Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • fy bap 15 sah. 173—182
  • Gartaşan ata-eneňizi sylaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gartaşan ata-eneňizi sylaň
  • Maşgala bagtynyň syry
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • DUÝGULARYNY GÖZ ÖŇÜNDE TUTUŇ
  • MADDY TAÝDAN KÖMEK ETMEK
  • SÖÝGI WE JANAÝAMAZLYK
  • DUÝGUDAŞLYK BILDIRIP DÜŞÜNJEK BOLUŇ
  • DOGRY GARAÝYŞDA BOLUŇ
  • ATA-ENESINIŇ ALADASYNY EDÝÄNLER HAKDA-DA ALADA ETMELI
  • IŇ ÜSTÜN GUDRAT
  • Mukaddes Kitapda garry ene-ataň aladasyny etmek barada näme diýilýär?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Ata-eneňiziň aladasyny ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Garrylary sylaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • «Ata-eneňe hormat goý»
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
Maşgala bagtynyň syry
fy bap 15 sah. 173—182

ON BÄŞINJI BAP

Gartaşan ata-eneňizi sylaň

1. Ata-enäniň öňünde biziň nähili borjumyz bar, şol sebäpli olar barada nähili pikirde bolmaly we olar bilen özümizi nähili alyp barmaly?

GADYMY wagtda bir akyldar adam şeýle maslahat berdi: «Ataňy diňle, ol seni dünýä indirdi; garran mahaly eneňi kemsitme» (Süleýmanyň tymsallary 23:22). Belki, sen: «Men hiç haçan ata-eneme äsgermezlik etmerin» diýýänsiň. Hawa, biziň köpümiz ata-enemize äsgermezlik etmeýäris, gaýtam, olary çäksiz söýýäris. Biz olaryň öňünde borçludygymyza düşünýäris. Sebäbi olar bizi dünýä indirdi. Ýehowa ýaşaýşyň Gözbaşy bolsa-da, ata-enesiz biz asla dünýä inmezdik. Biziň ata-enä berjek hiç bir zadymyzy-da, olaryň bize beren gymmatly ýaşaýşy bilen deňeşdirip bolmaz. Şeýle-de olar bizi ulaltmak üçin janyny gaýgyrman alada etdiler, köp pul harç etdiler, söýgi bilen eklediler. Şonuň üçinem Hudaýyň Sözünde şeýle maslahat berilýär: «Ata-eneňe hormat goý... şonda siz gowy günler görüp, ýer ýüzünde uzak ýaşarsyňyz» (Efesliler 6:2, 3).

DUÝGULARYNY GÖZ ÖŇÜNDE TUTUŇ

2. Ulalan çagalar ata-enesiniň öňündäki «borçlaryny» nädip berjaý edip biler?

2 Pawlus resul mesihçilere şeýle ýazdy: «Çagalar ýa-da agtyklar... ilki öz maşgalasynyň aladasyny edip, Hudaýa wepaly bolsunlar, ýagny kakasynyň hem ejesiniň we baba-mamasynyň öňündäki borçlaryny berjaý etsinler, sebäbi muny Hudaý halaýandyr» (1 Timoteos 5:4). Ulalan çagalar şol «borçlaryny berjaý etmek» üçin ata-enesiniň, babasynyň we mamasynyň köp ýyllaryň dowamynda görkezen söýgüsine, eden işlerine we aladasyna minnetdarlyk bildirýärler. Meselem, çagalar garrylaryň hem her kes ýaly söýgi we goldawa örän mätäçdigine düşünmeli. Ähli adamlar ýaly olar hem gadyrynyň bilinmegini isleýärler. Olar peýda getirip ýaşaýandygyny duýmaly.

3. Ata-enäni, baba we mamany nädip sylap bileris?

3 Şol sebäpli ata-enemizi, baba we mamamyzy sylap, olary söýýändigimizi görkezip bileris (1 Korinfliler 16:14). Ata-enemiz bilen bile ýaşamaýan bolsak, olar bilen habarlaşyp durmagyň wajypdygyny unutmaly däl. Olary ruhlandyrmak üçin hat ýazsak, jaň etsek ýa-da hal-ahwal soramaga barsak, olaryň begenjiniň çägi bolmaz. Ýaponiýada ýaşaýan 82 ýaşly Miýo şeýle ýazdy: «Meniň gyzym (onuň ýoldaşy etrap gözegçisi): „Ejejan, biz bilen „syýahat“ edäýsene“ diýýär. Olar barjak ýeriniň salgysyny we her hepde telefon belgisini iberýärler. Men bolsa kartany açýan-da: «Hmm... häzir gyzym bilen giýewim şu ýerde bolmaly!» diýýärin. Men şeýle gyzymyň barlygyna hemişe Ýehowa şükür edýärin!»

