Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 96
  • Öý işlerime nädip ýetişmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Öý işlerime nädip ýetişmeli?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mugallymlar näme üçin öý iş berýär?
  • Maslahatlar
  • Gowy okamak üçin näme etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Bahalaryň pes bolsa näme etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 96
Ýaş ýigit ýarygije öý işini edýär; telewizorda futbol görkezip dur.

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Öý işlerime nädip ýetişmeli?

«Gije bire çenli öý işleriňi etmek hiç ýakmaýar. Gözüňe diňe uky görünýär» (Dawut).

«Käte öý işlerimi edip bolýançam, sagat bäşiň ýary bolup gidýär. Daňdan altyda-da turup mekdebe gitmeli. Şonda janyň ýanýar» (Tawus).

Senem öý işleriňi etmekden ýadaýarsyňmy? Şu makaladaky maslahatlar saňa kömek eder.

  • Mugallymlar näme üçin öý iş berýär?

  • Maslahatlar

  • Deň-duşlaryň näme diýýär?

Mugallymlar näme üçin öý iş berýär?

Öý işleri . . . kömek edýära.

  • bilimiňi artdyrmaga

  • jogapkärli adam bolmaga

  • wagtyňy peýdaly ulanmaga

  • tema has gowy düşünmäge

«Mugallymlar okuwçylaryň geçilen sapaga düşünendigini ýa-da bir gulagyndan girip beýlekisinden çykandygyny bilmek üçin öý iş tabşyrýar» (Merýem).

Matematika, fizika ýaly sapaklar çylşyrymly ýagdaýlardan baş alyp çykmagy öwredýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, şol sapaklar beýnide täze nerw öýjükleriniň döremegine, olaryň gowy işlemegine kömek edýär. Maşk etmegiň bedene güýç berişi ýaly, öý işi hem beýniniň işleýşini güýçlendirýär.

Mugallymlaryň tabşyran öý işlerini isleseň-islemeseň etmeli bolarsyň, sebäbi öwrenen zatlaryň durmuşda gerek bolar. Ýöne alada etme. Öý işleriň näçe köp bolsa-da, olary wagtynda edip bilersiň. Nädip diýýärsiňmi? Gel, bileli.

Maslahatlar

Eger öý işleriňi etmek kyn düşýän bolsa, onda alada etme. Aşakdaky maslahatlar ýüküňi ýeňleder.

  • 1-nji maslahat: Öňünden planlaşdyr. Mukaddes Kitapda: «Işeňňiriň maksady amala aşýar» diýilýär (Nakyllar 21:5). Öý işleriňe başlamazdan öň, ähli gerek-ýarak zatlaryňy ýanyňa getirip goý. Şonda başga zada ünsüň sowulmaz.

    Şeýle-de ünsüň bölünmez ýaly, rahat hem ýagty ýeri tap. Käbir ýaşlar öý işlerini öýde däl-de, kitaphanada etmegi gowy görýär.

    «Etjek işleriňi öňünden planlaşdyrsaň, wagtyň biderek geçmez. Öý işleriňe-de ýetişersiň, kän alada-da etmersiň» (Röwşen).

  • 2-nji maslahat: Etmeli işleriň sanawyny düz. Mukaddes Kitapda: «Ähli zady... tertip-düzgün boýunça ediň» diýilýär (1 Korinfliler 14:40). Öý işleriň haýsyny ilki, haýsyny soň etjekdigiňi anykla.

    Käbirleri kyn sapaklardan başlaýar. Käbirleri bolsa ilki aňsatlaryny etmegi gowy görýär. Seniň üçin haýsysy aňsat bolar?

    «Öý işleriň haýsysyny ilki etmelidiginiň, olary nädip etmelidiginiň sanawyny düzseň, hemmesine ýetişersiň, özüňem begenersiň» (Humaý).

  • 3-nji maslahat: Işiňi soňa goýma. Mukaddes Kitapda: «Ýalta däl-de, zähmetsöýer boluň» diýilýär (Rimliler 12:11). Öý işleriňi edýän wagtyň ünsüňi bölýän, wagtyňy alýan işleri etme.

    Işini soňa goýýan adamlar işlerini ýarym-ýarty edýärler ýa-da wagtynda edip bilmeýärler. Olaryň edýän işiniň hili hem gowy bolmaýar. Öý işleriňi wagtynda etseň, kellagyryň azrak bolar.

    «Men bir ýumuş tabşyrsalar, şol bada edýän. Öý işlerimi hem mekdepden gelen badyma edýän. Şonda öý işlerime ýetişerinmi diýip alada etmeýän, başga işlere-de wagtym galýar» (Selbi).

    EDIP GÖR: Öý işleriňi her gün belli bir wagtda etjek bol. Şonda özüňe erk etmegi öwrenersiň, öý işleriňe-de ýetişersiň.

  • 4-nji maslahat: Ünsüňi başga zada sowma. Mukaddes Kitapda: «Göreçleriň diňe öňe dikilsin» diýilýär (Nakyllar 4:25). Öý işleriňi edeniňde başga zada, esasanam, elektron enjamlaryna ünsüňi sowma.

    Ýaş ýigit ünsüni hiç zada bölmän, öý işlerini wagtynda edýär.

    Internete girmek, hat ýazyşmak köp wagtyňy alýar. Şol zatlara güýmenme-de, wagtynda öý işleriňi et. Şonda boş wagtyň köp bolar, göwnüň hem hoş bolar.

    «Men öý işlerimi edenimde telefon, kompýuter, telewizor ýaly ünsümi bölýän zatlary öçürýän» (Ýakup).

  • 5-nji maslahat: Paýhasly bol. Mukaddes Kitapda: «Goý, hemmeler sizi paýhasly adam hökmünde tanasyn» diýilýär (Filipililer 4:5). Öý işleriňi edeniňde ýadasaň, biraz dynç al, gezelenç et, tigir sür. Şonda kelläň açylar, öý işleriňi etmek hem kyn bolmaz.

    Eger şonda-da öý işleriňi etmekden ýadasaň, mugallymlaryň bilen gepleş. Olar seniň gowy okamak üçin jan edýändigiňi görse, belki, goşmaça ýumuş tabşyrmaz.

    «Öý işleriňe ýetişmeseň, çendenaşa alada etmeli däl. Esasy zat eliňde baryny et, ýöne göwnüçökgünlige düşme. Öý işleri janyňdan gymmat däl» (Jemile).

Şu soraglar hakda oýlan:

  • Öý işimi edenimde nämeler gerek?

  • Öý işimi haçan etsem gowy bolar?

  • Ünsüm bölünmez ýaly öý işimi nirede etsem gowy bolar?

  • Öý işimi wagtynda eder ýaly näme etmeli?

  • Nämeler ünsümi bölüp biler?

  • Elektron enjamlaryny näme etsem gowy bolar?

  • Öý işimi edenimde nädip paýhasly bolup bilerin?

ÝADYŇDA SAKLA: Näme öý iş tabşyrylandygyna doly düşünmeseň, sapakdan soň mugallymyňdan sora.

Deň-duşlaryň näme diýýär?

Anjelika.

«Men, ilki bilen, aňsat sapaklardan berlen öý işleri edýän. Şonda beýleki öý işlerimi etmäge-de höwes döreýär» (Anjelika).

Ostin.

«Dogrymy aýtsam, men öý işlerimi etmegi halamaýan. Ýöne olar maňa durmuşda gerekli häsiýetleri ösdürmäge, meselem, işlerimi wagtynda etmäge we jogapkärli adam bolmaga kömek edýär» (Ostin).

Gaýtalamak. Öý işlerime nädip ýetişmeli?

Öňünden planlaşdyr. Ähli gerek-ýarak zatlaryňy ýanyňa getirip goý, ünsüň bölünmejek ýeri saýla.

Etmeli işleriň sanawyny düz. Öý işleriň haýsyndan başlajakdygyňy anykla.

Işiňi soňa goýma. Ýaltalyk etme.

Ünsüňi başga zada sowma. Ünsüň bölünmez ýaly, elektron enjamlaryna güýmenme.

Paýhasly bol. Halys ýadasaň, biraz dynjyňy al.

a Şu pikirler Jeýn Şeýmiň «Mekdebiň kömegi» atly kitabyndan alyndy.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş