Garrylary sylaň
«Uly ýaşulynyň öňünde dik duruň, garryny sylaň». LEW. 19:32
1. Adamlaryň gözgyny ýagdaýyny beýan ediň.
ÝEHOWA adamlaryň garrap, ejir çekmegini islemeýär. Onuň ilkibaşdaky niýetine görä, ynsan kämil saglygyna begenip, Jennetde ýaşamalydy. Emma «biz bütin ýaradylyşyň şu wagta çenli birlikde ah çekip, birlikde burgusynyň tutup ýatanyny bilýäris» (Rim. 8:22). Siziň pikiriňizçe, adamlaryň günä zerarly garrylykdan ejir çekmegi Hudaýa nähili täsir edýärkä? Üstesine-de, adamlar garrylara kömek etmegiň deregine, olardan ýüz öwürýärler (Zeb. 39:5; 2 Tim. 3:3).
2. Biz garry dogan-uýalarymyza näme üçin begenýäris?
2 Biz garry dogan-uýalarymyzyň bardygyna begenýäris. Olaryň akyl-paýhasyndan we berk imanyndan köp zatlary öwrense bolýar. Bu garry dogan-uýalar biziň dogan-garyndaşlarymyz bolmasa-da, biz olaryň aladasyny etmek isleýäris (Gal. 6:10; 1 Pet. 1:22). Biz şu makalada Hudaýyň garrylara bolan garaýşyna serederis. Şeýle-de mähriban garry dogan-uýalarymyz babatda maşgala we ýygnak agzalarynyň nähili borçlarynyň bardygy hakda gürrüň ederis.
«MENI TAŞLAMA»
3, 4. a) Mezmurçy Ýehowadan näme diledi? b) Garry dogan-uýalar dogada näme diläp bilýärler?
3 Mezmurçy Hudaýdan: «Garrylyk çagymda meni Özüňden taşlama, güýjüm gaçan çagy meni terk etme» diýip diledi (Zeb. 71:9). Bu sözleri Dawut ýazan bolmaly. Ol bütin ömrüni Ýehowa gulluk edip geçirdi we Hudaý ol arkaly uly işleri etdi (1 Şam. 17:33—37, 50; 1 Pat. 2:1—3, 10). Emma Dawut garran çagynda-da Ýehowanyň merhemet etmegini diläpdir (Zebur 71:17, 18-nji aýatlary okaň).
4 Şu günler hem köpleri Dawut ýaly «agyr günler gelse-de», ýagny garrasalar-da, Hudaýy şöhratlandyrmak üçin elinde baryny edýärler (Wag. 12:1—7). Olar wagza we başga işlere öňküsi ýaly gatnaşyp bilmeseler-de, doga edip, Ýehowadan bereket bermegini diläp bilýärler. Wepaly garry dogan-uýalar dogalaryna jogap aljakdygyna şübhelenmän bilerler.
5. Ýehowa garran wepaly gullukçylaryna nähili garaýar?
5 Ýehowa garran wepaly gullukçylarynyň gadyryny bilýär we olara hormat goýulmagyny isleýär (Zeb. 22:24—26; Sül. tym. 16:31; 20:29). Lewiler 19:32-de şeýle diýilýär: «Uly ýaşulynyň öňünde dik duruň, garryny sylaň, Hudaýyňyzdan gorkuň. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin». Bu tabşyryga şu günlerem eýermeli. Garrylara hormat goýmak borjuny nädip ýerine ýetirmeli? Muňa kim jogapkär?
MAŞGALA AGZALARYNYŇ BORJY
6. Isa nähili görelde galdyrdy?
6 Hudaýyň Sözünde: «Ata-eneňe hormat goý» diýilýär (Müs. çyk. 20:12; Efes. 6:2). Isa ata-enesiniň aladasyny etmekden boýun gaçyrýan fariseýlerdir kanunçylary ýazgaranda, şu sözlere salgylanypdy (Mar. 7:5, 10—13). Emma Isanyň özi bu babatda ajaýyp görelde görkezdi. Ol ölüm pürsündekä, dul galan ejesiniň aladasyny etmegi söýgüli şägirdi Ýahýa tabşyrdy (Ýahýa 19:26, 27).
7. a) Pawlus nämäni ündedi? b) Pawlus ýene nämäni agzady?
7 Pawlus resul imandaşlaryna öý-içerisiniň aladasyny etmegi ündedi (1 Timoteos 5:4, 8, 16-njy aýatlary okaň). Geliň, Pawlusyň Timoteosa ýazan hatyna seredeliň. Ol garry dogan-uýalary goldamak babatda birnäçe prinsipi agzady. Pawlusyň aýtmagyna görä, dul galan mesihçileriň aladasyny, ilki bilen, olaryň çagalary, agtyklary we başga garyndaşlary etmelidi. Imanlylar ýygnagy olara pul kömegini bermäge borçly däl. Şu günlerem «Hudaýyň ýolunda gezýän» mesihçiler garry dogan-garyndaşlarynyň maddy taýdan aladasyny etmeli.
8. Mukaddes Ýazgylarda gartaşan ata-eneleriň aladasyny etmek babatda näme üçin anyk görkezme berilmeýär?
8 Mesihçiler ata-enesiniň maddy zerurlyklary barada alada etmäge borçludyr. Emma Ýehowa iman etmeýän ata-eneler hem gözden salynmaly däldir. Maşgala ýagdaýy birmeňzeş bolmaýar, şol sebäpli bu babatda her maşgalanyň özi karara gelmeli. Adamlaryň zerurlyklary, häsiýetleri we saglyk ýagdaýy, hatda islegi-de bir-birinden tapawutlanýar. Käbir gartaşanlaryň birnäçe çagasy, käbiriniň ýekeje çagasy bar. Käbirine hökümet tarapyndan pul kömegi berilse, käbirine berilmeýär. Şoňa görä-de, imandaşymyzyň gelen kararyny ýazgarmaly däl. Ýehowa gullukçylarynyň Mukaddes Ýazgylara esaslanyp gelen her bir kararyna ak pata berer (San. 11:23).
9—11. a) Käbirleri nähili kynçylyklara uçraýarlar? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Doly wagtly gullukçylar näme üçin howlukmaç karara gelmeli däl? Mysal getiriň.
9 Dogan-uýalara aýry ýaşaýan garry ata-enesiniň aladasyny etmek kyn bolup biler. Gartaşanlaryň saglygy birden erbetleşmegi mümkin. Eger olaryň ýykylyp, bir ýerine şikes ýetse ýa-da başga kynçylyga uçrasa, derrew idemeli bolar. Olaryň biraz ýa-da uzak wagtlaýyn kömege mätäç bolmagy ähtimala.
10 Daşary ýurtda doly wagtly gulluk edýän mesihçilere has-da kyn bolmagy mümkin. Beýtelde gulluk edýänler, missionerler we aýlanýan gözegçiler gullugyny örän gymmat saýýarlar. Şeýle dogan-uýalar ata-enesi syrkawlanda: «Biz olaryň aladasyny etmek üçin öýümize dolanmaly» diýmekleri ahmal. Emma olar doga edip, ata-enesiniň nähili kömege mätäçdigi hakynda oýlansalar paýhasly bolar. Olar howlukmaç karara gelmeli däl. Belki-de, ýüze çykan kynçylyklar wagtlaýyndyr we ýygnakdan kimdir biri olaryň ata-enesine höwes bilen kömek eder (Sül. tym. 21:5).
11 Geliň, öýünden uzakda gulluk edýän süýtdeş doganlar bilen bolan waka seredeliň. Olaryň biri Günorta Amerikada missioner bolup, beýlekisi Bruklindäki (Nýu-Ýork) bütindünýä baş edarasynda gulluk edýär. Doganlaryň garry ata-enesi kömege mätäç bolýar. Şonda olar aýallary bilen kakasyny we ejesini görmäge Ýaponiýa gidýärler. Olaryň Günorta Amerikada gulluk edýän ogly ata-enesine seretmek üçin gullugyny bes etmek kararyna gelýär. Şol wagt olara ýygnagyň koordinatory jaň edýär. Ol bu meseläni ýygnak ýaşululary bilen özara maslahatlaşandyklaryny we olaryň ata-enesiniň aladasyny etmegi öz üstlerine alýandyklaryny aýdýar. Bu maşgala şeýle kömege begendi.
12. Mesihçiler nädip karara gelmeli?
12 Mesihçileriň gartaşan ata-enesi babatda gelen karary Hudaýyň adyna şöhrat getirmeli. Biz Isanyň döwründäki dini ýolbaşçylara meňzemek islemeýäris (Mat. 15:3—6). Biz gelen kararymyz bilen Hudaýy şöhratlandyryp, ýygnaga abraý getirmek isleýäris (2 Kor. 6:3).
ÝYGNAGYŇ BORJY
13, 14. Gartaşan dogan-uýalaryň aladasynyň etmegiň wajypdygyny haýsy aýatlar görkezýär?
13 Ýokarda agzalyşy ýaly, doly wagtly gullukçylaryň ählisine kömek edip bolmasa gerek. Emma I asyrda bolan waka gartaşan dogan-uýalara kömek etmek üçin eliňde baryny etmelidigini görkezýär. Mukaddes Ýazgylara görä, Iýerusalimdäki ýygnagyň «arasynda mätäç kişi ýokdy». Bu olaryň gurply ýaşandygyny aňlatmaýar. Olaryň arasynda garyp mesihçiler bolsa-da, «her kime geregiçe paýlanýardy» (Res. iş. 4:34, 35). Biraz wagtdan «gündelik üpjünlikde (käbir) dul hatynlaryň gözden salynýandygy» mälim boldy. Şonda resullar ukyply doganlardan birnäçesini saýlap, dul hatynlaryň iýmit zerurlyklaryny kanagatlandyrmagy tabşyrdylar (Res. iş. 6:1—5). B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni daşary ýurtdan gelenleriň köpüsi mesihçi boldular we olar ruhy taýdan ösmek üçin Iýerusalimde galdylar. Olaryň hem maddy taýdan aladasyny etmek üçin resullaryň gelen karary mätäçlere elmydama kömek edip bolýandygyny görkezýär.
14 Pawlus resul Timoteosa ýazan hatynda mätäç dul aýallara kömek etmek babatda görkezme berdi (1 Tim. 5:3—16). Şeýle-de Ýakup şägirt mesihçileriň ýetimlere, dul hatynlara we başga-da muşakgat çekýänlere kömek etmäge borçludygyny ýazdy (Ýakup 1:27; 2:15—17). Ýahýa resul şeýle diýdi: «Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregiýukalyk etmeýän kişide Hudaýyň söýgüsi nähili galar?» (1 Ýahýa 3:17). Eger mätäçlere kömek etmäge her bir mesihçi borçly bolsa, onda tutuş ýygnak hem muňa borçly dälmi näme?!
Dogan-uýalar betbagtçylyga uçran garrylara nädip kömek edip bilerler? (15, 16-njy abzaslara serediň)
15. Käbirleri gartaşanlara kömek etmek üçin näme edýärler?
15 Käbir ýurtlarda garrylara döwlet tarapyndan pul we başga-da kömek berilse, käbir ýurtlarda berilmeýär (Rim. 13:6). Şonuň üçin ýygnagyň gartaşanlara berýän kömegi bir-birinden tapawutlanyp biler. Garry dogan-uýalara başga ýurtda ýaşaýan çagalary köp kömek edip bilmeýär. Şol sebäpli olar ata-enesiniň ýygnak ýaşululary bilen maşgala ýagdaýy barada açyk gürrüňdeş bolsalar gowy bolardy. Meselem, ýygnak ýaşululary gartaşan dogan-uýalara döwlet tarapyndan berilýän kömegi almaga ýardam edip bilerler. Eger garrylaryň pul kömegi ýa-da bejergisi gözden salynýan bolsa, ýygnak ýaşululary muny anyklap, çagalaryna habar bermeli. Bu gartaşan dogan-uýalara wagtynda kömek etmäge mümkinçilik berer we olaryň çagalarynyň çendenaşa aladalanmagyndan gorar.
16. Käbirleri garry dogan-uýalara nädip kömek edýärler?
16 Dogan-uýalar gartaşan imandaşlaryny söýýärler we olaryň aladasyny etmekde wagtyny hem-de güýjüni gaýgyrmaýarlar. Olaryň käbiri etmeli işleri özara paýlaşýarlar. Şeýdip, doly wagtly gulluk edip bilmeýän wagyzçylar garry dogan-uýalara kömek edip, olaryň pioner çagalaryny goldaýarlar. Olar, dogrudan-da, öwgä mynasypdyr! Emma bu çagalary ata-enesiniň öňündäki borjundan azat etmeýär.
GARTAŞANLARY SYLALYŇ
17, 18. Garrylara seredýänler näme üçin dogry garaýyşda bolmaly?
17 Gartaşanlar we olaryň aladasyny edýän dogan-uýalar dogry garaýyşda bolmak üçin elinde baryny etmeli. Bu olara kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge kömek eder. Käte garrylyk sebäpli adam göwnüçökgünlige düşüp biler. Şol sebäpli garry dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin ýörite tagalla edip, olar bilen abatlaýjy gürrüňleri etmeli. Ýehowa wepaly gulluk edýän garrylarymyz öwgä mynasypdyr we olaryň edýän hyzmaty unudylmaz (Malaky 3:16-ny;b Ýewreýler 6:10-ny okaň).
18 Gartaşanlar hem-de olaryň aladasyny edýänler özara oýun edişip degişseler, gündelik kynçylyklary ýeňmäge kömek eder (Wag. 3:1, 4). Gartaşanlaryň köpüsi talap ediji däl. Olar mähirli bolsalar, dogan-uýalaryň berýän kömeginden köp peýda alyp biljekdigine düşünýärler. Köplenç garry dogan-uýalarymyzy ideýän adamlar şeýle diýýär: «Men garry dostumy ruhlandyrmaga bardym welin, özüm ruhlanyp gaýdaýdym» (Sül. tym. 15:13; 17:22).
19. Nazarymyzy ebedi gelejege dikmäge näme kömek eder?
19 Tizden horluklar we bikämilligiň ýetirýän zyýany ýok ediler. Häzir bolsa, nazarymyzy ebedi gelejege dikeliň. Şonda umydymyz labyr kimin berk bolar. Şol sebäpli hem «biz ruhdan düşmeýäris, gaýtam, daşky adamymyz bozulsa-da, içki adamymyz günbe-günden täzelenýär» (2 Kor. 4:16—18; Ýew. 6:18, 19). Gartaşanlaryň aladasyny etmäge ýene näme kömek eder? Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.
a Indiki makalada garry ata-enesiniň aladasyny edýän dogan-uýalara kömek etjek käbir maslahatlara serediler.
b Malaky 3:16 Onsoň Rebden gorkýanlar biri-birileri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy.