Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 57 sah. 138—sah. 139 abz. 8
  • Isa gyzjagazy we ker adamy sagaldýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa gyzjagazy we ker adamy sagaldýar
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Isa gudrat görkezse-de, ony öz şäherinde kabul etmeýärler
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isanyň geýimine elini degren aýal sagalýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa jynly oglany sagaldýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa tutuş Jelile welaýatynda wagyz edýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 57 sah. 138—sah. 139 abz. 8
Isa Finikiýaly aýalyň gyzyny we ker adamy sagaldýar

57-NJI BAP

Isa gyzjagazy we ker adamy sagaldýar

MATTA 15:21—31; MARKUS 7:24—37

  • ISA FINIKIÝALY AÝALYŇ GYZYNY SAGALDÝAR

  • ISANYŇ KER WE SAKAW ADAMY SAGALDYŞY

Ýadyňyzda bolsa, Isa fariseýleri ynsan taglymatlaryny öňe sürýändigi üçin ýazgarypdy. Şondan soň ol şägirtleri bilen birnäçe kilometr uzaklykda demirgazyk-günbatar tarapda ýerleşýän Finikiýanyň Sur we Sidon şäherlerine gidýär.

Isa özüniň gelendigini hiç kime bildirmek islemän, bir öýe girýär. Emma ony bu ýerde-de tapýarlar. Şol ýerde ýaşaýan bir grek aýal onuň ýanyna gelip: «Mugallym, Dawut Ogly, maňa rehim et. Jyn zerarly gyzym gaty ejir çekýär» diýip, ýalbaryp başlaýar (Matta 15:22; Markus 7:26).

Isa oňa hiç hili jogap bermeýär. Şonda şägirtleri: «Oňa git diýäý. Ýogsam, yzymyza düşüp, gygyryp ýör» diýýärler. Emma Isa: «Hudaý meni ähli halklara däl-de, diňe Ysraýyl öýüniň ýiten goýunlaryna ugratdy» diýip jogap berýär. Ýöne aýal el çekmekçi däldi. Ol Isanyň öňünde dyza çöküp: «Mugallym, maňa kömek et!» diýip, ýene-de ýalbarýar (Matta 15:23—25).

Isa aýalyň imanyny barlamak üçin, ýehudylaryň özge milletlere bolan garaýşyna salgylanyp: «Çagalaryň çöregini alyp, güjüjeklere bermek dogry däl ahyryn» diýýär (Matta 15:26). Isa «güjüjekler» diýende, ýehudy bolmadyk adamlara bolan söýgüsini görkezýär. Muny Isanyň ýüz keşbi we mähirli gepleýşi hem görkezen bolmaly.

Aýal Isanyň sözlerine gaty görmeýär. Sebäbi ol ýehudylaryň öňden galan ters pikire eýerýändigini bilýärdi. Aýal pesgöwünlilik bilen: «Dogry aýdýarsyň, Jenabym. Ýöne güjüjekler hem hojaýynyň saçagyndan gaçan çöregiň owuntyklary bilen iýmitlenýär ahyryn» diýýär. Isa bu aýalyň ýüreginiň päkdigini görüp: «Seniň imanyň, gör, nähili güýçli; goý, seniň islegiňe görä bolsun» diýýär (Matta 15:27, 28). Isanyň aýdyşy ýaly-da bolýar. Aýal öýüne baryp görse, gyzy düşekde ýatan eken we ol doly sagalypdyr. Hawa, jyn onuň içinden çykypdyr! (Markus 7:30).

Isa şägirtleri bilen Finikiýanyň içinden geçip, Iordan derýasynyň ýokary akymyna tarap gidýär. Olar Jelile deňziniň demirgazyk tarapynda Iordan derýasyny kesip geçen bolmaly. Şeýdip, olar Dekapolise barýarlar. Olar bir daga çykýarlar, emma märeke olary şol ýerde-de tapýar. Olar agsak, maýyp, kör we lal adamlary Isanyň öňüne getirip goýýarlar, ol hem ählisini sagaldýar. Adamlar muňa haýran galyp, Ysraýylyň Hudaýyny şöhratlandyrýarlar.

Bir ker we sakaw adam Isanyň ünsüni hasam özüne çekýär. Uly märekäniň içinde ol adam özüni oňaýsyz duýýandygyna sizem düşünseňiz gerek. Isa onuň aljyrap durandygyny duýup, bir gyra çekýär. Ikiçäk galanda, Isa oňa näme etjek bolýandygyny görkezýär. Barmaklaryny ol adamyň gulaklaryna goýup, tüýkürýär-de, elini onuň diline degirýär. Soňra göge bakyp, «Effafa» diýýär. Bu söz «açyl» diýmegi aňladýar. Şonda ol adamyň gulagy açylyp, sakawlaman gepläp başlaýar. Isa oňa bu wakany hiç kime aýtmazlygy tabşyrýar. Sebäbi ol adamlaryň öz gözi bilen görüp, gulagy bilen eşidip, özüne iman etmeklerini isleýärdi (Markus 7:32—36).

Isanyň şeýle işleri amala aşyryp bilýändigi adamlara güýçli täsir edýär. Dogrudan-da, adamlar Isa haýran galýarlar. Olar: «Onuň edýän ähli işleri diýseň ajaýyp. Ol hatda kerleriň gulagyny, lallaryň dilini açýar» diýişýärler (Markus 7:37).

  • Isa finikiýaly aýalyň gyzyny näme üçin wagty bilen sagaltmaýar?

  • Isa şägirtleri bilen Finikiýadan gaýdansoň nirä gidýär?

  • Isa ker we sakaw adama nädip duýgudaşlyk bildirýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş