Markus
7 Iýerusalimden gelen fariseýler we kanunçylaryň käbiri Isanyň daşyna üýşdüler+. 2 Olar Isanyň käbir şägirtleriniň hapa, ýagny ýuwulmadyk eli bilen nahar iýýändigini gördüler. 3 Aslynda, fariseýler we ähli ýehudylar ata-babalarynyň däp-dessuryna eýerip, elini tirsegine çenli ýuwup, soňra nahar iýýärdiler. 4 Bazardan gelenlerinde-de, ýuwunman nahar iýmezdiler. Olar başga-da köp däp-dessurlary gyşarnyksyz berjaý edýärdiler, käseleri, küýzeleri we mis gaplary suwa batyryp çykarýardylar+. 5 Fariseýler we kanunçylar Isadan: «Şägirtleriň ata-babalaryň däp-dessuryny berjaý etmän näme üçin hapa elleri bilen nahar iýýärler?» diýip soradylar+. 6 Isa olara: «Eý ikiýüzlüler, Işaýa pygamber siz hakda dogry aýdypdyr: „Halk maňa diňe dilinde sarpa goýýar, emma ýüregi menden uzakdadyr+. 7 Olar maňa biderek ýere sežde edýärler, sebäbi ynsan tabşyryklaryny Hudaýyň taglymaty hökmünde öwredýärler“+. 8 Siz Hudaýyň tabşyrygyndan el çekip, adamlaryň däp-dessurlaryna berk ýapyşýarsyňyz»+ diýdi.
9 Isa sözüni şeýle dowam etdi: «Siz däp-dessurlaryňyzy berjaý etmek üçin, Hudaýyň tabşyrygyndan mekirlik bilen ýüz öwürýärsiňiz+. 10 Meselem, Musa pygamber „Ene-ataňa hormat goý“+ we „Ene-atasyna sögen* adam öldürilsin“+ diýipdi. 11 Siz bolsa: „Ene-atasyna: „Size kömek ederdim welin, bar zadymy Hudaýa gurban* etdim“ diýen adama 12 ene-atasyna kömek etmäge rugsat bermeýärsiňiz+. 13 Şeýdip, siz nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlary wajyp hasaplap, Hudaýyň sözüne eýermeýärsiňiz+. Siz şuňa meňzeş başga-da köp zatlary edýärsiňiz»+. 14 Soňra Isa märekäni ýene-de ýanyna çagyryp: «Meni diňläň, aýtjak zatlarymyň manysyna düşünjek boluň+. 15 Adamy iýýän zady haram etmeýär, ýüreginden çykýan zat haram edýär»+ diýdi. 16 *——
17 Isa märekäniň ýanyndan gaýdyp, öýe girende, şägirtleri mysalyň manysyny soradylar+. 18 Isa olara: «Sizem düşünmediňizmi? Adamy iýýän zadynyň haram etmeýändigini bileňizokmy? 19 Adamyň iýen zady ýüregine däl-de, garnyna baryp, soňra täret edende çykýar» diýdi. Şeýdip, Isa ähli zadyň halaldygyny aýtdy. 20 Ol ýene-de: «Adamy ýüreginden çykýan zat haram edýär+. 21 Sebäbi erbet pikirler: ahlaksyzlyk*, ogurlyk, ganhorlyk, 22 zyna, açgözlük, zalymlyk, aldawçylyk, haýasyz işler*, göriplik, erbet sözler, tekepbirlik we akylsyzlyk adamyň ýüreginden çykýandyr+. 23 Şeýle erbet zatlar ýürekden çykyp, adamy haram edýändir» diýdi.
24 Isa ol ýerden gaýdyp, Tir bilen Sidona gitdi+. Ol özüniň gelendigini hiç kimiň bilmegini islemän, bir öýe bardy. Emma onuň gelendigini şonda-da bildiler. 25 Şol ýerde gyzjagazy jynly bir aýal bardy. Ol Isa hakda eşiden badyna gelip, aýagyna ýykyldy+. 26 Ol aýal grekdi, Siriýanyň çäginde ýerleşýän Finikiýada ýaşaýardy. Ol Isadan gyzyndaky jyny çykarmagy gaýta-gaýta haýyş etdi. 27 Isa oňa: «Ilki çagalar iýip doýmaly. Çagalaryň çöregini agzyndan alyp, güjüklere bermek dogry däl ahyryn!»+ diýdi. 28 Aýal bolsa: «Agam, dogry aýdýaň! Ýöne güjükler hem çagalaryň agzyndan gaçan owuntyklary iýýär ahyryn» diýdi. 29 Isa oňa: «Şeýle diýeniň üçin sag-aman öýüňe gaýt, jyn gyzyňdan çykdy»+ diýdi. 30 Aýal öýüne gaýtdy. Baryp görse, gyzy düşekde ýatyr, jyn bolsa içinden çykypdyr+.
31 Isa Tirden gaýdansoň, Sidonyň we Dekapolisiň* içi bilen Jelile deňzine gitdi+. 32 Şonda Isanyň ýanyna ker we sakaw adamy getirip+, üstüne elini goýmagy haýyş etdiler. 33 Isa ony märekeden çete çykardy. Barmaklaryny onuň gulaklaryna sokdy. Soňra tüýkürdi-de, onuň diline elini degirdi+. 34 Soňra göge bakyp, uludan demini aldy-da: «Effafa!», ýagny «Açyl!» diýdi. 35 Şonda adamyň gulagy açyldy+, sakawlaman gepläp başlady. 36 Isa muny hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy+. Emma olara näçe tabşyrsa-da, şonça-da ol hakda köp gürrüň edýärdiler+. 37 Adamlar haýran galyp+: «Ol täsin işleri edýär. Ol hatda kerleriň gulagyny, lallaryň dilini açýar»+ diýişýärdiler.