Ýehowa gartaşan gullukçylarynyň mähir bilen aladasyny edýär
«Hudaý siziň işiňizi... Öz adyna görkezen söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir» (ÝEW. 6:10).
1, 2. a) Çal saçly adamy görenimizde näme ýadymyza düşýär? b) Ýehowa gartaşan mesihçilere nähili garaýar?
SAÇY agaran gartaşan dogan-uýalary göreniňde, Daniýel kitabyndaky görnüş ýadyňyza düşýärmi? Bu görnüşde Ýehowa Hudaý Daniýele ak saçly goja kimin görünýär. Daniýel şeýle diýýär: «Men tagtlar goýlup, Gadymy Günlerdäki öz ýerinde oturýança seredip durdum. Onuň egin-başy gar kimin akdy, saçlary bolsa ýüň kimin arassady» (Dan. 7:9).
2 Adatça, ýüňüň tebigy reňki ak bolýar. Ak, ýagny çal saçlar we «Gadymy Günlerdäki» diýen jümle Hudaýyň uly ýaşyny we kämil akyldarlygyny görkezýär. Bu bolsa biziň çuňňur hormatlamagymyza mynasypdyr. Gadymy Günlerdäki Ýehowa gartaşan wepaly dogan-uýalara nähili garaýar? Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Çal kelle şöhrat täjidir; ol dogrulyk ýolundan tapylýandyr» (Sül. tym. 16:31). Görşümiz ýaly, ýaşy uly we saçy agaran wepaly gullukçylar Hudaýyň nazarynda owadandyr. Siz hem gartaşan dogan-uýalarymyza Ýehowa ýaly garaýarsyňyzmy?
Biz näme üçin olary gymmat saýýarys?
3. Näme üçin biz gartaşan imandaşlarymyzy gymmat saýýarys?
3 Biziň mähriban gartaşan ruhy dogan-uýalarymyzyň arasynda Ýehowanyň Güwäçileriniň Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary, öň aýlanýan gözegçi bolup gulluk edenler we häzir hem bu işi edýänler, yhlasly pionerler hem başga-da tejribeli wagyzçylar bar. Olaryň ählisi biziň bilen birlikde Ýehowa gulluk edýärler. Belki, siz köp ýyldan bäri hoş habary yhlasly wagyz edip, gowy göreldesi bilen ýaşlary ruhlandyrýan we olara dogry ýoly saýlamaga kömek edýän käbir dogan-uýalary tanaýansyňyz. Gartaşan dogan-uýalarymyzyň käbiri öň jogapkärçilikli borjy ýerine ýetirip, hoş habar ugrunda yzarlamalara döz geldiler. Ýehowa bilen «sadyk hem akylly hyzmatkär» olaryň Patyşalyk ugrunda eden we häzir hem dowam etdirýän ähli işlerini gymmat saýýar (Mat. 24:45).
4. Biz näme üçin gartaşan mesihçilere hormat goýmaly we olar üçin doga etmeli?
4 Bu wepaly dogan-uýalar Ýehowa Hudaýyň başga gullukçylarynyň hem minnetdarlygyna we hormatyna mynasypdyr. Hudaýyň Musa arkaly beren kanunynda gartaşanlara hormat goýmak Ýehowadan gorkmak bilen baglydygy görkezýär (Lew. 19:32). Biz bu wepaly gullukçylara we olaryň söýgi bilen eden zähmeti üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirip, yzygiderli doga etmeli. Pawlus resul hem ýaş we gartaşan eziz işdeşleri üçin doga edýärdi (1 Selanikliler 1:2, 3-nji aýatlary okaň).
5. Biz gartaşan imandaşlar bilen gatnaşsak, nähili peýda göreris?
5 Ýygnakdakylaryň ählisi gartaşan mesihçiler bilen gatnaşyp, köp zady öwrenip bilerler. Olar Mukaddes Ýazgylary öwrenip we Ýehowa gulluk edip, baý tejribe topladylar. Olar köp zady görüp, başdan geçireni üçin sabyrly bolmagy we duýgudaşlyk bildirmegi öwrendiler. Olar bilimini we tejribesini şatlykly paýlaşarlar (Zeb. 71:18). Ýaşlar, çuň guýudan suwuň çekip çykarylşy ýaly, bu tükeniksiz çeşmeden bilimi çekip çykaryň! (Sül. tym. 20:5).
6. Biz gartaşan mesihçileri gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris?
6 Siziň hem Ýehowa ýaly gartaşan mesihçileri gymmat saýýandygyňyzy olar bilýärmi? Meselem, siz olara wepalylygy üçin söýýändigiňizi we pikirini gymmat saýýandygyňyzy aýdyp bilersiňiz. Şeýle-de bu dogan-uýalaryň berýän maslahatyna eýerip, olara çuňňur hormat goýýandygyňyzy görkezersiňiz. Köp gartaşan mesihçiler özleriniň hem uly ýaşly dogan-uýalardan alan paýhasly maslahatynyň durmuşynda kömek edendigini ýatlaýarlara.
Gartaşan dogan-uýalaryň mähir bilen aladasyny ediň
7. Gartaşan adamlaryň aladasyny etmegi Ýehowa kime tabşyrdy?
7 Hudaý gartaşan adamlaryň aladasyny etmekligi, ilki bilen, olaryň maşgala agzalaryna tabşyrdy (1 Timoteos 5:4, 8-nji aýatlary okaň). Olar gartaşan dogan-garyndaşlarynyň öňündäki borjuny ýerine ýetireninde, Ýehowa şatlanýar. Şeýdip, olar Hudaýdan öwrenip, olaryň aladasyny edýändigini görkezýärler. Hudaý şeýle maşgalalary goldaýar we olaryň edýän ähli tagallasyna we pida edýän zatlaryna ak pata berýärb.
8. Näme üçin ýygnak gartaşan meshçileriň aladasyny etmeli?
8 Wepaly gartaşan mesihçileriň maşgalasynda we dogan-garyndaşlaryndan imandaşy bolmasa, ýa-da onuň aladasyny etjek hiç kimi ýok bolsa, ony dogan-uýalar goldanda Ýehowa begenýär (1 Tim. 5:3, 5, 9, 10). Şeýdip, ýygnak özüniň «dertdeş, dogan söýer, rehimdardygyny» görkezýär (1 Pet. 3:8). Ýygnagyň gartaşan agzalaryna bolan aladasyny Pawlus resul gowy beýan etdi. Ol şeýle diýdi: «(Bedende) bir agza horluk çekse, ähli agzalar bilelikde horluk çeker» (1 Kor. 12:26). Ýygnak gartaşan mesihçileriň mähirli aladasyny edip, Pawlus resulyň: «Birek-biregiň ýüküni göterip, Mesihiň kanunyny berjaý ediň» diýen maslahatyndaky prinsipe eýerýärler (Gal. 6:2).
9. Gartaşan adamlaryň nähili «ýüki» bar?
9 Gartaşan meshçiler nähili «ýüki» göterýär? Olaryň köpüsi tiz ýadaýar. Olaryň käbirine bolsa lukmana barmak, kwitansiýa doldurmak, öýi arassalamak we nahar taýýarlamak ýaly ýönekeý işleri etmek kyn bolýar. Adamyň ýaşy geçdigisaýy, köplenç, işdäsi kesilip, az iýip-içýärler. Ruhy iýmit barada hem şeýle diýse bolar. Gartaşan adamlaryň gözüniň kütelendigi üçin okamak kyn bolýar we gulagynyň agyrlaşýandygy sebäpli ýygnak duşuşygynda ünsüni jemlemek, hatda ol ýere barmaga taýýarlyk görmekde hem kynçylyk döreýär. Biz gartaşan dogan-uýalara nähili kömek berip bileris?
Siz nähili kömek edip bilersiňiz
10. Ýaşulularyň baştutanlygynda ýygnak gartaşan mesihçilere nähili kömek berip biler?
10 Köp ýygnaklarda dogan-uýalar gartaşanlaryň aladasyny mähir bilen edýärler. Olar bazara barmaga, nahar taýýarlamaga, öýi arassalamaga kömek edýärler. Olar gartaşan mesihçilere Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge, ýygnak duşuşyklaryna ýygnanmaga we yzygiderli wagyz etmäge kömek berýärler. Käbir ýaş mesihçiler olara Patyşalyk zallaryna barmaga ýardam edýärler. Öýünden çykyp bilmeýän gartaşanlar bolsa, ýygnagyň audio ýazgylaryny diňleýärler. Käbir ýygnaklarda gartaşanlar duşuşygy telefon arkaly diňläp bilýärler. Ýygnagyň ýaşululary gartaşan mesihçilere, mümkin boldugyndan, gerekli kömegi bermegiň aladasyny etmelic.
11. Bir maşgala gartaşan doganymyzyň nähili aladasyny edendigini gürrüň beriň.
11 Şeýle-de biziň her birimiz gartaşan mesihçileri myhmançylyga çagyryp, jomartlyk bildirip, aladasyny edip bileris. Bir gartaşan doganyň aýaly ölenden soň, onuň ýeke özüniň pensiýasy jaý tölegini tölemäge ýetmeýär. Ol öň aýaly bilen bir maşgala Mukaddes Ýazgylary öwredipdi. Bu maşgalada är-aýal we iki ýetginjek gyz bardy. Olaryň uly jaýy bardy, şonuň üçin olar dogany ýaşamaga çagyryp, iki otag berdiler. Bu dogan olar bilen on bäş ýyl bile ýaşap, olaryň maşgala agzasy boldy. Doganyň imany gyzlara gowy täsir etdi we olar köp zady öwrendiler. Ol bu maşgalada ömrüniň ahyryna çenli ýaşady. Ol 89 ýaşynda aradan çykdy. Maşgala agzalarynyň ählisi bu doganyň beren gürrüňinden köp bereketler alandygyna şu wagtlar hem Hudaýa minnetdarlyk bildirýärler. Olar Isa Mesihiň şägirdiniň aladasyny edendigi üçin «sylagsyz galmadylar» (Mat. 10:42)d.
12. Nädip gartaşan dogan-uýalaryň mähirli aladasyny edip bilersiňiz?
12 Şu maşgala ýaly sizde gartaşan dogan-uýalara kömek etmek mümkinçiligi bolmasa, olara ýygnaga barmaga hem-de wagyz etmäge kömek edip bilersiňiz. Meselem, siz olary myhmançylyga ýa-da açyk howada dynç almaga çagyryp bilersiňiz. Şeýle-de olaryňka myhmançylyga barmaly, aýratynam, kesellände we öýden çykyp belmedik ýagdaýynda soramaga barmaly. Galyberse-de, olara çaga ýaly garamaly däldigini unutmazlyk wajypdyr. Gartaşan mesihçilerde akyl ýetiriş ukyby barka, olar özlerine degişli ähli kararlara gatnaşmaly. Garrylykdan akyly kütelişen halatynda-da, olar hormat goýulýandygyny duýýarlar.
Ýehowa eden işiňizi unutmaz
13. Näme üçin gartaşan mesihçileriň duýgusyna düşünmek wajyp?
13 Gartaşanlaryň duýgularyna düşünmek wajyp. Olar ýaşka we saglygy gowy mahaly eden işlerini, indi edip bilmeýändigine, köplenç, gaty gynanýarlar. Meselem, elli ýyldan gowrak Ýehowa yhlasly gulluk edip, pioner bolan bir uýa agyr keselländigi üçin ýygnaga barmak kyn bolýar. Günleriň birinde, ol öň näçe gulluk edendigini ýatlap aglaýar. Uýa kellesini aşak egip: «Menden hiç hili peýda ýok» diýdi.
14. Zebur kitaby Ýehowanyň gartaşan gullukçylaryna nähili teselli berýär?
14 Gadyrly, gartaşan dogan-uýalarymyz, sizde-de şeýle duýgular bolýarmy? Käte Ýehowa sizi taşlan ýaly görünýärmi? Mezmurçy garran çagynda şeýle duýgulary başdan geçiripdi. Ol Ýehowa şeýle doga edýär: «Garrylyk çagymda meni Özüňden taşlama, güýjüm gaçan çagy meni terk etme. Şindi, garry we çal kellekäm hem, eý Hudaý... meni taşlama» (Zeb. 71:9, 18). Dawudy taşlamadyk Ýehowa sizi asla terk etmez. Dawut başga mezmurynda Ýehowanyň kömek etjekdigine ynanýandygyny aýtdy (Zebur 68:19-y okaň). Eger-de siz gartaşan ýaşda Ýehowa wepaly gulluk edýän bolsaňyz, ol hemişe ýanyňyzda bolup, her gün sizi goldap durar.
15. Gartaşan mesihçilere dogry garaýyşda bolmaga näme kömek eder?
15 Mähriban garrylar, Ýehowa siziň onuň üçin eden we edýän işleriňizi hiç haçan unutmaz. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý siziň işiňizi... Öz adyna görkezen söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir» diýilýär (Ýew. 6:10). Şol sebäpli, garran çagymda Ýehowa gulluk etmekde hiç hili peýdam ýok diýen ýaly, gamgynlandyrýan pikirler bilen göreşiň. Göwnüçökgünlige getirýän pikirlere garşy durup, gowy zatlar barada oýlanyň. Alýan bereketleriňize we bagtly gelejegiňize şatlanyň! Bizde hiç zada deňäp bolmajak gelejege bolan umydymyzyň bardygyna Ýaradyjymyz güwä geçýär (Ýerem. 29:11, 12; Res. iş. 17:31; 1 Tim. 6:19). Bu umyt barada oýlanyp, göwnüňiz ýaş bolsun we ýygnaga siziň gereklidigiňizi ýadyňyzdan çykarmaň!e
16. Näme üçin bir gartaşan dogan ýaşuly bolmazlyk kararyna geldi, emma başga ýaşulular ony nädip ruhlandyrdy?
16 Geliň indi, 80 ýaşly Ýohan atly doganyň mysalyna seredeliň. Ol Zanni atly agyr keselli mesihçi aýalyna uzynly gün seredýärf. Ýohan ýygnaga hem-de wagza gidip biler ýaly, uýalar Zanniniň ýanyna gezekli-gezegine geldiler. Emma muňa garamazdan, bir güni Ýohan ýadawlyk duýup, mundan buýana ýygnakda ýaşuly bolup gulluk etmezlik barada pikirlenýär. Gözi ýaşdan dolup, ol şeýle diýdi: «Ýaşuly bolmagymyň peýdasy näme ? Men ýygnaga hiç hili peýdaly iş etmeýärin». Emma beýleki ýaşulular onuň bilimini we tejribesini gymmat saýýandyklaryny Ýohana ynandyrdylar. Ol ýygnaga öňki ýaly hyzmat edip bilmese-de, olar ony ýaşuly bolup gulluk etmäge ruhlandyrdylar. Şeýle mähirli sözlerden soň, ol ruhlandy. Şu günler Ýohan ýygnagy ruhlandyryp, ýaşuly gullugyny dowam etdirýär.
Ýehowa gartaşanlara uly hormat goýýar
17. Mukaddes Ýazgylar gartaşan mesihçileri nämä ynandyrýar?
17 Mukaddes Ýazgylarda garrylar güýçsüzlige we kynçylyklara garamazdan, ruhy taýdan gülläp ösüp biljekdigi barada ynandyrylýar. Mezmurçy şeýle ýazýar: «Rebbiň öýünde... ekilenler güllär. Olar garrylykda-da miwe berer, suwly we ter bolar» (Zeb. 92:13, 15). Pawlus resul syrkawlyk zerarly ejir çeken bolmaly. Ýöne ol daşky keşbi «bozulsa-da» ruhdan düşmedi (2 Korintoslylar 4:16—18-nji aýatlary okaň).
18. Näme üçin gartaşan mesihçilere we olara seredýän adamlara başgalaryň kömegi gerek bolýar?
18 Şu günler gartaşan mesihçileriň «gülläp» biljekdigi barada ençeme mysallar getirse bolar. Emma mähirli garyndaşlaryň barlygyna garamazdan, garrylyk bilen bagly ýarawsyzlyk we kynçylyklar garrylary ruhdan düşürip biler. Olaryň maşgala agzalary hem güýçden gaçyp biler. Ýygnagyň agzalarynda gartaşanlara we olara seredýänlere iş ýüzünde söýgi bildirmäge mümkinçilik bar (Gal. 6:10). Biz garrylara kömek etmek bilen, imandaşlaryna hiç zat etmän: «Gidiň-de, ýylynyň, doýuň» diýýänlere meňzemeýäris (Ýakup 2:15—17).
19. Näme üçin gartaşan wepaly mesihçiler gelejege ynam bilen garap biler?
19 Garrylyk mesihçileri käbir zatlarda çäklendirse-de, Ýehowanyň olara bolan söýgüsi sowamaýar. Ol ähli wepaly gartaşan gullukçylaryny gymmat saýýar we hiç haçan olary terk etmeýär (Zeb. 37:28; Iş. 46:4). Ýehowa olary hemişe goldap, görkezme berýär (Zeb. 48:14).
a 2007-nji ýylyň 1-nji iýunynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň «Garrylar — ýaşlar üçin bereket» diýen makala serediň.
b «Maşgala bagtynyň syry» atly kitabyň «Gartaşan ata-eneňizi sylaň» diýen 15-nji babyna serediň.
c Käbir ýurtlarda gartaşanlara döwlet tarapyndan berilýän kömegi almaga ýardam etmeli bolýar. 2006-njy ýylyň 1-nji iýunynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) «Hudaý garrylaryň aladasyny edýär» atly makala serediň.
d 2003-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) «Ýehowa hemişe biziň aladamyzy edýär» atly makala serediň.
e 1993-nji ýylyň 15-nji martynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) «Çal saçyň bezegi» atly makala serediň.
f Atlar üýtgedilen.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Näme üçin gartaşan wepaly mesihçileri gymmat saýýarsyňyz?
• Biz ýygnakdaky garrylaryň aladasyny nädip mähir bilen edip bileris?
• Ýehowanyň gartaşan gullukçylaryna gowy garaýyşda bolmaga bize näme kömek edýär?