Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 92
  • Dogry iýmitlenmek üçin näme etmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dogry iýmitlenmek üçin näme etmeli?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Dogry iýmitlenmegiň ýoly.
  • Nädip dogry iýmitlenmeli?
  • Daş keşbimi halamasam näme etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Jan saglygymy näme üçin aýamaly?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 92
Ýaş oglan sowadyjyny açyp, iýjek zadyny saýlaýar

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Dogry iýmitlenmek üçin näme etmeli?

Biler bolsaň, nädogry iýmitlenmek saglygyň üçin zyýanly. Eger sen ýaşlygyňdan dogry iýmitlenmegi endik etmeseň, ulalaňda hem kyn bolar. Şonuň üçin häzirden dogry iýmitlenjek bol.

  • Dogry iýmitlenmegiň ýoly

  • Nädip dogry iýmitlenmeli?

  • Deň-duşlaryň näme diýýär?

Dogry iýmitlenmegiň ýoly.

Mukaddes Kitapda ähli zatda, şol sanda iýip-içmekde hem «çägimizi bilmelidigimiz» aýdylýar (1 Timoteos 3:11). Şu prinsipe eýerenimizde, aşakdaky ýagdaýlary göz öňünde tutmaly.

  • Dogry iýmitlenmek iýmitiň hemme görnüşlerine degişli. Olara esasan, iýmitiň bäş görnüşi: süýt önümleri, belokly iýmitler, miweler, gök önümler we däne önümleri degişli. Käbir adamlar horlanmak üçin iýmitiň şol görnüşleriniň käbirinden gaça durýarlar. Ýöne şeýle iýmitlerden saklanýan adamyň organizmine gerekli maddalar ýetmezçilik edýär.

    Maslahat. Iýmitleriň düzümindäki maddalar hakda gözleg geçir ýa-da lukman bilen maslahatlaş.

    Meselem, uglewodlar adam organizmine güýç berýär. Beloklar bolsa organizme kesele garşy göreşmäge, öýjükleriň ösmegine we dikelmegine kömek edýär. Ýaglaryň käbir görnüşleri (dogry möçberde ulanylanda) adamy ýüregagyry kesellerinden goraýar we özüni gowy duýmaga kömek edýär.

    «Men iýmitiň hemme görnüşlerini iýýärin. Käwagt süýjüje bir zatlary ýa-da tiz tagamlary iýmegiň zyýany ýokmuka diýip pikir edýän. Ýöne her bir zatda çeniňi bilmeli» (Brenda).

    Üç aýakly oturgyçda oturan oglan ýykyljak bolýar

    Organizmi gerekli maddalardan mahrum edýän berhizi aýaksyz oturgyja meňzetse bolýar.

  • Dogry iýmitlen, ýöne öte geçme. Muňa şular degişli: beter az iýmek, başda hiç zat iýmän, soňunda bolsa aşa köp iýmek ýa-da özüňi süýji zatlardan mahrum etmek.

    Maslahat. Bir aýyň dowamynda iýýän iýmitleriňi barlap gör. Nädogry iýmitlenen wagtyň bolupdymy? Dogry iýmitlenmek üçin näme edip bilersiň?

    «Öňler men belli bir günler köp kaloriýaly iýmitleri iýýärdim, soň bolsa az kaloriýaly iýmitlere geçýärdim. Häzir bolsa iýýän iýmitlerimiň kaloriýasyna üns bermeýän. Men aşa köp iýmez ýaly, doýamsoň saçagyň başyndan turýan. Häzir men dogry iýmitlenýän, ýöne muňa öwrenişmek üçin wagt gerek boldy» (Heýli).

Nädip dogry iýmitlenmeli?

  • Öňünden oýlan. Mukaddes Kitapda: «Işeňňiriň maksady amala aşýar» diýilýär (Nakyllar 21:5). Dogry iýmitlenmek üçin iýjek zatlaryň hakda öňünden pikirlen.

    «Dogry iýmitlenjek bolsaň hökman öňünden planlaşdyrmaly. Peýdaly iýmitleri iýjek bolsaň, käte ony özüň bişirmeli bolýaň. Şu zatlary edeniňde sagdyn bolýaň, puluňam tygşytly sowýaň» (Tomas).

  • Zyýanly iýmitlerden gaça dur. Mukaddes Kitapda: «Akyldarlyga ýapyş» diýilýär (Nakyllar 3:21). Akyldarlyk saňa paýhasly bolmaga we haýsy iýmitiň peýdaly boljakdygyny bilmäge kömek eder.

    «Men her gün bir zyýanly iýmitiň deregine peýdaly iýmiti iýip başladym. Mysal üçin, şokoladly kökä derek alma iýýärdim. Şeýdip, men gysga wagtyň içinde zyýanly iýmitleriň köpüsini iýmegimi goýdum» (Kia).

  • Özüňden köp zada garaşma. Mukaddes Kitapda: «Çöregiňi iýip şatlan» diýilýär (Nesihat 9:7). Dogry iýmitlenmek özüňi hemme iýmitlerden mahrum etmegi we her bir iýýän zadyň üçin özüňi köteklemegi aňlatmaýar. Sen horlanjak bolsaňam, esasy maksadyň sagdyn bolmakdygyny ýatdan çykarma. Şonuň üçin özüňden köp zada garaşma.

    «Men ýakynda takmynan 14 kilogram horlandym, ýogsam hemme iýmitleri, hatda süýji zatlaram iýýärdim. Men bir zada düşündim, horlanjak bolsaň sabyrly bolmaly hem-de iýýän zatlaryňa ünsli bolmaly» (Melani).

Deň-duşlaryň näme diýýär?

Delaýna

«Men öýde däl wagtym ajyganymda, tiz tagamlary iýesim gelýär. Şonuň üçin zyýanly zatlary iýmez ýaly, iýjek naharymy bir gaba salyp ýanyma alýan. Şeýdip, dogry iýmitlenmäge jan edýän» (Delaýna).

Endrýu

«Käbirler islän zadyny iýse-de, olara hiç zat bolmaýar. Şeýle adamlary göreniňde gözüň gidýär. Ýöne olara seretmän, saglygyňa peýdaly boljak zatlary etmeli» (Endrýu).

Jemlesek: Dogry iýmitlenmek üçin näme etmeli?

  • Öňünden oýlan. Bir ýere gitmeli bolsaň, nahary özüň taýýarlap, ýanyň bilen al.

  • Zyýanly iýmitden gaça dur. Ajygan wagtyň çipsy iýip, gazly suw içip ýörmez ýaly, ýanyňda peýdaly iýmit göter.

  • Özüňden köp zada garaşma. Özüňi başgalar bilen deňeşdirme.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş