Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 21 sah. 56—sah. 57 abz. 6
  • Nazaretiň sinagogasynda

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Nazaretiň sinagogasynda
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Isa gudrat görkezse-de, ony öz şäherinde kabul etmeýärler
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa Kapernaumda uly işleri edýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 21 sah. 56—sah. 57 abz. 6
Isa Işaýa pygamberiň golýazmasyny okaýar

21-NJI BAP

Nazaretiň sinagogasynda

LUKA 4:16—31

  • ISA IŞAÝA PYGAMBERIŇ GOLÝAZMASYNDAN OKAÝAR

  • NAZARETIŇ ÝAŞAÝJYLARY ISANY ÖLDÜRJEK BOLÝARLAR

Nazaretde şatlyk-şowhun höküm sürýärdi. Isa bir ýyl mundan öň suwa çümdürilmek üçin Ýahýanyň ýanyna gitmänkä, bu şäherde ussaçylyk edýärdi. Indi bolsa ol gudrat görkezýän adam hökmünde tanalýardy. Obadaşlary onuň başga ýerde görkezen gudratlaryny öz şäherinde-de görkezmegini isleýärdiler.

Isa endigine görä sinagoga baranda, adamlar oňa sabyrsyzlyk bilen garaşyp otyrdylar. «Her Sabat güni sinagogalarda» Musanyň we pygamberleriň kitaplary okalýardy hem-de doga-dileg edilýärdi (Resullaryň işleri 15:21). Isa okamak üçin ýerinden turanda, ençeme tanyş ýüzleri görýär, sebäbi olar bilen bile birnäçe ýyllap sinagoga gatnapdy. Isanyň eline Işaýa pygamberiň golýazmasyny berýärler. Ol pygamberlikden Ýehowanyň mukaddes ruhy bilen mesh edilen Mesih hakda ýazylan sözleri tapýar. Häzir olar Işaýa 61:1, 2-nji aýatlarda ýazylan.

Isa Hudaýyň mesh eden Adamsynyň tussaglary azatlyga çykaryp, körleriň gözüni açjakdygyny we merhemet ýylynyň gelendigi hakdaky pygamberligi okaýar. Soňra golýazmany yzyna berip, ýerine geçip oturýar. Hemmeler oňa gözüni aýyrman seredýärdi. Şonda ol: «Şu gün siziň Ýazgylardan eşiden şu sözleriňiz berjaý boldy» diýýär (Luka 4:21).

Oturanlar onuň agzyndan çykýan ýakymly sözlerine geň galyp: «Bu Ýusubyň ogly dälmi näme?» diýişýärler. Isa olaryň gudrat görmek isleýändiklerini aňyp, sözüni şeýle dowam edýär: «Elbetde, siz maňa „Lukman, ilki özüňi sagalt. Biz Kapernaumda bolan zatlary eşitdik, ol ýerde eden zatlaryňy öz ýaşaýan ýeriňde-de et“ diýersiňiz» (Luka 4:22, 23). Dogrudan-da, Isanyň obadaşlary syrkawlary sagaltmak ýaly gudratlaryň ilki öz ýaşaýan ýerindäki adamlar üçin edilmeli diýip pikir edýärdiler. Şonuň üçin olar Isa bizi äsgermeýär öýden bolmaly.

Isa olaryň pikirini bilip, Ysraýylda bolan birki wakany agzaýar. Ylýas pygamberiň döwründe Ysraýylda köp dul aýallar ýaşaýardy. Emma Hudaý ony hiç haýsysynyň ýanyna ibermän, Sidon ýurdundaky Sareptada ýaşaýan dul aýalyň ýanyna iberýär we Ylýas onuň üçin gudrat görkezýär (1 Patyşalar 17:8—16). Elişa pygamberiň döwründe-de Ysraýylda heýwere keselli adamlar az däldi. Ýöne ol diňe siriýaly Nagamany sagaldýar (2 Patyşalar 5:1, 8—14).

Isany dagyň gyrasyna eltip, aşak zyňjak bolýarlar

Isa diňe özüni bilýän we imany gowşak obadaşlaryny ýaramaz adamlar bilen deňeşdirende, bu olara nähili täsir edýär? Sinagogada oturanlaryň gany depesine urýar, olar ýerlerinden turup, Isany şäherden çykarýarlar. Soňra ony Nazaret şäheri gurlan dagyň gyrasyna eltip, aşak zyňjak bolýarlar. Emma Isa olardan sypyp, aman galýar. Şondan soň ol Jelile deňziniň demirgazyk-günbatar kenarynda ýerleşýän Kapernaum şäherine ýola düşýär.

  • Nazaretde näme üçin şatlyk-şowhun höküm sürýärdi?

  • Adamlar Isanyň sözlerine nähili garaýarlar, ýöne soňra nämä gaharlanýarlar?

  • Nazaretiň ýaşaýjylary Isany näme etjek bolýarlar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş