Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 98
  • Bahalaryň pes bolsa näme etmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Bahalaryň pes bolsa näme etmeli?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Näme edip bilersiň?
  • Öý işlerime nädip ýetişmeli?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Gowy okamak üçin näme etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Mugallym bilen nädip oňşup bolarka?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 98
Okuwçylar mekdepden çykyp barýar. Bir gyz barlag işinden alan bahalaryna seredip gynanyp barýar.

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Bahalaryň pes bolsa näme etmeli?

«Klasdaşlarymyň käbiri mugallym sapagy düşündirýärkä, hiç zat ýazman, telefon oýnap, aýdym diňläp oturýarlar. Soňam „baham pes“ diýip nägile bolýarlar. Ýöne men ýaly kitaby elinden düşürmeýän okuwçylaram bar. Olara-da mugallym pes baha goýýar. Ýarygijä çenli okabam, pes baha alsaň gaharyň gelýär. Ondan okamanyňam gowy» (Ýazgül).

Senem Ýazgül ýaly pikir edýärsiňmi? Elbetde, hiç kimiň 2-lik ýa 3-lik alasy gelmeýär.

Ýaşlaryň käbiri bahalaryndan nägile bolup, gowy okamagyny goýýar. Käbiri bolsa mekdebi taşlaýar. Şeýle etmek aňsat görünse-de, bahalaryňy gowulandyryp bolýar. Şu makalada alty maslahat berilýär.

  • Näme edip bilersiň?

  • Deň-duşlaryň näme diýýär?

Näme edip bilersiň?

  • Sapaklardan galma. Sapaklaryňy sypdyrsaň, gowy baha alyp bilmersiň.

    «Sapakdan gaçýan okuwçylaryň 2-lik ýa 3-lik alsa-da piňine däl. Olar öz aýagyna özleri palta urýar» (Myrat).

    Mukaddes Kitabyň prinsipi: «Adam näme ekse, şony-da orar» (Galatýalylar 6:7).

  • Gowy oka. Sapaga baranyň gowy, berekella! Ýöne oňa yhlasly gatnaş, geçilýän temany depderiňe ýaz. Mugallymlaryňy ünsli diňle, düşünmeseň sora.

    «Sapakda düşünmeýän zatlarymy mugallymymdan soraýan. Şonda mugallymym has gowy edip düşündirýär» (Ogulbagt).

    Mukaddes Kitabyň prinsipi: «Aýdylýan zatlary ünsli diňläň» (Luka 8:18).

  • Başgalardan göçürme. Okuwçylaryň köpüsi gowy baha almak üçin biri-birinden göçürýärler. Ýöne göçürseň, mugallymyň ynamyndan gaçarsyň. Özüňem hiç zat öwrenip bilmersiň.

    «Göçürmek gowy däl. Soraglaryň jogabyny bilmeseňem göçürmeli däl ekeni, ýogsam kelläňi işletmän, başgalara arkaýyn bolup başlaýaň» (Ýakup).

    Mukaddes Kitabyň prinsipi: «Biz... ähli zatda dogruçyl bolmak isleýäris» (Ýewreýler 13:18).

  • Ilki öý işleriňi et. Mekdepden gelen badyňa öý işleriňi et. Şonda dynç alybam, başga işlerem edip ýetişersiňa.

    «Mekdepden gelemsoň, ýatyp dynç alasym, aýdym diňläsim gelýär. Ýöne men gelen badyma öý işlerimi edýän, soň dynç alýan. Şonuň üçinem gowy bahalary alýan» (Kerwen).

    Mukaddes Kitabyň prinsipi: «Iň wajyp zatlara düşüniň» (Filipililer 1:10).

  • Kömek sora. Bilmedik zadyňy soramaga utanma. Ene-ataňdan, mugallymyňdan kömek sora. Gerek bolsa, goşmaça sapaklara galyp oka. Mekdepden daşary başga-da mugallym tutsaň gowy bolar.

    «Mugallymyň ýanyna barmaga çekinme. Gowy baha almak isleýändigiňi aýt, sapagy düşündirmegi haýyş et. Mugallymlaryň seniň yhlasyňy görüp kömek eder» (Dawut).

    Mukaddes Kitabyň prinsipi: «Maslahatçy köp bolsa, maksada ýetilýär» (Nakyllar 15:22).

  • Goşmaça ýumuşlary al. Käbir ýurtlarda gowy baha almak üçin mugallymdan goşamaça ýumuş sorap bolýar. Meselem, sen referat ýazyp ýa-da nutuk bilen çykyş edip bilersiň.

Gyzjagaz gitara çalmagy öwrenýär.

Bahalaryňy gowulandyrmak edil saz guralyny öwrenmek ýaly aňsat däl. Ýöne tagalla edeniňe degýär

Deň-duşlaryň näme diýýär?

Aleksandra.

«Bir zady ýatdan çykarma: sen mekdepde ömrüňde bir gezejik okaýaň. Şonuň üçin „Bir okana bar, bir-de dokana“ diýlişi ýaly, mekdepde näçe gowy okasaň, ulalaňda şonça-da üstünlik gazanarsyň» (Aleksandra).

Eliýah.

«Mugallymlaryňa maksatlaryň barada gürrüň ber. Men mugallymlarymdan: „Gowy baha almak üçin ýene näme etsem bolar?“ diýip soraýardym. Mugallymym goşmaça ýumuş ýa-da öý iş tabşyrsa gaçmaýardym» (Eliýah).

Makkenziýa.

«Kömek soramaga çekinme. Mugallymlar seniň jan edip okajak bolýandygyňy görse, höwes bilen kömek edýärler» (Makkenziýa).

Gaýtalamak. Bahalaryň pes bolsa näme etmeli?

  1. Sapaklardan galma.

  2. Gowy oka.

  3. Başgalardan göçürme.

  4. Ilki öý işleriňi et.

  5. Kömek sora.

a Gowy bahalary almaga «Ýaşlaryň sowallary. Öý işlerime nädip ýetişmeli?» diýen makalada berilýän maslahatlar kömek eder.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş