92-NJI HEKAÝA
Isa ölüleri direldýär
BU GYZJAGAZ 12 ýaşynda. Isa onuň elinden tutup dur. Ýanynda duranlar bolsa gyzjagazyň kakasy bilen ejesi. Olaryň nämä begenýändigini bilýäňmi? Gel, bileli.
Gyzjagazyň kakasynyň ady Ýaýrus. Ony hemmeler hormatlaýardy. Bir gezek gyzjagaz keselledi. Onuň ýagdaýy gün-günden erbetleşýär. Ýaýrus bilen aýaly gyzjagaz öler öýdüp gaty gorkýarlar. Sebäbi ýalňyz gyzydy. Şonuň üçin Ýaýrus Isany gözlemäge gidýär. Ol Isanyň gudratlary barada öňem eşidipdi.
Ýaýrus Isany adamlaryň arasyndan tapýar. Ol adamlaryň arasyndan geçip, Isanyň aýagyna ýykylýar. Ýaýrus oňa: «Meniň gyzym agyr keselledi. Haýyş edýärin, gelip ony sagaltsana» diýip ýalbarýar. Isa onuň bilen gidýär.
Ýolda adamlar Isanyň ýanyna barjak bolup gysylyşýardylar. Birdenkä Isa yzyna öwrülip: «Kim maňa elini degirdi?» diýip soraýar. Sebäbi Isa özünden bir güýjüň çykanyny duýýar. Oňa kim elini degirdikä? Ol 12 ýyldan bäri agyr keselli aýaldy. Ol aýal Isanyň geýimine elini degren badyna sagalýar!
Isanyň adamlary aňsatlyk bilen sagaldyşyny görüp, Ýaýrus biraz rahatlanýar. Birdenkä bir adam şeýle habar getirýär: «Gyzyň aradan çykdy. Mugallymy alada goýma». Isa muny eşidip, Ýaýrusa: «Alada etme, gyzyň gowulaşar» diýdi.
Olar Ýaýrusyň öýüne ýetende aglaşýan adamlary görýärler. Ýöne Isa adamlara: «Aglamaň. Ol ölenok. Diňe uklap ýatyr» diýýär. Olar Isanyň üstünden gülýärler, sebäbi gyzyň ölendigini bilýärdiler.
Şonda Isa gyzyň kakasyny, ejesini we üç resulyny alyp, gyzyň ýatan otagyna girýär. Isa gyzjagazyň elinden tutup: «Gyzym, turaý!» diýýär. Görşüň ýaly gyzjagaz direlýär. Ol ýerinden turup, otagyň içinde eýläk-beýläk ýöreýär! Muňa ejesi bilen kakasy begenýär.
Isa diňe ony direltmändi. Injilde aýdylyşy ýaly, Isa ilkinji gezek Nain şäherinden bir dul aýalyň ogluny direltdi. Şeýle-de Isa Marta bilen Merýemiň dogany Lazary hem direltdi. Isa Hudaýyň Patyşalygynda hökümdarlyk edende, gaty köp adamlary direlder. Senem muňa begenýänsiň, şeýle dälmi?