Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 79 sah. 186—sah. 187 abz. 2
  • Isa köp gudrat görkezýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa köp gudrat görkezýär
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Isa ölüleri direldýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ölen adamlar direler!
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Gyzjagazyň direlişi
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isanyň geýimine elini degren aýal sagalýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 79 sah. 186—sah. 187 abz. 2
Adamlar sagalmak üçin Isanyň ýanyna gelýär

79-NJY SAPAK

Isa köp gudrat görkezýär

Isa ýer ýüzüne hoş habary wagyz etmek üçin geldi. Ýehowa oňa gudrat görkezmek üçin güýç berdi. Isa Patyşa bolanda-da köp gudratlary eder. Isanyň ýanyna dürli keselli adamlar gelýärdi. Isa olaryň ählisini sagaldýardy. Ol körleriň gözüni, kerleriň gulagyny açýardy we maýyp adamlary sagaldýardy. Isanyň ýanyna jynly adamlar hem gelýärdi. Isa olaryň içinden jynlary çykarýardy. Hatda Isanyň eşigine elini degren adamlar hem sagalýardy. Bir gezek Isanyň ýeke galasy gelýär. Ýöne adamlar onuň yzyndan barýar. Isa şonda-da olary kowmaýar.

Bir gün Isanyň ýanyna ysmaz adamy getirýärler. Ýöne Isanyň oturan öýi adamdan doludy. Şonuň üçin olar öýe girip bilmediler. Olar jaýyň üstüne çykyp, ýokarsyny açdylar we ysmaz adamy aşak düşürdiler. Isa ysmaz adama: «Tur, düşegiňi alyp ýöre!» diýdi. Ol ýerinden turup ýöredi. Hemmeler haýran galdy.

Başga bir gezek Isa bir oba barýar. Öňünden on sany heýwere keselli adam çykýar. Olar uzagrakda durup: «Isa, bize kömek et!» diýip gygyrdylar. Heýwere keseli ýokuşýardy. Şonuň üçin olar adamlaryň ýanyna barmaly däldi. Isa heýwere keselli on adama: «Ybadathana gidiň» diýdi. Ýehowa heýwere keselinden sagalan adama ybadathana barmagy tabşyrypdy. Ýaňky on adam ýolda barýarka sagalýar. Ýöne olaryň diňe biri yzyna gaýdýar. Ol Isanyň ýanyna gelip sag bolsun aýdýar we Hudaýy şöhratlandyrýar.

Bir aýal agyr keseldi. Ol 12 ýyl bäri kösenýärdi. Onuň sagalasy gelýärdi. Bir gün ol Isany görýär. Isanyň daş-töweregi adamdan doludy. Aýal onuň arkasyndan baryp, donunyň etegine elini degirýär. Ol şol bada sagalýar. Şonda Isa: «Maňa kim elini degirdi?» diýýär. Aýal gorksa-da, Isanyň ýanyna barýar. Oňa dogrusyny aýdýar. Isa-da: «Gyzym, gorkma! Arkaýyn gidiber» diýýär.

Şol döwürde Ýaýrus atly bir adam bardy. Ol sinagoganyň ýolbaşçysydy. Ol Isa: «Gyzym keselläp ýatyr. Bize gidip, oňa kömek edäý!» diýip ýalbarýar. Isa Ýaýrusyň öýüne barmanka, gyzjagaz ölýär. Ol Ýaýrusyň öýüne gelende adamlar aglap otyrdy. Isa: «Aglamaň, gyzjagaz ölenok, ol uklap ýatyr» diýýär. Soňra gyzjagazyň elinden tutup: «Gyzjagaz, tur ýeriňden!» diýýär. Ol şol bada direlýär. Isa gyzjagazyň ene-atasyna: «Oňa iýer-içer ýaly zat beriň» diýýär. Ene-atasy gyzynyň direlendigine örän begenýär.

Isa Ýaýrusyň gyzyny direldýär

«Hudaý mukaddes ruhy arkaly... Isany saýlap, oňa güýç berdi. Isa ähli ýerlere aýlanyp, ýagşy işleri etdi, Iblisden ejir çekýän adamlary sagaltdy, sebäbi Hudaý ony goldaýardy» (Resullar 10:38).

Soraglar: Isa näme üçin her dürli kesel adamlary sagaldyp bilýärdi? Ýaýrusyň gyzyna näme boldy?

Matta 9:18—26; 14:36; Markus 2:1—12; 5:21—43; 6:55, 56; Luka 6:19; 8:41—56; 17:11—19

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş