Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/1 sah. 22—26
  • Agyr günler gelmänkä, Ýehowa gulluk ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Agyr günler gelmänkä, Ýehowa gulluk ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • GARTAŞANLAR ÜÇIN AJAÝYP MÜMKINÇILIK
  • BAŞGALARA KÖMEK ETMÄGE MÜMKINÇILIK GÖZLÄŇ
  • WAGYZÇYLARYŇ ÝETMEÝÄN ÝERINDE GULLUK EDIŇ
  • BAŞGA DILDE GEPLEÝÄN ADAMLARA KÖMEK EDIŇ
  • ELIŇIZDE BARYNY EDIP, ŞATLYK TAPYŇ
  • Ýehowa gartaşan gullukçylarynyň mähir bilen aladasyny edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Garrylary sylaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Garry dogan-uýalary başyňyza täç ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Ýaşlaryň gadyryny biliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/1 sah. 22—26

Agyr günler gelmänkä, Ýehowa gulluk ediň

«Özüňi Ýaradany ýatla». WAG. 12:1

SIZ NÄHILI DÜŞÜNDIRERSIŇIZ?

  • Tejribeli dogan-uýalar ýaşlara nädip kömek edip bilerler?

  • Mukaddes Ýazgylardaky haýsy wakalar gartaşan mesihçileri wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçmäge höweslendirip biler?

  • Gartaşan dogan-uýalaryň käbiri Hudaýa gulluk etmegiň nähili ýollaryny tapdylar?

1, 2. a) Süleýman patyşa ýaşlara nähili maslahat berdi? b) Süleýmanyň maslahaty näme üçin elli ýaşan we ellisinden geçen mesihçileri-de gyzyklandyrmaly?

SÜLEÝMAN PATYŞA Hudaýyň ylhamy bilen ýaşlara: «Agyr günler gelmänkä... özüňi Ýaradany ýatla» diýip maslahat berdi. Ol «agyr günler» diýende nämäni göz öňünde tutdy? Süleýman adamyň garran çagyndaky ýagdaýyny göz öňünde tutdy. Ol şeýle adamlaryň elleriniň hem aýaklarynyň titreýändigini, dişiniň dökülýändigini, gözleriniň kütelýändigini, gulagynyň agralýandygyny, saçynyň agarýandygyny we biliniň bükülýändigini şahyrana sözler bilen beýan etdi. Şol sebäpli Süleýmanyň ýaşlara: «Özüňi Ýaradany ýatla» diýmegi geň galdyrmaýar (Wagyz kitaby 12:1—5-nji aýatlary okaň)a.

2 Elli ýaşan we ellisinden geçen gartaşan dogan-uýalaryň köpüsini göreniňde, olaryň gujurlydygyna göz ýetirýärsiň. Belki-de, olaryň saçlaryna ak girendir, ýöne olarda Süleýmanyň garrylyk babatda agzap geçen zatlaryny duýmasak gerek. «Özüňi Ýaradany ýatla» diýip, ýaşlara aýdylan sözleriň gartaşan mesihçiler üçin nähili peýdasy bar? Bu maslahat nämäni aňladýar?

3. Beýik Ýaradyjyňy ýatlamak nämäni aňladýar?

3 Biz Ýehowa ençeme ýyldan bäri gulluk etsek-de, wagtal-wagtal Ýaradyjymyzyň beýikligi hakda oýlansak gowy bolar. Tebigatyň ýaradylyşy haýran galdyrýar. Onuň çylşyrymlylygy ynsan düşünjesinden ýokarydyr. Ýaşaýyş lezzetli bolar ýaly, Ýehowa ençeme täsin zatlary ýaratdy. Biz Ýehowanyň ýaradan zatlary barada oýlananymyzda, Onuň söýgüsine, akyldarlygyna we güýjüne bolan minnetdarlygymyz artýar (Zeb. 143:5). Emma Beýik Ýaradyjyny ýatlamak üçin, biz Onuň öňündäki borjumyz hakda-da oýlanmaly. Bu bizi bütin ömrümize Oňa köpräk gulluk etmek üçin elimizde baryny etmäge höweslendirer (Wag. 12:13).

GARTAŞANLAR ÜÇIN AJAÝYP MÜMKINÇILIK

4. Tejribeli mesihçiler özlerine nähili sorag bermeli we näme üçin?

4 Eger siz Ýehowa ençeme ýyl gulluk edip tejribe toplan bolsaňyz, özüňize şeýle sorag beriň: «Heniz güýç-gaýratym barka, ony nämä sarp etmeli?» Tejribeli mesihçileriň başgalara garanda, has köp mümkinçiligi bolýar. Meselem, siz ýaşlara Ýehowa barada köp zatlary öwredip bilersiňiz. Hudaýa gulluk edeniňizde bolan ajaýyp wakalary gürrüň berip, başgalary ruhlandyryp bilersiňiz. Dawut patyşa bu barada doga edýärdi. Ol şeýle ýazdy: «Eý Hudaý, Sen maňa ýaşlygymdan tälim berdiň... Şindi, garry we çal kellekäm hem, eý Hudaý, Seniň güýjüňi bu nesle, Seniň gudratyňy geljekleriň ählisine yglan edýänçäm meni taşlama» (Zeb. 71:17, 18).

5. Gartaşan mesihçiler toplan akyldarlygyny nädip paýlaşyp bilerler?

5 Siz toplan akyldarlygyňyzy başgalar bilen nädip paýlaşyp bilersiňiz? Siz ýaş mesihçileri öýüňize çagyryp, abatlaýjy gürrüňleri edip bilermisiňiz? Olara wagza çykmagy teklip edip, Ýehowa gulluk etmegiň şatlyklydygyny görkezip bilermisiňiz? Elihu şeýle diýipdi: «Goý, gojalar geplesinler, ýaşulular paýhas bersinler» (Eýýup 32:7). Pawlus resul hem tejribeli uýalary sözde we iş ýüzünde başgalara görelde bolmaga çagyryp, şeýle diýdi: «Garry aýallar... ýagşylygy öwredýänler bolsun» (Titus 2:3).

BAŞGALARA KÖMEK ETMÄGE MÜMKINÇILIK GÖZLÄŇ

6. Tejribeli mesihçileriň başgalara kömek etmekde nähili mümkinçilikleri bar?

6 Eger siz tejribeli mesihçi bolsaňyz, başgalara kömek etmäge ajaýyp mümkinçiligiňiz bar. Oýlanyp görüň, siz 30—40 ýyl mundan öň bilmedik zatlaryňyza häzir gowy düşünýärsiňiz. Siz Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini durmuşyň haýsy ýagdaýlarynda ulanmalydygyny bilýärsiňiz. Şeýle-de hakykaty başgalaryň ýüregine täsir eder ýaly gürrüň berip bilýärsiňiz. Tejribeli ýygnak ýaşululary bolsa, azaşanlara nädip kömek etmelidigini bilýärler (Gal. 6:1). Belki-de, siz kongresleriň dürli bölümlerine we ýygnagyň ýa-da Patyşalyk zalynyň gurluşyk işlerine nädip gözegçilik etmelidigini bilýänsiňiz. Mümkin, siziň lukmanlar bilen gansyz bejerginiň peýdasy barada gürrüňdeş bolmakda tejribäňiz bardyr. Hatda ýaňy-ýakynda suwda çokundyrylan bolsaňyz-da, siziň baý durmuş tejribäňiz köplere ýardam edip biler. Meselem, siz çagalaryňyzy ösdürip ýetişdiren bolsaňyz, paýhasly maslahatlaryňyz köplere peýda berer. Hawa, gartaşan mesihçiler Ýehowanyň halkyna tälim we görkezme bermekde, dogan-uýalary ruhy taýdan berkitmekde wajyp orun tutýarlar (Eýýup 12:12-ni okaň)b.

7. Gartaşan mesihçiler ukyplaryny ýene nädip ulanyp bilerler?

7 Siz başgalara kömek etmekde ukyplaryňyzy ýene nädip ulanyp bilersiňiz? Belki-de, siz ýaş mesihçilere Mukaddes Ýazgylar okuwyny nädip başlap bolýandygyny we ony nädip geçirmelidigini görkezip bilersiňiz. Uýalar, siz ýaş çagaly enelere wagyz işine-de ýetişip bolýandygy barada maslahat berip bilermisiňiz? Doganlar, siz ýaşlara ýygnak duşuşygynda joşgunly çykyş etmegi we hoş habary ökdelik bilen wagyz etmegi öwredip bilermisiňiz? Siz gartaşan dogan-uýalary ideg edeniňizde, olary nädip ruhlandyrmalydygyny ýaşlara görkezermisiňiz? Siz gartaşanlygyňyz sebäpli bu işleri edip bilmesiňiz-de, ýaşlara tälim bermekde ajaýyp mümkinçiligiňiz bar. Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Ýaşlaryň şöhraty olaryň güýçleridir; garrylaryň abraýy çal kelleleridir» (Sül. tym. 20:29).

WAGYZÇYLARYŇ ÝETMEÝÄN ÝERINDE GULLUK EDIŇ

8. Gartaşan Pawlus ömrüni näme sarp etdi?

8 Pawlus resul gartaşanda-da bar güýjüni Ýehowa gulluk etmäge sarp edipdir. Ol ençeme ýyl missioner bolup gulluk etdi we köp kynçylyklary başdan geçirdi. Şol sebäpli Pawlus b. e. 61-nji ýylynda Rimde türmeden boşanda, aňsat ýoly saýlap, ol ýerde wagyz etmek üçin galyp bilerdi (2 Kor. 11:23—27). Uly şäherde ýaşaýan doganlar hem Pawlusyň galmagyna we özlerine goldaw berilmegine garşy däldiler. Emma Pawlus uzak ýurtlarda zerurlygyň bardygyna düşünýärdi. Ol Timoteos hem-de Titus bilen missioner gullugyny dowam etmekçidi. Olar Efesosa, soňra Girite we Makedoniýa-da baran bolmaly (1 Tim. 1:3; Titus 1:5). Biz Pawlusyň Ispaniýa barandygyny anyk bilmeýäris, ýöne ol şol ýere barmagy hem ýüregine düwüpdi (Rim. 15:24, 28).

9. Petrus wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine haçan göçen bolmaly? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

9 Petrus resul wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edende, ol 50 ýaşlaryndan geçen bolmaly. Biz muny nireden bilýäris? Ol Isa bilen ýaşdaş ýa-da ondan biraz uly bolan bolmaly. Diýmek, b. e. 49-njy ýylynda Petrus Iýerusalimde beýleki resullar bilen duşuşanda, ol takmynan 50 ýaşlaryndady (Res. iş. 15:7). Şondan biraz wagt geçenden soň, Petrus Babylda ýaşaýan köp sanly ýehudylara wagyz etmek üçin ol ýere göçýär (Gal. 2:9). Petrus takmynan b. e. 62-nji ýylynda birinji hatyny ýazanda, ol şol ýerde ýaşaýardy (1 Pet. 5:13). Elbetde, daşary ýurtda ýaşamak aňsat däldi, ýöne Petrus gartaşanlygy sebäpli Ýehowa doly wagtly gullugyň getirýän şatlygyndan özüni mahrum etmändir.

10, 11. Robert we onuň aýaly gartaşanda näme etdiler?

10 Şu günler 50 ýaşan we elliden geçen mesihçileriň köpüsi ýagdaýynyň özgermeginden peýdalanyp, Ýehowa gulluk etmegiň täze usullaryny tapdylar. Olaryň käbiri wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçdüler. Robert şeýle gürrüň berýär: «Aýalym ikimiz Ýehowa gulluk etmäge täze mümkinçiligiň dörändigine düşünenimizde, biz 55 ýaşlarymyzdadyk. Biziň ýekeje oglumyz bardy, ol hem özbaşdak ýaşaýardy. Eger biz jaýymyzy satsak, onuň puly we birazrak alan mirasymyz bize bergilerimizi üzmäge hem-de men pensiýa çykýançam eklenmäge ýetmelidi. Biz Boliwiýada köp adamlaryň Mukaddes Ýazgylar okuwy bilen gyzyklanýandygyny we nyrhlaryň arzandygyny eşitdik. Şol sebäpli biz ol ýere göçmegi ýüregimize düwdük. Bize täze öýümize öwrenişmek aňsat düşmedi. Bu ýerdäki ähli zatlar biziň Demirgazyk Amerikadaky öwrenişen ýaşaýşymyzdan örän tapawutlanýardy. Ýöne biziň eden tagallalarymyz ýerine düşdi».

11 Robert gürrüňini şeýle dowam edýär: «Biz häzir diňe ýygnagyň işleri bilen ýaşaýarys. Biziň okuw geçen adamlarymyzyň käbiri suwda çokundyryldy. Biz bir maşgala bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýärdik. Olar birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýän obada ýönekeý şertlerde ýaşaýardylar. Emma her hepde şäherde geçirilýän ýygnaga gelmek üçin, olar agyr ýol sökýärdiler. Bu maşgalanyň agzalary ruhy taýdan ösüş edip başlanlarynda we uly ogly pioner bolanda, biziň nähili begenendigimizi göz öňüne getirip görüň!»

BAŞGA DILDE GEPLEÝÄN ADAMLARA KÖMEK EDIŇ

12, 13. Braýan zähmet rugsadyna çykansoň aýaly bilen näme etdi?

12 Gartaşan dogan-uýalar başga dilde gepleýän ýygnaklara we toparlara köp peýda getirip bilerler. Şeýle territoriýada gulluk etmek köp şatlyk getirýär. Britaniýaly Braýan şeýle gürrüň berýär: «Men 65 ýaşymda zähmet rugsadyna çykdym. Şonda aýalym ikimiziň durmuşymyza ümsümlik aralaşan ýaly boldy. Çagalarymyz bizden aýry ýaşaýardylar; Mukaddes Ýazgylar okuwy bilen gyzyklanýan adamlara bolsa seýrek duş gelýärdik. Bir gezek men ýerli uniwersitetde derňew işi bilen meşgullanýan hytaýly ýaş ýigide duş geldim. Men oňa ýygnak duşuşygyna gelmegi teklip edenimde, ol razylaşdy. Soňra men onuň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip başladym. Birnäçe hepde geçende, ol ýygnak duşuşygyna hytaýly bir ýoldaşy bilen geldi. Iki hepdeden olar üç, soňra dört boldular».

13 «Ol bäşinji ýoldaşy üçin Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi haýyş edende, men şeýle pikir etdim: „Meniň 65 ýaşym Ýehowa gulluk etmekden zähmet rugsadyna çykmalydygymy görkezmeýär“. Şonda men aýalyma hytaý dilini öwrenmekligi teklip etdim; ol menden iki ýaş kiçidi. Biz audioýazgylary diňläp, hytaý dilini öwrendik. Şondan bäri on ýyl geçdi. Biz daşary ýurt dilinde gepleýän territoriýada wagyz edip, özümizi ýaş duýýarys. Göz öňüne getiriň, biz 112 sany hytaýly bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirdik! Olaryň köpüsi ýygnak duşuşyklaryna gatnaýarlar. Käbirleri pioner bolup gulluk edýär».

Siz gartaşan bolsaňyz-da, köpräk gulluk edip bilersiňiz (12, 13-nji abzaslara serediň)

Siz gartaşan bolsaňyz-da, köpräk gulluk edip bilersiňiz (12, 13-nji abzaslara serediň)

ELIŇIZDE BARYNY EDIP, ŞATLYK TAPYŇ

14. Gartaşan mesihçiler nämäni unutmaly däl we olary Pawlus bilen bolan waka nädip ruhlandyryp biler?

14 Gartaşan mesihçileriň ählisi Ýehowa gulluk etmegiň täze usullaryndan peýdalanyp bilmeýärler. Olaryň käbirine saglyk ýagdaýy päsgel berýär, käbiri bolsa garry ata-enesine ýa-da çagalaryna seretmeli bolýarlar. Siz Ýehowa gulluk etmek üçin eliňizde baryny edeniňizde, Hudaýyň muny gymmat saýýandygyna ynamly bolup bilersiňiz. Şol sebäpli edip bilmeýän zatlaryňyz üçin biynjalyk bolmaň-da, edip bilýän zatlaryňyza begeniň. Geliň, Pawlus resul bilen bolan waka seredeliň. Ol birnäçe ýyllap tussaglykda bolan mahaly, missioner gullugyny dowam edip bilmedi. Muňa garamazdan, ol ýanyna gelýän adamlara Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüň berýärdi we olary ruhy taýdan berkidýärdi (Res. iş. 28:16, 30, 31).

15. Biz gartaşan dogan-uýalary näme üçin gymmat saýýarys?

15 Ýehowa gartaşan dogan-uýalaryň wagyzda edýän ujypsyzja tagallasyny gymmat saýýar. Süleýman patyşanyň aýtmagyna görä, «agyr günleri» başdan geçirýän mesihçilere wagyz etmek aňsat bolmasa-da, Ýehowany şöhratlandyrmak üçin olaryň edýän işleri gözden salynmaýar (Luka 21:2—4). Dogan-uýalar hem ençeme ýyldan bäri Hudaýa wepaly gulluk edýän mesihçilere örän minnetdardyrlar.

16. Gartaşan Annanyň nämä mümkinçiligi bolmady, ýöne ol Hudaýa sežde etmek üçin näme etdi?

16 Mukaddes Ýazgylarda Anna atly garry dul aýalyň Ýehowany şöhratlandyryp, Oňa wepaly gulluk edendigi barada aýdylýar. Isa doglanda, ol 84 ýaşyndady. Elbetde, ol Isanyň şägirdi bolup bilmedi; onuň mukaddes ruh bilen mesh edilmäge we Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmäge mümkinçiligi-de bolmady. Muňa garamazdan, Anna Ýehowa üçin elinde baryny edip, şatlyk tapdy. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Bu dul hatyn ybadathanadan çykman, gije-gündiz oraza tutup, doga edip, ybadat bilen meşguldy» (Luka 2:36, 37). Ruhany ybadathanada her gün irden we agşam buhur ýakanda, Anna onuň howlusynda durup, bir ýarym sagat töweregi sessiz doga ederdi. Ol Isany bäbekkä görende, «Iýerusalimiň gutulmagyna garaşýanlaryň baryna bu çaga hakda gürrüň berip» başlady (Luka 2:38).

17. Biz gartaşan we ýarawsyz dogan-uýalara hakyky seždäni goldamagyna nädip kömek edip bileris?

17 Biz gartaşan we ýarawsyz dogan-uýalara höwes bilen kömek etmeli. Olar biziň bilen bile ýygnak duşuşyklarynda we kongreslerde bolmak isleýärler. Käbir ýurtlarda ýygnak duşuşygynda aýdylýan pikirleri gartaşan dogan-uýalar telefon arkaly diňläp biler ýaly aladasyny edýärler. Emma käbir ýerlerde şeýle şertleri döredip bolmaýar. Muňa garamazdan, gartaşan dogan-uýalar hakyky seždäni goldap bilýärler. Meselem, olar ýygnak üçin doga edip, onuň üstünligine ýardam edýärler (Zebur 92:13, 15-nji aýatlary okaň).

18, 19. a) Gartaşan dogan-uýalar başgalary nädip ruhlandyryp bilerler? b) «Özüňi Ýaradany ýatla» diýen maslahata kimler eýerip bilerler?

18 Gartaşan dogan-uýalar başgalary ruhlandyrmak üçin köp zatlary edip bilýärler. Ençeme ýyllap ybadathanada gulluk eden wepaly Anna barada oýlanyp görüň. Ol Ýehowa bolan söýgüsiniň we görkezen göreldesiniň Mukaddes Ýazgylara ýazyljakdygy barada bilenem däldir. Onuň göreldesi şu günlerem köpleri ruhlandyrýar. Annanyň Hudaýa bolan söýgüsi köp gullukçylaryň ýüreginde ýaşaýar. Şol sebäpli Hudaýyň Sözünde: «Çal kelle şöhrat täjidir; ol dogrulyk ýolundan tapylýandyr» diýilmegi geň galdyrmaýar (Sül. tym. 16:31).

19 Biziň Ýehowa gulluk etmäge mümkinçiligimiz çäkli bolup biler. Emma şonda-da, geliň, Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan şu sözlerden güýç-kuwwat alalyň: «Agyr günler gelmänkä... özüňi Ýaradany ýatla» (Wag. 12:1).

a Wagyz kitaby 12:1 Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla. 2 Seniň üçin Gün, yşyk, Aý, ýyldyzlar garalmanka, ýagyşdan soň bulutlar yzyna gaýtmanka, Ony ýatla. 3 Şol gün öýi goraýanlar titreşerler, güýçli adamlar eglerler, el degirmeni bilen däne üweýänler işini togtadarlar, sebäbi olaryň sany azdyr, penjireden seredýänleriň gözleri garaňkyraýar. 4 Köçä açylan gapylar ýapylar, degirmeniň sesi kesiler; adamlar guş sesine oýanarlar, gyzlaryň nagmasy kesiler. 5 Beýiklikden gorkarlar, ýollar gorkuly bolar; badam agajy güllär, çekirtge özüni zor bilen çeker, höwes ýiter, çünki ynsan öz ebedi öýüne gider, ýas tutýanlar köçelerde aýlanyşarlar.

b Eýýup 12:12 Paýhas garrylarda, düşünje uzak ömürdedir.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş