary okaň). Mundan nädip gaça durup bolar? Dili öwreneniňizde söz baýlygyny ösdüriň. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Mesih baradaky başlangyç tälimi yzda galdyryp, ölüm getirýän işlerden toba etmäniň, Hudaýa imanyň, çokundyrmalar, el goýmalar, ölüleriň direlişi we ebedi höküm baradaky taglymatyň düýbüni ýaňadandan tutman, kämillige tarap ilerläliň» (Ýew. 6:1, 2).
17. Näme üçin yzygiderli öwrenmek gerek? Mysal getiriň.
17 Belli bir wagt sarp ediň. Dili öwrenenimizde, käwagty köp wagt sarp etmegiň deregine, yzygiderli az wagt sarp etsek, gowy netije berer. Dili ünsüň bölünmeýän we güýjüň bar wagty öwren. Täze dili öwrenmeklik, jeňňelde ýoda ýasan ýalydyr. Şol ýodadan näçe köp ýöreseň, şonça-da ol geçip boljak ýoda öwrülýär. Eger ondan ýörelmese, ony tiz ot basýar. Bu mysaldan erjelligiň we yzygiderligiň gereklidigi görünýär (Dan. 6:16, 20). Mukaddes Ýazgylar hakykatynyň arassa dilini öwrenmek üçin doga edip, «durnuklylykda hüşgär bolmaly» (Efes. 6:18).
18. Biz näme üçin her bir mümkinçilikden peýdalanyp, arassa dilde geplemeli?
18 Gepläň! Gepläň! Gepläň! Täze dili öwrenýän adamlaryň käbiri çekinip, ýa-da ýalňyşaryn öýdüp, şol dilde geplemäge ýaýdanýarlar. Bu üstünlikler gazanmaga päsgel berýär. Suwsuz ýüzmegi öwrenip bolmaýşy ýaly, dili hem gepleşiksiz özleşdirip bolmaýar. Täze dilde näçe köp gepledigiň saýyn, erkin geplemegi öwrenýärsiň. Her bir mümkinçilikden peýdalanyp arassa dilde gepläň. «Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir» (Rim. 10:10). Biz suwda çokundyrylanda we her gezek Ýehowa barada wagyz edenimizde, imanymyzy «ykrar edýäris» (Mat. 28:19, 20; Ýew. 13:15). Şeýle-de ýygnak duşuşyklarynda pikirimizi arassa dilde aýtmaga mümkinçiligimiz bar (Ýewreýliler 10:23—25-nji aýatlary okaň).
Ýehowanyň halky bilen bile ony arassa dilde şöhratlandyryň
19, 20. a) Şu günler Ýehowanyň Güwäçileri nähili ajaýyp işi ýerine ýetirýär? b) Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?
19 Aýdaly, siz b. e. 33-nji ýylynyň siwan aýynyň 6-synda, dynç güni Iýerusalimde bolduňyz! Säher bilen, sagat dokuz bolmanka bir tolgundyryjy waka bolýar. Ýokarky otagda oturanlaryň ählisi gudrat arkaly «başga dillerde gürläp başlaýar» (Res. iş. 2:4). Şu günler Hudaý gullukçylaryna başga dillerde geplemek ukybyny gudrat bilen bermeýär (1 Kor. 13:8). Muňa garamazdan, Ýehowanyň Güwäçileri Patyşalyk baradaky hoş habary 430-dan gowrak dilde wagyz edýärler.
20 Biz dürli dilde geplesek-de, Mukaddes Ýazgylar hakykatynyň arassa dili bizi birleşdirýändigine şatlanýarys! Bu Babylda bolan waka düýbünden garşy gelýär. Şu günler Ýehowanyň halky bir dilde onuň adyny şöhratlandyrýarlar (1 Kor. 1:10). Geliň, biz bütin ýer ýüzündäki dogan-uýalar bilen «eginme-egin» gulluk etmegi we gökdäki Atamyz Ýehowany şöhratlandyryp, arassa dilde erkin gepläp öwrenmegi ýüregimize düweliň! (Zebur 150:1—6-njy aýatlary okaň).
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Arassa dil näme?
• Arassa dilde geplemek nämäni aňladýar?
• Bize arassa dili özleşdirmäge näme kömek eder?
[10 Sahypadaky surat]
Arassa dilde erkin geplemek üçin:
◆ ünsli diňläň.
◆ erkin gepleýänleriň diline öýküniň.
◆ ýatda saklaň we gaýtalaň.
◆ sesli okaň.
◆ «grammatikany» öwreniň.
◆ dili öwrenmegi dowam ediň.
◆ belli bir wagt sarp ediň.
◆ şol dilde gepläň.