16 Hudaý adamlary* şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi+, sebäbi Hudaý Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýär+.
3 Halypamyz Isa Mesihiň Hudaýyna we Atasyna şöhrat bolsun! Biz Hudaýyň beýik ýagşylygy bilen täzeden doguldyk+ we Isa Mesihiň direlmegi+ bilen berk umyda eýe bolduk+. 4 Hudaý çüýremez, arassa we solmaz mirasy wada berýär+, ol siziň üçin gökde saklanýar+.