Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 47 sah. 118—sah. 119 abz. 6
  • Gyzjagazyň direlişi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gyzjagazyň direlişi
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Isa ölüleri direldýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ölen adamlar direler!
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Isa köp gudrat görkezýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Isanyň geýimine elini degren aýal sagalýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 47 sah. 118—sah. 119 abz. 6
Isa Ýaýrusyň gyzyny direldýär

47-NJI BAP

Gyzjagazyň direlişi

MATTA 9:18, 23—26; MARKUS 5:22—24, 35—43; LUKA 8:40—42, 49—56

  • ISA ÝAÝRUSYŇ GYZYNY DIRELDÝÄR

Ýaýrus gan akma keselinden ejir çekýän aýalyň sagalyşyny gözi bilen görýär. Elbetde, Isa onuň gyzyny-da sagaldyp biler. Emma Ýaýrus: «Meniň gyzym eýýäm ölendir» diýip pikir edýärdi (Matta 9:18). Eýsem, Isa gyzjagaza kömek edip bilermikä?

Isa sagalan aýal bilen gepleşip durka, ine, Ýaýrusyň öýünden birnäçe adam gelip: «Gyzyň aradan çykdy. Indi Mugallymy alada goýmak nämä gerek?» diýýär (Markus 5:35).

Nähili elhenç habar! Il içinde hormatlanýan adam bir gysym bolup durdy. Onuň ýekeje gyzy bardy, olam aradan çykdy. Isa muny eşidende, Ýaýrusa seredip: «Gorkma, diňe iman et» diýip, oňa göwünlik berýär (Markus 5:36).

Hasrat çekýänler ölen gyzyň ýanynda

Soňra Isa Ýaýrus dagylar bilen onuň öýüne gidýär. Barsalar, birtopar adam goh-galmagal edip otyrdylar. Olar zaryn-zaryn aglap, ah çekip gursagyna urýardylar. Isa içerik girip, oturanlara: «Çaga ölmedi, ol uklap ýatyr» diýende, olar ör-gökden gelýär (Markus 5:39). Muny eşidenler Isanyň üstünden gülüp başlaýarlar, sebäbi olar gyzjagazyň ölendigini bilýärdiler. Emma agyr ukuda ýatan adamy turzup bolşy ýaly, häzir Isa Hudaýyň güýji bilen ölen adamlary direldip boljakdygyny görkezer.

Isa Petrus, Ýakup, Ýahýa we ölen gyzjagazyň ata-enesinden başga hemmeleri daşaryk çykarýar. Soňra ýaňky bäş adam bilen bile gyzjagazyň ýatan ýerine barýar. Isa gyzjagazyň elinden tutup: «„Talita kumi“ diýýär. Bu „Gyzjagaz, saňa diýýärin, tur!“ diýmegi aňladýar» (Markus 5:41). Gyzjagaz şol bada ýerinden turýar-da, ýöräp başlaýar. Göz öňüne getiriň, Ýaýrus bilen aýaly muny görüp, nähili begenendir! Soňra Isa oňa nahar bermegi tabşyrýar. Bu bolsa gyzjagazyň hakykatdanam direlendigini görkezýärdi.

Isa öň syrkawlary sagaldanda, olara bu hakda hiç kime aýtmazlygy tabşyrýardy. Ol häzirem gyzjagazyň ata-enesine şeýle tabşyryk berýär. Muňa garamazdan, adamlar we gyzjagazyň ata-enesi begenjinden ýaňa «bu habary obadyr şäherlere ýaýradýarlar» (Matta 9:26). Eger siz aradan çykan dogan-garyndaşyňyzyň direlendigini görseňiz, bu hakda buşlap çykmazmydyňyz? Bu Isanyň ikinji adamy direldişidi.

  • Ýaýrusa nähili habar aýdýarlar we Isa oňa nädip göwünlik berýär?

  • Isa bilen Ýaýrus öýe gelende nämeler bolup geçýärdi?

  • Isa näme üçin «çaga ölmedi, ol uklap ýatyr» diýýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş