Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 46 sah. 116—sah. 117 abz. 9
  • Isanyň geýimine elini degren aýal sagalýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isanyň geýimine elini degren aýal sagalýar
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Isa köp gudrat görkezýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Isa ölüleri direldýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ölen adamlar direler!
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Gyzjagazyň direlişi
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 46 sah. 116—sah. 117 abz. 9
Isanyň geýimine elini degren aýal sagalýar

46-NJY BAP

Isanyň geýimine elini degren aýal sagalýar

MATTA 9:18—22; MARKUS 5:21—34; LUKA 8:40—48

  • ISANYŇ GEÝIMINE ELINI DEGREN AÝALYŇ SAGALYŞY

Jeliläniň demirgazyk-günbatarynda ýaşaýan adamlar Isanyň Dekapolisden gaýdyp gelýändigini eşidýärler. Olaryň köpüsi onuň deňizde turan tupany ýatyrandygyny bilýärler. Käbiri bolsa iki adamyň içinden jynlary kowup çykarandygyny hem eşidendirler. Şol sebäpli Isany garşy almak üçin kenarda «uly märeke ýygnanýar». Ol Kapernaum şäheriniň kenary bolmaly (Markus 5:21). Isa kenara çykanda, märekäniň oňa sabyrsyzlyk bilen garaşyp duranyny görýär.

Sinagoganyň ýolbaşçysy Ýaýrus atly bir adam Isanyň gelerine göz dikip garaşýardy. Ol Isanyň öňünde dyza çöküp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Haýyş edýän, gel-de, oňa elleriňi goý, ol sagalyp, ýaşasyn» diýip, ençeme gezek ýalbarýar (Markus 5:23). Siziň pikiriňizçe, 12 ýaşly ýalňyz gyzy üçin ýalbarmaga gelen adama Isa näme diýip jogap bererkä? (Luka 8:42).

Isa Ýaýrusyň öýüne barýarka, ýolda ýene bir tolgundyryjy waka bolýar. Isanyň yzyna uly märeke düşüp barýardy; olaryň bar aladasy gudrat görmekdi. Olaryň içinde agyr keselden ejir çekýän bir aýal bardy. Emma onuň aladasy gudrat görmek däl-de, sagalmakdy.

Bu ýehudy aýal 12 ýyldan bäri gan akma keselinden ejir çekýärdi. Onuň haýyr tapmak üçin barmadyk lukmany galmandy, bar puluny hem şolara harçlapdy. Emma onuň ýagdaýy gowulaşman, gaýtam, «beterleşipdi» (Markus 5:26).

Ýarawsyzlyk ony halys tapdan düşüripdi. Üstesine-de, ol öz ýagdaýyna utanyp, kemsinýärdi. Ol derdini hiç kime aýdyp hem bilmeýärdi. Galyberse-de, Musanyň kanunyna görä, aýbaşy döwründe aýal hapa hasaplanýardy. Oňa ýa-da onuň ganly eşigine elini degren adam suwa düşüp, eşiklerini ýuwmalydy we ol agşama çenli hapa saýylýardy (Lewiler 15:25—27).

Ol aýal «adamlaryň Isa barada aýdýan zatlaryny eşidende», onuň gözlegine çykýar. Ol ýagdaýyny göz öňünde tutup, hiç kime bildirtmän märekäniň içine girýär. Sebäbi aýal öz içinden: «Iň bolmanda, donuna elimi degirsem-de, sagalaryn» diýip pikir edýärdi. Isanyň geýimine elini degren badyna, onuň gan akmasy kesilýär! Şeýdip, ol «agyr derdinden gutulýar» (Markus 5:27—29).

Şonda Isa: «Maňa kim elini degirdi?» diýip soraýar. Siziň pikiriňizçe, aýal bu sözleri eşidip, özüni nähili duýduka? Petrus geň galyp: «Daşyňy gurşap alan märeke seni gysyp dur» diýýär. Isa: «Biri maňa elini degirdi, sebäbi özümden güýjüň gidendigini duýdum» diýýär (Luka 8:45, 46).

Eden işi aýan bolanda, aýal gorkudan ýaňa titräp, Isanyň öňünde dyza çökýär. Soňra keseli we sagalyşy hakda hemmeleriň öňünde gürrüň berýär. Isa oňa: «Gyzym, imanyň saňa şypa berdi. Bar, arkaýyn gaýdyber, sen indi agyr derdiňden gutuldyň» diýip, mähir bilen teselli berýär (Markus 5:34).

Görşümiz ýaly, Hudaýyň ýer ýüzüniň üstünden höküm sürmäge saýlan gullukçysy diňe bir mähirli we duýgudaş däl-de, eýsem, onuň adamlara kömek etmäge güýji hem bar!

  • Isa Kapernauma dolanyp gelende, märeke näme üçin ony garşy almaga ýygnanýar?

  • Bir aýal nämeden ejir çekýärdi we ol Isany näme üçin gözleýär?

  • Ýarawsyz aýal nädip sagalýar we Isa oňa nähili teselli beriji sözleri aýdýar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş