48-NJI BAP
Isa gudrat görkezse-de, ony öz şäherinde kabul etmeýärler
MATTA 9:27—34; 13:54—58; MARKUS 6:1—6
ISA KÖR WE LAL ADAMLARY SAGALDÝAR
NAZARETIŇ ÝAŞAÝJYLARY ISANY INKÄR EDÝÄRLER
Isa uzak gününi wagyz edip we syrkawlary sagaldyp geçiripdi. Ol Dekapolisden gelensoň, gan akma keselli aýaly sagaldyp, Ýaýrusyň gyzyny hem direltdi. Ýöne Isa munuň bilen çäklenmeýär. Ol Ýaýrusyň öýünden gaýdyp gelýärkä, onuň yzyna iki kör adam düşüp: «Eý Dawut Ogly, bize rehim et» diýip gygyrýar (Matta 9:27).
Olar «Dawudyň Ogly» diýmek bilen, Isanyň Dawut patyşanyň tagtyny miras alandygyna we onuň Mesihdigine ynanýandygyny görkezýärdiler. Göräýmäge, Isa olara üns bermeýän ýalydy. Megerem, Isa olaryň erjelligini barlajak bolandyr. Isa öýe girende, ýaňky iki adam hem onuň yzyndan girýär. Isa olardan: «Siz meniň muny edip biljekdigime ynanýarsyňyzmy?» diýip soraýar. Olar ynam bilen: «Hawa, Agam» diýip jogap berýärler. Şonda Isa olaryň gözlerine elini degrip: «Goý, siziň imanyňyza görä bolsun» diýýär (Matta 9:28, 29).
Olaryň gözleri şol bada açylýar! Isa hemişekisi ýaly bolan zatlary adamlara gürrüň bermezligi tabşyrýar. Emma olar begenjinden ýaňa hemmelere, hatda uzak ýerlere-de baryp gürrüň berýärler.
Bu iki adam gidensoň, Isanyň ýanyna içinde jyn bolan bir lal adamy getirýärler. Isa jyny kowup çykaranda, ol adam dessine gepläp başlaýar. Märeke muňa haýran galyp: «Beýle zady Ysraýylda hiç haçan görmändik» diýişýär. Ol ýerde fariseýler hem bardy. Olar Isanyň görkezen gudratlaryny inkär edip bilmeýärler. Muňa garamazdan, olar Isany aýyplamak üçin: «Ol jynlary jynlaryň hökümdary arkaly kowup çykarýar» diýýärler (Matta 9:33, 34).
Birnäçe wagtdan soň Isa şägirtleri bilen önüp-ösen şäheri Nazarete gaýdyp gelýär. Takmynan bir ýyl mundan öň ol şu ýerdäki sinagogada tälim beripdi. Adamlar başda onuň aýdýanlaryna haýran galypdylar. Emma soňra öwreden zatlaryna gaharlanyp, ony öldürjek bolupdylar. Ine, Isa ýene-de öz ildeşlerine kömek etmäge gelýär.
Ol Sabat güni sinagoga baryp, öwredip başlaýar. Köpler onuň aýdýanlaryna geň galyp: «Oňa şeýle akyldarlygy we gudratlary etmäge güýji kim berdikä? Eýsem, ol agaç ussasynyň ogly dälmi? Onuň ejesi Merýem, doganlary Ýakup, Ýusup, Simun we Ýahuda dälmi? Onuň gyz jigileri hem şu ýerde ýaşamaýarmy näme? Eýsem, oňa beýle ygtyýary kim berdikä?» diýişýärler (Matta 13:54—56).
Isanyň ildeşleri oňa ýönekeý bir adam hökmünde garaýardylar. Olar: «Ol biziň gözümiziň öňünde ulaldy. Heý-de, şeýle adam Mesih bolup bilermi?» diýip pikir edýärler. Şeýlelikde, Isanyň akyl-paýhasyna we görkezen gudratlaryna garamazdan, olar ondan ýüz öwürýärler. Hatda Isany ýakyndan tanaýan dogan-garyndaşlary-da oňa iman etmeýär. Şol sebäpli Isa: «Pygamber ähli ýerde sylansa-da, ony ýaşaýan ýerinde we öýünde sylamaýarlar» diýýär (Matta 13:57).
Dogrudanam, Isa olaryň iman etmeýändigine gaty geň galýar. Şonuň üçin «ol ýerde birnäçe syrkawlaryň üstüne elini goýup, olary sagaltdy-da, başga hiç hili gudrat görkezmedi» (Markus 6:5, 6).