Ikinji Timoteos
1 Men Isa Mesihiň resuly Pawlus. Hudaýyň islegine görä Isa Mesih arkaly wada berlen ýaşaýyş+ hakda wagyz edýärin. 2 Men söýgüli oglum Timoteosa+ hat ýazýaryn.
Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih saňa ýagşylyk* etsin, rehim edip, parahatlyk bersin!
3 Men ata-babalarym ýaly päk ynsap bilen Hudaýa mukaddes gulluk edýändigime şükür edýärin. Gije-gündiz doga-dileglerimde seni ýatlaýaryn. 4 Seniň döken gözýaşlaryňy ýatlap, juda göresim gelýär. Seni görsem, ýüregim şatlykdan dolar. 5 Seniň ak ýürekden iman edişiň+ ýadyma düşýär. Şeýle iman mamaň Loýisde we ejeň Ewnikada hem bardy, sende-de bardygyna ynanýaryn.
6 Hudaýyň beren ukybyndan* doly peýdalan. Goý, ol içiňde ot kimin ýanyp dursun! Ol saňa elimi üstüňe goýanymda berlipdi+. 7 Hudaý gorkaklyk ruhuny däl-de+, güýç+, söýgi we sagdyn düşünje berdi. 8 Halypamyz hakda wagyz etmäge ýa-da onuň üçin türmede oturandygyma utanma+. Hudaýyň güýjüne daýanyp+, hoş habar üçin kynçylyk çekmäge taýýar bol+. 9 Ol bizi halas edip, mukaddes bolmaga çagyrdy+. Ol bize ýagşy işlerimiz üçin däl-de, niýetini ýerine ýetirmek üçin ýagşylyk etdi+. Ol Isa Mesih arkaly gadym döwürlerden bäri ýagşylyk edýär. 10 Emma onuň ýagşylygy Halasgärimiz Isa Mesihiň äşgär bolmagy bilen açyk-aýdyň boldy+. Ol ölümi ýok edip+, hoş habaryň kömegi bilen+ ýaşaýşa+ we çüýremezlige+ ýetmegi öwretdi. 11 Şeýlelikde, men hoş habaryň wagyzçysy, resuly we mugallymy edip bellendim+.
12 Şol zatlar üçin menem görgi görýärin+, ýöne muňa utanmaýaryn+, sebäbi iman eden Hudaýymy gowy tanaýaryn. Oňa ynanan ähli zatlarymy höküm gününe çenli hökman gorap saklar+. 13 Meniň aýdan sagdyn* sözlerimi+ görelde* edinip, olara berk ýapyş. Isa Mesih bilen agzybir bolup, sagdyn sözlere iman we söýgi bilen eýer. 14 Saňa ynanylan zatlary mukaddes ruhuň* kömegi bilen gora+.
15 Sen Aziýadaky+ ähli adamlaryň, şol sanda Figelus bilen Hermogeniň menden ýüz öwrendigini bilýänsiň. 16 Goý, Hudaýymyz Onisiforyň öý-içerisine+ rehim etsin! Ol meni köplenç ruhlandyrýardy, türmede oturandygyma utanmady. 17 Ol Rimdekä, meni gözläp tapdy. 18 Goý, Ýehowa* Hudaýymyz höküm güni oňa rehim etsin. Onisiforyň Efesde eden hyzmatyny senem gowy bilýänsiň.