MADDY TAÝDAN KÖMEK ETMEK

4. Ýehudy dini däp-dessurlary çagalaryň gartaşan ata-enelerine doňýürek bolmaga nädip iteripdir?

4 Eýsem, ata-eneňi sylamak olara maddy taýdan kömek etmegi hem aňladýarmy? Elbetde. Köplenç olara şeýle kömek gerek bolýar. Isanyň günlerinde ýehudy dini ýolbaşçylarynyň berjaý edýän bir däbine görä, bir kişi puluny ýa emlägini «Hudaýa gurban etdim» diýse, onda muny ata-enesi üçin ulanmaga borçly däl hasaplapdyrlar (Matta 15:3—6). Nähili doňýüreklik! Aslynda, bu dini ýolbaşçylar adamlara ata-enesini sylaman, olara ýigrenç bilen garamagy, aladasyny etmän, diňe özüňi bilmegi öwredipdir. Biz hiç haçan beýle etmek islemeýäris! (Kanun taglymaty 27:16).

5. Käbir döwletlerde hökümetiň berýän kömegine garamazdan, ata-eneňi sylamaklyga näme üçin käwagt pul kömegini bermekligi hem degişli?

5 Şu günler döwletleriň köpüsinde garrylaryň iýmit, egin-eşik we jaý ýaly zerurlyklary hökümetiň sosial meýilnamasy arkaly üpjün edilýär. Mümkin, garrylaryň özleri hem garrylyk çagy üçin serişde toplandyrlar. Ýöne bu serişdeler gutaran bolsa ýa-da ýeterlikli bolmasa, çagalar başardygyndan ata-enesine maddy taýdan kömek edip, olary sylaýandygyny görkezýärler. Gartaşan ata-enesi hakda alada edýän adam Maşgalany döreden Ýehowa Hudaýa wepalydygyny subut edýär.

SÖÝGI WE JANAÝAMAZLYK

6. Käbirleri ata-enesi hakda alada etmek üçin nähili özgerişler edýärler?

6 Ulalan çagalaryň köpüsi ejizlän ata-enesi hakda söýgi bilen alada etmek üçin janyny aýamaýarlar. Olaryň käbiri ata-enesini öz öýünde ýaşadýarlar ýa-da olara ýakynrak ýerde ýaşaýarlar. Käbirleri bolsa ata-enesiniň öýüne göçüp barýarlar. Netijede, şeýle özgerişler ata-enä-de, çagalara-da peýda getirýär.

7. Gartaşan ata-eneňiz kömege mätäç bolsa näme üçin howlukmaç karara gelmeli däl?

7 Käwagt şeýle özgerişler gowulyga eltmeýär. Näme üçin? Belki, howlukmaç karara gelendirler ýa-da gowy oýlanan däldirler. Mukaddes Ýazgylarda: «Paýhasly adam bolsa öz ädimlerine dykgat edýändir» diýip, paýhasly duýduryş berilýär (Süleýmanyň tymsallary 14:15). Aýdaly, garran ejeňize ýeke ýaşamak kyn düşýär, siziň bilen ýaşasa gowy bolar öýdýärsiňiz. Bu barada paýhasly oýlanyp, şu aşakdaky soraglary göz öňünde tutup bilersiňiz: Ejem nämä mätäç? Hususy ýa-da döwlet tarapyndan ýerlikli mümkinçiligi hödür edýän gulluk barmy? Ejemiň göçesi gelýärmi? Eger ol göçse, durmuşyna nähili täsir eder? Ejem joralaryndan aýrylyşmaly bolarmy? Bu oňa duýgy taýdan nähili täsir eder? Şu soraglar barada pikir alyşdyňyzmy? Ejem göçüp gelse, maňa, ýanýoldaşyma we çagalaryma nähili täsir eder? Ejeme seretmeli bolsa, onda kim sereder? Jogapkärçiligi öz araňyzda paýlaşyp bilermisiňiz? Bu barada maşgalanyň beýleki agzalary bilen maslahatlaşdyňyzmy?

8. Gartaşan ata-enä kömek etmek meselesinde kim bilen maslahatlaşyp bolar?

8 Ata-ene hakda alada etmek maşgaladaky her bir çaganyň borjy, şol sebäpli maşgala maslahatyny geçirip, bilelikde agzybirlikli karar kabul etseňiz paýhasly bolar. Bu barada ýygnagyň ýaşululary ýa-da şeýle ýagdaýa sataşan dostlaryňyz bilen hem maslahatlaşsaňyz uly kömegi deger. Mukaddes Ýazgylarda: «Maksada maslahatsyz ýetilýän däldir, diňe maslahatçylaryň köp ýerinde myrat hasyl bolýandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 15:22).

DUÝGUDAŞLYK BILDIRIP DÜŞÜNJEK BOLUŇ

[179-njy sahypadaky surat]

Ilki ata-ene bilen gepleşmän, olara derek karara gelmek paýhassyz bolar

9, 10. a) Gartaşanlaryň ýaşynyň bir çene ýetendigine garamazdan, olara seredende nämäni göz öňünde tutmaly? b) Uly çagalar ata-enesi üçin näme edäýende-de, olar bilen özüni hemişe nähili alyp barmaly?

9 Gartaşan ata-eneňi sylamak üçin duýgudaşlyk bildirip olara düşünjek bolmaly. Ýaşynyň bir çene ýetmegi bilen, gartaşanlara, belki, ýöremek, iýmek we bir zady ýatda saklamak gitdigiçe kynlaşýandyr. Olar kömege mätäç bolup biler. Çagalar köplenç ata-enesini çendenaşa goraglap, olara görkezme berýärler. Ýöne gartaşanlar uly adamlar, olaryň ömürboýy toplan akyldarlygy hem tejribesi bar, olar öz aladasyny özleri edip, özleri karar kabul edýärdiler. Ata-eneleriň uly adamlar bolany sebäpli olar özbaşdak şahsyýet we öz-özüne sylag-hormaty bardyr. Ata-eneler durmuşynda ähli zada çagalarynyň ýolbaşçylyk etmelidigine göz ýetirende, göwnüçökgün ýagdaýa düşüp, gaharly bolup biler. Käbir ata-eneler özbaşdaklygy elden gidýändir öýdüp öýkeleýärler we garşylyk görkezýärler.

10 Bu meseläni çözmek aňsat däl, ýöne mümkin boldugyndan, gartaşan ata-eneňize özi hakda alada etmäge we karara gelmäge rugsat berseňiz, olara ýagşylyk edersiňiz. Ilki ata-ene bilen gepleşmän, olara nämäniň gowudygyny özümiz çözsek paýhassyz bolardy. Mümkin, olar indi köp zady edip bilýän däldir, ýöne olara başarýan zadyny etmäge mümkinçilik bereliň. Belki, ata-enemiziň durmuşyna näçe az goşulsak, aramyzyň şonça-da gowulaşýandygyna göz ýetireris. Şonda ata-enemiz hem, özümiz hem bagtly bolarys. Ata-enemiziň peýdasy üçin käbir zatlary etmeli bolan ýagdaýymyzda-da, olaryň mertebesine hormat goýup, sylaýandygymyzy görkezmeli, çünki olar muňa mynasyp. Töwratda şeýle maslahat berilýär: «Çal saçly adamyň öňünde ýeriňden turmaly, garrylary sylamaly, Hudaýyňdan gorkmaly. Men Ýehowa» (Lewiler 19:32, TD).

DOGRY GARAÝYŞDA BOLUŇ

11—13. Çaga bilen ata-enäniň arasy öň gowy bolmadyk bolsa-da, ata-ene gartaşanda, çagasyna kyn bolanda-da, ol nädip olaryň aladasyny edip biler?

11 Käwagt ulalan çagalara ýaşlykda ata-enesi bilen gowy gatnaşykda bolmandygy sebäpli, olary gartaşanda-da sylamak kyn bolýar. Mümkin, kakaň mähirsiz we doňýürek, ejeň bolsa, zulum hem gödek bolandyr. Olaryň arzyly ata-ene bolmandygy üçin, häzirem lapykeç, gaharly ýa-da öýkeli bolýansyňyz. Şeýle duýgulara hötde gelip bilermisiňiz?a

12 Finlýandiýada ulalan Basse şeýle gürrüň berýär: «Meniň öweý atam milletçi Germaniýada SS serkedesidi. Ol ganygyzma adamdy, şeýle ýagdaýdaka onuň eline düşseň, işiň gaýtdygydy. Ol ençeme sapar gözümiň alnynda ejemi ýençdi. Bir gezek maňa gahary gelende, kemerini çykaryp, onuň tokasy bilen ýüzüme urdy. Onuň urgusy şeýle güýçlüdi welin, men krowatyň üstüne ýykyldym».

13 Emma öweý atamyň başga-da häsiýetleri bardy. Basse dowam edýär: «Muňa garamazdan, ol köp işleýärdi we maşgalany eklemek üçin güýjüni gaýgyrmazdy. Ol maňa hiç haçan atalyk söýgüsini görkezmedi, ýöne men onuň muny edip bilmeýändigini bilýärdim. Ejesi ony çagalygynda öýünden kowupdy. Ol urşagandy, ýaş wagtynda-da urşa gitdi. Men şulara düşünýärdim, şonuň üçin ony kän günäkärlemeýärdim. Men ulalamda, öweý atam agyr keselledi. Şonda men oňa tä soňky demine çenli kömek etmegi ýüregime düwdüm. Bu maňa aňsat düşmedi, ýöne men elimde baryny etdim. Men tä öweý atam ölýänçä akylly ogul bolmaga çalyşdym, ol menden razy bolandyr öýdýärin».

14. Haýsy aýady ähli ýagdaýda, şol sanda gartaşan ata-eneň hakda alada etmeli bolanda-da ulanyp bolar?

14 Maşgalada-da, beýleki ýagdaýlarda-da, Injiliň maslahatyny ulanyp bolar: «Duýgudaşlygy, mähribanlygy, pesgöwünliligi, ýumşaklygy we sabyrlylygy geýiň. Eger biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň. Ýehowanyň sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamalysyňyz» (Koloslylar 3:12, 13).

ATA-ENESINIŇ ALADASYNY EDÝÄNLER HAKDA-DA ALADA ETMELI

15. Näme üçin käte ata-ene hakda alada etmek kyn bolýar?

15 Ejizlän ata-ene hakda alada etmek kyn, sebäbi işleriň we jogapkärçiligiň köpelýär, köp sagat sarp etmeli bolýar. Ýöne köplenç duýgy taýdan hem kyn bolýar. Ata-eneň saglygynyň, ýatkeşliginiň erbetleşýändigini we özbaşdaklygyny ýitirýändigini görüp lapykeç bolýarsyň. Puerto-rikoly Sendi şeýle gürrüň berýär: «Meniň ejem maşgalamyzyň diregidi. Onuň ejir çekişini görüp alada etmek gaty kyndy. Ol başda agsap başlady, soňra hasa gerek boldy. Onsoň pişek aldyk. Ahyrynda, maýyp kolýaskasyna münmeli boldy. Soňra ýagdaýy has-da agyrlaşdy we aradan çykdy. Ejemiň süňk ragy keseli güýçlenýändigi sebäpli oňa gije-gündiz biri seretmeli bolýardy. Biz ony suwa düşürýärdik, iýdirýärdik we kitap okap berýärdik. Bu kyndy, esasanam, duýgy taýdan kyndy. Ejemiň ölüşini görüp agladym, sebäbi men ony örän söýýärdim».

16, 17. Ejizlän ata-enesi hakda alada edýän adama haýsy maslahat paýhasly bolmaga kömek eder?

16 Eger siziňem ýagdaýyňyz şeýle bolsa näme edip bilersiňiz? Mukaddes Ýazgylary okap Ýehowany diňleseňiz we doga arkaly onuň bilen gepleşseňiz, uly kömegi deger (Filipililer 4:6, 7). Şeýle-de ýokumly naharlary iýip, ukuňy almaly. Şonda söýgüli ata-eneňiziň aladasyny etmäge duýgy we güýç taýdan ýagdaýyňyz bolar. Käwagt gündelik işleriňizi goýup, dynç almaga wagt tapmaly bolar. Işden rugsat alyp bir ýerik gidip bilmeseňiz-de, dynç almaga wagt sarp etseňiz paýhasly bolar. Az wagtlyk öýden çykanyňyzda, keselli ata-eneňize seretmegi birinden haýyş edip bilersiňiz.

17 Ejizlän ata-enesi hakda alada edýän adamlar, adatça, özünden aşa köp zada garaşýarlar. Käbir zatlary edip bilmeýäniňiz üçin özüňizi günäkärlemäň. Kä ýagdaýda söýgüli kakaňyzy ýa ejeňizi medisina hyzmatlary edilýän garrylar öýüne ynanmaly bolýar. Eger siz ejizlän ata-eneňiz hakda alada edýän bolsaňyz, özüňizden aşa köp zada garaşmaň. Siz diňe bir ejizlän ata-eneňiz hakda däl, eýsem, çagalaryňyz, ýanýoldaşyňyz we özüňiz hakda-da alada etmeli.

IŇ ÜSTÜN GUDRAT

18, 19. Ýehowa nädip goldajakdygyny wada berýär we wadasyny ýerine ýetirýändigini haýsy waka görkezýär?

18 Gartaşan ata-enesi hakda alada edýän adama Ýehowa Mukaddes Ýazgylar arkaly söýgi bilen maslahat berýär. Ýöne Ýehowanyň berýän kömegi munuň bilen çäklenmeýär. «Reb özüni çagyrýanlaryň ählisine... ýakyndyr. Olaryň perýatlaryny eşidýär we olary gutarýar» diýip, mezmurçy ýazýar. Ýehowa özüne wepaly adamlary hatda iň agyr ýagdaýlardan-da «gutarar» (Zebur 145:18, 19).

19 Filippinde ýaşaýan Mirna ysmaz keselli ejesine seredende şu sözleriň hakykatdygyna göz ýetirdi. «Mähriban ejemiň ejir çekişini görmekden kyn zat ýok ekeni. Ol hatda niresiniň agyrýanyny hem aýdyp bilmeýärdi. Hamala diýersiň, ol gark bolup barýar, men bolsa muny görübem hiç hili kömek edip bilmeýärin. Telim sapar dyza çöküp, Ýehowa ýadawlygym hakda doga etdim. Dawut ýaly menem Ýehowadan meniň gözýaşlarymy çüýşesine ýygnamagyny we ýatda saklamagyny haýyş etdim (Zebur 56:8). Wada berşi ýaly, Ýehowa maňa güýç-kuwwat berdi. «Reb maňa daýanç boldy» (Zebur 18:18).

20. Ejizlän ata-enesi aradan çyksa-da, olar hakda alada eden adamlara Mukaddes Ýazgylaryň haýsy wadalary ýagşy umytda bolmaga kömek edýär?

20 Il içinde aýtmaklaryna görä, gartaşan ata-eneň hakda alada etmek «gaýgyly gutarýan hekaýa» meňzeýär. Olar hakda näçe gowy alada etseň-de, Mirnanyň ejesi ýaly garrylar ahyrsoňy aradan çykýar. Ýehowa bil baglaýanlar bolsa, ölüm hekaýanyň soňy däldigini bilýärler. Pawlus resul şeýle diýdi: «Menem Hudaýa umyt baglap, şu adamlaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan zadyna, ýagny hem dogrularyň, hem erbetleriň direljekdigine umyt edýärin» (Resullaryň işleri 24:15). Gartaşan ata-enesiniň ölümi sebäpli aýra düşen adamlara Hudaýyň «ne ölüm... bolar» diýip, wada berýän ajaýyp täze dünýäsine we direlişe bolan umyt göwünlik berýär (Ylham 21:4).

21. Gartaşan ata-eneňi sylamak nähili gowy netije berýär?

21 Hudaýyň gullukçylary ata-eneleri garrasa-da, olara çuňňur hormat goýýarlar (Süleýmanyň tymsallary 23:22—24). Olar ata-enesini sylaýarlar. Şeýdip, olar Mukaddes Ýazgylardaky tymsalyň ýerine ýetişini görýärler: «Ataň-eneň guwansyn, seni dogran begensin» (Süleýmanyň tymsallary 23:25). Iň esasy zat, olar gartaşan ata-enesini sylamak bilen Ýehowany razy edýärler we oňa hormat goýýarlar.

a Bu ýerde ata-eneleriň ygtyýaryny we ynamy haýynlyk bilen ulanýan ýagdaýlary hakda aýdylmaýar, sebäbi bular jenaýat işi hasaplanýar.

MUKADDES ÝAZGYLARDAKY ŞU PRINSIPLER GARTAŞAN ATA-ENEŇI SYLAMAGA NÄDIP KÖMEK EDÝÄR?

Biz ata-enemiziň, baba we mamamyzyň öňündäki borjumyzy berjaý etmeli (1 Timoteos 5:4).

Ähli zady söýgi bilen etmeli (1 Korinfliler 16:14).

Wajyp meselede howlukmaç karara gelmeli däl (Süleýmanyň tymsallary 14:15).

Gartaşan ata-eneň syrkaw ýa ejizlän bolsa-da, olara hormat goýmaly (Lewiler 19:32).

Garrylyk we ölüm hemişe bolmaz (Ylham 21:4).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş