13-NJI BAP
Gowy okamak üçin näme etmeli?
GÖZ ÖŇÜNE GETIR, sen garaňky jeňňeliň içinden barýarsyň. Üstüňe abanyp duran gür baglardan ýaňa günüň şöhlesi çalaja görünýär. Üstesine-de, daş-töweregiňdäki ösümliklerdir agaçlar zerarly ýöremek hem kyn. Jeňňelden çykmak üçin, ýörejek ýoluňdaky ösümlikleri çapmaly bolýarsyň.
Bu mysal mekdebi ýadyňa salýar. Sebäbi günuzyn mekdepde bolýarsyň, gijelerine bolsa öý işleriňi etmek üçin köp wagtyň gidýär. Sende-de şeýle bolýarmy? Haýsy sapagy öwrenmek kyn bolsa, aşakdaky boş ýere adyny ýaz.
․․․․․
Belki, ene-ataň we mugallymlaryň şol sapagy gowy okamaga höweslendirýändir. Şeýtmek bilen, olar seniň durmuşyňy kynlaşdyrjak bolmaýar. Gaýtam, olar ökde okuwçy bolmagyňy isleýär. Olaryň talap edýän zadyny ýerine ýetirmek kyn bolup görünmegi mümkin. Şol sebäpli hiç zat edesiň gelýän däldir. Ýöne sen käbir gurallar arkaly göçme manydaky jeňňelde ýörejek ýoluňy arassalap bilersiň. Haýsy gurallar?
● 1-nji gural: Okuwyň peýdalydygyna düşün. Okuwyň peýdasyna düşünmeseň, öwrenmäge islegiň bolmaz. Şonuň üçin gowuja oýlan. Pawlus resul şeýle diýipdi: «Ýer sürýän adam hem, harman döwýän adam hem iýjek paýyny alaryn diýip umyt edýär» (1 Korinfliler 9:10).
Daýhanyň näme maksat bilen «ýer sürýändigine» düşünişi ýaly, sen hem sapaklaryň peýdalydygyna göz ýetirmeli. Näme üçin? Sebäbi häzir sen: «Şu sapagyň-a maňa hiç hili peýdasy degmez» diýip, pikir edýän bolmagyň mümkin. Ýöne mekdepde öwredilýän zatlar saňa köp peýda berer. Şeýle-de bu saňa adamlar bilen gürrüňdeş bolup, «her kes üçin her zat bolmaga» kömek eder (1 Korinfliler 9:22). Iň esasy zat bolsa, sen pikirlenmek ukybyňy artdyrarsyň we munuň gelejekde peýdasyny görersiň.
● 2-nji gural: Ukyplaryňy görjek bol. Mekdep saňa köp zatlary başarýandygyňy bilmäge kömek eder. Pawlus resul hem Timoteosa: «Hudaýdan alan sowgadyňy ýanyp duran ot kimin lowurdat» diýip ýazdy (2 Timoteos 1:6). Timoteos ýygnakda aýratyn gullugy berjaý etmek üçin bellenipdi. Ýöne ol «sowgadyny», ýagny Hudaýyň beren ukyplaryny kämilleşdirmese, peýdasy degmezdi. Elbetde, mekdepdäki ukyp-başarnyklaryňa göni Hudaýdan gelen sowgat diýip bolmaz. Ýöne her bir adamda bolşy ýaly, seniňem aýratyn ukyplaryň bar. Mekdepde sen şol ukyplaryňy ösdürýärsiň we başga-da ukyplaryň bardygyna düşünýärsiň.
Gowy okap bilmerin diýip, hiç haçan şübhelenme. Men hiç zada ukyply däl diýmegiň deregine, başarýan zatlaryň hakda oýlan. Meselem, adamlar Pawlus resulyň gowy nutukçy däldigini aýdanlarynda, ol: «Geplemekde ökde bolmasam-da, bilimde ökdedirin» diýdi (2 Korinfliler 10:10; 11:6). Elbetde, Pawlus kemçilikleriniň bardygyny bilýärdi, ýöne ol başarýan zatlarynyňam bardygyna şübhelenmeýärdi.
Sen hem özüňdäki ukyplary görýärsiňmi? Nämeleri başarýarsyň? Eger olary görüp bilmeýän bolsaň, seni gowy tanaýan adamlardan sora. Olar saňa ukyplaryňy görmäge we ösdürmäge kömek eder.
● 3-nji gural: Okamaga kömek edýän gowy endikler. Ökde okuwçy bolmak aňsat däl. Munuň üçin okamaly. Belki, «okamaly» diýen sözüň özi seniň keýpiňi gaçyrýandyr. Ýöne okamagyň peýdalydygyna düşünip, biraz jan etseň, ony höwes bilen edersiň.
Okamaga kömek edýän endikleri ösdürmek üçin, wagtyňy paýhasly ulanmaly. Ýadyňda sakla: Mekdepde okaýan wagtyň seniň esasy maksadyň okamak bolmaly. Mukaddes Ýazgylarda «gülmegiň öz wagtynyň... tans etmegiň öz wagtynyň» bardygy aýdylýar (Wagyz kitaby 3:1, 4; 11:9). Ýaşlaryň köpüsi ýaly, seniň hem dynç alasyň gelýändira. Ýöne Wagyz kitaby 11:4-de: «Ýele seredýän ekin ekmez; bulutlara bakýan orak ormaz» diýilýär. Şonuň üçin wajyp işleriňi soňa goýma. Gaýgy etme, sen öý işleriňi etmäge-de, dynç almaga-da ýetişersiň!
Öý işleriňe nädip ýetişmeli?
Eger öý işleriň gaty köp bolsa, sen hem özüňi 17 ýaşly Sandra ýaly duýýan bolmagyň mümkin. Ol şeýle diýýär: «Men her gün agşam, hatda dynç günleri hem iki-üç sagatlap öý işlerimi edýärin». Öý işleriňi etmäge nädip ýetişmeli? Munuň üçin 119-njy sahypadaky maslahatlara eýer.
Kynçylyklary ýeňip geç
Ruhy taýdan ösmek babatda Pawlus resul Timoteosa: «Bu zatlar barada oýlan; oňa bar ünsüňi ber, şonda hemmeler seniň ruhy taýdan ösen mesihçi bolandygyňy görerler» diýip maslahat berdi (1 Timoteos 4:15). Bu maslahata eýerip, tagalla etseň, göreldeli okuwçy bolarsyň.
Gel, babyň başyndaky mysala dolanaly. Jeňňelde geçjek ýoluňy arassalamak üçin gurallaryň gerek bolşy ýaly, mekdepde gowy okamak üçin hem ýörite «gurallar» gerek. Eger ene-ataň we mugallymlaryň talap edýän zatlary kyn bolup görünse, şu bapdaky üç «guraly» ulan. Eger tagalla etseň, öňküden has gowy okarsyň.
ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 18-NJI BABYNA SERET
Okamak şonsuzam kyn. Üstesine-de, deň-duşlaryň azar berse näme etmeli?
[Çykgyt]
a Dynç almak we göwün açmak barada köpräk bilmek üçin şu kitabyň 8-nji bölümine seredip bilersiň.
ESASY PIKIRI NUGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Ýele seredýän ekin ekmez; bulutlara bakýan orak ormaz». Wagyz kitaby 11:4
MASLAHAT
Okajak zadyňa düşünmek üçin, ilki, oňa göz aýla. Her sözbaşyny okap, haýsy soraglara jogap tapjakdygyň hakda oýlan. Soňra berlen maglumaty okap, soraglaryňa jogap tap. Iň soňunda bolsa, okan zatlaryňy gaýtala.
BILÝÄŇIZMI?
Mekdepde birinden göçürseň, ynamdan gaçarsyň we ökde okuwçy bolup bilmersiň. Hatda Hudaý bilen dostlugyňa-da zyýan ýeter (Süleýmanyň tymsallary 11:1).
SEN NÄME ETMEKÇI?
Men indiki çärýekde ․․․․․ sapagyndan ․․․․․ baha almaga jan etmekçi.
Şol sapakdan ökdeleşmek üçin, men ․․․․․
Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?
● Näme üçin mekdepde yhlas bilen okamaly?
● Kitaplaryňy okamak we öý işleriňi etmek saňa haçan amatly bolýar?
● Sapaklaryňa taýýarlanmak we okamak üçin öýüňizde haýsy ýer amatly?
● Dynç alyş we gowy görýän zatlaryň sapaklaryňa taýýarlanmaga päsgel bermez ýaly näme etmeli?
[117-nji sahypadaky sitata]
«Deň-duşlarymda bir zada üns berdim: Mekdep döwri okamagy gowy görýänler, şahsy okuwyny höwes bilen geçirýärler. Okamagy halamaýanlara bolsa, şahsy okuwyny geçirmek hem kyn düşýär» Silwiýa
[119-njy sahypadaky surat]
Amatly ýer tap. Ol ýerde ünsüňi sowýan zatlar bolmasyn. Mümkin bolsa, stoluň üstünde ýaz. Telewizory öçür.
Ilki, wajyp zatlary et. Sapaklaryň wajypdygy üçin öý işleriňi edip bolýançaň, telewizory açma.
Soňa goýma. Öý işleriňi haçan etjekdigiňi öňünden çöz we şoňa görä hereket et.
Planlaşdyr. Haýsy sapagy birinji, haýsysyny ikinji we üçünji etjekdigiňi çöz. Bir kagyza olaryň adyny we hersine näçe wagt sarp etjekdigiňi ýaz. Soňra okan sapaklaryň üstüni çyz.
Dynjyňy al. Eger okap ýadasaň, biraz dynjyňy al. Ýöne sapaklaryňy çaltrak dowam etjek bol.
Özüňe ynamly bol. Gowy okaýan okuwçy pes okaýan okuwçydan akyly bilen däl-de, edýän tagallasy bilen tapawutlanýar. Sen hem üstünlik gazanyp bilersiň. Eger «çekseň zähmet, ýagar rehnet!»
[116-njy sahypadaky surat]
Jeňňelde ýörejek ýoluňdaky ösümlikleri çapmak üçin guralyň gerek bolşy ýaly, mekdepdäki kynçylyklary ýeňmek üçin hem gurallary ulanmaly