35-NJI BAP
Ölen adamlar direler!
1—4. a) Ýehowanyň we Isanyň ölen adamlary direltmek isleýändigini nireden bilýäris? b) Isa ýer ýüzünde dogulmanka, iki çaga nädip direldi? ç) Biz ölsek hem Ýehowanyň unutmajakdygyna näme üçin ynanýarys?
EGER biz ölsek, Hudaý bizi direltmek islärmikä? ~ Eýýup pygamber Hudaýyň direltmek isleýändigine ynanýardy. Şonuň üçin ol ölüm barada oýlananda, Hudaýa: «Sen çagyrarsyň, men-de jogap bererin» diýýär. Eýýup Ýehowa Hudaýyň ony direltmegi küýsejekdigini, ýagny gaty islejekdigini aýdýar (Eýýup 14:14, 15).
2 Isa Atasy Ýehowa meňzeýär. Isa-da bize kömek etmek isleýär. Bir gezek pis açan adam Isa: «Eger isleseň, meni tämiz edip bilersiň» diýýär. Şonda Isa oňa: «Isleýärin» diýip, ony keselinden sagaldýar (Markus 1:40—42).
Ýehowa çagalary söýýändigini nädip görkezdi?
3 Isa Atasyndan çagalary söýmegi öwrendi. Gadymy döwürde Ýehowa iki gezek gullukçylaryna çagalary direltmäge güýç berdi. Ylýas pygamber Ýehowadan bir aýalyň ogluny direltmegini haýyş edýär. Ol aýal Ylýasa ýagşylyk edipdi. Ýehowa onuň ogluny direldýär. Mundan başga-da, Hudaý Elýaşa pygambere bir oglanjygy direltmäge güýç berýär (1 Patyşalar 17:17—24; 2 Patyşalar 4:32—37).
4 Ýehowanyň bizi şeýle söýýändigini bilmek begendirmeýärmi näme?! ~ Hudaý biz barada diňe dirikäk pikir etmeýär. Ol bizi ölsek hem unutmaýar. Isa ölen adamlaryň Ýehowa üçin diridigini aýtdy (Luka 20:38). Mukaddes Ýazgylarda: «Ölüm hem, ýaşaýyş hem, hiç bir zat Hudaýyň söýgüsinden bizi aýryp bilmez» diýilýär (Rimliler 8:38, 39).
5—11. a) Ýaýrusyň gyzyna näme boldy we Isa näme etdi? b) Biz bu wakadan näme öwrenýäris?
5 Isa ýer ýüzünde ýaşanda, Ýehowanyň çagalaryň aladasyny edýändigini görkezdi. Ol çagalara Hudaý barada gürrüň bermäge wagt tapýardy. Isa Allanyň beren güýji bilen bir çagany direltdi. Sen muny bilýärmidiň? ~ Ol Ýaýrusyň 12 ýaşly gyzyny direltdi. Gel, bu barada bileli.
6 Ýaýrus aýaly we ýekeje gyzy bilen Jelile kölüniň kenarynda ýaşaýardy. Bir sapar Ýaýrusyň gyzy agyr keselleýär. Kakasy onuň ölüm ýassygynda ýatanyna gaty gynanýar. Ol Isanyň keselleri sagaldýandygyny eşidýär. Şol sebäpli Ýaýrus Isany gözlemäge gidýär. Şonda Isa Jelile kölüniň kenarynda köp adamlara Hudaý barada öwredip otyrdy. Ýaýrus şol ýere barýar.
7 Ýaýrus adamlaryň arasyndan geçip, Isanyň ýanyna barýar we onuň aýagyna ýykylýar. Ol Isa ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Haýyş edýärin, oňa kömek et!» diýýär. Isa şol bada onuň bilen gidýär. Beýik Mugallymyň ýanyndaky adamlaram onuň bilen bile gidýär. Emma olar biraz ýöränlerinden soň, Ýaýrusyň öýünden birnäçe adam gelip: «Gyzyň öldi, Mugallymy azara goýma!» diýýär.
8 Isa şol adamlaryň sözlerini eşidýär. Ol Ýaýrusyň ýekeje çagasynyň ýogalandygyna gaty gynanýandygyny bilýärdi. Şol sebäpli Isa oňa: «Gorkma, diňe Hudaýa iman et! Ol gutular» diýýär. Olar Ýaýrusyň öýüne barýarlar. Ýaýrusyň dost-ýarlary aglaşyp otyrdy. Olar kiçijik gyzyň aýrylandygyna gynanýardy. Emma Isa olara: «Aglamaň, ol ölenok, uklap ýatyr» diýýär.
9 Şonda adamlar Isanyň aýdan sözlerine gülüşýärler. Sebäbi olar gyzyň ölendigini bilýärdiler. Onda Isa näme üçin gyz uklap ýatyr diýýär? ~ Ol şeýle diýmek bilen adamlara nämäni öwretjek bolýar? ~ Isa ölen adamyň süýji ukuda ýatan adam ýalydygyny düşündirjek bolýar. Bize uklap ýatan adamy oýarmak kyn däl. Şonuň ýaly Isa üçin hem Hudaýyň berýän güýji bilen ölen adamlary direltmek kyn däl. Ol muny adamlaryň bilmegini isleýär.
10 Isa gyzyň ene-atasyndan we Petrus, Ýakup, Ýahýadan başgalary öýden çykarýar. Soňra ol çaganyň ýanyna barýar we elinden tutup: «Gyzjagaz, tur!» diýýär. Gyzjagaz derrew turup, ýöräp başlaýar! Onuň kakasy bilen ejesi örän begenýär (Markus 5:21—24, 35—43; Luka 8:40—42, 49—56).
Isanyň Ýaýrusyň gyzyny direltmeginden nämäni bilýäris?
11 Oýlanyp göreli, Isa şol gyzjagazy direlden bolsa, onda başga adamlary hem direldip bilmezmi? ~ Ol, dogrudanam, ölen adamlary direldermi? ~ Hawa, direlder. Isa: «Gabyrdakylaryň hemmesiniň meniň sesimi eşitjek wagty geler» diýdi (Ýahýa 5:28, 29).
12—18. a) Isa dul aýalyň ogluny direldip, ölüleri direltmek isleýändigini nädip görkezdi? b) Direlen oglanyň ejesi özüni nähili duýdy we adamlar haçan özüni şeýle duýar?
12 Seniň pikiriňçe, Isa adamlary direltmek isleýärmikä? ~ Muny bilmek üçin Mukaddes Ýazgylardaky başga bir mysala seredeli. Bu waka Nain şäheriniň golaýynda bolupdy. Şonda Isa ýas tutýan adamlara nähili garaýandygyny görkezdi.
13 Adamlar Nain şäherinden bir ýaş oglany jaýlamaga äkidip barýardy. Şol adamlaryň arasynda oglanyň ejesi hem bardy. Ol örän gamgyndy. Biraz wagt öň, ol aýalyň ýanýoldaşy ölüpdi. Indi bolsa, onuň ýekeje ogly ölýär. Gör, nähili gynançly ýagdaý! Köp adamlar oglany şäheriň daşynda jaýlamaga barýardy. Onuň ejesi dyngysyz aglaýardy. Adamlar ony köşeşdirip bilmeýärdi.
14 Şol gün Isa şägirtleri bilen Nain şäherine gelýär. Olar şäheriň derwezesine golaýlanda, oglany jaýlamaga äkidip barýandyklaryny görýärler. Isa oglanyň ejesiniň aglaýandygyny görüp, gynanýar. Isanyň oňa ýüregi awaýar we kömek edesi gelýär.
15 Isa oglanyň ejesine ynam bilen, ýöne mähirli: «Aglama!» diýýär. Onuň bu aýdan sözi adamlaryň ünsüni çekýär. Isa oglanyň ýanyna baranda, adamlar onuň näme etjek bolýanyny bilesi gelýär. Isa: «Eý, ýaş ýigit! Saňa diýýärin, tur!» diýýär. Oglan şol bada ýerinden galyp oturýar-da, gepläp başlaýar! (Luka 7:11—17).
16 Oglanyň ejesi, gör, nähili begenendir! Dogan-garyndaşlaryňdan biri direlse, senem begenmezmidiň? ~ Bu Isanyň adamlary ýürekden söýýändigini we olara kömek etmek isleýändigini görkezmeýärmi? ~ Jennetde direlen adamlary garşylamak nähili ajaýyp bolar! (2 Petrus 3:13; Ylham 21:3, 4).
Bu aýalyň ýekeje oglunyň direlmegi nämäni görkezýär?
17 Gelejekde biziň tanyşlarymyz hem direler. Olaryň arasynda çagalaram bolar. Ýaýrus gyzy direlende, ony tanady. Şonuň ýaly biz hem olary tanarys. Adamlaryň köpüsi ýüzlerçe we müňlerçe ýyl mundan öň öldi. Olar ençeme ýyl öň ýaşan bolsa-da, Hudaý olary ýadyndan çykarmaýar.
18 Ýehowa Hudaýyň we Ogly Isanyň bizi şeýle söýýändigini bilmek, gör, nähili begendirýär! Şeýle dälmi? ~ Olar biziň birnäçe ýyl däl-de, ebedi ýaşamagymyzy isleýär.
Mukaddes Ýazgylarda ölen adamlar üçin ajaýyp umyt bar. Gel, bu barada okaly: Işaýa 25:8; Resullaryň işleri 24:15 we 1 Korintoslylar 15:20—22.